Aşgabat şäherinde gurulýan Akademiýa Oguz hanyň adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.05.2006 ý. çykaran № PP-4492 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.02.2007 ý. çykaran № PP-4611-ig Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Aşgabat şäherinde gurulýan Akademiýa Oguz hanyň adyny
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 5, 855-nji madda)
Ýaş nesillerimizi halkymyzyň şamçyragy bolan Mukaddes Ruhnamanyň ruhunda hakyky watançylar edip terbiýelemek, şeýle hem Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgärleriniň nesilbaşymyz Oguzhanyň adyny ebedileşdirmek baradaky ýüztutmasyny nazara alyp karar edýärin:
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Aşgabat şäherinde gurulýan Akademiýa nesilbaşymyz Oguz hanyň adyny dakmaly we ony Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Harby akademiýasy diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2007-nji ýylyň 12-nji maýy
№ PP-4492