Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 13.07.2004

Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 13.07.2004

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 13.07.2004 ý. çykaran

№ PP-4082 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.11.2007 ý. çykaran № PP-4911 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 7, 265-nji madda)

«Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ilatyň harytlara we hyzmatlara islegini has doly kanagatlandyrmak, ýurdumyzyň söwda pudagyny has-da ösdürmek, lomaý we bölek satuw söwdany işjeňleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenbirleşigi binýadynda Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri kadalaşdyryjy kanunçylyk namalaryna girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň 13-nji iýuly

№ PP-4082