Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 01.09.2003

Jenaýatçylykly hereketler netijesinde ýetirilen maddy zeleliň we döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda

Official text as of 01.09.2003

Updated on the portal · 14.08.2026

Jenaýatçylykly hereketler netijesinde ýetirilen maddy zeleliň we döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.09.2003 ý. çykaran № PP-3905 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.05.2010 ý. çykaran № PP-5594 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Jenaýatçylykly hereketler netijesinde ýetirilen maddy zeleliň we döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 9, 327-nji madda)

Jenaýatçylykly hereketleriň netijesinde ýetirilen maddy zeleliň öwezini dolmak baradaky işi kamilleşdirmek hem-de döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2003-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 1-inden başlap, jenaýatçylykly hereketler netijesinde eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edara-kärhanalara ýetirilen maddy zeleliň we döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary 1 million 500 müň manat möçberde bellemeli.

2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen bilelikde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2003-nji ýylyň 1-nji sentýabry.

№ PP-3905