Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleriniň kasamynyň tekstini tassyklamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.03.1994 ý. çykaran № PP-1171 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 19.10.2020 ý. çykaran № PP-740 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleriniň kasamynyň tekstini tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 3, 1848-madda)
Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 8-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleriniň kasamynyň tekstini tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy Türkmenistanyň gümrük organlarynyň işgärleriniň kasamy kabul etmeginiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamalydyr hem-de tassyklamalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 11-nji marty
№ PP-1171
Türkmenistanyň Prezidentiniň
1994-nji ýylyň 11-nji martynda
çykaran № PP-1171 Permany bilen
TASSYKLANYLDY
Türkmenistanyň Gümrük organlarynyň işgärleriniň kasamynyň
Teksti
Men, Türkmenistanyň graždany, Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň işgärleriniň hataryna geçmek bilen, öz üstüme şu aşakdaky borçnamalary alýaryn hem-de:
Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň halkyna, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň gülläp ösmegine ýardam etjek beýik işlere wepaly bolmaga;
Türkmenistanyň Konstituisýasyny we onuň kanunlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge;
kanuny kimiň bozandygyna garamazdan, her bir bikanun hereketlere garşy barlyşyksyz göreşmäge, gümrük barlagynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge, döwlet düzgün-nyzamyny ähli çäreler arkly pugtalandyrmaga, gümrük kadalarynyň bozulmagyna ýardam edýän sebäpleri hem-de şertleri tutanýerli ýok etmäge;
garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerini hüşgärlik bilen goramaga;
döwlet we gulluk syrlarynyň aýan bolmagyna ýol bermezlige hem syýasy taýdan ýokary hüşgärligi üpjün etmäge, öz hünär ussatlygymy yzygiderli kämilleşdirmäge, gümrükhana işgärleriniň abraýyny pugtalandyrmaga, halallygyň, ahlak päkliginiň, jemgyýetçilik şahsy durmuşda pes göwünliligiň nusgasy bolmaga, Watany gözüň göreji ýaly aýamaga hem-de gümrük işiniň iň oňat däplerini ýaýratmaga kasam edýärin.
Men şu borçnamalaryň bozulmagynyň Türkmenistanyň gümrükhanasynyň işgäriniň belent ady bilen bir ýere sygyşmaýangyna düşünýärin. Eger men şu borçnamalary bozsam, onda goý, maňa kanunyň bütin berkligi bilen jeza bersinler.