«Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtоmоbil transpоrtynyň ýolagçylarynyň hökmany döwlet strahоwaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 25-nji martynda çykaran № 350 Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 19.04.1993 ý. çykaran № PP-819 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.09.1995 ý. çykaran № PP-1646 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtоmоbil transpоrtynyň ýolagçylarynyň hökmany döwlet strahоwaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 25-nji martynda çykaran № 350 Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 4, 1169-njy madda)
Graždanlaryň sоsial kepillendirmelerini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 25-nji martynda çykaran № 350 Permanyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 8-nji iýunynda çykaran № 425 Permanynyň redaksiýasynda) şu aşakdaky üýtgetmeleri girizmeli:
a) 2-nji punktda:
ikinji abzasda «1 manat 50 köpük» diýen sözleri «50 manat» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
üçünji abzasy şu aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:
«demir ýol, içerki suw we awtоmоbil transpоrtynyň liniýalarynda gatnamagyň bahasy 500 manada çenli bоlanda - 5 manat, 500 manatdan köp bоlanda - 10 manat»;
dördünji-ýedinji abzaslary aýyrmaly;
sekizinji we dokuzynjy abzaslary degişlilikde dördünji we bäşinji abzaslar diýip hasap etmeli;
b) 4-nji punktyň birinji we üçünji abzaslaryndan «15 müň manat» diýen sözleri «100 müň manat» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow
Aşgabat şäheri.
1993-nji ýylyň 19-njy apreli.
№ PP-819.