Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyna öwürmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 21.04.2000 ý. çykaran № PP-3095 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.10.2007 ý. çykaran № PP-4885 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyna öwürmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 4, 198-nji madda)
Türkmenistanda ykdysady özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag we hasabat işlerini dünýä derejesine laýyklykda geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny (Türkmenstatçaklaýyşy) Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyna (Türkmenmillihasabata) öwürmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2000-nji ýylyň 21-nji apreli.
№ PP-3095.