Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 17.04.2017

Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Official text as of 17.04.2017

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.04.2017 ý. çykaran № PP-82 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.03.2019 ý. çykaran № PP-491 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 4-5, 165-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli pudaklary, şol sanda himiýa senagaty pudagy hem çalt depginler bilen ösýär. Garaşsyz Watanymyzy yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga himiýa senagaty pudagynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ilatymyzyň azyk üpjünçiligini ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmekde pudagyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 31-nji martynda belläp geçmeli.

2. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni himiýa senagatynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 5-nji apreli.

№ PP-82