Kiçi kärhanalara salgyt salmagy ýönekeýleşdirmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 21.06.1995 ý. çykaran № PP-1560 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2474 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Kiçi kärhanalara salgyt salmagy ýönekeýleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 4, 2544-nji madda)
Salgytlary hasaplamagyň we tölemegiň sistemasyny ýönekeýleşdirmek, kiçi biznesiň kärhanalarynyň işini höweslendirmek we olary ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 1995 ýylyň 1 iýulyndan başlap, kiçi kärhanalar üçin girdejileriniň 30 prosenti, ýöne ýyllyk iň az iş hakynyň 12 essesinden az bolmadyk möçberde ýeke-täk salgyt girizmeli.
Girdejileriň salgyt salynýan mukdary önümleri (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejiniň we ulanylýan normatiwler boýunça çäklendirmesiz hakyky çykdajylaryň arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýär.
2. Kiçi kärhanalar barada:
goşulan baha, emläk we peýda üçin salgydy;
düşewüntlilik derejesini düzgünleşdirmegi, zähmete tölemek we maddy taýdan höweslendirmek üçin gönükdirilýän serişdeleriň artdyrylmagyny;
daşary ýurtly hemşeriler bilen baglaşylýan geleşiklerden başga geleşikleriň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmagyny ýatyrmaly.
3. «Peýda üçin salgyt hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen bellenilen ýeňillikleri girdeji üçin salgyt tölenilen mahaly kiçi kärhanalara degişli etmeli.
4. Türkmenistanyň territoriýasynda işleýän ýa-da täze döredilýän, potrat şertnamasy boýunça we utgaşdyrmak boýunça işleýänleri goşmak bilen, işleýänleriň sany 15 adama çenli bolan kärhanalar, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, kiçi kärhanalara degişlidir diýip bellemeli. Daşary ýurtly ýuridik taraplaryň wekilçilikleri ýokarda görkezilen kiçi kärhanalara degişli däldir.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1995-nji ýylyň 21-nji iýuny.
№ PP-1560.