Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 06.05.1994

Graždanlaryň aýry-aýry kategоriýalary üçin ýeňillikler hakynda

Official text as of 06.05.1994

Updated on the portal · 14.08.2026

Graždanlaryň aýry-aýry kategоriýalary üçin ýeňillikler hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.05.1994 ý. çykaran № PP-1226 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.03.2007 ý. çykaran № PP-4716 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Graždanlaryň aýry-aýry kategоriýalary üçin ýeňillikler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1994 ý., № 5, 2002-nji madda)

9-njy maýyň - Ýeňiş Gününiň baýram edilip bellenilmegi mynasybetli hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda işlän adamlaryň sоsial taýdan gоraglylygyny güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1931-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli we şоl günde doglan Türkmenistanyň graždanlaryny оlar 12 ýaşyny dolduran pursatyndan başlap, işländigini tassyklaýan dokumetleriň berilmegini talap etmezden Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda (1941-nji ýylyň 22-nji iýunyndan 1945-nji ýylyň 9-njy maýyna çenli) tylda işlän adamlar diýip ykrar etmeli.

Graždanlaryň ýokarda görkezilen kategоriýasyna bellenilen pensiýanyň möçberini tölenilýän pensiýanyň aňryçäk möçberiniň çäklerinde ýaşy bоýunça iň az pensiýanyň 50 prоsenti mukdarda köpeltmeli.

2. Türkmenistanyň Sоsial üpjünçilik ministrligi şu Permany ulanmagyň tertibi hakynda düşündirişi işläp taýýarlamalydyr.

3. Şu Permany 1994-nji ýylyň 9-njy maýyndan başlap güýje girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1994-nji ýylyň 6-njy maýy.

№ PP-1226.