Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 26.12.1994

Harby gullugyň aňryçäk möhletlerini üýtgetmek hakynda

Official text as of 26.12.1994

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Harby gullugyň aňryçäk möhletlerini üýtgetmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 26.12.1994 ý. çykaran № PP-1435 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 19.10.2020 ý. çykaran № PP-740 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby gullugyň aňryçäk möhletlerini üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 12, 2299-madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.07.1997 ý. çykaran № PP-2327 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we içeri işler organlaryny berkitmek maksady bilen karar edýärin:

1. Milli howpsuzlyk komitetiniň organlarynyň we Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynyň hem-de beýleki harby birleşmeleriniň harby gullukçylaryna, içeri işler organlarynyň naçalnikler we rýadowoý düzuminden bolan adamlara gulluk edilen ýyllar üçin pensiýalar erkek adamlar 50 ýaşa hem-de aýallar 45 ýaşa ýeten halatynda bellenilýär diýip bellemeli.

2. Podpolkownik (ýa-da şoňa deňleşdirilen) harby ady we ýaşy harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyndan pes bolan harby gullukçylaryň harby gullukda bolmagyny erkek adamlara 50 ýaşa çenli hem-de aýallara 45 ýaşa çenli artdyrmaly.

3. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen bilelikde ulanylýan kanunçylyk aktlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 26-njy dekabry

№ PP-1435