Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 07.04.2005

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

Official text as of 07.04.2005

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 07.04.2005 ý. çykaran

№ PP-4249 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.10.2005 ý. çykaran № PP-4357 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 4, 136-njy madda)

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, ruhy galkynyşynda ýeten sepgitlerini seljermek, olara mynasyp baha bermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, döwletimiziň ebedi mizemezligini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny öňküden-de gowulandyrmak baradaky ýörelgelerimizi we maksatlarymyzy halkymyz bilen geňeşmek, nobatdaky Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek we onuň adyna watandaşlarymyzdan gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 25-26-synda Aşgabat şäherinde çagyrmaly we onuň gün tertibine şu aşakdaky meseläni girizmeli:

Baky bitarap, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetini, syýasatyny we ykdysadyýetini kämilleşdirmegiň ugurlary.

2. Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek we watandaşlarymyzdan Halk maslahatynyň adyna gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak, seljermek hem-de olary Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygyna ýetirmek üçin Döwlet toparyny döretmeli (düzümi goşulýar).

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň Halk Saparmyrat

Maslahatynyň Başlygy Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2005-nji ýylyň 7-nji apreli

№ PP-4249

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2005-nji ýylyň aprel aýynyň 7-si

çykaran № PP-4249 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek üçin döredilen Döwlet toparynyň

DÜZÜMI

Toparyň başlygy

Saparmyrat Türkmenbaşy - Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy

Toparyň agzalary

Ataýew Ö. - Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygynyň orunbasary

Aýdogdyýew D. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Dokma senagaty minstri

Berdimuhammedow G.M. - Ministler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Saglygy goraýyş we derman senagaty minstri

Gurbanmyradow Ý.A. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,

Myratgulyýew A. - Ministrler Kabinkiniň Başlygynyň Orunbasary, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy,

Saparow R. - Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygynyň orunbasary,

Hramow W.M. - Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi,

Atagarryýew M.Ý. – Ahal welaýatynyň häkimi,

Tagyýew T. - Balkan welaýatynyň häkimi,

Annagylyjow K. - Daşoguz welaýatynyň häkimi,

Ahmedow G.- Lebap welaýatynyň häkimi,

Jumagylyjow A. – Mary welaýatynyň häkimi,

Rejebow A.N. – Aşgabat şäheriniň häkimi,

Mämmetgeldiýew A. – Goranmak ministri,

Aşyrmuhammedow G. – Milli howpsuzlyk ministri,

Atajanowa G.S. – Baş prokuror,

Rahmanow A. – Içeri işler ministri,

Gulgaraýew A. - Adalat ministri,

Sopyýew M. - Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy,

Musaýew O. - Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary,

Nepesow O. - Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,

Pirmämmedowa J.N. - Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy