Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Effective from · 07.08.2026

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

Official text as of 07.08.2026

Updated on the portal · 08.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

1-nji madda. Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini 2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

3-nji madda. Şu Kodeksiň güýje giren gününden 1983-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Ýaşaýyş jaý kodeksini (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1983-nji ýyl, № 18, 44-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini we böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny şu Kodekse laýyk getirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 2-nji marty.

№ 374-IV.

References