Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.12.1999 ý. çykaran № PP-2998 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.03.2001 ý. çykaran № PP-3356 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 12, 586-njy madda)
Döwlet kärhanalaryň, guramalaryň hem-de edaralaryň işgärleriniň iş hakynyň köpeldilmegi bilen baglanyşykly, karar edýärin:
1. 1999-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, şahsy adamlardan girdeji üçin salgydyň alynýan girdejiniň möçberine baglylykda tapawutlandyrylan möçberlerde goşunda laýyklykda girizmeli.
2. «Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 18-fewralynda çykaran № 2473 Permanynyň 1- we 3- punktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1999-njy ýylyň 23-nji dekabry.
№ PP-2998.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
1999-njy ýylyň 23-nji dekabrynda
çykaran № PP-2998 Permanyna
goşundy
Aýlyk girdejiniň möçberi we girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
Aýlyk girdejiniň möçberi (manatlarda) Girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
Aýlyk girdejiniň möçberi
(manatlarda)
Girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
500 000 çenli 8 prosent
500 001-den 600 000 çenli 8,5 prosent
600 001-den 700 000 çenli 9 prosent
700 001-den 800 000 çenli 9,5 prosent
800 001-den 900 000 çenli 10 prosent
900 001-den 1 000 000 çenli 10,5 prosent
1 000 001-den 1 200 000 çenli 11 prosent
1 200 001 we şondan köp 12 prosent
Bellik. Utgaşdyrma boýunça işleýän adamlaryň girdejisine utgaşdyrylýan iş boýunça iş hakynyň jeminiň 12 prosenti möçberde ýeke-täk görnüşde salgyt salynýar.