Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 11.04.2025

Kazyýet hakynda

Official text as of 11.04.2025

Updated on the portal · 12.08.2026

Kazyýet hakynda

*2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan herekete girizilen gününden «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň kanuny - 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen № 151-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Kazyýet hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 3, 50-nji madda)

(Türkmenistanyň 07.02.2012 ý. № 275-IV we 25.09.2012 ý. № 333-IV Kanunlary

esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

I bölüm. Umumy düzgünler

1-nji madda. Kazyýetleriň häkimiýet ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry düzümleriň döredilmegine ýol berilmeýär.

2. Kazyýet häkimiýeti özbaşdakdyr we kanun çykaryjy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetlerden garaşsyz hereket edýär.

3. Kazyýet häkimiýeti raýat, arbitraž, dolandyryş we jenaýat kazyýet önümçiligi arkaly amala aşyrylýar.

4. Öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda kazylaryň talaplary we buýruklary ähli döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar, beýleki ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmanydyr.

5. Kazynyň talaby boýunça adyl kazyýetligi amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlar, resminamalar we olaryň göçürilen nusgalary tölegsiz berilýär. Kazylaryň talaplarynyň we buýruklarynyň ýerine ýetirilmezligi kanunda bellenen jogapkärçilige eltýär.

2-nji madda. Türkmenistanyň kazyýet hakynda kanunçylygy

Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanda kazyýet önümçiliginiň we kazylaryň hukuk ýagdaýynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kanunlardan ybaratdyr.

3-nji madda. Kazyýetleriň wezipeleri

1. Kazyýet adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goraýar.

2. Kazyýetiň ähli işi kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, sosial adalatyň berkararlygyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, namysynyň we mertebesiniň goralmagyna, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna eltýän sebäpleriň we şertleriň ýok edilmegine gönükdirilendir.

4-nji madda. Kazylaryň garaşsyzlygy

1. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam-ygtykadyna gollanýarlar.

Adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işlerinde kazylar hiç kime hasabatly däldirler.

2. Kazyýete ýa-da kaza hormat goýmazlyga, şeýle hem olaryň işine gatyşmaklyga ýol berilmeýär we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige getirýär. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär.

5-nji madda. Hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi

1. Türkmenistanda adyl kazyýetlik taraplaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň deňligi we bäsleşigi esasynda, şeýle hem haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulmadyk başga ýagdaýlara garamazdan hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi esasynda amala aşyrylýar.

2. Taraplaryň Türkmenistanyň kazyýetleriniň çykaran çözgütleri, hökümleri we beýleki kararlary barada şikaýat etmäge hukugy bardyr.

6-njy madda. Raýatlaryň kazyýet tertibinde goranmaga hukugy

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we wezipeli adamlaryň bikanun hereketleri zerarly özleriniň namysyna we mertebesine, janyna we saglygyna, adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan şahsy we syýasy hukuklaryna we azatlyklaryna her bir hyýanat edilmeginden kazyýet tertibinde goranmaga haky bardyr. Raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň başga hili goralyş tertibi diňe Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilip bilner.

2. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede kazyýet üsti bilen goranmak hukugyna eýedirler.

7-nji madda. Adyl kazyýetligiň kanuna takyk laýyklykda amala aşyrylmagy

Türkmenistanda adyl kazyýetlik Türkmenistanyň kanunçylygyna takyk laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň kazyýetleri kanunda bellenen halatlarda başga döwletleriň kanunlaryny hem ulanýarlar.

8-nji madda. Işlere kollegial we ýekelikde seredilmegi

1. Kanunda işlere kazynyň ýekelikde seretmegine rugsat berilýän mahalyndan başga halatlarda, raýat we jenaýat işlerine ähli kazyýetler tarapyndan we ähli basgançakdaky kazyýetlerde kollegial seredilýär.

2. Birinji basgançakly kazyýetlerde arbitraž işlerine, düzgün boýunça, kazynyň bir özi tarapyndan, kanunda bellenen halatlarda bolsa, kollegial seredilýär. Ýokarky kazyýet basgançaklarynda bu işlere kollegial seredilýär.

9-njy madda. Kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dili

1. Kazyýet önümçiligi we iş dolandyryşy Türkmenistanyň ähli kazyýetlerinde döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän işe gatnaşýan adamlara öz ene dilinde ýa-da islendik erkin saýlan gepleşik dilinde kazyýetiň mejlislerinde çykyş etmäge, düşündiriş bermäge we kazyýet resminamalaryny almaga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmaga bolan hukugy üpjün edilýär.

10-njy madda. Kazyýetleriň işindäki aýanlyk

1. Ähli kazyýetlerde işler açyk seljerilýär.

2. Işleriň kazyýetiň ýapyk mejlisinde seljerilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär. Kazyýetiň kabul eden karary ähli ýagdaýlarda aç-açanlykda yglan edilýär.

11-nji madda. Günäsizlik prezumpsiýasy

Her bir adamyň günäsi kanunda göz öňünde tutulan tertipde subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança, ol günäsiz hasaplanýar.

12-nji madda. Kazyýetde goralmaga we ýuridik kömegi almaga bolan hukugyň üpjün edilmegi

1. Güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň, iş kesileniň we aklananyň özüni goramaga hukugy bardyr.

2. Kazyýetler tarapyndan raýat, arbitraž işleri, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky işler we jenaýat işleri seredilýän mahalynda raýatlara we guramalara ýuridik kömegi adwokatlar, şeýle hem raýatlara we guramalara ýuridik kömegini berýän beýleki adamlar we guramalar berýärler.

3. Ýuridik kömegi bermegiň tertibi, kazyýet önümçiligine gatnaşýan wekilleriň we adwokatlaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

13-nji madda. Kazyýetde işlere seredilýän mahalynda prokuroryň gatnaşmagy

Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar kazyýetlerde işleriň seredilmegine kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýarlar.

II bölüm. Kazyýet ulgamy

1-nji bap. Türkmenistanyň kazyýetleri

14-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleri

Türkmenistanda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri, şeýle hem etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri hereket edýärler.

15-nji madda. Kazyýetleriň döredilmegi we ýatyrylmagy

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek arkaly ýatyrylyp bilner.

2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri, şeýle hem etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär we ýatyrylýar. Eger öz ygtyýaryna degişli edilen adyl kazyýetlik meseleleri şol bir wagtyň özünde başga kazyýetiň ýurisdiksiýasyna geçirilmedik bolsa, onda ol kazyýetler ýatyrylyp bilinmez.

3. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet oturdaşlarynyň sany Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

2-nji bap. Etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri

16-njy madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň döredilmegi

Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti etrapda we etrap hukukly şäherde döredilýär, şeýle hem etrap we şäher üçin bir etrap, şäher kazyýeti we etrabara kazyýeti döredilip bilner.

17-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň düzümi

1. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti kazyýetiň başlygyndan, kazylardan we kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr.

2. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň düzümine şol kazyýetleriň başlygynyň orunbasarynyň wezipeleri girizilip bilner.

18-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň ygtyýarlyklary

1. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti birinji basgançakly kazyýetdir. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti, kanun tarapyndan beýleki kazyýetleriň ygtyýarlygyna degişli edilen işlerden başga ähli raýat, jenaýat işlerine seredýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylary, şeýle hem dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylar dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky işlere seredýärler.

3. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar, kanunçylygy wagyz etmek we düşündirmek bilen meşgullanýar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

19-njy madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy:

1) kazyýetiň mejlislerinde başlyklyk edýär, kazyýet mejlislerinde başlyklyk ediji kazylary belleýär, kazylaryň arasynda beýleki borçlary bölýär;

2) kazyýet oturdaşlary bilen işi guraýar;

3) şahsy kabul edişligi alyp barýar, kazyýetiň raýatlary kabul etmek hem-de tekliplere, arzalara we şikaýatlara seretmek boýunça işini guraýar;

4) kazyýetiň iş tejribesiniň öwrenilmegine we umumylaşdyrylmagyna we kazyýet statistikasynyň ýöredilmegine ýolbaşçylyk edýär;

5) döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we wezipeli adamlara, şeýle hem edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň ýolbaşçylaryna kanun bozulmalaryna, hukuk bozulmalaryna eltýän sebäpleriň we şertleriň ýok edilmegi hakynda teklipnamalary girizýär;

6) dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň işini guraýar;

7) kazyýetiň diwanynyň işini guraýar;

8) kazyýet işgärleriniň hünärlerini, şeýle hem kazyýet oturdaşlarynyň hukuk bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyny wagyz etmek we düşündirmek boýunça işi guraýar;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Eger etrap kazyýetine we etrap hukukly şäher kazyýetine bir kazy bellenen bolsa, ol etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

20-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary:

1) kazyýet mejlislerine başlyklyk edýär;

2) başlygyň tabşyrmagy boýunça kazyýetiň oturdaşlary bilen işi guraýar;

3) raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar;

4) dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň işine ýolbaşçylyk edýär;

5) borçlaryň bölünişigine laýyklykda kazyýetiň işiniň belli bir bölegine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

6) başlygyň tabşyrmagy boýunça kanunçylygy wagyz etmek we düşündirmek boýunça işi guraýar.

2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary başlygyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär we ol ýok mahalynda ýa-da öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmedik halatynda başlygyň ýerine galýar.

21-nji madda. Etrap kazyýetlerinde we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde kazyýetiň başlygynyň ýa-da kazynyň ornuna wezipeleriň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy we orunbasary bolmadyk halatynda başlygyň borçlaryny ýerine ýetirmek wagtlaýyn bu kazyýetiň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysy wagtlaýyn bolmadyk mahalynda onuň borçlaryny ýerine ýetirmek şol kazyýetiň 25 ýaşyny dolduran dolandyryş we ýerine ýetiriş boýunça kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenip bilner.

3. Aşaky kazyýetleriň işiniň göwnejaý guralyşyny üpjün etmek maksady bilen, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary etrap kazyýetinde ýa-da etrap hukukly şäher kazyýetinde kazy bolmadyk halatlarynda şol kazyýetleriň işlerine we materiallaryna seretmegi başga, adybir kazyýetiň üstüne ýüklemäge haklydyr.

4. Köp düzümli etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy bolmadyk halatlarynda başlygyň borçlaryny onuň orunbasarlary ýerine ýetirýärler, orunbasarlary bolmadyk halatlarynda bolsa, borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek degişlilikde welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäherleriň kazyýetleriniň buýruklary bilen etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

22-nji madda. Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi

1. Etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi döredilýär.

2. Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşiniň işiniň guralyş tertibi we wezipeleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanýan Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

3-nji bap. Welaýat kazyýeti we welaýat hukukly

şäher kazyýeti

23-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň düzümi

Welaýat kazyýeti we welaýat hukukly şäher kazyýeti başlykdan, başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan we kazyýetiň oturdaşlaryndan ybaratdyr we kanunda işlere kazynyň ýekelikde seretmäge rugsat berilýän mahalyndan başga halatlarda, şu aşakdaky düzümde hereket edýärler:

1) kazyýetiň Prezidiumy;

2) raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

3) jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy.

24-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň ygtyýarlyklary

Welaýat kazyýeti we welaýat hukukly şäher kazyýeti:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde, şeýle hem täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;

2) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet işine gözegçiligi amala aşyrýar, kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet statistikasyny seljerýär;

3) kazylyga dalaşgärleri seçip almaga we olary taýýarlamaga, öz kazyýetiniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga gatnaşýar;

4) raýatlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işi, şeýle hem kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

5) kazyýet statistikasyny ýöredýär, etrap kazyýetlerinde we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde ony ýöretmek boýunça işi guraýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

25-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy başlykdan, başlygyň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän sandaky kazylardan ybarat düzümde döredilýär. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumlarynda kazyýet işleri seljerilen mahalynda welaýat prokurorynyň we welaýat hukukly şäher prokurorynyň gatnaşmagy hökmanydyr.

26-njy madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň ygtyýarlyklary

Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;

2) kazyýetiň başlygynyň teklipnamasy boýunça kazylaryň hataryndan raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň düzümlerini tassyklaýar;

3) kazyýet iş tejribesini öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň hem-de kazyýet statistikasynyň seljermesiniň materiallaryna seredýär;

4) kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň kollegiýalaryň işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;

5) etrap kazyýetlerine we etrap hukukly şäher kazyýetlerine Türkmenistanyň kanunçylygyny dogry ulanmakda kömek berýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

27-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň iş tertibi

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlisleri azyndan aýda bir gezek geçirilýär.

2. Prezidiumyň kararlary Prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär we olara başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.

28-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň düzümleri degişli kazyýetiň kazylarynyň hataryndan welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanylýar. Kazyýet kollegiýalaryna kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary baştutanlyk edýärler.

2. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygy zerur bolan halatlarda işlere seretmegi üçin bir kollegiýanyň kazysyny beýleki kollegiýanyň düzümine çekmäge haklydyr.

29-njy madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde we nägilelik tertibinde işlere seredýärler.

2. Kazyýet kollegiýalary kazyýet iş tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny seljerýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

30-njy madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygy

Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygy:

1) kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýär;

2) iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde işlere bir özi seredýär;

3) kanunda bellenen çäklerde we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütlere, hökümlere, kesgitnamalara we kararlara netijenama girizýär, şeýle hem gözegçilik önümçiligini gozgamak hakyndaky karary tassyklaýar;

4) kanunda bellenen halatlarda we tertipde raýat işleri boýunça çözgütleriň we kesgitnamalaryň ýerine ýetirilmegini togtadýar;

5) kazyýet kollegiýalarynyň we kazyýetiň diwanynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär;

6) kazyýetiň Prezidiumyny çagyrýar we onuň mejlislerinde başlyklyk edýär;

7) başlygyň orunbasarlarynyň arasynda borçlary bölýär;

8) kazylaryň we kazyýetiň diwanynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;

9) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny ýöretmek we seljermek boýunça işi guraýar;

10) edaranyň, guramanyň, kärhananyň wezipeli adamlaryna kanun bozulmalaryna, hukuk bozulmalaryna eltýän sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagy hakynda teklipnama girizýär;

11) şahsy kabul edişligi ýöredýär we kazyýetiň raýatlary kabul etmek we tekliplere, arzalara we şikaýatlara seretmek boýunça işini guraýar;

12) kazyýet ýerine ýetirijileriň işini guraýar;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

31-nji madda. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasarlary – kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary

1. Welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasarlary şol bir wagtyň özünde kazyýetiň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary bolmak bilen:

1) kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde işlere seretmek üçin kazylaryň düzümlerini döredýärler;

2) özleriniň ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da onuň üçin kazylary belleýärler;

3) iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde bir özleri işlere seredýärler;

4) degişli kazyýet kollegiýalarynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

5) borçlaryň bölünmegine laýyklykda kazyýetiň diwanynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

6) kazyýetiň Prezidiumyna kazyýet kollegiýalarynyň işi hakyndaky hasabatlary berýärler;

7) raýatlaryň şahsy kabul edişligini ýöredýärler;

8) etrap kazyýetlerinden we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap etmäge haklydyrlar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Kazyýetiň başlygy bolmadyk halatynda onuň hukuklaryny we borçlaryny onuň tabşyrmagy boýunça kazyýetiň başlygynyň orunbasarlarynyň biri, orunbasarlary bolmadyk halatynda bolsa, borçlaryny ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň buýrugy bilen welaýat kazyýetiniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

4-nji bap. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti

32-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti

1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti kanun tarapyndan olaryň seretmegine degişli edilen ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan ýa-da dolandyryşyň we başga kanunlarda onuň ygtyýarlygyna degişli edilen başga işleriň çygryndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller baradaky kazyýet edarasy bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlere birinji basgançakly kazyýet hökmünde seredýär.

33-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň düzümi

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyndan we kazylardan ybarat bolup durýar.

34-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti:

1) ykdysady hukuk gatnaşyklarynda ýa-da dolandyryşyň we başga kanunlarda onuň ygtyýarlygyna degişli edilen başga işleriň çygryndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere seredýär we olary çözýär;

2) ýuridik şahslaryň we hususy telekeçiniň batyp galmagy (bankrot bolmagy) hakyndaky işlere seredýär;

3) telekeçiligiň we gaýry ykdysady işiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulanylyş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar;

4) telekeçiligiň we gaýry ykdysady işiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;

5) raýatlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işi, şeýle hem kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

6) arbitraž işleri boýunça kazyýet statistikasyny ýöredýär we seljerýär;

7) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözýär;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

35-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy

1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy kazy bolup durýar we Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi tarapyndan bellenen iş ýörediş ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

2.Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy:

1) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň işini guraýar;

2) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanyna umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipesinden boşadýar;

3) kazylaryň we Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;

4) arbitraž iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, arbitraž işiniň statistikasyny ýöretmek we seljermek boýunça işi guraýar;

5) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň döwlet, jemgyýetçilik we başga edaralar bilen gatnaşyklarynda oňa wekilçilik edýär;

6) şu Kanun tarapyndan özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň iş meseleleri boýunça buýruklary we görkezmeleri berýär.

5-nji bap. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

36-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti ýokary kazyýet edarasy bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti kanunda göz öňünde tutulan iş ýörediş görnüşlerinde raýat, arbitraž, jenaýat işlerine we dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky işlere seredilmegine kazyýet gözegçiligini we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

37-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň düzümi

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Başlykdan, Başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan, kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr we kanunda işlere kazynyň ýekelikde seretmegine rugsat berilýän mahalyndan başga halatlarda, şu aşakdaky düzümde hereket edýär:

1) Ýokary kazyýetiň Giňişleýin mejlisi;

2) Ýokary kazyýetiň Prezidiumy;

3) Raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

4) Jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;

5) Arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy.

38-nji madda.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde, şeýle hem täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde nägilelik we gözegçilik tertibinde arbitraž işlerine seredýär;

3) kazyýet we arbitraž iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet statistikasyny ýöretmek we kazyýetiň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça işi guraýar, statistika maglumatlaryny seljerýär we umumylaşdyrýar, kazyýetlere kazyýet işlerine seredilende ýüze çykýan Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri berýär;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň kazyýetler tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözýär;

6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna girizmek üçin kazyýetleriň guralyşynyň meseleleri boýunça teklipleri işläp düzýär;

7) kazylyga dalaşgärleri seçip almagy we taýýarlamagy, kazyýetleriň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagyny amala aşyrýar;

8) kazyýetleriň maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi we olaryň işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça işi guraýar;

9) raýatlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işe gözegçilik edýär;

10) kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;

11) kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegini amala aşyrýar;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

39-njy madda.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryndan ybarat düzümde hereket edýär.

2. Giňişleýin mejlisiň mejlislerine Türkmenistanyň Baş prokurorynyň gatnaşmagy hökmandyr.

3. Giňişleýin mejlisiň kazyýet işlerine seretmek bilen baglanyşygy bolmadyk mejlislerine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň çagyrmagy boýunça aşaky kazyýetleriň kazylary, ministrlikleriň we beýleki döwlet edaralarynyň, ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşyp biler.

40-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça, şol sanda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararlaryna garşylyknamalar boýunça işlere seredýär;

2) kazyýet iş tejribesiniň umumylaşdyrylan materiallaryna we kazyýet statistikasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamalaryna, kazylaryň maslahatlarynyň tekliplerine seredýär we kazyýetlere kanunçylygy ulanmak boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri berýär, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň kanunçylygy ulanmak boýunça kazyýet iş tejribesi hakyndaky habarlaryny diňleýär;

3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan kazyýet kollegiýalarynyň düzümini we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kätibini tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky ylmy-maslahat geňeşiniň düzümini tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyny, şol sanda onuň başlygyny we başlygynyň orunbasaryny saýlaýar;

6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň işi hakyndaky habarlary diňleýär;

7) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň öz işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;

8) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi hakyndaky teklipnamalaryna seredýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

41-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan kazyýet işleriniň çözülmegi bilen baglanyşykly bolmadyk meselelere seredilmegi

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan şu Kanuna laýyklykda Giňişleýin mejlisiň garamagyna girizilen kazyýet işleriniň çözülmegi bilen baglanyşykly bolmadyk meseleler degişlilikde olaryň maglumatlary boýunça ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen adamlaryň maglumatlary boýunça diňlenilýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Giňişleýin mejlisiň garamagyna girizilen meseleler boýunça Türkmenistanyň Baş prokurory netijenama berýär. Bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň mejlisine çagyrylan adamlar hem gatnaşyp biler.

2. Giňişleýin mejlis ugrukdyryjy düşündirişleri özünde jemleýän Kararyň taslamasyny taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda Giňişleýin mejlisiň agzalarynyň we çagyrylan adamlaryň hataryndan redaksion kollegiýany döredýär.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleri kazyýetler, şeýle-de düşündiriş berlen kanuny ulanýan beýleki edaralar we wezipeli adamlar üçin hökmanydyr.

42-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň işleýiş tertibi

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi zerurlyga görä, emma dört aýda bir gezekden az bolmadyk ýygylykda çagyrylýar. Giňişleýin mejlisiň agzalaryna, Türkmenistanyň Baş prokuroryna mejlise azyndan on bäş gün galanda onuň çagyrylýan wagty we garamagyna girizilýän meseleler hakynda habar berilýär.

2. Giňişleýin mejlisiň kararlarynyň taslamalary we kazyýet işleri boýunça garşylyknamalaryň ýa-da netijenamalaryň göçürilen nusgalary Giňişleýin mejlisiň agzalaryna, Türkmenistanyň Baş prokuroryna mejlise azyndan on gün galanda iberilýär.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararlary Giňişleýin mejlisiň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär.

4. Giňişleýin mejlisiň kararlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Giňişleýin mejlisiň kätibi tarapyndan gol çekilýär.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kätibi Giňişleýin mejlisiň mejlislerini taýýarlamak boýunça işi ýerine ýetirýär, teswirnamanyň ýöredilmegini üpjün edýär we Giňişleýin mejlis tarapyndan kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan hereketleri amala aşyrýar.

43-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, Başlygyň orunbasarlaryndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen sandaky kazylaryndan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerinde kazyýet işlerine seredilen mahalynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýa-da onuň orunbasarynyň gatnaşmagy hökmanydyr.

3. Prezidiumyň kararlary Prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär we başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.

44-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hökümlerine, çözgütlerine we kesgitnamalaryna berlen nägilelik şikaýatlaryna we teklipnamalara seredýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça jenaýat, raýat we arbitraž işlerine seredýär;

3) kazyýet iş tejribesini öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň, kazyýet statistikasyny seljermegiň materiallaryna seredýär;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň we diwanynyň işiniň guramaçylyk meselelerine seredýär;

5) kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjünçiliginiň meselelerine seredýär;

6) aşaky kazyýetlere Türkmenistanyň kanunçylygyny dogry ulanmaklarynda kömek bermek hakyndaky meselelere seredýär we olary çözýär;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

45-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça, arbitraž işleri boýunça we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýalary tassyklanylýar. Kazyýet kollegiýalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýärler.

3. Kazyýet kollegiýalary kazyýet iş tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny seljerýärler hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy zerur bolan halatlarda bir kazyýet kollegiýanyň kazylaryny başga bir kazyýet kollegiýanyň düzüminde işlere seretmek üçin çekmäge haklydyr.

46-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy we jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy:

1) birinji basgançakly kazyýet hökmünde raýat we jenaýat işlerine seredýärler;

2) nägilelik, hususy şikaýatlar, teklipnamalar we garşylyknamalar boýunça raýat, arbitraž we jenaýat işlerine nägilelik tertibinde seredýärler;

3) gözegçilik tertibinde garşylyknamalar boýunça raýat, arbitraž we jenaýat işlerine seredýärler;

4) täze ýüze çykan ýagdaýlara görä, birinji basgançak boýunça öz çykaran çözgütlerine, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň çözgütlerine, şeýle hem birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini üýtgeden ýa-da täze çözgüt çykaran welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly raýat işleri baradaky kesgitnamalaryna täzeden seretmek hakyndaky işe gatnaşan adamlaryň arzalaryna seredýärler;

5) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri tarapyndan çykarylan, degişlilikde, kararlar, hökümler, çözgütler ýa-da kesgitnamalar barada täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça prokuroryň netijenamalary esasynda jenaýat, raýat we arbitraž işlerine seredýärler;

6) kazyýetleriň Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletleriň kazyýetleriniň aýry-aýry iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmak hakyndaky tabşyryklaryny ýerine ýetirenlerinde beýleki döwletleriň iş ýörediş kanunçylygynyň ulanylmak mümkinçiligi hakyndaky meseläni çözýärler;

7) kanunda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen başga meseleleri çözýärler.

47-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we aşaky kazyýetleriň işini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we kanunda bellenen tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütlere, hökümlere, kesgitnamalara we kararlara garşylyknamalar getirýär;

3) Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda bellenen tertipde işlere seredýär ýa-da işleriň seredilmegine gatnaşýar;

4) kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütleriň, hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr;

5) Türkmenistanyň Prezidentine kazyýetleriň işini guramagyň meseleleri boýunça teklipleri girizýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyny, umumy ýurisdiksiýadaky we Türkmenistanyň Arbirtaž kazyýetiniň kazylaryny wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak barada teklipnama girizýär;

7) kazylyga dalaşgärleri seçip almagy we taýýarlamagy, kazyýetleriň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar;

8) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny seljermek boýunça işi guraýar;

9) döwlet edaralaryna, guramalaryna, kärhanalaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we wezipeli adamlara kanun bozulmalaryna, hukuk bozulmalaryna ýol berýän sebäpleri we şertleri ýok etmek hakynda teklipnama girizýär, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça işi guraýar we Giňişleýin mejlisiň garamagyna materiallary girizýär;

10) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisini çagyrýar we Giňişleýin mejlisiň garamagyna onuň çözmegini talap edýän meseleleri girizýär, Giňişleýin mejlisiň mejlislerinde başlyklyk edýär;

11) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyny çagyrýar we Prezidiumyň garamagyna onuň çözmegini talap edýän meseleleri girizýär, Prezidiumyň mejlislerinde başlyklyk edýär;

12) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde islendik meselä garalanda başlyklyk edip biler;

13) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kanunçylyk başlangyjyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisine kanunlaryň taslamalaryny berýär;

14) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ugrukdyryjy düşündirişleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi hakynda teklipnama girizýär, teklipnama Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan ret edilen halatynda bolsa, Türkmenistanyň Mejlisine teklipnama girizýär;

15) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň arasynda borçlary bölýär;

16) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň, kazyýet ýerine ýetirijileriniň we diwanynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär;

17) şahsy kabul edişligi ýöredýär we kazyýetiň raýatlary kabul etmek we olaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garamak boýunça işini guraýar;

18) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

48-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary - kazyýet kollegiýalarynyň başlyklary

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary:

1) iş ýörediş kanunçylygynda bellenen tertipde işlere seredýärler ýa-da işleriň seredilmegine gatnaşýarlar, şeýle hem özleriniň ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryny şonuň üçin belleýärler;

2) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kazyýet işleri boýunça çözgütlere, kesgitnamalara, kararlara we hökümlere gözegçilik tertibinde garşylyknamalary getirýärler;

4) kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütleriň, hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyrlar;

5) ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde işlere seretmek üçin kazyýetiň düzümlerini döredýärler;

6) özlerine berkidilen kazyýet kollegiýalarynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

7) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine özleriniň ýolbaşçylyk edýän kollegiýalarynyň işi hakynda hasabatlary berýärler;

8) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap edip almaga haklydyrlar;

9) borçlaryň bölünişigine laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwanynyň düzüm birlikleriniň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

10) kazyýetleriň işini guramak boýunça işe gözegçiligi amala aşyrýarlar;

11) degişli kazyýet kollegiýasynyň kazylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri guraýarlar;

12) raýatlaryň şahsy kabul edişligini amala aşyrýarlar;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine berlen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy bolmadyk halatynda Başlygyň ygtyýarlyklaryny onuň tabşyrmagy boýunça orunbasarlarynyň biri ýerine ýetirýär.

49-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň döwürleýin neşiri

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti döwürleýinligi ýylda iki sanyndan az bolmadyk ýuridik žurnaly neşir edýär, onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň resmi materiallary, şeýle hem ylmy, çekişmeli, meşhur we başga materiallar çap edilýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň žurnaly hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

III bölüm. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň statusy

1-nji bap. Umumy düzgünler

50-nji madda. Kazylar we kazyýet oturdaşlary

1. Türkmenistanyň kanunynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, welaýat kazyýetlerine we welaýat hukukly şäher kazyýetlerine, şeýle hem etrap kazyýetlerine we etrap hukukly şäher kazyýetlerine bellenen ýa-da saýlanan Türkmenistanyň raýatlary degişlilikde kazylar we kazyýet oturdaşlary bolup bilerler.

2. Kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetlik amala aşyrylanda kazynyň ähli hukuklaryndan peýdalanýarlar.

3. Kanunda bellenen tertipde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine bellenen Türkmenistanyň raýaty şol kazyýetiň kazysy bolup biler.

2-nji bap. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň

garaşsyzlygynyň esasy kepillikleri

51-nji madda. Kazynyň garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi

Kazynyň garaşsyzlygy:

1) onuň ýokary statusyna laýyk gelýän maddy we sosial taýdan üpjünçilik bilen;

2) adyl kazyýetligiň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan düzgüni bilen;

3) kim-de bolsa biriniň adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işe gatyşmagyny jenaýat we dolandyryş jogapkärçiligi astynda gadagan etmek bilen;

4) ygtyýarlyklarynyň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň bellenen tertibi bilen;

5) eldegrilmesizligi bilen üpjün edilýär.

52-nji madda. Kazyýete hormat goýulmazlygy üçin jogapkärçilik

Işe gatnaşýan adamlar ýa-da kazyýet mejlisine gatnaşýan raýatlar tarapyndan kazyýete hormat goýulmazlygy, şeýle hem kim-de bolsa biriniň kazyýete göz-görtele äsgermezçilikli garaýandygyna şaýatlyk edýän hereketleri etmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

53-nji madda. Kazynyň işine gatyşylmagyna ýol berilmezligi

1. Kazynyň adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işine her hili gatyşylma Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda yzarlanylýar.

2. Kazy seredilen ýa-da önümçilikde duran işleriň esasy boýunça hiç hili düşündirişleri bermäge, şeýle hem kim-de bolsa birine, iş ýörediş kanunynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda tanyşmagy üçin bermäge borçly däldir.

54-nji madda. Kazynyň bellenmegi we ygtyýarlyklarynyň möhleti

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ähli kazyýetleriň kazylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Kazylaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti – bäş ýyl. Eger kazynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti onuň kazyýet işine seredýän döwründe tamamlanýan bolsa, onuň ygtyýarlyklary işiň seljerilmegi tamamlanýança saklanyp galýar.

55-nji madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy

Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslaryň biri bar bolan mahalynda Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi bilen togtadylýar:

1) kazyýetiň çözgüdi bilen kazynyň nam-nyşansyz ýiten diýip ykrar edilmegi;

2) kazy babatda jenaýat işiniň gozgalmagy ýa-da onuň başga jenaýat işi boýunça aýyplanýan hökmünde çekilmegi;

3) kazynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna ýa-da beýleki saýlawly edaralaryň agzalygyna dalaşgär hökmünde saýlawyň öň ýanyndaky çärelere gatnaşmagy.

56-njy madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi

Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslar boýunça bes edilýär:

1) saglyk ýagdaýy ýa-da başga esasly sebäpler boýunça ygtyýarlyklaryny amala aşyryp bilmezligi;

2) başga işe geçmegi bilen baglanyşykly ýa-da başga sebäpler boýunça öz ygtyýarlyklaryny bes etmegi hakynda arza bermegi;

3) ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagy;

4) Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende;

5) kazynyň wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan iş bilen meşgullanmagy;

6) ol barada kazyýetiň aýyplaw höküminiň ýa-da oňa lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäreleriniň ulanylmagy hakynda kazyýet çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

7) kazyýetiň onuň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da ony kämillik ukybyndan mahrum etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

8) kazynyň ýogalmagy ýa-da kazyýetiň ony ölen diýip yglan etmegi hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi.

57-nji madda. Kazynyň we kazyýetiň oturdaşynyň eldegrilmesizligi

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmazdan kazy babatda jenaýat işi gozgalyp bilinmez we ol tussag edilip bilinmez. Kazyýetiň oturdaşy babatda bu kepillikleriň ol kazyýetde oturdaşyň borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda güýji bardyr.

2. Kazy, şeýle hem kazyýetde oturdaşyň borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda kazyýet oturdaşy babatynda tutulyp saklanmagyna, mejbury getirilmegine ýa-da dolandyryş temmi beriş çäreleriniň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Kazy ýa-da kazyýet oturdaşy babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gozgalyp bilner. Şonuň bilen bir wagtda kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy hakyndaky mesele çözülýär. Işiň derňelmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory alyp barýar.

4. Kazy babatda jenaýat işleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, kazyýet oturdaşy babatda bolsa welaýat kazyýetiniň ýa-da welaýat hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet seljermesine degişlidir.

58-nji madda. Kazyýet oturdaşynyň zähmet hukuklarynyň kepillikleri

Kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyk döwründe administrasiýanyň başlangyjy boýunça onuň işden çykarylmagyna ýa-da düzgün-nyzam temmisi tertibinde pes hak tölenýän işe geçirilmegine, umumy düzgüniň berjaý edilmeginden başga-da, diňe kazyýet oturdaşyny saýlan zähmetkeşler toparynyň ýa-da ony bellän edaranyň razylygy bilen ýol berilýär.

3-nji bap. Kazylary bellemegiň tertibi, kazyýet oturdaşlarynyň

saýlawlary we olaryň bellenilmegi

59-njy madda. Kazylyga dalaşgärlere we kazyýet oturdaşlaryna bildirilýän talaplar

1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylygyna 25 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimi, ýuridik hünäri boýunça azyndan iki ýyl iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.

2. Ýokarky kazyýetleriň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylygyna 25 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimi we ýuridik hünäri boýunça azyndan üç ýyl, şol sanda, düzgün boýunça, kazy hökmünde azyndan iki ýyl iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.

3. Kazyýet oturdaşlygyna Türkmenistanyň 25 ýaşy dolan raýaty saýlanyp ýa-da bellenip bilner.

60-njy madda. Kazylyga dalaşgärler

1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylygyna dalaşgärleri seçip almak degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamalary boýunça Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ilkinji gezek kazylyga dalaşgär hökmünde hödürlenýän adamlar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan kesgitlenýän halatlarda we tertipde hünär taýýarlygyny geçýärler.

61-nji madda. Kazylary bellemegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary we kazylary, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazylary, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary we şol kazyýetleriň kazylary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

3. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanandan soň, şu Kanunyň 73-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar bolmadyk mahalynda we Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan geçirilýän hünär synagynyň netijelerine laýyklykda ol täzeden kazylyga bellenmäge hödürlenýär.

62-nji madda. Kazyýet oturdaşlarynyň saýlanylyş we belleniliş tertibi. Kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti

1. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary raýatlaryň işleýän ýa-da ýaşaýan ýerlerinde ýygnaklarda açyk ses bermek arkaly saýlanýarlar. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlaryny geçirmekligi etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimleri guraýarlar.

2. Işleýän we ýaşaýan ýeri boýunça raýatlaryň köplüginiň gatnaşan mahalynda ýygnak hukuk güýjünde hasaplanýar.

3. Ýygnaga gatnaşan raýatlaryň ýarysyndan köpüsiniň sesini alan adamlar etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlygyna saýlanan hasaplanýar.

4. Ýygnakda ýygnagyň prezidiumy saýlanylýar we prezidiumyň bütin düzümi tarapyndan gol çekilýän teswirnama ýöredilýär. Ýygnagyň teswirnamasy degişli etrabyň we etrap hukukly şäheriň häkimligine iberilýär.

5. Häkimlikler ýygnaklaryň teswirnamalary esasynda kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlarynyň netijelerini takyklaýarlar, olaryň sanawyny tassyklaýarlar, soňra sanawy degişli etrabyň we etrap hukukly şäher kazyýetine iberýärler.

6. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň häkimleri tarapyndan bellenýärler. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiň kazyýet oturdaşlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýär.

7. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlygyna dalaşgärleri hödürlemek zähmetkeşler toparlary ýa-da raýatlaryň ýaşaýan ýerlerindäki ýygnaklary tarapyndan amala aşyrylýar.

8. Kazyýet oturdaşlaryny hödürlemek boýunça guramaçylyk çäreleri degişlilikde häkimlikler we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti – bäş ýyl. Eger bu möhlet kazyýet işine seredilýän döwürde tamamlansa, olaryň ygtyýarlyklary iş seljerilip gutarylýança saklanyp galýar.

10. Kazyýet oturdaşlary ýylda iki hepdeden köp bolmadyk nobatlylyk tertibinde kazyýetde borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrylýar, bu möhletiň olaryň gatnaşmagynda başlanan kazyýet işine seredilip gutarylmagynyň zerurlygy bilen uzaldylan halatlary muňa girmeýär.

4-nji bap. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň hukuklary we borçlary

63-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň hukuklary

1. Kazy we kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetligi amala aşyrmak üçin zerur bolan häkimiýet ygtyýarlyklaryna eýelik edýärler. Bu ygtyýarlyklar Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenýär.

2. Umumy ýurisdiksiýadaky kazynyň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysynyň şeýle-de şu aşakdaky hukuklary bardyr:

1) wezipeli adamlardan we raýatlardan kazyýetiň kanun tarapyndan üstlerine ýüklenen borçlary bilen baglanyşykly kararlaryny ýerine ýetirmeklerini talap etmäge;

2) kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlaryna kanunyň bozulmalaryna, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri we şertleri ýok etmek hakynda teklipnamalar girizmäge;

3) eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalardan, guramalardan we edaralardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden maglumat soramaga.

3. Kärhanalar, guramalar, edaralar we wezipeli adamlar kazynyň kazyýet işini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly talaplaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge, olaryň teklipnamalaryna we talapnamalaryna öz wagtynda jogap bermäge borçludyrlar.

4. Kazy kazylaryň maslahatyna, şeýle hem gös-göni Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleriň berilmegi barada resmi talap girizip biler.

64-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň borçlary

1. Kazy we kazyýet oturdaşlary degişlilikde raýat, arbitraž, jenaýat işleri we dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky işlere seredilen mahalynda kanunlaryň talaplaryny takyk ýerine ýetirmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň namysynyň we mertebesiniň, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny, ýokary medeniýetliligi we kazyýet işiniň terbiýeleýjilik täsirini üpjün etmäge, adalatly we ynsanperwer bolmaga borçludyrlar.

2. Kazy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetiren mahalynda, şeýle hem gullukdan daşarky gatnaşyklarynda kazyýet häkimiýetiniň abraýyny, kazynyň mertebesini ýa-da onuň obýektiwligine, adalatlylygyna we tarapgöý dälligine şübhe döredip biljek ähli zatlardan gaça durmalydyr.

3. Kazy kazyýet oturdaşlaryny seredilmäge degişli işler bilen, Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň ulanylyş tejribesi bilen deslapdan tanyşdyrmaga, olara öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaklarynda başga kömegi bermäge borçludyr.

4. Kazylaryň we kazyýet oturdaşlarynyň kazylaryň maslahatynyň syryny we ýapyk kazyýet mejlisleri geçirilende alnan maglumatlary ýaýratmaga haklary ýokdur.

5. Kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça wezipelerini ýerine ýetirmek üçin kazyýete öz wagtynda gelmäge borçludyrlar. Kazyýete çagyrmak kazyýet oturdaşynyň işleýän ýa-da okaýan edarasynyň, guramasynyň, kärhanasynyň administrasiýasy üçin hökmanydyr.

5-nji bap. Kazylaryň maslahatlary, Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy

65-nji madda. Kazylaryň maslahatlary

1. Türkmenistanda her ýyl Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň maslahatlary çagyrylýar.

2. Welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň maslahatlary Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri tarapyndan çagyrylýar. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylarynyň maslahaty şol kazyýet tarapyndan çagyrylýar.

3. Kazylaryň maslahatlary, düzgün boýunça, her ýylyň birinji çärýeginde çagyrylýar.

4. Zerurlyk bolan mahalynda adatdan daşary maslahatlar çagyrylýar. Şeýle maslahatlar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlangyjy boýunça ýa-da degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetinde, welaýat kazyýetlerinde we welaýat hukukly şäher kazyýetlerinde işleýän ähli kazylaryň düzüminiň azyndan üçden biriniň başlangyjy boýunça çagyrylýar.

5. Kazylaryň maslahatynyň çagyrylýan senesi we onuň gün tertibi maslahata azyndan bir aý galanda yglan edilýär.

6. Kazylaryň maslahaty:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň kazyýet iş tejribesinde ýüze çykýan meselelerini ara alyp maslahatlaşýar;

2) zerurlyk bolan halatlarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan kazyýet iş tejribesiniň we kanunçylygyň kadalarynyň ulanylmagynyň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleriň berilmegi hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine teklipler bilen ýüz tutýar;

3) Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyny saýlaýar we onuň hasabatlaryny diňleýär (Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylar maslahatyndan başgasy);

4) ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

7. Maslahatyň işine degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň hemme kazylary gatnaşýarlar.

8. Kazylaryň maslahaty degişli sebitiň kazylarynyň düzüminiň azyndan üçden ikisi gatnaşan mahalynda ol hukuk güýjünde hasaplanýar.

9. Kazylaryň maslahaty iş prezidiumyny saýlaýar we onuň san düzümini kesgitleýär.

10. Maslahatyň prezidiumy maslahatyň başlygyny we maslahatyň teswirnamasyny ýöredýän kätibi saýlaýar.

11. Maslahatda seredilýän ähli meseleler onuň işine gatnaşýan kazylaryň sesleriniň köplügi bilen çözülýär.

12. Kazylaryň maslahatynyň işiniň maddy-tehniki üpjünçiligi welaýat kazyýetleri we welaýat hukukly şäher kazyýetleri we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

13. Kazylaryň maslahatynyň kabul eden çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde maslahaty çagyrýan edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

66-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary kazyýet edaralaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek we kazylaryň garaşsyzlygynyň kepilliklerini güýçlendirmek maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň kwalifikasion kollegiýalary döredilýär.

67-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyny saýlamagyň tertibi

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly bäş ýyl möhlete saýlanylýar.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan saýlanylýar.

3. Welaýat kazyýetlerinde we welaýat hukukly şäher kazyýetlerinde Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň hataryndan şol kazyýetleriň kazylarynyň maslahatlary tarapyndan saýlanylýar.

4. Kazyýetleriň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň başlygy, onuň orunbasary degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi we kazylaryň maslahaty tarapyndan açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar.

5. Kazyýetleriň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalary bäş adamdan az bolmadyk düzümde saýlanylýar. Şol kollegiýanyň anyk sandaky düzümi ol saýlanan mahaly kesgitlenilýär.

6. Kazyýetleriň başlyklary we olaryň orunbasarlary etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazýetleriniň başlyklaryny we orunbasarlaryny hasaba almazdan, Kwalifikasion kollegiýalaryň düzümine girmeýärler.

68-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary:

1) kazylyga, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga ilkinji gezek hödürlenýän her bir dalaşgäriň kazyýet işine taýýardygyna baha berýärler we kazylyga dalaşgärler üçin hünär dereje synagyny geçirýärler;

2) kazylyga, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylyga ýa-da ýokarky kazyýetleriň kazylygyna dalaşgäri hödürlemegiň mümkinçiligi hakynda netijenama berýärler;

3) kazynyň we dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň hünär dereje synagyny geçirýärler;

4) kazyny we dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyny yzyna çagyrmak hakyndaky mesele boýunça netijenama berýärler;

5) kazynyň we dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselä seredýärler.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy şeýle-de kazylaryň şikaýatlaryna we aşaky kwalifikasion kollegiýalaryň kazynyň yzyna çagyrylmagy we düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meseleleri boýunça çözgüdine, düzgün-nyzam işini gozgan adamlaryň teklipnamalaryna seredýär.

3. Kwalifikasion kollegiýanyň kazynyň, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň yzyna çagyrylmagy we düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütlerinden başga çözgütleri şikaýat edilmäge degişli däldir, emma Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň delillendirilen teklipnamasy boýunça bir hepde möhletde gaýtadan seredilip bilner.

69-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň işiniň guralyşy

1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny amala aşyran mahalynda düzüminde kollegiýanyň agzalarynyň ýarysyndan az bolmadyk sany bolan halatynda hereket edýär.

2. Kwalifikasion kollegiýanyň düzümine girýän kazylar kollegiýanyň işleýän wagtynyň dowamynda zähmet hakynyň saklanyp galmagy bilen öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýarlar.

3. Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy mejlisiň geçýän wagtyny we ýerini hem-de kollegiýanyň seretmegine hödürlenýän meseleleri kesgitleýär. Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy mejlisiň geçirilmegi we onda seredilmäge degişli meseleler hakynda Kwalifikasion kollegiýanyň agzalaryna, kazylyga dalaşgärlere ýa-da dalaşgärlige seredilmäge degişli bolan kazylara, şeýle hem düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolan kaza we dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza we beýleki gyzyklanýan adamlara habar berýär.

4. Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisini taýýarlamak (zerur materiallary talap edip almak, söhbetdeşlik geçirmek we ş.m.) Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Kwalifikasion kollegiýanyň beýleki agzalary tarapyndan üpjün edilýär.

5. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň mejlisi kollegiýa degişli teklipnama gowşan gününden soň bir aý möhletde, kazynyň hem-de dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky mesele boýunça bolsa, gulluk barlagynyň wagty ýa-da kazynyň hem-de dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň sebäpli, emma etmişiň bolan gününden soň bir ýyldan geçmeýän, işde bolmadyk wagty hasaba alynmazdan, etmişiň ýüze çykarylan gününden soň bir aýdan gijä galman geçirilmelidir.

6. Başlyklyk ediji mejlisi açýar we Kwalifikasion kollegiýanyň düzümini yglan edýär. Kwalifikasion kollegiýanyň düzümine ynanmazlyk bildirilip bilner. Ynanmazlyk bildirmek baradaky mesele kollegiýanyň düzümi tarapyndan seredilmäge degişlidir.

7. Kazynyň kollegiýanyň mejlisine sebäpsiz gelmedik mahalynda mejlis onuň ýoklugynda geçirilip bilner.

8. Teklipnama girizen kazyýetleriň ýolbaşçylary we başga adamlar Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisine gatnaşyp bilerler.

9. Kollegiýanyň mejlisine girizilen meselelere seretmek başlyklyk edijiniň ýa-da kollegiýanyň berlen resminamalaryň we materiallaryň deslapky öwrenilmegini geçiren agzalarynyň biriniň beýany bilen başlanýar. Soňra kollegiýanyň mejlisine çagyrylan adamlar diňlenýär, zerur resminamalara we materiallara seredilýär. Kollegiýanyň mejlisiniň barşynda kazynyň we dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň goşmaça düşündirişleri bermäge haky bardyr. Kollegiýanyň mejlisinde onuň agzalarynyň biri tarapyndan teswirnama ýöredilýär, oňa başlyklyk ediji we kollegiýanyň şol teswirnamany düzen agzasy tarapyndan gol çekilýär.

10. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi sesleriň köplügi bilen kabul edilýär. Ses bermek özi hakynda meselä seredilýän adamyň we beýleki çagyrylan adamlaryň ýoklugynda geçirilýär. Kollegiýanyň azlykda galan agzasy iş boýunça kabul edilen çözgüt bilen razylaşmadyk mahalynda kollegiýanyň çözgüdine gol çekýär we öz pikirini ýazmaça görnüşde beýan edýär. Aýratyn pikir işe goşulýar. Netijenama we çözgüt degişli delilleri getirmek bilen ýazmaça görnüşde beýan edilýär we oňa başlyklyk ediji, kollegiýanyň agzalary tarapyndan gol çekilýär hem-de yglan edilýär.

11. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdinde şular görkezilmelidir: kollegiýanyň ady, onuň düzümi, işiň seredilýän wagty we ýeri, kazynyň, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi, teklipnama bilen ýüz tutan adamyň wezipesi we familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, işiň ýagdaýlary, kazynyň, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň, teklipnama bilen ýüz tutan adamyň ýa-da onuň wekiliniň düşündirişi, kazynyň, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň şahsyýetini häsiýetlendirýän maglumatlar, kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky işler boýunça kabul edilen çözgüdiň delili, düzgün-nyzam temmisiniň bellenilmeginiň ýa-da düzgün-nyzam işiniň bes edilmeginiň esaslary, şeýle hem çözgüde şikaýat etmegiň tertibi.

12. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdiniň göçürilen nusgasy ýa-da netijenamasy üç gün möhletde kaza, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kaza hem-de Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyna teklipnama bilen ýüz tutan jogapkär wezipeli adama iberilýär.

13. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijenamalarynyň ýa-da çözgütleriniň göçürilen nusgasy kazynyň, dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazynyň şahsy işine goşulýar.

14. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň işiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň üstüne ýüklenilýär.

70-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň hasabatlylygy

References

References to this material