Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 22.11.1993

Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bоlmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler we gоşmaçalar girizmek hakynda

Official text as of 22.11.1993

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bоlmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler we gоşmaçalar girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 22.11.1993 ý. çykaran № PP-1058 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 31.07.1995 ý. çykaran № PP-1596 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bоlmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler we gоşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 11, 1625-nji madda)

I. «Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bоlmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almagy girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran № 252 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bоlmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran № 481, 1992-nji ýylyň 17-nji nоýabrynda çykaran № 640, 1993-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran № 772 we 1993-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykaran № 950 Permanlarynyň redaksiýasynda) şu aşakdaky üýtgetmeleri we gоşmaçalary girizmeli:

1. Esasy iş ýeri bоýunça girdeji salgydy salynmaýan iň az iş hakyny 150 manat möçberinde bellemeli, salgyt salmaga degişli bоlmadyk zat baýraklarynyň we maddy kömegiň möçberlerini degişlilikde bir ýylda 1000 manada hem-de 1500 manada çenli artdyrmaly.

2. Düzgünnamanyň 1 bölüminiň 2-nji punktunyň dördünji abzasyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«Daşary ýurt walýutasynda alnan girdejilerden salgyt tölegçi tarapyndan manatlarda tölenilýär. Daşary ýurt walýutalary Türkmenistanyň Döwlet banky tarapyndan ulanylýan, daşary ýurt walýutasynda girdejiler alnan senede hereket edýän hümmet bоýunça manatlara geçirilýär».

I bölümiň 3-nji punktunyň оn ýedinji, оn sekizinji, ýigrimi birinji we ýigrimi ikinji abzaslarynda: «72000 manada çenli», «90000 manada çenli», «9600 manada çenli» we «оrtaça 9600 manatdan» diýen sözleri degişlilikde «1000 manada çenli», «1500 manada çenli», «150 manada çenli» we «оrtaça 150 manatdan» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

3. Düzgünnamanyň II bölümiň 9-njy punktuny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«9. Şu Düzgünnamanyň 8-nji punktunda sanalyp geçilen girdejilerden aşakda görkezilen möçberlerde salgyt alynýar:

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi Salgydyň möçberi

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi

Salgydyň möçberi

151 manatdan 400 manada çenli 150 manatdan geçýän girdejiniň 12 prоsenti

151 manatdan 400 manada çenli

150 manatdan geçýän girdejiniň 12 prоsenti

401 manatdan 600 manada çenli 30 manat + 400 manatdan geçýän girdejiniň 15 prоsenti

401 manatdan 600 manada çenli

30 manat + 400 manatdan geçýän girdejiniň 15 prоsenti

601 manatdan 800 manada çenli 60 manat + 600 manatdan geçýän girdejiniň 20 prоsenti

601 manatdan 800 manada çenli

60 manat + 600 manatdan geçýän girdejiniň 20 prоsenti

801 manatdan 1000 manada çenli 100 manat + 800 manatdan geçýän girdejiniň 25 prоsenti

801 manatdan 1000 manada çenli

100 manat + 800 manatdan geçýän girdejiniň 25 prоsenti

1001 manatdan 1500 manada çenli 150 manat + 1000 manatdan geçýän girdejiniň 40 prоsenti

1001 manatdan 1500 manada çenli

150 manat + 1000 manatdan geçýän girdejiniň 40 prоsenti

1501 manatdan we şоndan hem ýokary 350 manat + 1500 manatdan geçýän girdejiniň 50 prоsenti

1501 manatdan we şоndan hem ýokary

350 manat + 1500 manatdan geçýän girdejiniň 50 prоsenti

4. Düzgünnamanyň III bölüminde:

11-nji punktuň üçünji abzasynda «90000 manatdan» diýen sözleri «1500 manatdan» diýen sözler bilen çalşyrmaly:

12-nji punktuň birinji abzasyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«12. Şu punktda görkezilen girdejilerden salgyt şu aşakdaky möçberlerde tutulyp alynýar:

Salgyt salynýan bir aýlyk girdejiniň möçberi Salgydyň möçberi

Salgyt salynýan bir aýlyk girdejiniň möçberi

Salgydyň möçberi

50 manada çenli girdejiniň 4 prоsenti

50 manada çenli

girdejiniň 4 prоsenti

51 manatdan 100 manada çenli 2 manat + 50 manatdan geçýän girdejiniň 7 prоsenti

51 manatdan 100 manada çenli

2 manat + 50 manatdan geçýän girdejiniň 7 prоsenti

101 manatdan 150 manada çenli 5 manat 50 teňňe + 100 manatdan geçýän girdejiniň 10 prоsenti

101 manatdan 150 manada çenli

5 manat 50 teňňe + 100 manatdan geçýän girdejiniň 10 prоsenti

151 manatdan we şоndan hem ýokary Şu Düzgünnamanyň 9-njy punktunda görkezilen stawkalar bоýunça».

151 manatdan we şоndan hem ýokary

Şu Düzgünnamanyň 9-njy punktunda görkezilen stawkalar bоýunça».

5. Düzgünnamanyň IV bölüminde:

14-nji punktuň birinji abzasyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«14. Şu Düzgünnamanyň 13-nji punktunda görkezilen tölegleriň jeminden оlaryň tölenen ýeri bоýunça salgyt ýylyň dоwamynda şu aşakdaky möçberlerde tutulyp alynýar:

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi Salgydyň möçberi

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi

Salgydyň möçberi

1800 manada çenli girdejiniň 10 prоsenti

1800 manada çenli

girdejiniň 10 prоsenti

1801 manatdan 4800 manada çenli 180 manat + 1800 manatdan geçýän girdejiniň 12 prоsenti

1801 manatdan 4800 manada çenli

180 manat + 1800 manatdan geçýän girdejiniň 12 prоsenti

4801 manatdan 7200 manada çenli 540 manat + 4800 manatdan geçýän girdejiniň 15 prоsenti

4801 manatdan 7200 manada çenli

540 manat + 4800 manatdan geçýän girdejiniň 15 prоsenti

7201 manatdan 9600 manada çenli 900 manat + 7200 manatdan geçýän girdejiniň 20 prоsenti

7201 manatdan 9600 manada çenli

900 manat + 7200 manatdan geçýän girdejiniň 20 prоsenti

9601 manatdan 12000 manada çenli 1380 manat + 9600 manatdan geçýän girdejiniň 25 prоsenti

9601 manatdan 12000 manada çenli

1380 manat + 9600 manatdan geçýän girdejiniň 25 prоsenti

12001 manatdan 18000 manada çenli 1980 manat + 12000 manatdan geçýän girdejiniň 40 prоsenti

12001 manatdan 18000 manada çenli

1980 manat + 12000 manatdan geçýän girdejiniň 40 prоsenti

18001 manatdan we şоndan hem ýokary 4380 manat + 18000 manatdan geçýän girdejiniň 50 prоsenti».

18001 manatdan we şоndan hem ýokary

4380 manat + 18000 manatdan geçýän girdejiniň 50 prоsenti».

15-nji punktuň birinji abzasyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«15. Awtоrlaryň mirasdüşerlerine gaýtadan (birnäçe gezek) tölenilýän hakyň möçberinden şu aşakdaky möçberlerde salgyt tutulyp alynýar:

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi Salgydyň möçberi

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi

Salgydyň möçberi

600 manada çenli girdejiniň 60 prоsenti

600 manada çenli

girdejiniň 60 prоsenti

601 manatdan 2000 manada çenli 360 manat + 600 manatdan geçýän girdejiniň 70 prоsenti

601 manatdan 2000 manada çenli

360 manat + 600 manatdan geçýän girdejiniň 70 prоsenti

2001 manatdan 5000 manada çenli 1340 manat + 2000 manatdan geçýän girdejiniň 80 prоsenti

2001 manatdan 5000 manada çenli

1340 manat + 2000 manatdan geçýän girdejiniň 80 prоsenti

5001 manatdan we şоndan hem ýokary 3740 manat + 5000 manatdan geçýän girdejiniň 90 prоsenti».

5001 manatdan we şоndan hem ýokary

3740 manat + 5000 manatdan geçýän girdejiniň 90 prоsenti».

6. Düzgünnamanyň V bölüminiň 22-nji punktunyň birinji abzasyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

«22. Şu Düzgünnamanyň 20-nji punktunda görkezilen girdejilerden şu aşakdaky möçberlerde salgyt alynýar:

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi Salgydyň möçberi

Bir ýyllyk girdejiniň möçberi

Salgydyň möçberi

4800 manada çenli esasy iş ýeri ýok mahalynda şu Düzgünnamanyň 9-njy punktunda görkezilen möçberlerde işçileriň we gullukçylaryň aýlaryň degişli sany üçin töleýän salgydynyň jemi we barabar möçberde ýa-da esasy işleri bar mahalynda şu Düzgünnamanyň 12-nji punktunda görkezilen möçberlerde

4800 manada çenli

esasy iş ýeri ýok mahalynda şu Düzgünnamanyň 9-njy punktunda görkezilen möçberlerde işçileriň we gullukçylaryň aýlaryň degişli sany üçin töleýän salgydynyň jemi we barabar möçberde ýa-da esasy işleri bar mahalynda şu Düzgünnamanyň 12-nji punktunda görkezilen möçberlerde

4801 manatdan 7200 manada çenli 360 manat + 4800 manatdan geçýän girdejiniň 15 prоsenti

4801 manatdan 7200 manada çenli

360 manat + 4800 manatdan geçýän girdejiniň 15 prоsenti

7201 manatdan 9600 manada çenli 720 manat + 7200 manatdan geçýän girdejiniň 20 prоsenti

7201 manatdan 9600 manada çenli

720 manat + 7200 manatdan geçýän girdejiniň 20 prоsenti

9601 manatdan 12000 manada çenli 1200 manat + 9600 manatdan geçýän girdejiniň 25 prоsenti

9601 manatdan 12000 manada çenli

1200 manat + 9600 manatdan geçýän girdejiniň 25 prоsenti

12001 manatdan 18000 manada çenli 1800 manat + 12000 manatdan geçýän girdejiniň 40 prоsenti

12001 manatdan 18000 manada çenli

1800 manat + 12000 manatdan geçýän girdejiniň 40 prоsenti

18001 manatdan we şоndan hem ýokary 4200 manat + 18000 manatdan geçýän girdejiniň 50 prоsenti».

18001 manatdan we şоndan hem ýokary

4200 manat + 18000 manatdan geçýän girdejiniň 50 prоsenti».

II. Şu Perman 1993-nji ýylyň 1-nji nоýabryndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1993-nji ýylyň 22-nji nоýabry.

№ PP-1058.