Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 23.01.2015

Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Official text as of 23.01.2015

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.01.2015 ý. çykaran № PP-6709 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 17.03.2017 ý. çykaran № PP-74 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 1, 3495-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Bitarap Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Eziz Diýarymyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Garaşsyz Watanymyzy yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, täze demir ýollary gurmak, demir ýol gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, edilýän hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyrmak boýunça pudagyň işgärleriniň çekýän halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 3-nji dekabrynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede we guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 23-nji ýanwary

№ PP-6709