Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 12.08.2004

Nas atmagy gadagan etmek hakynda

Official text as of 12.08.2004

Updated on the portal · 14.08.2026

Nas atmagy gadagan etmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.08.2004 ý. çykaran

№ PP-4097 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.05.2008 ý. çykaran № PP-5104 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Nas atmagy gadagan etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 306-njy madda)

Türkmen halkynyň muňýyllyklaryň synagyndan geçen ýol-ýörelgesini hormatlap, milletimiziň sagdyn durmuşda ýaşamak babatda asyrlar boýy kemala gelen garaýyşlaryna, edep-ekramyna gadyr goýup, Mukaddes Ruhnamanyň ynsan saglygyny goramak ugrundaky esaslaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saglyk syýasatyny durmuşa geçirmegi maksat edinip, lebzi we suňňi halal, haramdan hem ýaramaz edim-gylymlardan daşda duran merdana pederlerimiziň dogry hem nusgalyk ýolunyň Altyn asyrda dowam etdirilmegini, baky bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň temmäkiniň we temmäki önümleriniň adamyň saglygyna zyýanly täsiri baradaky ündemelerine goşulmak islegini tassyklap, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň çäginde - ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda, guramalarda, harby bölümlerde we birikmelerde, serhet galalarynda, ähli okuw mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, teatrlarda, jemgyýetçilik hem-de hususy ulaglaryň ähli görnüşlerinde, seýilgählerde, bazarlarda we söwda nokatlarynda, raýatlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde temmäki önümi bolan nasy atmagy gadagan etmeli.

2. Eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, ähli söwda nokatlarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, raýatlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde we ýörite bellenilmedik beýleki ýerlerde temmäki önümi bolan nasy satmagy gadagan etmeli.

3. Aşgabat şäherinde temmäki önümi bolan nasy satmaga Şor Garadamakdaky, Halklaryň dostlugy köçesinde ýerleşen mal bazarynyň çäklerinde ygtyýar bermeli.

4. Welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda temmäki önümi bolan nasy satmak üçin ýerli häkimlikler çetleşdirilen ýörite ýerleri bellemeli.

5. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi temmäki önümi bolan nasyň adamyň saglygyna zyýanly täsiri barada ilat arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmaly.

6. Şu Permanyň 1-nji bölüminiň talaplaryny bozan adamlar iň pes zähmet hakynyň iki essesi we 2-nji bölümini bozan adamlar dört essesi möçberde jerime salynmagy görnüşinde edara ediş jogapkärçiligine çekilýär.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň 12-nji awgusty

№ PP-4097