Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 30.08.2008

I. M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyny açmak hakynda

Official text as of 30.08.2008

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

I. M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyny açmak hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.08.2008 ý. çykaran № PP-5163 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 22.02.2016 ý. çykaran № PP-6921 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

I. M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyny açmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 8, 482-nji madda)

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Bilim boýunça federal agentliginiň arasynda 2008-nji ýylyň 4-nji iýulynda gol çekilen "Aşgabat şäherinde (Türkmenistan) I. M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyny döretmek hakyndaky" Teswirnamada bellenen teklipleri goldap, karar edýärin:

1. Aşgabat şäherinde I. M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyny açmaly.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi I. M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki şahamçasynyň işine hemmetaraplaýyn ýardam bermeli we gözegçilik etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary H.Saparlyýew we T.Tagyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. awgust aýynyň 30-y.

№ PP-5163