Baky bitarap Türkmenistanda Milli Bahar baýramyny bellemek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.03.2002 ý. çykaran № PP-3599 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4999 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Baky bitarap Türkmenistanda Milli Bahar baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 3, 100-nji madda)
Türkmen halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna nazar salsak, bereketli türkmen topragyna bahar paslynyň gelmegine, tebigatyň täzelenmegine uly orun berlipdir. Ýazyň gelmegi bilen türkmen diýarynyň belent başly daglaryndan durna gözli çeşmeler akyp, sähralary çemenzarlyga öwrülipdir, çölleri goýun-guzularyň seslerinden dolup, ekinzarlyklarynda ak bugdaýlar gök maýsa bolup watandaşlarymyzyň ruhuna ruh goşupdyr, olaryň tämiz ýüreklerine täze durmuşyň iň gözel arzuwlary dolupdyr. Ata-babalarymyz Nowruz baýramyny belläp, ony berekediň, bolçulygyň, agzybirligiň nyşany hökmünde baýram edipdirler. Al-elwan geýnen gelin-gyzlarymyzyň owadanlygy, näzikligi bolsa türkmeniň bahar paslynyň gözelligi bilen birleşipdir we halkymyzyň ähli baýramçylyklarynyň we toýlarynyň, dabaralarynyň bezegi bolupdyr. Ata-babalarymyz özleriniň enelerini, uýalaryny, ýanýoldaşlaryny başlaryna täç edip, mukaddeslik rejesine ýetiripdir.
Gahryman pederlerimizden miras galan milli däp dessurlarymyzy täzeden dikeltmek, türkmen halkymyzyň milli baýramlaryny altyn asyrymyzyň altyn öwüşginleri bilen baýlaşdyrmak maksady bilen hem-de baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň azat durmuşynyň, çekýän halal zähmetiniň we enelere, gelin-gyzlara goýýan belent sarpasynyň şanyna, şeýle hem il-günümiziň durmuşynda bahar paslynyň, Nowruz baýramynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň eneleriniň, aýal-gyzlarynyň, Nowruz we Bahar milli baýramlaryny birleşdirip, her ýylyň 20-21-22-nji martyny Türkmenistanyň Milli Bahar baýramy diýip yglan etmeli we şol günleri iş güni däl diýip bellemeli.
2. Her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Türkmenistanyň eneleriniň, aýal-gyzlarynyň milli baýramyny mart aýynyň 20-sine geçirmeli.
3. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri Türkmenistanyň Milli Bahar baýramy bellenilýän günlerde welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda medeni çäreleriň, dabaralaryň we toýlaryň geçirilmegini üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2002-nji ýylyň 20-nji marty.
№ PP-3599.