Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeýle hem tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň möçberini köpeltmek hakynda
2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap - Türkmenistanyň Prezidentiniň 22.04.2010 ý. çykaran № PP-5587 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.07.2010 ý. çykaran № PP-5624 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeýle hem tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň möçberini
köpeltmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2010 ý., № 4, 830-njy madda)
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gerçeklerimiziň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik ýeňşini hormatlamak, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň durmuş-ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. 2010-njy ýylyň 1-nji maýyndan:
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeýle hem tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň möçberini 20 göterim köpeltmeli;
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjyjaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 522 manat, iň ýokary möçberini 696 manat möçberde bellemeli;
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 638 manat möçberde bellemeli.
2. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary T.Japarow, H.Saparlyýew, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Maliýe ministri A.Goçyýew, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministri B.Şamyradow hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 22-nji aprelinde
№ PP-5587