Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 07.08.2026

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-07

Обновлено на портале · 08.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1 madda. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini tassyklamaly.

2 madda. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3 madda. «Türkmenistan SSR Jenaýat kodeksini tassyklamak hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny bilen 1961 ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanan Türkmenistan SSR Jenaýat kodeksini, şeýle hem 1961-ýylyň 22-nji dekabryndan 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwürde Türkmenistan SSR Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli kanunlary 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

4 madda. Türkmenistanyň territoriýasynda hereket edýän kanunlar we gaýry normatiw hukuk aktlary Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyk getirilmäge degişlidir.

Mundan beýläk Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyk getirilýänçä görkezilen kanunlar we gaýry normatiw hukuk aktlary Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine ters gelmeýän bölegi babatda ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 12-nji iýuny

№ 222-1

Ссылается на