Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 16.08.2026

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

Official text as of 16.08.2026

Updated on the portal · 16.08.2026

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 80-nji madda)

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 1995-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Daýhan birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2007-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan rejelenen görnüşinde), (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 38-nji madda; 2014 ý., № 2, 85-nji madda; 2015 ý., № 2, 72-nji madda):

16-njy maddada:

adynda «dolandyryş» diýen sözi we onuň öňünde goýlan otur belgisini aýyrmaly;

üçünji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

19-njy maddada:

adynda we mazmunynda «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.

1-nji bölüminiň ikinji bölegi Türkmenistanyň 30.03.2024 ý. № 91-VII Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

3. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda) 8-nji maddasynda «ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

şol Kanun bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda):

9-njy we 113-nji maddalarda «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

45-nji maddanyň birinji böleginde «döwlet dolandyryş» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

104-nji maddanyň ikinji tesiminde we 107-nji maddanyň ikinji böleginiň üçünji we soňky tesiminde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly hem-de «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 54-nji madda; 2015 ý., № 4, 130-njy madda):

3-nji maddanyň ikinji böleginde, 5-nji maddanyň birinji tesiminde, 9-njy maddanyň 3-nji we 7-nji böleklerinde, 11-nji maddanyň ikinji böleginde «döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere, 3-nji maddanyň ikinji böleginde, 6-njy maddanyň adynda we birinji tesiminde «ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» we «Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» we «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde we 13-nji maddanyň birinji böleginde «döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 55-nji madda; 2016 ý., № 1, 16-njy madda):

4-nji maddanyň 4-nji bendinde «döwlet dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji maddanyň adynda we mazmunynda «dolandyryşyny», «dolandyryşy» diýen sözleri degişlilikde «düzgünleşdirilişini», «düzgünleşdirilişi» diýen sözlere, şeýle hem 5-nji maddada, 8-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde, 15-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde, 20-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde, 20-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji bendinde «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «ýerli häkimiýet», «ýerli häkimiýetiň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet edaralaryndan, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «häkimiýetiň ýerli», «häkimiýetiň ýerli edaralarynyň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralaryndan, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryndan we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan» diýen sözlere çalşyrmaly.

6. 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 30-njy madda):

5-nji maddada:

birinji bölekde «ýerine ýetiriji ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «oba hojalygyny dolandyryş ygtyýarly döwlet edarasy», «ygtyýarly döwlet dolandyryş» diýen sözleri degişlilikde «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly» diýen sözlere çalşyrmaly;

8-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde, 14-nji maddada «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «ýerli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy maddanyň ikinji tesiminde, 18-nji maddanyň üçünji böleginde, 19-njy maddanyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde «oba hojalygyny dolandyryş ygtyýarly döwlet edarasynyň» diýen sözleri hem-de 10-njy maddanyň üçünji tesiminde «ygtyýarly döwlet dolandyryş» diýen sözleri degişlilikde «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly» diýen sözlere çalşyrmaly;

23-nji maddanyň soňky tesiminde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly hem-de «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly.

7. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 60-njy madda):

5-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji tesiminde, 18-nji maddanyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde,22-nji maddanyň dördünji böleginde «jemagat hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri hem-de 5-nji maddanyň ikinji böleginiň altynjy we ýedinji tesimlerinde «oba hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» we «suw hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri degişlilikde «jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» we «suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji maddanyň birinji we altynjy bölekleriniň birinji tesimlerinde «babatda», «jemagat hojalygyny döwlet dolandyryşynyň», «Oba hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» we «suw hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri degişlilikde «çygrynda», «jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» we «suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

11-nji maddanyň dördünji böleginde «döwlet dolandyryş edaralary», «babatda» we «jemagat hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary», «çygrynda» we «jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

Kanunyň ýazgysynda «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «ýerli häkimiýet» we «döwlet dolandyryşynyň» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «häkimiýetiň ýerli» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Tokaý kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 10-njy madda; 2015 ý., № 1, 36-njy madda):

IV babyň adynda, 15-nji maddanyň adynda we mazmunynda «DOLANDYRYŞY» we «dolandyryşyny» diýen sözleri degişlilikde «DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI» we «düzgünleşdirilişini» diýen sözlere çalşyrmaly;

Kodeksiň ýazgysynda «Tokaý hojalygyny döwlet dolandyryşynyň», «tokaý hojalygyny döwlet dolandyryşynyň» we «tokaý hojalygyny döwlet dolandyryşyň», «döwlet dolandyryşynyň», «döwlet dolandyryşyň», «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «ýerli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «Tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiniň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.

9. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011ý., № 2, 41-nji madda):

5-nji maddada:

birinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegiň ikinji tesiminde «balyk hojalygyny döwlet dolandyryşyň» diýen sözleri «balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6-njy maddanyň dördünji tesiminde «döwlet dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde, 13-nji maddanyň ikinji böleginde, 15-nji we 33-nji maddalarda, 44-nji maddanyň ikinji böleginde, 45-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «Balyk hojalygyny döwlet dolandyryşyň» we «balyk hojalygyny döwlet dolandyryşyň» diýen sözleri degişlilikde «Balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» we «balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

8-nji maddanyň on dördünji tesiminde, 13-nji maddanyň ikinji böleginde, 21-nji maddada, 33-nji maddada, 34-nji maddanyň ikinji böleginde, 38-nji maddanyň üçünji böleginde, 39-njy maddada «döwlet dolandyryşyň» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly.

9-njy maddanyň adynda we birinji tesiminde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.

10. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 37-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda, № 3, 114-nji madda):

3-nji maddanyň 2-nji bendinde, II babyň adynda we 14-nji maddanyň adynda we mazmunynda «dolandyrmak», «DOLANDYRYŞY», «dolandyryş», «dolandyryşyny» diýen sözleri degişlilikde «düzgünleşdirmek», «DÜZGÜNLEŞDIRIŞI», «düzgünleşdiriş», «düzgünleşdirişini» diýen sözlere çalşyrmaly;

6-njy maddanyň üçünji böleginde, 8-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde, 9-njy maddanyň birinji böleginde, 28-nji maddanyň ýedinji böleginiň soňky tesiminde, 33-nji maddanyň ikinji böleginde, 34-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, 37-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, 41-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, 48-nji maddanyň dördünji böleginde we 58-nji maddada «ýerli häkimiýet» we «ýerli häkimet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

Kanunyň ýazgysynda «döwlet dolandyryşynyň», «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň», «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «ýerli häkimiýet» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» we «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» we «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.

11. 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3, 60-njy madda):

33-nji maddanyň birinji böleginde, üçünji böleginiň 4-nji we 5-nji bentlerinde «ösümlikleri goramak boýunça ygtyýarly döwlet dolandyryş edarasy» we «ösümlikleri goramak boýunça ygtyýarly döwlet dolandyryş edarasyna» diýen sözleri degişlilikde «ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy» we «ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

Kanunyň ýazgysynda «döwlet dolandyryş», «ýerli häkimiýet», «ýerli häkimet», «ýerli häkimýet» we «ýerine ýetiriji ýerli häkimýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary», diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «häkimiýetiň ýerli» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly.

12. 2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 4-nji madda):

II babyň adynda «DOLANDYRYLYŞY» diýen sözi «DÜZGÜNLEŞDIRIŞI» diýen söze çalşyrmaly;

6-njy maddanyň adynda we mazmunynda «döwlet dolandyryş edaralary» we «döwlet dolandyryşynyň edaralarydyr» diýen sözleri degişlilikde «döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralary» we «döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralardyr» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji maddanyň ikinji bendinde «haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça» diýen sözleri «haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda» diýen sözlere çalşyrmaly;

36-njy maddanyň üçünji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

46-njy maddanyň üçünji böleginde «döwlet dolandyryş edaralary» diýen sözleri «edaralar» diýen sözlere çalşyrmaly;

Kanunyň ýazgysynda «döwlet dolandyryşynyň», «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň», «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.

№ 578-V.

References

References to this material