Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 23.12.2001

Raýatlaryň Türkmenistandan gitmeginiň tertibini kämilleşdirmek hakynda

Official text as of 23.12.2001

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Raýatlaryň Türkmenistandan gitmeginiň tertibini kämilleşdirmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.12.2001 ý. çykaran № PP-3531 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.04.2003 ý. çykaran № PP-3854 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Raýatlaryň Türkmenistandan gitmeginiň tertibini kämilleşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 12, 571-nji madda)

Garaşsyz, bitarap Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmaga, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmäge tarap ugry işjeň ýöredýär.

Garaşsyzlygyň ýyllary içinde biziň ýurdumyzda ykdysady ösüşiň ýokary derejesi gazanyldy, adamlaryň ýaşaýşynyň durmuş taýdan ygtybarly kepillendirilmegi üpjün edildi, raýatlaryň ruhy we ahlak taýdan erkin ösmegi üçin şertler döredildi.

Döwletliligiň berkidilmegi, syýasy durnuklylyk, jemgyýetdäki parahatçylyk we ylalaşyk ýagdaýy, kanuna sarpaly çemeleşmek ynsanperwerlik hem-de adalatlylyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly şertleri döredýär Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanda ýöredilýän şeýle syýasat biziň ýurdumyzyň öz altyn asyryna - parahatçylyk, hoşniýetlilik we adalatlylyk taglymlarynyň ykrar edilýän hem-de dabaralanýan asyryna gadam uran häzirki döwründe aýratyn möhümdir. Häzirki türkmen jemgyýetinde bu umumyadamzat gymmatlyklarynyň ösdürilmegi türkmen halkynyň biziň ata-babalarymyzyň baý taryhy mirasyna esaslanan hem-de halk dessanlarynda, beýik türkmen akyldarlarynyň filosofiki hem-de syýasy-hukuk işlerinde öz beýanyny tapan däp-dessurlarynyň dowamy bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak we hukuk taglymlary hem-de ýörelgeleri umumylykda ykrar edilen, dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen kadalaryň esasyny düzýär. Şolaryň hatarynda adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamada berkidilen, ondan-oňa erkin hereket etmäge bolan hukuk möhüm orun eýeleýär. Bitarap Türkmenistan öz halkara borçnamalaryna berk eýermek bilen, bu köpugurly halkara resmi namasynyň düzgünlerini öz milli kanunlarynda hem-de şolary ulanmagyň iş tejribesinde yzygiderli durmuşa geçirýär.

Şahsyýete, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna taryhy taýdan emele gelşi ýaly sarpaly çemeleşmekden, şeýle hem esasy halkara hukuk namalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň wepalydygyndan ugur alyp, karar edýärin:

1. 2002-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, raýatlaryň Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine gitmek üçin ygtyýarnamalary resmileşdirmezden gitmegine ygtyýar bermeli.

2. Eger halkara şertnamalary arkaly başga tertip (ygtyýarnamasyz ýa-da başga hili ýönekeýleşdirilen tertip) bellenilmedik bolsa, Türkmenistandan gidilen mahaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçmek üçin diňe raýatyň gönüden-göni gidýän daşary ýurt döwletiniň geliş ygtyýarnamasy zerurdyr.

Aýratyn halatlarda, Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistandan gidilen mahaly Döwlet serhedinden geçmäge bellenilen tertipde resmileşdirilen, çäklerine raýatyň gönüden-göni gidýän daşary ýurt döwletiniň geliş ygtyýarnamasyny almak mümkinçiligini tassyklaýan resmi namalar bar mahaly rugsat berilýär.

3. Türkmenistanyň kanunlary arkaly dowlet syrlaryndan habarlydygy, raýata garşy jenaýat işiniň gozgalmagy jenaýat edendigi üçin iş kesilmegi, sudda raýat hak isleginiň bildirilmegi sud tarapyndan bellenilen borçnamalardan boýun gaçyrylmagy, hakyky harby gulluga çagyrylmagy, özi hakda bilgeşleýin galp maglumatlaryň habar berilmegi bilen baglanyşykly aýry-aýry raýatlaryň Türkmenistandan gitmäge bolan hukugyna wagtlaýyn çäklendirmeler bellenip bilner.

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň ulanylýan kanunlara girizmek hakyndaky teklipleri on gün möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2001-nji ýylyň 23-nji dekabry.

№ PP-3531.