Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.1995

Türkmenistanyň graždanlarynyň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny girizmek hakynda

Official text as of 14.08.1995

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň graždanlarynyň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.08.1995 ý. çykaran № PP-1617 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.10.2005 ý. çykaran № PP-4395 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň graždanlarynyň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 8, 2740-njy madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» programmasyny durmuşa geçirmek we graždanlary döwlet tarapyndan kepillendirilen saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1996 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň graždanlarynyň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny girizmeli we işleýän graždanlaryň girdejilerinden, pensiýalardan hem-de stipendiýalardan 4 prosent möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny kesgitlemeli.

2. Ätiýaçlyk serişdeleriniň salgytlaryny tölemek graždanlaryň şahsy arzalary esasynda olaryň işleýän, okaýan we pensiýa bilen üpjün edilýän ýeri boýunça amala aşyrylýar;

ätiýaçlyk serişdeleriniň salgytlary Türkmenistanyň Saglygy goramak pudagyny ösdürmegiň döwlet fonduna geçirilýär diýip bellemeli.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde, 1995 ýylyň 1 sentýabryna çenli graždanlaryň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgytlarynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmeginiň tertibini işläp taýýarlamalydyr hem-de tassyklamalydyr.

4. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasy graždanlaryň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgytlarynyň Türkmenistanyň Saglygy goramak pudagyny ösdürmegiň döwlet fonduna öz wagtynda we doly gelip gowuşmagyna kontrollygy üpjün etmelidir.

5. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi graždanlaryň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyndan alynýan serişdeleri ilata edilýän saglygy goraýyş kömeginiň sosial taýdan kepillendirilen möçberini tölemek üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine her aýda gönükdirmelidir.

6. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi:

1995 ýylyň 1 oktýabryna çenli ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny geçiren graždanlara edilýän, kepillendirilen döwlet saglygy goraýyş hyzmatlarynyň sanawyny, şeýle hem ilatyň aýry-aýry toparlaryna ýeňillikli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek boýunça üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri işläp taýýarlamalydyr we Türkmenistanyň Ministler Kabinetine bermelidir;

1995 ýylyň 1 oktýabryna çenli Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen bilelikde, meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyna gelip gowuşýan serişdeleri harçlamagyň tertinini tassyklamalydyr;

1995 ýylyň 1 noýabryna çenli Türkmenistanda saglygy goraýyş işini döwlet tarapyndan lisenzirlemek hakynda düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamalydyr we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine girizmelidir;

1995 ýylyň 1 dekabryna çenli ätiýaçlyk saglygy goraýyş pasportlarynyň (polisleriň) taýýarlanylmagyny üpjün etmelidir we graždanlar bilen meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydy hakynda şertnamalary baglaşmalydyr;

1996 ýylyň 1 ýanwaryna çenli ätiýaçlyk serişdeleriniň salgydyny geçiren graždanlary derman serişdeleri bilen üpjün etmek üçin, olaryň zerur mukdarynyň goruny döretmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1995-nji ýylyň 14-nji awgusty.

№ PP-1617.