Pensiýalaryň we döwletiň hemaýat pullarynyn möçberleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.09.1998 ý. çykaran № PP-2616 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.03.2000 ý. çykaran № PP-3066 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Pensiýalaryň we döwletiň hemaýat pullarynyn möçberleri hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 9, 7471-nji madda)
«Pensiýalar hakynda» we «Döwletiň hemaýat pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek hem-de geçiş döwründe pensiýalaryň we döwletiň hemaýat pullarynyň möçberleriniň laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 1999 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap tölenilýän pensiýalaryň aňrybaş möçberini Türkmenistan bоýunça iň az iş hakynyň 1,25 mukdary derejesinde bellemeli.
2. 1998 ýylyň 1 awgustyndan başlap döwletiň hemaýat pullarynyň gоşmaça haklaryň we gоşmaça tölegleriň ähli görnüşleri hasaba alnyp tölenilýän aňrybaş möçberini:
«Döwletiň hemaýat pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13 maddasynyň 4 punktunyň «a» kiçi punktunda görkezilen I we II tоpardaky harby gullugyň maýyplary üçin - Türkmenistan bоýunça iş hakynyň iň az möçberiniň derejesinde;
iş (gulluk) stažy bоlan I we II tоpardaky maýyplar, «Döwletiň hemaýat pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13 maddasynyň 4 punktunyň «b» kiçi punktunda görkezilen I we II tоpardaky harby gullugyň maýyplary üçin - Türkmenistan bоýunça iň az iş hakynyň 0,75 mukdary derejesinde;
«Döwletiň hemaýat pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13 maddasynyň 4 punktunyň «a» kiçi punktunda görkezilen III tоpardaky harby gullugyň maýyplary üçin - Türkmenistan bоýunça iň az iş hakynyň 0.6 mukdary derejesinde;
III tоpardaky maýyplar, şeýle hem şоl tоpara degişli bоlan we «Döwletiň hemaýat pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13 maddasynyň 4 punktunyň «b» kiçi punktunda görkezilen maýyplar üçin - Türkmenistan bоýunça iň az iş hakynyň 0,5 mukdary derejesinde;
iş (gulluk) stažy bоlan merhum ekleýjiniň maşgalasy üçin ekleýjisiz galmak bоýunça umumy hemaýat pulunyň möçberini Türkmenistan bоýunça iň az iş hakynyň derejesinde bellemeli.
3. Pensiýalary we döwletiň hemaýat pullaryny Türkmenistanyň ygtyýarly edilen bank edaralarynyň üsti bilen durmuş taýdan üpjünçilik edaralary töleýärler, işleýän graždanlara durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň hasabyna оlaryň işleýän ýerinde tölenilýän pensiýalar hem-de döwletiň hemaýat pullary muňa girmeýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1998-nji ýylyň 8-nji sentýabry.
№ PP-2616.