Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 09.05.2010

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi

Official text as of 09.05.2010

Updated on the portal · 12.08.2026

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi - 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda № 104-IV « Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň kanuny esasynda rejelenen görnüşde beýan edilen.

TÜRKMENISTANYŇ JENAÝAT KODEKSI

UMUMY BÖLEK

I BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ JENAÝAT KANUNÇYLYGY

1 BAP. JENAÝAT KANUNÇYLYGYNYŇ WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI

1 madda. Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy

(1) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we normalaryna esaslanýar hem-de şu Kodeksden ybaratdyr.

(2) Jenaýat jogapkärçiligini belleýän aýry-aýry kanunlar şu Kodekse goşulmaga degişlidir.

2 madda. Jenaýat kanunçylygynyň wezipeleri

(1) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy şahsyýeti, graždanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny we bitaraplyk statusyny, parahatçylygy we adamzadyň howpsuzlygyny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goramak, şeýle hem jenaýatlaryň öňüni almak wezipelerinden ybaratdyr.

(2) Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy jenaýat jogapkärçiliginiň esaslaryny we ýörelgelerini berkidýär, jemgyýetçilik howply bolan haýsy etmişleriň jenaýatlar bolup durýandygyny kesgitleýär we şolaryň edilendigi üçin jezalary we gaýry jenaýat-hukuk täsir çärelerini belleýär.

3 madda. Jenaýat kanunçylygynyň ýörelgeleri

(1) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy kanunylyk, kanunyň öňünde graždanlaryň deňligi, günäkärlik jogapkärçiligi, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

(2) Etmişiň jenaýatçylyklydygy, şoňa jeza berilmelidigi we gaýry jenaýat-hukuk netijeleri jenaýat kanuny, arkaly kesgitlenýär.

(3) Adam günäsi belli edilen, diňe zyýanly netijelere getiren hereketleri (herekesizligi) üçin jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

(4) Suduň hökümi boýunça we kanuna laýyklykda günäkär diýlip hasaplanylmasa we jenaýat jezasy berilýän bolmasa, hiç kim jenaýat etmekde günäkär diýlip hasap edilip bilinmez, oňa jenaýat jezasy berlip bilinmez.

(5) Jenaýat eden adamlar kanunyň öňünde deňdirler we jynsyna, teniniň renkine, milletine, emläk we wezipe ýagdaýyna, dine garaýşyna, ynançlaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine degişliligine garamazdan, jenaýat jogapkärçiligine degişlidirler.

(6) Jenaýat eden adama ulanylmaga degişli jeza we gaýry jenaýat-hukuk täsir çäresi adalatly bolmalydyr, jenaýatyň agyrlygyna, onuň edilen ýagdaýlaryna we günäkäriň şahsyýetine berk laýyk gelmelidir.

(7) Jenaýat eden adamlara ulanylýan jeza we gaýry jenaýat-hukuk täsir çäreleri fiziki taýdan ejir çekmeler ýetirmegi ýa-da adam mertebesiniň kemsidilmegini öz maksady edinip bilmez.

(8) Şol bir jenaýat üçin hiç kim jenaýat jogapkärçiligini iki gezek çekip bilmez.

4 madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň esasy

Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýat düzüminiň ähli alamatlaryny özünde saklaýan etmişiň edilmegi jenaýat jogapkärçiliginiň esasy bolup durýar.

2 BAP. JENAÝAT KANUNYNYŇ HEREKET EDÝÄN

WAGTY WE GIŇIŞLIGI

5 madda. Jenaýat kanunynyň hereket edýän wagty

(1) Etmişiň jenaýatçylyklydygy we jeza berilmelidigi şol etmişiň edilen wagtynda hereket eden kanun boýunça kesgitlenilýär.

(2) Jenaýatyň amala aşyrylan wagty diýlip, onuň netijeleriniň, başlanýan wagty hasap edilýär, emma jogapkärçilik jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan hereketiň (hereketsizligiň) edilen fakty üçin bellenilen ýagdaýlarda bolsa, şol hereketiň (hereketsizligiň) edilen wagty hasap edilýär.

6 madda. Jenaýat kanunynyň güýjüniň yzyna hereket etmegi

(1) Jenaýat eden adamyň jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýan, jezasyny ýeňilleşdirýän ýa-da ýagdaýyny başga hili gowulandyrýan kanunyň güýji yzyna hereket edýär, ýagny ol bu kanun güýje girmezinden öň degişli etmiş eden adamlara, şol sanda jezasyny çekýän ýa-da jezasyny çeken, ýöne sud edilenlik aýby bolan adamlara hem degişlidir. Etmişiň jenaýatçylyklydygyny belleýän, jezany güýçlendirýän ýa-da adamyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň güýji yzyna hereket etmeýär.

(2) Eger täze jenaýat kanuny etmişi üçin jezasyny çekýän adamyň etmişine jeza berilmegini ýeňilleşdirse, bellenilen jeza täze kanunda göz öňünde tutulan çäklere laýyklykda gysgaldylmaga degişlidir.

7 madda. Türkmenistanyň territoriýasynda jenaýat eden adamlar barada jenaýat kanunynyň hereketi

(1) Türkmenistanyň territoriýasynda jenaýat eden adamlar Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça jogapkärçilige degişlidirler.

(2) Türkmenistanyň territorial suwlarynyň ýa-da howa giňişliginiň çäklerinde edilen jenaýatlar Türkmenistanyň territoriýasynda edilen diýlip hasap edilýär. Şu Kodeksiň güýji şeýle hem Türkmenistanyň kontinental şelfinde we deňiz ykdysady zonasynda edilen jenaýatlara degişlidir.

(3) Türkmenistanyň portuna ýazylan, Türkmenistanyň çäklerinden daşyndaky suw ýa-da howa giňişliginde bolan gämide jenaýat eden adam, eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça jogapkärçilik çekýär.

(4) Jenaýat döwletleriň ikisiniň ýa-da şondan-da köpüsiniň territoriýasynda edilende, eger jenaýat Türkmenistanyň territoriýasynda tamamlansa ýa-da onuň öňi alynsa, jogapkärçilik Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça başlanýar.

(5) Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň we immunitetden peýdalanýan gaýry adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi hakyndaky mesele, şol adamlar tarapyndan Türkmenistanyň territoriýasynda jenaýat edilen mahalynda halkara hukugynyň normalarynyň we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda çözülýär.

8 madda. Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda jenaýat eden adamlar barada jenaýat kanunynyň hereketi

(1) Türkmenistanyň graždanlary, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan graždanlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, Türkmenistanyň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýaty edende, eger edilen etmiş üçin jogapkärçilik onuň edilen territoriýasyndaky döwletiň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan bolsa we eger şol adamlar daşary ýurt döwletinde sud edilmedik bolsa, Türkmenistaňyň jenaýat kanunlary boýunça jogapkärçilige degişlidirler. Şunda jenaýatyň edilen ýerinde hereket edýän kanunda göz öňünde tutulan jezanyň ýokary çäginden aňry geçýän jeza bellenilip bilinmez.

(2) Daşary ýurtly graždanlar, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan, graždanlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinden daşanda eden jenaýat üçin, eger jenaýat Türkmenistanyň ýa-da onuň graždanlarylyň garşysyna gönükdirilse, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertlamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda, eger olar daşary ýurt döwletinde sud edilmedik bolsa we Türkmenistanyň territoriýasynda jenaýat jogapkärçilige çekilmedik bolsa, Türkmenistanyň jenaýat kanunlary boýunça jogäpkärçilige degişlidir.

9 madda. Jenaýat eden adamlaryň berilmegi

(1) Daşary ýurt döwletiniň territoriýasynda jenaýat eden Türkmenistanyň graždanlary şol döwlete berilmäge degişli däldir.

(2) Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda jenaýat eden we Türkmenistanyň territoriýasynda bolýan daşary ýurtly graždanlary we graždanlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň goşulyşan halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň ylalaşyklaryna, konwensiýalaryna we gaýry halkara-hukuk aktlaryna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekmek ýa-da jezasyny çekdirmek üçin daşary ýurt döwletine berlip bilner.

II BÖLÜM. JENAÝAT

3 BAP. JENAÝAT DIÝEN DÜŞÜNJE, JENATLARYŇ KATEGORIÝALARY WE GÖRNÜŞLERI

10 madda. Jenaýat diýen düşünje

Jenaýat kanuny tarapyndan goralýan obýektlere zyýan ýetirýän ýa-da zyýan ýetirmäge howp döredýän, edilen (hereket ýa-da hereketsizlik) jemgyýetçilik howply günä etmişi jenaýat diýlip hasap edilýär.

11 madda. Jenaýatlaryň kategoriýalary

(1) Günäniň agyrlyk derejesine we formasyna baglylykda şu Kodeksde göz öňünde tutulan etmişler uly bolmadyk agyr, ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlara bölünýär.

(2) Uly bolmadyk agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda ýokary jezasy iki ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasaplanylýar.

(3) Ortaça agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy sekiz ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasap edilýär.

(4) Agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçiň jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy on bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasaplanylýar.

(5) Aýratyn agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda ýigrimi bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn jenaýatlar hasaplanylýar.

(2000-nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 1, 3–nji madda).

12 madda. Gutarylan we gutarylmadyk jenaýat

(1) Eger adam tarapyndan edilen etmişde jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýat düzüminiň alamatlarynyň hemmesi bar bolsa, jenaýat gutaran diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýat kastyna düşmek gutarylmadyk jenaýat diýlip hasap edilýär.

(3) Jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýat kastyna düşmek üçin jogapkärçilik şu Kodeksiň 13 we 14 maddalaryna salgylanmak bilen gutaran jenaýatyňky ýaly jenaýat kanunynyň şol maddasy boýunça bolýar.

13 madda. Jenaýata taýýarlyk görmek

(1) Serişdeleri we gurallary gözläp tapmak, taýýarlamak ýa-da ulanmaga taýýarlamak, jenaýat etmek üçin dilleşmek ýa-da jenaýat etmek üçin gaýry şertleri bilkastlaýyn döretmek, eger şunda jenaýat adama bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ahyryna çenli ýetirilmese, jenaýata taýýarlyk diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýat jogapkärçiligi diňe ortaça agyr jenaýata, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýata taýýarlyk üçin düşýär.

14 madda. Jenaýat kastyna düşmek

Gös-göni jenaýat etmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereket ýa-da hereketsizlik, eger şunda jenaýat adama bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ahyryna çenli ýetirilmese, jenaýat kastyna düşmek diýlip hasap edilýär.

15 madda. Uzaga çekýän jenaýat

(1) Uzaga çekýän jenaýat diýlip, etmişiň alamatlary jenaýat kanunynyň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan şol etmişi amala aşyrmaklyk kesgisiz wagtyň dowamynda durýan etmiş hasap edilýär.

(2) Uzaga çekýän jenaýat amala aşyrylan etmişiň bes edilen pursatyndan ýa-da onuň dowam etmegine päsgel berýän wakanyň başlanan pursatyndan gutaran diýlip hasap edilýär.

16 madda. Dowam edýän jenaýat

(1) Dowam edýän jenaýat diýlip, alamatlary jenaýat kanunynyň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan we ýeke-täk niýeti gurşap alýan we umumy maksady bolan birmeňzeş etmişleriň ikisinden ýa-da şondan hem köpüsinden ybarat etmiş hasap edilýär.

(2) Dowam edýän jenaýat soňky jenaýatçylykly etmişiň tamamlanan pursatyndan başlap, gutaran diýlip hasap edilýär.

17 madda. Jenaýatlaryň gaýtalanmagy

(1) Şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan jenaýatlaryň ikisiniň ýa-da şondan hem köpüsiniň edilmegi jenaýatlaryň gaýtalanmagy diýlip hasap edilýär. Jenaýat kodeksiniň dürli maddalarynda göz öňünde tutulaň iki ýa-da şondan hem köp jenaýatlaryň edilmegi diňe Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginde ýörite görkezilen ýagdaýlarda şolaryň gaýtalanmagy diýlip hasap edilip bilner.

(2) Eger öňki edilen jenaýatlar üçin olary eden adam jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezasyndan boşadylsa ýa-da şol jenaýatlar üçin kanunda bellenilen tertipde sud edilenlik aýby öz-özünden aýrylsa ýa-da aýrylsa, jenaýat gaýtalanan diýlip hasap edilmeýär.

18 madda. Jenaýatlaryň umumy jemi

(1) Jenaýat kanunynyň dürli maddalarynda ýa-da maddasynyň böleklerinde göz öňünde tutulan etmişleriň ikisiniň ýa-da şondan hem köpüsiniň edilmegi, şolaryň biri üçin hem adama sud edilmedik bolsa, jenaýatlaryň umumy jemi diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýat kanunynyň maddalarynyň ikisinde ýa-da şondan hem köpüsinde göz öňünde tutulan bir etmişi adamyň eden halatlary hem jenaýatlaryň umumy jemi diýlip hasap edilýär.

(3) Eger jenaýat umumy we ýörite normada göz öňünde tutulan bolsa, jenaýatlaryň umumy jemi bolmaýar we jogapkärçilik ýörite norma boýunça düşýär.

(4) Jenaýatlaryň umumy jeminde adam her bir edilen jenaýat üçin jenaýat kanunynyň degişli maddasy we maddanyň bölegi boýunça jogapkärçilik çekýär.

19 madda. Jenaýatlaryň residiwi

(1) Öň edilen bilkastlaýyn jenaýaty üçin sud edilenlik aýby bolan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýatyň edilmegi jenaýatlaryň residiwi diýlip hasap edilýär.

(2) Aşakdaky halatlarda jenaýatlaryň residiwi howply diýlip hasap edilýär:

a) eger öň bilkastlaýyn jenaýaty üçin iki gezek azatlykdan mahrum edilip sud edilen adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilende;

b) eger öň bilkastlaýyn agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty üçin sud edilen adam tarapyndan bilkastlaýyn agyr jenaýat edilende.

(3) Aşakdaky halatlarda jenaýatlaryň residiwi aýratyn howply diýlip hasap edilýär:

a) eger öň bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin sud edilen adam üç ýa-da şondan-da köp gezek azatlykdan mahrum edilen bolsa, ol bilkastlaýyn eden jenaýaty üçin azatlykdan mahrum edilse;

b) eger öň ol aýratyn agyr jenaýaty üçin sud edilen adam tarapyndan aýratyn agyr jenaýat edilende.

(4) On sekiz ýaşa çenli edilen jenaýatlar üçin sud edilenlik aýby, şeýle hem şu Kodeksiň 81 maddasy arkaly bellenilen tertipde aýratyn ýa-da öz-özünden aýrylan sud edilenlik aýby residiw hasap edilende nazara alynmaýar.

4 BAP. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINE DEGIŞLI

ADAMLAR

20 madda. Jenaýat jogapkarçiliginiň umumy şertleri

Jenaýat jogapkärçiligine şu Kodeks arkaly bellenilen ýaşa ýeten, akyly düzüw fiziki tarap degişlidir.

21 madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň düşýän ýaşy

(1) Jenaýat jogapkärçiligine jenaýat eden wagtyna çenli on alty ýaşy dolan adamlar düşýär.

(2) On dört ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan adamlar jenaýat edende, bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin (101 madda), saglyga bilkastdan agyr şikes ýetirendigi üçin (107 madda), saglyga bilkastdan orta agyrlykdaky şikes ýetirendigi üçin (108 madda), zorlandyş üçin (134 madda), ogurlyk edendigi üçin (227 madda), talaňçylyk edendigi üçin (230 madda), garakçylyk edendigi üçin (231 madda), gorkuzyp alandygy üçin (232 madda), kesekiniň transport serişdesini bikanun eýeländigi üçin (234 madda), emlägi bilkastda ýok edendigl ýa-da zaýalandygy üçin (235 maddanyň ikinji bölegi), ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (291 madda), narkotiki serişdeleri ýa-da psihotrop jisimleri satmak maksady bilen bikanun taýýarlandygy, gaýtadan işländigi, edinendigi, saklandygy, daşandygy, iberendigi üçin (292 madda), narkotiki serişdeleri ýa-da psihotrop jisimleri ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (294 madda) jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

22 madda. Akyly düzüwlik

Jenaýat eden mahalynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine düşünen we olardan ugur alan adam akyly düzüw diýlip hasap edilýär.

23 madda. Akyly ýerinde dällik

(1) Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi eden mahalynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine, olaryň jemgyýetçilik howplydygyna akyl ýetirip bilmedik ýa-da psihiki taýdan kesellemegi, psihiki bozulmagyň wagtlaýyn keselliligi ýa-da akyly kemligi netijesinde şolara erk edip bilmedik adam jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýär.

(2) Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi akyly ýerinde dällik ýagdaýynda eden adama sud tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan medisina häsiýetli mejbury çäreler bellenilip bilner.

24 madda. Psihiki ösüşde yza galan akyly düzüw adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi

Jenaýat eden mahalynda akyly düzüw bolan, ýöne öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine düşünmekde kynçylyk çeken ýa-da psihiki ösüşde yza galmagy ýa-da psihiki kesellilik ýagdaýy sebäpli şolara erk etmeginde kynçylyk çeken adam jenaýat jogapkärçiligine degişlidir. Görkezilen ýagdaýlar jezanyň görnüşi we möçberi bellenilende nazara alynýar.

25 madda. Serhoşlyk ýagdaýynda jenaýat eden adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi

(1) Alkogoly, narkotiki ýa-da seri dumanladyjy beýleki maddalary ulanmak netijesinde dörän serhoşlyk mahalynda jenaýat eden adam jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

(2) Serhoşlygyň sebäpleri, serhoşlygyň derejesi we jenaýat edilmegine onuň täsiri jeza bellenilende nazara alynýar.

5 BAP. GÜNÄ

26 madda. Günä we onuň formalary

(1) Günä munuň özi niýetlilik ýa-da seresapsyzlyk formasynda aňladylan, edýän jenaýatyna adamyň düşünjeli - erkli psihiki gatnaşygydyr.

(2) Diňe jemgyýetçilik howply etmişi bilkastdan ýa-da seresapsyzlyk boýunça eden adam jenaýatda günäkär diýlip hasap edilip bilner.

(3) Seresapsyzlyk boýunça edilen etmiş munuň özi diňe jenaýat kanuny tarapyndan göni nazarda tutulan halatlarda jenaýat diýlip hasap edilýär.

27 madda. Bilkastdan edilen jenaýat

(1) Göni ýa-da gytaklaýyn niýet bilen edilen jemgyýetçilik howply etmiş bilkastdan edilen jenaýat diýlip hasaplanylýar.

(2) Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, şolaryň bolmagyny islege ýa-da netijeleriň bolmagynyň gutulgysyzdygyny öňünden görse, jenaýat göni niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär.

(3) Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, islemese, ýöne şeýle netijeleriň bolmagyna düşünjeli ýol berse ýa-da olara parhsyz garasa, jenaýat gytaklaýyn niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär.

28 madda. Seresapsyzlyk boýunça edilen jenaýat

(1) Jemgyýetçilik üçin howply netijeleriň bolmagyna getiren, özüne ynam edijilik ýa-da harsallyk boýunça edilen jemgyýetçilik howply etmiş seresapsyzlyk boýunça edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

(2) Eger jenaýaty eden adam, öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik üçin howplydygyna akyl ýetirse, jemgyýetçilik howply netijeleriň, bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip ýeňilkellelik bilen hasap etse, özüňe ynam edijilik boýunça edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

(3) Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik üçin howplydygyna akyl ýetirmese, jemgyýetçilik howply netijeleriň bolmak mümkinçiligi öňünden görüp bilmese, hatda zerur ünslülik we hüşgärlik bolanda şolary öňünden görmeli we görmegi mümkin bolan ýagdaýdaky jenaýat harsallyk boýunça edilen diýlip hasaplanylýar.

29 madda. Niýet we seresapsyzlyk utgaşanda edilen jenaýat üçin jogapkärçilik (günäniň ikileýin formasy)

(1) Günäniň ikileýin formasy bilkastdan edilen jenaýat bilen we şeýle jenaýat netijesinde bolan netijeler babatynda seresapsyzlyk bilen häsiýetlendirilýär. Tutuşlygyna şeýle jenaýat bilkastdan edilen diýlip hasap edilýär.

(2) Eger bilkastdan jenaýat etmegiň netijesinde onuň bolýan netijelerini kanun has berk jeza bilen baglanyşdyrsa, eger adam şeýle netijeleriň bolmak mümkikçiligi öňünden görüp bilmese, ýöne görmeli ýa-da öňünden görmegi mümkin bolsa ýa-da eger adam olaryň bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip, ýenilkellelik bilen hasap etse, diňe şeýle halatda şeýle netijeler üçin jenaýat jogapkärçiligi bolup biler.

30 madda. Günäsiz zyýan ýetirmek (tötänlik)

(1) Eger adam etmişiň jemgyýetçilik üçin howplydygyna akyl ýetirmese ýa-da öz hereketiniň (hereketsizliginiň) jemgyýetçilik howply netijeleriniň bolmagynyň mümkinçiligini öňünden görmese we işiň ýagdaýlary boýunça olary öňünden görüp bolmasa ýa-da görüp bilmese, etmiş günäsiz edilen diýlip hasaplanylýar.

(2) Eger jenaýat eden adam jemgyýetçilik howply netijeleriniň bolmak mümkinçiligini öňünden gören hem bolsa, ýöne onuň psihofiziologik sypatlarynyň ekstremal şertlere ýa-da nerw-psihologik taýdan salynýan agrama laýyk gelmezligi netijesinde olaryň öňüni alyp bilmese, şeýle etmiş günäsiz edilen diýlip hasaplanylýar.

31 madda. Ýuridik we hakyky ýalňyşlyk

(1) Adam eger jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi edip, onuň hukuga garşydygyna düşünmese we işiň ýagdaýlary boýunça düşünip bilmese, ol jenaýat jogalkärçiligine degişli däldir.

(2) Adam eger jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi edip, şol jenaýatyň düzümine degişli hakyky ýagdaýlar babatynda sap ýüreklilik bilen ýalňyşan bolsa, onda şol etmişiň bilkastdan edilendigi üçin jogäpkärçilik çekip bilmez.

(3) Eger kanun has berk jezany belli bir hakyky ýagdaýlaryň bolmagy bilen baglanyşdyrsa, ýöne jenaýaty eden adam şol ýagdaýlar babatynda sap ýüreklilik bilen ýalnyşan bolsa, onda ol has berk jogapkärçilige degişli bolup bilmez.

6 B A P. JENAÝATA BILE GATNAŞMA

32 madda. Jenaýata bile gatnaşma diýen düşünje

Bilkastdan jenaýaty etmäge iki ýa-da şondan-da köp adamynyň bilkastdan bilelikde gatnaşmagy jenaýata bile gatnaşyjylyk diýlip hasap edilýär.

33 madda. Şärikleriň görnüşleri

(1) Jenaýaty ýerine ýetiriji bilen bir hatarda jenaýaty guraýjy, meçew beriji we ýaran jenaýatyň şärikleri diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýaty gös-göni eden adam ýa-da beýleki adamlar (bilelikde ýerine ýetirijiler) bilen bilelikde etmäge gös-göni gatnaşan, şeýle hem kanunyň güýjüne görä jenaýat jogapkärçiligine degişli bolmadyk, beýleki adamlary peýdalanmak arkaly jenaýat eden jenaýaty ýerine ýetiriji diýlip hasap edilýär.

(3) Jenaýat etmegi guran ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine ýolbaşçylyk eden, şeýle hem jenaýat etmek üçin topary ýa-da jenaýatçylykly bileleşigi döreden ýa-da olara ýolbaşçylyk eden adam jenaýaty guraýjy diýlip hasap edilýär.

(4) Razy etmek, bermit bermek, haýbat atmak ýa-da başga usul arkaly jenaýat etmäge yran adam jenaýat etmäge meçew beriji diýlip hasap edilýär.

(5) Maslahatlary, görkezmeleri bilen, habarlary, jenaýat etmegiň gurallaryny ýa-da serişdelerini bermek ýa-da päsgelçilikleri ýok etmek bilen jenaýat edilmegine ýardam beren adam, şeýle hem jenaýatçyny, ýaragy ýa-da jenaýat etmegiň gaýry serişdelerini, jenaýatyň yzlaryny ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen edinilen predmetleri gizlemegi öňünden wada beren adam, şeýle hem şeýle predmetleri edinmegi ýa-da satmagy öňünden wada beren adam ýaran diýlip hasap edilýär.

34 madda. Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan jenaýatyň edilmegi

(1) Eger jenaýaty bilelikde etmek hakynda oňa deslapdan dilleşmek boýunça iki we şondan-da köp adam gatnaşsa, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

(2) Eger bir ýa-da birnäçe jenaýatlary etmek üçin öňünden birleşen adamlaryň durnukly topary tarapyndan jenaýat edilse, jenaýat guramaçylykly topar tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.

(3) Agyr we aýratyn agyr jenaýatlary etmek üçin döredilen, deslapdan durnukly, jebis, dolandyrylýan gurama toplanylan adamlar tarapyndan edilse, jenaýat jenaýatçylykli bileleşik tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.

(4) Jenaýatçylykly bileleşigi guran ýa-da oňa ýolbaşçylyk eden adam jenaýatçylykly bileleşigi gurandygy we ýolbaşçylyk edendigi üçin, şeýle hem onuň niýeti bilen gurşalyp alynsa, bileleşik tarapyndan edilen ähli jenaýat üçin jogapkärçilik çekýär. Jenaýatçylykly bileleşigiň beýleki gatnaşyjylary oňa gatnaşandygy we olaryň gatnaşan jenaýaty edendigi ýa-da taýýarlandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

(5) Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan jenaýatyň edilmegi şu Kodeks esasynda we ol tarapyndan bellenen çäklerde has berk jeza berilmegine eltýär.

35 madda. Şärikleriň jogapkärçiligi

(1) Şärikleriň jogapkärçiligi jenaýat etmekde olaryň her biriniň gatnaşygynyň derejesi we häsiýeti bilen kesgitlenýär.

(2) Bilelikde ýerine ýetirijiler özleriniň bilelikde eden jenaýaty üçin jenaýat kanunynyň bir maddasy boýunça jogap berýärler.

(3) Guramaçynyň, meçew berijiniň we ýaranyň jogapkärçiligi şu Kodeksiň 33 maddasyna salgylanmak bilen ýerine ýetiriji ýaly Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginiň şol maddasy boýunça degişli bolýar.

(4) Eger özüne bagly bolmadyk ýagdaýlara görä, ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýat ahyryna çenli ýetirilmedik halatynda, jenaýatyň galan şärikleri jenaýat edilmegini taýýarlamaga we jenaýat etmegiň kastyna düşmäge bile gatnaşandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

36 madda. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy

Beýleki şärikleriň niýetini gurşap almaýan, ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýatyň edilmegi ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy diýlip hasap edilýär. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagyna beýleki şärikler jenaýat jogapkärçiligine degişli däldirler.

7 B A P. ETMIŞIŇ JENAÝATÇYLYKLYDYGYNY

ARADAN AÝYRÝAN ÝAGDAÝLAR

37 madda. Zerur goranyş

(1) Eger çozuş goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply zorluk ulanmak ýa-da gös-göni şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse, hyýanat edýäne islendik zyýan ýetirmek arkaly şahsyýetiň, goranýanyň, başga adamyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy jenaýat bolmaýar we kanunylyga laýyk hasap edilýär.

(2) Goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply bolan zorluk bilen ýa-da şeýle zorluk ulanmak haýbaty bilen baglanyşykly bolmadyk çozuşdan goranmak, eger şunda zerur goranyşyň çäklerinden aňry çykmaga ýol berilmedik bolsa, ýagny hyýanatçylygyň häsiýetine we howpuna açyk laýyk gelmeýän bilkastlaýyn hereketlere ýol berilmedik bolsa, ol kanunylyga laýyk hasaplanylýar.

(3) Hyýanatçylykdan gutulmaga ýa-da başga adamlara ýa-da häkimiýet organlaryna kömek üçin ýüz tutmaga mümkinçilige garamazdan, adama zerur goranyşa bolan hukuk degişlidir.

38 madda. Jenaýat eden adam saklananda zyýan ýetirilmegi

(1) Jenaýat eden adam häkimiýet organlaryna eltmek we täze jenaýatlary etmek mümkinçiliginiň öňüni almak üçin saklananda, eger ol garşylyk bildirse we başga serişdeler bilen şeýle adamy saklamak mümkin bolmasa we şunlukda munuň üçin zerur çärelerden aňry geçmäge ýol berilmedik bolsa, oňa zyýan ýetirilmegi jenaýat däldir.

(2) Jenaýat eden adamy saklamak üçin zerur bolan çärelerden aňry geçilmegi diýlip, saklanylan adam tarapyndan edilen etmişiň häsiýetine we howpuna we saklamagyň ýagdaýlaryna olaryň açyk laýyk gelmezligi, haçanda şol adama zerurlyk bolmazdan, ýagdaýyň talap etmeýän hetdenaşa açyk zyýanyň ýetirilmegi hasap edilýär. Şeýle çäkden çykmaklyk diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jogapkärçilige eltýär.

39 madda. Bialaç zerurlyk

(1) Bialaç zerurlyk ýagdaýynda hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, ýagny şol adamyň ýa-da başga adamlaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine gös-göni howup salýan howpy aradan aýyrmak üçin, eger bu howp şol ýagdaýlarda gaýry serişdeler bilen aradan aýrylyp bilinmese we şunda bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, şonuň ýaly hereket jenaýat bolmaýar.

(2) Bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagy diýlip, salynýan howpuň we howpuň aradan aýrylan ýagdaýyna, onuň häsiýetine we derejesine açyk laýyk gelmeýän zyýan ýetirilmegi, haçanda öňi alynýana garanda hukuk goralýan bähbitlere has köp zyýan ýetirilende hasap edilýär. Şeýle çäkden çykylmagy diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jogapkärçilige eltýär.

40 madda. Fiziki we psihiki taýdan mejbur etmek

(1) Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetiren adamyň hereketi (hereketsizligi), eger şeýle mejbur etmegiň netijesinde ol öz hereketlerine erk edip bilmese, şeýle hereket jenaýat bolmaýar.

(2) Başga halatlarda fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçilik hakyndaky mesele şu Kodeksiň 39 maddasynyň düzgünlerini nazara almak bilen çözülýär.

41 madda. Esaslandyrylan töwekgelçilik

(1) Sossial taýdan peýdaly maksada ýetmek üçin obýektiw esaslandyrylan töwekgelçilik mahalynda hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi jenaýat bolmaýar.

(2) Eger goýlan maksada töwekgelçilik bilen baglanyşyksyz hereketler bilen ýetirilip bolmasa we töwekgelçilige ýol beren adam hukuk goralýan bähbitlere zyýanyň öňüni almak üçin zerur çäreleri gören bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilýär.

(3) Eger töwekgelçilik adamlaryň saglygyna ýa-da janyna howp salmak, ekologik heläkçiligi ýa-da jemgyýetçilik betbagtçylygy bilen görnetin baglanyşykly bolan bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilmeýär.

42 madda. Buýrugy ýerine ýetirmek

(1) Bellenilen tertipde we degişli formany berjaý etmek bilen onuň üçin hökmany buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmek üçin hereket edýän adam tarapyndan hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi jenaýat däldir.

(2) Bikanun buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmegiň netijesinde hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, eger adam onuň bikanun häsiýetine akyl ýetirmese, jogapkärçiligi aradan aýyrýar. Şu ýagdaýda bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetirmek üçin edilen etmiş üçin jogapkärçiligi şeýle buýrugy ýa-da görkezmäni beren adam çekýär.

(3) Görnetin jenaýatçylykly buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmeklik jenaýat jogapkärçiligine eltýär, ýöne jeza çäresini ýeňilleşdirýän ýagdaý diýlip ykrar edilip bilner.

(4) Görnetin bikanun ýa-da jenaýatçylykly buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmezlik jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýar.

III BÖLÜM. JEZA

8 BAP. JEZA DIÝEN DÜŞÜNJE, ONUŇ MAKSATLARY

WE GÖRNÜŞLERI

43 madda. Jeza diýen düşünje we onuň maksatlary

(1) Jeza edilen jenaýat üçin berilýän jeza temmisidir. Döwletiň mejbury çäresi hökmünde, suduň hökümi bilen bellenýän jeza, jenaýat etmekde günäkär diýlip ykrar edilen adama ulanylýar we jenaýat kanunynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ony hukuklaryndan we azatlyklardan mahrum etmekden ýa-da çäklendirmekden ybarat bolup durýar.

(2) Jeza sosial adalatlylygy dikeltmek, şeýle hem sud edilen adamy düzetmek, täze jenaýatlaryň edilmeginiň öňüni almak maksatlary bilen ulanylýar.

44 madda. Jezanyň görnüşleri

(1) Jezanyň görnüşleri şular hasaplanylýar:

a) ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek;

b) jerime;

w) belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek;

g) döwlet sylaglaryndan, harby atlardan we beýleki atlardan mahrum etmek;

d) düzediş işleri;

ýe) belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek;

j) emlägini konfiskasiýalamak;

z) azatlykdan mahrum etmek;

(2) Harby gullukçylara harby gulluk boýunça çäklendirmeler we harby- düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jeza çäresi ulanylyp bilner.

(1998-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky, 2002-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky - Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 1, 11-nji madda; 2000 ý., № 1, 3-nji madda; 2002 ý. № 4, 72–nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

45 madda. Esasy we goşmaça jezalar

(1) Düzediş işleri, harby gulluk boýunça çäklendirme, harby-düzediş bölüminde saklamak, azatlykdan mahrum etmek, diňe esasy jezalar hökmünde ulanylýar.

(2) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, jerime salmak, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek esasy, şeýle hem goşmaça jezalar hökmünde ulanylýar.

(3) Döwlet sylaglaryndan, harby atlardan we beýleki atlardan mahrum etmek, emlägini konfiskasiýa etmek diňe goşmaça jeza hökmünde ulanylýar.

(1998-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky, 2002-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky - Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 1, 11-nji madda; 2000 ý., № 1, 3-nji madda; 2002 ý. № 4, 72-nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

46 madda. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek

(1) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, munuň özi ýetirilen zyýany hakykatdan-da aradan aýyrmakdan, maddy we moral zyýanyň öwezini dolmakdan we ejir çekenden jemagat öňünde ötunç soramakdan ybaratdyr.

(2) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşinde jeza, haçanda sud ýetirilen zyýanyň möçberini, ony düzetmegiň hakyky mumkinçiliginiň bardygyny we günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary hasaba almak bilen sud edilýäniň ýetirilen zyýany düzetmäge ukyplydygyny ykrar edýän halatynda, bellenilip bilner.

(3) Eger sud edilen adam ýetirilen zyýany düzetmek borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa, onda sud şol jezany jerime salmak ýa-da şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň haýsy maddasy bilen sud edilen bolsa, şonda bellenen çäklerde düzediş işleri bilen çalşyryp biler. Eger jezanyň görkezilen görnüşleri maddanyň sanksiýasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda olar şu Kodeksiň 47 we 50 maddalarynda kesgitlenen iň pes möçberde bellenilýär.

47 madda. Jerime

(1) Jerime şu Kodeks bilen göz öňünde tutulan çäklerde salynýan, jeza bellenilýän pursatyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň belli bir sanyna laýyk gelýän möçberinde pul töletmekdir.

(2) Jerime zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden iki ýüzüsine çenli möçberinde bellenilýär.

(3) Jerimäniň möçberi edilen jenaýatyň agyrlygyna baglylykda, sud edileniň emläk ýagdaýy nazara alnyp, sud tarapyndan bellenilýär.

(4) Jerime goşmaça jeza görnüşinde, eger ol degişli jenaýat üçin gös-göni jogapkärçiligi kesgitleýän normada diňe goşmaça jeza hökmünde göz öňünde tutulan bolsa, diňe şeýle halatlarda bellenilip bilner.

(5) Sud tarapyndan esasy jeza çäresi hökmünde bellenen jerimäni töledip almaga mümkinçilik bolmadyk halatynda ýa-da jerimäni tölemekden bilgeşleýin boýun gaçyrylan halatynda, düzediş işlerinde işletmegiň bir aýyny zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberi üçin bir aýynyň hasabyna almak bilen jerime sud tarapyndan düzediş işleri bilen, ýöne iki ýyldan köp bolmadyk möhlete çalşyrylýar.

6) Jerimäni azatlykdan mahrum etmek bilen ýa-da azatlykdan mahrum etmegi jerime bilen çalşyrmaga ýol berilmeýär, şu Kodeksiň 59 maddasynda göz öňünde tutulan halatlary muňa girmeýär.

(7) Jerime özbaşdak girdejisi bolmadyk adamlara, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara jeza hökmünde ulanylmaýar.

48 madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek

(1) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, munuň özi döwlet gullugynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynda, eýeçiligiň islendik görnüşlerindäki kärhanalarda ýa-da jemgyýetçilik birleşiklerinde belli bir wezipede işlemegi ýa-da belli bir professional ýa-da başga iş bilen meşgullanmagy gadagan etmekden ybaratdyr.

(2) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgulanmak hukugyndan mahrum etmek esasy jeza hökmünde bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete, goşmaça jeza hökmünde bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete bellenilýär.

(3) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmeklik, eger günäkäriň eden jenaýatynyň häsiýeti boýunça we şahsyýeti hakyndaky maglumatlary hasaba almak bilen onuň belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir professional ýa-da başga bir iş bilen meşgullanmak hukugyny onda galdyrmagy sud mümkin däl diýip hasap eden ýagdaýynda, ol degişli jenaýat üçin jezanyň görnüşi hökmünde görkezilmedik halatlarynda-da goşmaça jeza hökmünde bellenilip bilner.

(4) Bu jeza jerimä we düzediş işlerine goşmaça jeza hökmünde bellenende, şeýle hem şertleýin iş kesilende, onuň möhleti hökümiň kanuny güýje giren pursatyndan hasaplanylyp başlanýar. Bu jeza azatlykdan mahrum etmäge ýa-da harby -düzediş bölümine ibermäge goşmaça hökmünde bellenende, onuň möhleti esasy jezanyň dolan pursatyndan başlap hasaplanylýar.

(2002-nji ýylyň 14-nji derkabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýalarynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý. № 4, 72-nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

49 madda. Döwlet sylaglaryndan, harby atlardan ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek

(1) Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat edenligi üçin sud edilen mahalda, harby, ýörite ýa-da beýleki ady bar bolan adam suduň hökümi boýunça şol atdan mahrum edilip bilner.

(2) Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylan hormatly ady ýa-da harby ady ýa-da başga bir ady bolan adama agyr ýa-da aýratyň agyr jenaýat üçin sud edilen mahalynda, sud höküm çykaranda günäkäriň şahsyýeti hakyndaky maglumatlary hasaba almak bilen sud edilen adamy ordenden, medaldan, hormatly atdan, harby atdan ýa-da başga atdan mahrum etmek barada Türkmenistanyň Prezidentine teklip bermegiň maksada laýyklygy hakynda meseläni çözýär.

50 madda. Düzediş işleri

(1) Düzediş işleri iki aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär we suduň hökümine laýyklykda, bu düzediş işleri sud edilen adamynyň işleýän ýerinde ýa-da sud edilen adamyň ýaşaýan raýonyndaky beýleki ýerlerde geçirilýär. Düzediş işlerine höküm edilen adamynyň gazanjyndan suduň höküminde bellenilen möçberde, gazanjyň bäş prosentinden ýigrimi prosentine çenli bolan çäklerde döwletiň haýryna pul tutulyp alnyp galynýar.

(2) Düzediş işleri zähmet çekmäge ukypsyzlara, on alty ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli aýallara we çagany idetmek üçin rugsatda bolýan aýallara, pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, şeýle hem harby gullukçylara, okuwçylara we ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna ulanylmaýar.

(3) Düzediş işleriniň dolunýan wagty umumy zähmet stažyna goşulmaýar. Düzediş işlerinde bolýan döwründe ak ýürekli işlän bolsa we özüni göreldeli alyp baran bolsa, sud edileniň jeza möhletini dolduranyndan soňra, zähmet kollektiwiniň haýyşy boýunça, şeýle hem sud edileniň haýyşy boýunça düzediş işlerinde bolnan döwri sud umumy zähmet stažyna goşup biler.

(4) Düzediş işlerinde bolmakdan zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan mahalynda, sud düzediş işleriniň gutarmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi düzediş işleriniň üç gününe hasaplamak bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bilen çalşyryp biler.

51 madda. Harby gulluk boýunça çäklendirme

(1) Ofiserler düzüminden bolan harby gullukçylara, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara sud edilende şu Kodeks bilen göz öňünde tutulan halatlarda iki aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen harby gulluk boýunça çäklendirme ulanylýar, şonuň ýaly-da sud işiň ýagdaýyny we sud edilen adamyň şahsyýetini nazara alyp, iki ýyldan ýokary bolmadyk möhlete azatlykdan mahrum etmegiň deregine hut şol möhlete harby gulluk boýunça çäklendirme ulanmagy maksada laýyk diýip hasaplan ýagdaýynda ulanylýar.

(2) Harby gulluk boýunça çäklendirmä sud edilen adamyň pul girdejisinden suduň hökümi bilen bellenilen möçberde, bäş prosentden ýigrimi prosente çenli çäklerde pul tutulyp, döwletiň girdejisine geçirilýär. Sud edilen adam harby gulluk boýunça çäklendirme jezasyny çekýän döwründe onuň wezipesi, harby ady ýokarlandyrylyp bilinmez, emma jeza möhleti oňa nobatdaky harby ady dakmak üçin we köp wagt gulluk edeni üçin pensiýa bellemäge gulluk ediş möhleti hökmünde hasap edilmeýär.

511 madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek1

(1) Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek sud edilen belli bir ýerde hökmany ýerleşdirmek bilen, ony ýaşaýan ýerinden daşlaşdyrmakdan ybaratdyr.

(2) Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek esasy jezasy hökmünde bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete we goşmaça jeza hökmünde iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete bellenilýär.

(3) Jenaýat edilýänçä on sekiz ýaşy dolmadyk adamlar barasynda, şeýle hem birinji we ikinji topardaky maýyplar, pensiýa ýaşyna ýeten adamlar, göwreli aýallar we sekiz ýaşyna çenli çagalary bolan aýallar barasynda belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ulanylmaýar.

(4) Belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenen jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyran we şu maksatlar bilen hokmany ýaşamaly ýerden onuň giden halatynda jezany ýerine ýetirýan edaranyň teklipnamasy boýunça sud öz kesgitlemesi bilen şeýle adamy azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany çekmek üçin düzediş koloniýasyna ibermäge haklydyr. Şunda hokmany ýaşamaly ýerlerde bolnan wagt belli bir ýerde hokmany ýaşalan bir güni azatlykdan mahrum etmegiň bir gününe deň diýlip hasaba alynýar. Jezany çekmekden boýun gaçyrmak maksady bilen, hokmany ýaşamaly ýerini taşlap giden wagt belli bir ýerde hökmany ýaşamaly möhletiň hasabyna alynmaýar.

(5) Eger sud edilip, belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenilen adam jenaýat etse, sud oňa şu Kodeksiň 64 maddasynyň kadalary boýunça jeza belleýär.

Kodekse 511 maddasy 1998-nji ýylyň 28-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 1, 11-nji madda.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, 3–nji madda).

52 madda. Emlägi konfiskasiýalamak

(1) Emlägi konfiskasiýalamak sud edilen adamynyň şahsy eýeçiliginde durýan, kanun tarapyndan gadagan usul bilen edinilen emlägi döwlet eýeçiligine mejbury suratda mugt almakdan ybaratdyr.

(2) Emlägi konfiskasiýalamak betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylan ortaça agyr jenaýatlar üçin, agyr we aýratyn agyr jenaýatlar üçin kesgitlenilýär we ol diňe jenaýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bellenilip bilner.

(3) Sud edilen adam üçin ýa-da onuň eklenjindäki adamlar üçin zerur bolan zatlar, şu Kodekse goşulýan Goşundyda berilýän sanawa laýyklykda konfiskasiýa edilmäge degişli däldir.

53 madda. Azatlykdan mahrum etmek

(1) Azatlykdan mahrum etmek sud edileni düzediş koloniýasyna ýa-da türmä ýerleşdirmek arkaly ony üzňelikde saklamakdan ybaratdyr.

(2) Azatlykdan mahrum etmek alty aýdan ýigrimi ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan aýratyn halatlarda azatlykldan mahrum etmek ýigrimi bäş ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär.

(3) Jenaýatlaryň jemi boýunça we hökümleriň jemi boýunça jeza bellenende azatlykdan mahrum etmegiň möhletleri bölekleýin ýa-da doly goşulan halatynda, azatlykdan mahrum etmegiň ýokary möhleti ýigrimi ýyldan şu Kodeksde göz öňünde tutulan aýratyn halatlarda ýigrimi bäş ýyldan artyk bolup bilmez.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, –nji madda).

54 madda. Harby-düzediş bölüminde saklamak

(1) Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan harby jenaýaty eden halatlarynda, olary üç aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen harby-düzediş bölüminde saklamak bellenilýär, şeýle hem jenaýatyň häsiýeti we günakäriň şahsyýeti baradaky maglumatlar iki ýyldan ýokary bolmadyk azatlykdan mahrum edilmegini harby-düzediş bölüminde kazyýete çekileni saklamak bilen çalşyrmagyň mümkindigine şaýatlyk edýän halatlarynda olary harby-düzediş bölüminde saklamak bellenilýär.

(2) Azatlykdan mahrum etmäge derek harby-düzediş bölüminde saklanylanda şu bölümde saklamagyň möhleti bir güne bir gün hasabyndan kesgitlenilýär».

Kodekse 54 maddasy 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 1, 13-nji madda.

55 maddany aýyrmaly - 2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, 3 –nji madda.

9 BAP. JEZANYŇ GÖRNÜŞINIŇ WE MÖÇBERINIŇ BELLENILMEGI

56 madda. Jeza bellemegiň umumy esaslary

(1) Jenaýat etmekde günäkär diýlip, sud tarapyndan ykrar edilen adama şu Kodeksiň Umumy böleginiň düzgünlerini hasaba almak bilen, şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasy tarapyndan bellenilen çäklerde kesgitlenilýän jeza bellenilýär.

(2) Edilen jenaýat üçin şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulandakydan jezanyň has berk görnüşi, şu Kodeksiň 63 we 64 maddalaryna laýyklykda, jenaýatlaryň jemi boýunça we hökümleriň jemi boýunça bellenilip bilner. Edilen jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulandakydan jezanyň has ýeňil görnüşini bellemek üçin esas şu Kodeksiň 59 maddasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(3) Jezanyň görnüşi we möçberi bellenen wagtynda jenaýatyň häsiýeti we agyrlygy, şeýle jenaýat etmegiň maksatlary we äheňleri, netijeleri, jogapkärçiligi ýenilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary, günäkäriň şahsyýeti, şeýle hem bellenilen jezanyň günäkäriň jezasyny çekeninden soňra durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşmagyna we onuň maşgalasynyň durmuş şertlerine ýetirjek täsiri göz öňünde tutulýar.

(4) Jenaýat eden adama adalatly jeza bellenilmelidir we onuň düzelmegi üçin zerur we ýeterlikli bolmalydyr.

57 madda. Jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar

(1) Şu aşakdaky ýagdaýlar jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar diýlip hasap edilýär:

a) uly bolmadyk agyr jenaýatyň ilkinji gezek edilmegi;

b) günäkär kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa;

w) göwrelilik;

g) günäkäriň köp çagaly maşgalasynyň ýa-da kiçi ýaşly çagalarynyň bolmagy;

d) kyn durmuş ýagdaýlarynyň gabat gelmegi zerarly jenaýatyň edilmegi;

ýe) jenaýat haýbat atmagyň, gorkuzmagyň, mejbur etmegiň, täsiri astynda ýa-da maddy, gulluk taýdan garaşlylyk ýa-da başga bir garaşlylyk zerarly edilen bolsa, şeýle hem jenaýatçylykly ýa-da bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetiren halatynda edilen bolsa;

j) zorluk ulanmak, erbet masgaralamak sebäpli ýüze çykan ruhy tolgunmanyň täsiri astynda ýa-da heläkçilik çekeniň başga bikanun hereketleri netijesinde jenaýat edilen bolsa;

z) zerur goranyşyň kanunylygynyň şertleriniň bozulan ýagdaýynda, jenaýat eden adamyny saklanda, ýiti zerurlyk ýüze çykanda, esasly töwekgelçilik ýagdaýynda jenaýat edilmegi;

i) psihiki taýdan syrkawlyk ýagdaýyň täsiri astynda ýa-da psihiki ösüşinde yza galmagy, akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan ýagdaýynda jenaýat edilen bolsa;

k) heläkçilik çekeniň hukuga ters gelýän hereketleri ýa-da ahlaksyzlygy jenaýat edilmegi üçin sebäp bolan bolsa;

l) günä boýun alnyp gelnen halatda, jenaýatyň üstüniň açylmagyna, jenaýata beýleki gatnaşanlary paş etmäge, jenaýat netijesinde edinilen emlägi gözläp tapmaga işeňňir ýardam edilmegi;

m) jenaýat edilmeginiň gös-göni yz ýanynda heläkçilik çekene medisina we başga kömekleriň berilmegi jenaýat zerarly maddy we ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň meýletin dolunmagy ýa-da düzedilmegi, heläkçilik çekene ýetirilen zeleli düzetmek üçin gönükdirilen beýleki hereketler.

(2) Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaý jenaýat kanunynyň edilen jenaýat üçin jogapkärçiligi hakyndaky degişli maddasynda göz öňünde tutulan bolsa, onda şol ýagdaý jezany ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde gaýtadan göz öňünde tutulyp bilinmez.

(3) Jeza bellenende şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik ýagdaýlar hem ýeňilleşdirýän ýagdaýlar hökmünde göz öňünde tutulyp bilner.

58 madda. Jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar

(1) Jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýlip, şular ykar edilýär:

a) jenaýatlaryň gaýtadan edilmegi, jenaýatlaryň gaýtalanmagy, pişe görnüşinde jenaýatlaryň edilmegi;

b) edilen jenaýatyň agyr netijelere getirmegi;

w) iki ýa-da şondan-da köp adam bolup deslapdan dilleşmezden jenaýatyň edilmegi, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň toparynyň, guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde jenaýatyň edilmegi;

g) jenaýat etmekde aýratyn işjeň rol oýnan bolsa;

d) psihiki taýdan syrkawlyk zerarly bozulmalardan ejir çekýändigi günäkäre görnetin mälim bolan ýa-da serhoş ýagdaýynda bolan adamlary, şeýle hem jenaýat jogapkärçiligine ýaşy ýetmedik adamlary jenaýat etmäge çekmegi;

ýe) milli ýa-da dini duşmançylyk bahanasy boýunça, beýleki adamlaryň kanuny hereketleri üçin ar almak sebäbi boýunça, şeýle hem başga bir jenaýatyň edilmegini aňsatlaşdyrmak ýa-da jenaýatyň üstüni basyrmak maksady bilen jenaýatyň edilmegi;

j) göwrelidigi günäkäre görnetin mälim bolan aýal babatynda jenaýat edilen bolsa, şeýle hem ýaş çaga, beýleki gorawsyz ýa-da biçäre ýagdaýda galan adamlar babatynda ýa-da günäkäre garaşly bolan adam babatynda jenaýatyň edilmegi;

z) aýratyn rеhimsizlik bilen, masgaralamak bilen ýa-da heläkçilik çekene ýa-da onuň ýakynlaryna ezýet bermek bilen jenaýatyň edilmegi;

i) ýarag ulanmak arkaly ýa-da fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak arkaly jenaýatyň edilmegi;

k) adatdan daşary ýagdaýyň, şertlerini, tebigy ýa-da başga jemgyýetçilik betbagtçylygyny peýdalanmak arkaly, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler mahalynda jenaýatyň edilmegi;

l) gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän adam babatynda jenaýatyň edilmegi;

m) jenaýat umumy howply usul bilen edilen bolsa;

n) jenaýatyň betnebislik meýiller bilen edilmegi.

(2) Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaý şu Kodeksiň degişli maddasy tarapyndan edilen jenaýat üçin jogapkärçiligi hakyndaky degişli maddasynda göz öňünde tutulan bolsa, onda şol ýagdaý jezany agyrlaşdyrýan ýagdaý hökmünde gaýtadan hasaba alnyp bilinmez.

(3) Jeza bellenende, işiň ýagdaýlaryna baglylykda, şu maddanyň birinji böleginde sanalyp geçilen ýagdaýlary jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýip hasap etmezlige suduň haky bardyr.

59 madda. Edilen jenaýat üçiň göz öňünde tutulan jezadan has ýeňilrägini bellemek

1) Etmişiň maksatlary we delilleri, günäkäriň roly, jenaýat edilen mahaly ýa-da jenaýat edilip gutarylandan soňra onuň özüni alyp barşy we etmişiň jemgyýetçilik howpunyň derejesini ep-esli peseldýän beýleki ýagdaýlar, şeýle hem toparlaýyn jenaýatçylyk gatnaşyjynyň topar bolup edilen jenaýatyň üstüni açmaga işjeň ýardam bermegi bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlar bolan mahalynda:

a) günäkäre jenaýat kanunynyň degişli maddasynda göz öňünde tutulan aşak çäkden-de pes bolan jeza bellenilip bilner ýa-da sud şol maddada göz öňünde tutulandakydan jezanyň has ýeňil görnüşini belläp biler;

b) sud hökmany hökmünde göz öňünde tutulan goşmaça jezany ulanman biler.

(2) Käbir ýeňilleşdirýän ýagdaýlar, şeýle hem şu Kodeksiň 57 maddasynda görkezilen ýagdaýlar tutuşlygyna aýratyn ýagdaýlar hökmünde ykrar edilip bilner.

60 madda. Gutarylmadyk jenaýat üçin jezanyň bellenilmegi

(1) Gutarylmadyk jenaýat üçin jeza bellenilende, haýsy sebäplere görä jenaýatyň soňuna çenli alnyp barylmandygynyň ýagdaýlary göz öňünde tutulýar.

(2) Jenaýata taýýarlyk üçin jeza jenaýat kanunynyň degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň ýarsyndan köp bolup bilmez.

(3) Jenaýat kastyna düşülendigi üçin jeza jenaýat kanunyny degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň dörtden üç böleginden köp bolup bilmez.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, 3–nji madda).

61 madda. Bilelikde edilen jenaýat üçin jezanyň bellenilmegi

(1) Bilelikde amala aşyrylan jenaýat üçin jeza bellenilende, adamyň ony amala aşyrmaga gatnaşygynyň häsiýeti we hakykatda onuň näderejede gatnaşandygy, jenaýatyň maksadyna ýetmek üçin şol gatnaşygynyň ähmiýeti, ýetirilen ýa-da ýetirilip bilinjek zyýanyň häsiýetine we möçberine onuň täsiri göz öňünde tutulýar.

(2) Şärikleriň biriniň etmişi we şahsyýeti bilen baglanyşykly ýeňilleşdirýän ýa-da agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diňe şol gatnaşyja jeza bellenende göz öňünde tutulýar.

62 madda. Residiw mahalynda jezanyň bellenilmegi

(1) Residiw halatynda, howply residiw we aýratyn howply residiw halatynda jeza bellenilende ozalky jezanyň, düzediş täsiriniň ýeterlik bolmandygyna görä, amala aşyrylan jenaýatlaryň sany, häsiýeti, agyrlygy we netijeleri, ýagdaýlar, şeýle hem täze jenaýatlaryň häsiýeti, agyrlygy we netijeleri göz öňünde tutulýar.

(2) Residiwde jeza amala aşyrylan jenaýat üçin jenaýat kanuny tarapyndan göz öňünde tutulan jezanyň degişli görnüşiniň iň ýokary möçberiniň ýarysyndan pes bolmaly däldir; howply residiwde jeza amala aşyrylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan has berk jezanyň ýokary möçberiniň üçden iki böleginden pes bolmaly däldir, aýratyn howply residiwde jeza amala aşyrylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan has berk jezanyň ýokary möçberiniň dörtden üç böleginden pes bolmaly däldir.

(3) Şu Kodeksiň 59 maddasynda göz öňünde tutulan aýratyn ýagdaýlar bar bolan halatynda, residiw mahalynda, howply residiwde we aýratyn howply residiwde jeza şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan çäklendirmeleri hasaba almazdan bellenilýär.

63 madda. Jenaýatlaryň jemi boýunça jezanyň bellenilmegi

(1) Jenaýatlaryň jeminde her bir jenaýat üçin aýratynlykda jeza bellenilýär.

(2) Eger jenaýatlaryň jemine uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat goşulýan bolsa, onda onçakly berk bolmadyk jezany has berk jeza bilen gurşap almagy ýa-da jezalaryň bölekleýin ýa-da dolulygyna goşulmagy arkaly gutarnykly jeza bellenilýär. Şeýle halatlarda jezalar goşulanda gutarnykly jeza amala aşyrylan jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulýan iň ýokary jezadan ýokary bolup bilmez.

(3) Eger amala aşyrylan jenaýatlaryň jemine agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat goşulýan bolsa, onda jezalary bölekleýin ýa-da dolulygyna goşmak arkaly gutarnykly jeza bellenilýär. Şeýle edilende azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza amala aşyrylan jenaýatlaryň iň agyry üçin bellenilýän jezanyň iň ýokary möhletinden ýokary bolup biler, ýöne ýigrimi ýyldan emma şu Kodeksde göz öňünde tutulan aýratyn halatlarda bolsa ýigrimi bäş ýyldan ýokary bolmaly däldir.

(4) Esasy jezanyň üstüne goşmaça jezalar goşulyp bilner. Gutarnykly goşmaça jeza bölekleýin ýa-da dolulygyna goşulan, mahalynda şu Kodeksiň Umumy bölegi tarapyndan jezanyň şol görnüşi üçin bellenilen iň ýokary möhletden ýa-da möçberden ýokary bolup bilmez.

(5) Eger iş boýunça höküm çykarylandan soň, sud edilen adamyň birinji iş boýunça höküm çykarylmazyndan öň başga jenaýat etmekde hem gunäkärdigi takyklansa, onda jeza bermek edil şol düzgünler boýunça bellenilýär. Şu halatda birinji höküm boýunça çekilen jeza möhleti berlen jezanyň gutarnykly möhletine hasap edilýär.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, 3–nji madda).

64 madda. Hökümleriň jemi boýunça jezanyň bellenilmegi

(1) Hökümleriň jemi boýunça jeza bellenilende, soňky höküm boýunça bellenilen jezanyň üstüne öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegi doly ýa-da kem-käsleýin suratda goşulýar.

(2) Hökümleriň jemi boýunça gutarnykly jeza, eger ol harby-düzediş bölümine ibermekden ýa-da azatlykdan mahrum etmekden pes bolmadyk halatynda, şu Kodeksiň Umumy bölegi tarapyndan jezanyň şu görnüşleri üçin bellenilen ýokary möhletinden ýa-da möçberinden ýokary bolmaly däldir.

(3) Hökümleriň jemi boýunça azatlykdan mahrum etmek görnüşikdäki gutarnykly jeza, soňky höküm boýunça jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jezanyň iň ýokary möhletinden artyk bolup biler, ýöne ýigrimi ýyldan emma şu Kodeksde göz öňünde tutulan aýratyn halatlarda bolsa ýigrimi bäş ýyldan köp bolmaly däldir.

(4) Hökümleriň jemi boýunça gutarnykly jeza täze amala aşyrylan jenaýat üçin bellenilen jezadan, şeýle hem öňki höküm boýunça jezanyň, çekilip gutarylmadyk böleginden köp bolmalydyr.

(5) Hökümleriň jemi boýunça jeza bellenilen mahalynda onuň üstüne goşmaça jezalary goşmak şu Kodeksiň 63 maddasynyň dördunji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.

(2002–nji ýylyň 14-nji dekabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky - Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýalarynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 4, 72 –nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

65 madda. Jezalar goşulan mahalynda şolaryň möhletlerini kesgitlemegiň tertibi

(1) Jenaýatlaryň jemi boýunça we hökümleriň jemi boýunça jezalar goşulan mahalynda azatlykdan mahrum etmegiň bir gününe şu aşakdakylar laýyk gelýär:

a) harby-düzediş bölüminde bir gün saklanylmagy;

b) düzediş işleriniň ýa-da harby gulluk boýunça çäklendirmeleriň üç güni.

(2) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, jerime salmak, emlägini konfiskasiýalamak, döwlet sylaglaryndan, harby atlardan ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek, şeýle hem belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmek, harby-düzediş bölüminde saklamak, harby gulluk boýunça çäklendirmeler ýa-da düzediş işleri bilen goşulanda olar özbaşdak ýerine ýetirilýär.

(1998-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2002–nji ýylyň 14-nji dekabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky - Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 1, 11-nji madda; 2002 ý. № 4, 72–nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

66 madda. Jeza möhletleriniň hasaplanmagy we jezalaryň hasaba alynmagy

(1) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, düzediş işleri, harby gullugy boýunça çäklendirmeler, harby-düzediş bölüminde saklamak, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, azatykdan mahrum etmek möhletleri aýlarda we ýyllarda hasaplanylýar.

(2) Şu maddanyn birinji böleginde görkezilen jezalar çalşyrylanda ýa-da goşulanda, şeýle hem jeza hasaba alnanda möhletler gün hasaby bilen hasaplanyp bilner.

(3) Doznaniýe, deslapky derňew we sud işine garalýan döwürde tussaglykda saklanylmagyň, her güni azatlykdan mahrum edilmeginiň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklamagyň bir güni harby-düzediş bölüminde saklamagyň iki gününiň hasabyna jeza möhleti hasap edilýär.

(4) Daşary ýurtda amala aşyrylan jenaýat üçin suduň hökümi bilen bellenilen hökümiň kanuny güýje girmegine çenli tussaglykda saklanylmagy we azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan wagty her güni bir güne hasap edilýär.

(5) Tussaglykda saklanylýan sud edilene jerime, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugynda mahrum etmek görnüşindäki jeza çärelerini bellän mahalynda, tussaglykda saklanylan möhleti nazara alyp, sud bellenilen jezany ýeňilleşdirýär ýa-da ol jezany çekmekden boşadýar.

(6) Düzediş işlerine sud edilen adamyň tussaglykda saklanylýan wagty suduň hökümi bilen bellenilen jeza möhletine tussaglykda bolýan bir güni düzediş işleriniň üç gününe barabar hasaplanylýar.

(1998-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2002–nji ýylyň 14-nji dekabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky -Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 1, 11- nji madda; 2002 ý. № 4, 72–nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

67 madda. Azatlykdan mahrum edilip sud edilenlere düzediş edarasynyň görnüşiniň bellenilmegi

(1) Bilkastlaýyn jenaýat üçin sud edilenlere jeza çekmek möhletini doldurmak azatlykdan mahrum etmek görnüşinde şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr bilkastlaýyn jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmeklige sud edilenlere umumy düzgünli düzediş koloniýalarynda;

b) bilkastlaýyn edilen agyr, şeýle hem aýratyn agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilenlere we jenaýatlar residiwinde, eger sud edilen adam ozal bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza çekmek möhletini dolduran bolsa we aýallara howply residiw halatynda berk düzgünli düzediş koloniýalarynda;

w) aýratyn howply residiwde, aýratyn düzgünli düzediş koloniýalarynda.

(2) On sekiz ýaşyna ýeten, aýratyn agyr jenaýat üçin sekiz ýyldan ýokary möhlete sud edilen adamlara, şeýle hem aýratyn howply residiw halatynda bellenilen jeza möhletiniň belli bir bölegini, ýöne bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen türmede tussaglykda saklamak bellenilip bilner.

(3) Azatlykdan mahrum edilmäge sud edilen kämillik ýaşyna ýetmedikler jeza möhletini terbiýeleýiş koloniýasynda doldurýarlar.

(4) Seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edip, sud edilen adamlara azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak koloniýalara mejbury göçürilip eltilen ýerlere bellenilýär.

(5) Höküm bilen bellenilen düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmek Türkmenistanyň jenaýat ýerine ýetiriji kanunçylygyna laýyklykda sud tarapyndan geçirilýär.

(2000-nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 1, 3 –nji madda).

68 madda. Şertleýin sud etmek

(1) Eger sud jezany azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşinde belläp, iş kesilen jeza möhletini doldurmazdan düzetmek mümkindigi hakyndaky netijä gelse, onda ol bellenen jezany şertleýin hasaplamak hakynda karar çykarýar.

(2) Şertleýin sud edilen mahalynda sud amala aşyrylan jenaýatyň häsiýetini, agyrlygyny we getiren netijelerini, ýagdaýlary ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan, günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary nazara alýar. Aýratyn agyr jenaýat eden adamlara şertleýin sud etmek ulanylmaýar.

(3) Şertleýin sud edilende sud synag möhletini belleýär, şol möhletiň dowamynda iş kesilen adam özüni alyp barşy bilen özüniň düzelendigini subut etmelidir. Harby-düzediş bölüminde saklamaga ýa-da bir ýyl möhlete çenli azatlykdan mahrum etmäge sud edilen halatynda, synag möhleti alty aýdan az we üç ýyldan ýokary bolmaly däldir, bir ýyldan ýokary möhlete azatlykdan mahrum etmäge sud edilen halatynda bolsa, dokuz aýdan az we bäş ýyldan ýokary bolmaly däldir.

(4) Şertleýin sud edilen mahalynda goşmaça jezalar bellenilip bilner.

(5) Sud şertleýin sud etmegi belläp, käbir borçlary ýerine ýetirmegi sud edileniň üstüne ýükläp biler, ýagny ýetirilen zyýany düzetmek, işe ýa-da okuwa girmek, şertleýin sud edileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan organdan rugsatsyz hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgetmezlik, käbir ýerlere barmazlyk, belli bir wagtdan soň öz ýaşaýan ýerinde bolmak, alkogolizmden, narkomaniýadan, toksikomaniýadan ýa-da weneriki keselden bejermegiň kursuny geçmek, maşgalany maddy taýdan goldamagy amala aşyrmak. Sud şertleýin sud edileniň üstüne onuň düzelmegine ýardam berip biljek başga borçlary ýerine ýetirmegi hem ýükläp biler.

(6) Şertleýin sud edileniň özüni alyp barşyna gözegçilik içeri işler organy tarapyndan amala aşyrylýar, harby gullukçylar babatynda bolsa, harby bölümleriň we edaralaryň komandowaniýesi tarapyndan amala aşyrylýar.

(7) Synag möhletiniň dowamynda sud şertleýin sud edileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan organyň ýazyp bermegi boýunça sud edilen adam üçin ozal bellenilen borçnamalary doly ýa-da kem-käsleýin ýatyryp biler ýa-da şolaryň üstüne goşup biler.

(2002–nji ýylyň 14-nji dekabryndaky we 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky -Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 4, 72–nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda).

69 madda. Şertleýin sud edilmegi ýatyrmak ýa-da synag möhletini uzaltmak

(1) Eger şertleýin sud edilen adam synag möhletiniň gutarmagyna çenli özüni alyp barşy bilen düzelendigini subut etse, sud şertleýiň sud edileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan organyň ýazyp bermegi boýunça şertleýin sud etmegi ýatyrmak hakynda we sud edilen adamdan sud edilenlik aýbyny aýyrmak hakynda karar kabul edip biler.

(2) Eger-de şertleýin sud edilen adam öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa ýa-da jemgyýetçilik tertibini bozsa, şonuň üçin oňa administratiw temmi berlen bolsa, sud şu maddanyň birinji böleginde görkezilen organyň ýazyp bermegi boýunça synag möhletini uzaldyp biler, ýöne ol uzaldyş bir ýyldan ýokary bolmaly däldir.

(3) Synag möhletiniň dowamynda sud edilen adam sud tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlary yzygiderli ýa-da bilkastlaýyn ýerine ýetirmändigi üçin sud şu maddanyň birinji böleginde görkezilen organyň ýazyp bermegi boýunça şertleýin sud etmegi ýatyrmak we höküm boýunça bellenilen jezany ýerine ýetirmek barada karara gelýär.

(4) Synag möhletiniň dowamynda şertleýin sud edilen adam tarapyndan täze, seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edilen bolsa, şertleýin sud edilmegini ýatyrmak ýa-da saklamak hakyndaky mesele sud tarapyndan çözülýär.

(5) Synag möhletiniň dowamynda şertleýin sud edilen adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilen halatynda, sud oňa şu Kodeksiň 64 maddasynda göz öňünde tutulan kadalar boýunça jeza belleýär. Eger-de sud şertleýin sud etmegi ýatyrýan bolsa, şol kadalar boýunça hem seresapsyzlyk sebäpli täze jenaýat eden halatynda, şol düzgünler boýunça hem jeza bellenilýär.

691 maddasy güýjüni ýitiren – 2000-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý, № 3-4, 41- nji madda.

IV BÖLÜM. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINDEN

WE JEZADAN BOŞADYLMAGY

10 BAP. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINDEN BOŞADYLMAGY

70 madda. Jenaýatdan meýletin boýun gaçyrmagy bilen baglanyşyklylykda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

(1) Eger adam gutarylmadyk jenaýatyny ahyryna ýetirmekden meýletin we gutarnykly ýüz öwürse, gutarmadyk jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2) Gutarylmadyk jenaýaty ahyryna ýetirmekden meýletin ýüz öwren adam, eger onuň hakyky amal eden hereketi başga jenaýaty düzýän hereketlerden ybarat bolanda, diňe şeýle halatda, jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

(3) Jenaýaty guraýjynyň we öjükdirijiniň meýletin ýüz öwürmegi, eger bu adamlar häkimiýet organlaryna öz wagtynda habar bermek ýa-da öz wagtynda gören başga hili çäreleri arkaly jenaýaty ýerine ýetiriji tarapyndan ahyryna ýetirmegiň öňüni alan bolsalar, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy üçiň esas bolýar. Ýaran, eger onuň özüni soňraky alyp barşy jenaýatyň amala aşyrylmagynyň öňüniň alynmagy üçin özüne bagly bolan ähli çäreleri görendigine şaýatlyk etse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(4) Eger guraýjynyň ýa-da öjükdirijiniň şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen hereketleri jenaýatyň amala aşyrylmagynyň öňüniň alynmagyna getirip bilmedik bolsa, onda olar jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmaýarlar, ýöne olaryň gören çäreleri jeza bellenilende ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde ykrar edilip bilner.

71 madda. Çynlakaý ökünmegi mynasybetli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

(1) Uly bolmadyk agyr jenaýaty ilkinji gezek amala aşyran adam, eger jenaýat edeninden soň ökünip, günäsini boýun alyp, meýletin gelip, jenaýatyň açylmagyna işjeň ýardam etse, ýetirilen zyýanyn öwezini dolsa ýa-da başga tär bilen jenaýatyň ýetiren zyýanyny düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan şertler bar wagtynda başga kategoriýaly jenaýaty amala aşyran adam jenaýat jogapkärçiliginden diňe jenaýat kanuny tarapyndan ýörite göz öňünde tutulan halatlarda boşadylyp bilner.

72 madda. Ejir çeken bilen ýaraşmagy mynasybetli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

Şu Kodeksiň 111, 112, 115 maddalarynda, 132 maddanyň birinji we ikinji böleklerinde, şeýle hem 133 maddada göz öňünde tutulan jenaýatlary ilkinji gezek amala aşyran adam, eger ol ejir çeken bilen ýaraşsa we ejir çekene ýetiren zyýanyny düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

73 madda. Ýagdaýyň üýtgemegine göre jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek amala aşyran adam, eger ýagdaýyň üýtgemegi netijesinde ol adam ýa-da onuň eden etmişi jemgyýetçilik howply bolmagyny bes eden bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

74 madda. Wagt möhletiniň dolmagy sebäpli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

(1) Eger jenaýatyň amala aşyrylan gününden başlap, şu aşakdaky möhletler geçen bolsa, adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar:

a) uly bolmadyk agyr jenaýat amala aşyrylanyndan soň iki ýyl;

b) ortaça agyr jenaýat, amala aşyrylanyndan soň, sekiz ýyl;

w) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat amala aşyrylanyndan soň on bäş ýyl.

(2) Jenaýatyň amala aşyrylan gününden başlap we hökümiň kanuny güýjüne giren pursatyna çenli bolan aralyk wagt möhleti hasaplanylýar. Şol adam täze jenaýaty amala aşyran halatynda wagt möhleti her jenaýat boýunça aýratynlykda geçýär.

(3) Eger adam derňewden ýa-da suddan boýun gaçyrýan bolsa, wagt möhletiniň dowamy togtadylýar. Şeýle halatda wagt möhletiniň dowamy adamyň tutulan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursatyndan täzeden başlanýar.

(4) Aýratyn agyr jenaýaty amala aşyran adama wagt möhletini ulanmak hakyndaky mesele sud tarapyndan çözülýär.

(5) Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy jenaýaty amala aşyran adamlar babatda wagt möhleti ulanylmaýar.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 1, 3 –nji madda).

11 BAP. JEZADAN BOŞADYLMAGY

75 madda. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak

(1) Düzediş işlerinde işletmek, harby gulluk boýunça çäklendirmeler, azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza çekmek möhletini doldurýan ýa-da harby-düzediş bölüminde saklanylýan adam, eger onuň düzelmegi üçin suduň bellän jezasyny çekmegiň möhletiniň doldurylmagy zerur däl diýlip, sud tarapyndan ykrar edilse, jezadan şertleýin möhletinden öň boşadylyp bilner. Şonda ol adam goşmaça jezadan doly ýa-da bölekleýin boşadylyp bilner.

(2) Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ulanmak bilen sud şol adama şu Kodeksiň 68 maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary ýükläp biler, şol borçlary ol adam jeza çekmek möhletiniň galan böleginiň dowamynda ýerine ýetirmelidir.

(3) Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak sud edilen adam tarapyndan hakyky jeza çekmek möhletiniň:

a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň ýarysyndan az bolmadyk bölegini doldurandan soň;

b) agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň üçin iki bölegini doldurandan soň;

w) aýratyn agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň, şeýle hem ozal jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylan adama bellenilen jezanyň dörtden üç bölegini doldurandan soň, eger şertleýin-möhletinden öň boşatmak şu maddanyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýatyrylan bolsa, ulanylyp bilner.

(4) Adamyň azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde jezasyny çekmegiň hakyky möhleti alty aýdan az bolup bilmez.

(5) şertleýin möhletinden öň boşatmak jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň we häkimligiň ýanyndaky degişli gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça iş kesileniň jezasyny çekýän ýerinde ýerleşýän kazyýet tarapyndan ulanylýar.

(6) Şertleýin-möhletinden öň boşadylan adamyň özüni alyp barşyna gözegçilik içeri işler organlary, harby gullukçylar babatda bolsa, harby bölümleriň we edaralaryň komandowaniýeleri tarapyndan amala aşyrylýar.

(7) Eger jezanyň doldurylmadyk möhletiniň dowamynda:

a) iş kesilen adam jemgyýetçilik tertibini bozup, munuň üçin oňa administratiw temmi berlende ýa-da oňa şertleýin-möhletinden öň boşatmak ulanylanda, sud tarapyndan öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmekden bilgeşleýin boýun gaçyrsa, şonda sud şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen organyň ýazyp bermegi boýunça şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrmak we jeza çekmek möhletiniň doldurylman galdyrylan bölegini berjaý etmek hakynda karar kabul edýär;

b) sud edilen seresapsyzlykdan täze jenaýaty amala aşyrsa, şeýle ýagdaýda şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrmak ýa-da saklamak baradaky mesele sud tarapyndan çözülýär;

w) sud edilen bilkastlaýyn jenaýat etse, sud oňa şu Kodeksiň 64 maddasynda göz öňünde tutulan jezany belleýär. Eger sud şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrsa, seresapsyzlyk zerarly jenaýaty amala aşyran halatynda, jeza ýene şol düzgünler boýunça bellenilýär.

(8) Şertleýin-möhletinden öň boşatmak şeýle adama ulanylmaýar:

ozal aýratyn agyr jenaýat edeni üçin sud edilen we täzeden agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat eden adama;

aýratyn agyr residiw ýagdaýynda jenaýat edene.

(1998–nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky, 2002-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky, 2005-nji ýylyň 8-nji martyndaky we 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky - Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 1, 11- nji madda; 2000 ý. № 1, 3–nji madda; 2002 ý. № 4, 72–nji madda; 2005 ý., № 1, 13-nji madda; 2009 ý., № 3, 59-njy madda).

751 maddasy güýjüni ýitiren – 2000-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý, № 3-4, 41- nji madda.

76 madda. Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak

(1) Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan adamyň jeza möhletiniň doldurylmadyk galan bölegini sud onuň jeza çekmek möhletini doldurýan döwründe özüni alyp baryş ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, jezanyň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyryp biler. Şonda ol adam goşmaça jezadan doly ýa-da bölekleýin boşadylyp bilner.

(2) Jeza möhletiniň doldurylmadyk galan bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak iş kesilen jezanyň hakyky möhletiniň azyndan üçden bir bölegini geçireninden soň ulanylyp bilner.

(3) Jeza möhletiniň doldurylman galan bölegi çalşyrylanda jezanyň degişli görnüşi üçin bellenilen çäklerde, şu Kodeksiň 44 maddasynda sanalyp geçilen jezanyň degişli görnüşlerine laýyklykda, sud islendik has ýumşak çäräni saýlap biler.

77 madda. Agyr kesellilik zerarly jezadan boşatmak

(1) Jenaýat edeninden soň öz hereketleriniň hakyky manysyna düşünmek ýa-da şolara ýolbaşçylyk edip bilmek mümkinçiliginden mahrum eden psihiki taýdan bozulma keseline uçran adam jezadan boşadylýar, jeza möhletini doldurýan adam bolsa, mundan beýläk möhletini doldurmakdan azat edilýär. Şeýle adama sud medisina häsiýetli mejbury çäreleri belläp biler.

(2) Jenaýat edeninden soň jeza möhletini doldurmaga päsgel berýän başga bir agyr kesele sezewar bolan adam sud tarapyndan jeza möhletini doldurmakdan boşadylyp bilner.

(3) Jenaýat edeninden soň zähmet çekmäge bolan ukybyny ýitiren ýa-da pensiýa ýaşyna ýeten adamlar sud tarapyndan düzediş işleri görnüşindäki jezadan boşadylyp bilner.

(4) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen adamlar sagalan halatynda, eger şu Kodeksiň 74 we 79 maddalarynda göz öňünde tutulan wagt möhleti geçmedik bolsa, jeza berilmegine degişli bolup biler.

78 madda. Göwreli aýallaryň we kiçi ýaşly çagalary bolak aýallaryň jezasyny çekmegini yza süýşürmek

(1) Sud edilen göwreli aýallara we sekiz ýaşyna çenli çagalary bolan aýallara, şahsyýete garşy agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar üçin bäş ýyldan ýokary möhlete sud edilenlerden başgalaryna, sud jeza möhletini doldurmagy çaga sekiz ýaşyna ýetýänçä yza süýşürip biler.

(2) Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen aýal sud edileniň özüni alyp barşyna kontrollygy amala aşyrýan organ tarapyndan duýduryş berlenden soňra çagadan ýüz öwürse ýa-da çagany terbiýelemekden boýun gaçyrmagyny dowam edýän halatynda, sud şol organyň haýyşnamasy boýunça şol aýalyň jeza möhletini doldurmagynyň yza süýşürilmegini ýatyryp biler we sud edilen aýaly suduň hökümine laýyklykda jeza möhletini doldurmak üçin bellenen ýere iberip biler.

(3) Çaga sekiz ýaşyna ýetensoň, sud edilen aýaly sud jeza möhletiniň galan bölegini doldurmakdan boşadýar ýa-da jezanyň galan bölegini has ýeňil görnüşi bilen çalşyrýar ýa-da sud edilen aýaly jeza möhletiniň galan bölegini doldurmak üçin degişli edara dolandyryp eltmek hakynda karar kabul edýär.

(4) Eger sud edilen aýal jezany doldurmak yza süýşürilen döwürde täze jenaýat etse, sud şu Kodeksiň 64 maddasy tarapyndan göz öňünde tutulan düzgünler boýunça oňa jeza belleýär.

79 madda. Günä yglan edýän höküme wagt möhletiniň geçmegi sebäpli jeza möhletini doldurmakdan boşatmak

(1) Jenaýat edendigi üçin sud edilen adam eger günä yglan edýän höküm kanuny güýjüne giren gününden hasaplanylyp, şu aşakdaky möhletlerde ýerine ýetirilmedik bolsa, jeza çekmek möhletini doldurmakdan boşadylýar:

a) uly bolmadyk agyr jenaýat üçin sud edilende iki ýyl;

b) ortaça agyr jenaýat üçin sud edilende sekiz ýyl;

w) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat üçin sud edilende on bäş ýyl möhletlerde ýerine ýetirilmedik bolsa.

(2) Eger sud edilen adam jeza möhletini doldurmakdan boýun gaçyrýan bolsa, müddetiň dowamy wagtlaýyn togtadylýar. Şeýle halatda şol adam tutulan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursatydan wagt möhleti täzeden başlanýar. Günäkär adamyň jeza çekmek möhleti möhletini doldurmakdan boýun gaçyran pursatyna çenli geçen wagt möhleti hasaplanmaga degişlidir.

(3) Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy eden jenaýaty üçin sud edilen adamlara wagt möhleti ulanylmaýar.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, 3–nji madda).

12 BAP. GÜNÄ GEÇME, REHIM ETME,

SUD EDILENLIK AÝBY (2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 1, 3–nji madda).

80 madda. Günä geçme we rehim etme

(1) Jenaýaty amala aşyran adam günä geçme namasy esasynda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar. Jenaýat edenligi üçin sud edilen adam günä geçme namasyna laýyklykda jeza çekmekden doly boşadylyp bilner, bellelilen jeza kemeldilip ýa-da has ýeňli bilen çalşyrylyp bilner, şeýle adam goşmaça jezadan boşadylyp bilner.

(2) Jenaýat edendigi üçin sud edilen adam rehim etme namasy esasynda jeza çekmegiň mundan beýläkki möhletinden şertli ýa-da şertsiz boşadylyp bilner, oňa bellenilen jeza kemeldilip ýa-da has ýeňli bilen çalşyrylyp bilner.

(3) Eger şertli rehim edilen adam özüne bellenilen synag möhletiniň dowamynda gaýtadan bilkastlaýyn jenaýat etse, sud oňa şu Kodeksiň 64 maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça jeza belleýär.

(2000–nji ýylyň 23-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 1, 3 –nji madda).

81 madda. Sud edilenlik aýby

(1) Jenaýat edendigi üçin sud edilen adam günä yglan edýän höküm kanuny güýjüne giren gününden sud edilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursatyna çenli sud edilen hasaplanylýar.

(2) Sud edilenlik aýby şeýle ýagdaýlarda öz-özünden aýrylýar:

a) şertli sud edilenler babatda synag möhletiniň dolmagy bilen;

b) azatlykdan mahrum etmekden has ýeňil jeza çäresi bilen sud edilen adamlar babatda bellenilen esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini doldurmagy bilen;

w) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek bilen sud edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň iki ýylyň geçmegi bilen;

g) agyr jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek bilen sud edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň dört ýylyň geçmegi bilen;

d) aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin sud edilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň alty ýylyň geçmegi bilen.

(3) Eger adam jeza çekmekden kanun arkaly bellenilen tertipde möhletinden öň boşadylan bolsa ýa-da jeza çekmegiň doldurylmadyk bölegi onuň has ýeňli bilen çalşyrylan bolsa, onda sud edilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti esasy we goşmaça jezasyny çekmegiň hakyky möhletini doldurmagyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

(4) Eger sud edilen adam jeza çekmek möhletini dolduranyndan soň özüni bir kemsiz alyp baran bolsa, onda onuň haýyş etmegi boýunça sud onuň sud edilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhleti gutarýança, ýöne bu möhletiň ýarysy dolmazdan öň däl, ondan sud edilenligi aýryp biler.

V BÖLÜM. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ JOGAPKÄRÇILIGI

13 BAP. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINIŇ WE JEZASYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

82 madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat jogapkärçiligi

(1) Jenaýaty amala aşyran pursatynda on dört ýaşyny dolduran, ýöne on sekiz ýaşy doldurmadyklar, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar diýlip ykrar edilýär. Degişli ýaşa ýetilen pursat doglan senesine gabat gelýän günüň yz ýanyndaky günüň başlanýan wagty hasaplanylýar.

(2) On sekiz ýaşyna çenli jenaýat eden adamyň jenaýat jogapkärçiligi şu Kodeksiň şu bölüminiň maddalary we umumy düzgünleri arkaly kesgitlenilýär.

(3) Jenaýat işini amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmediklere jeza çäresi ýa-da şolara terbiýeçilik täsirli mejbury çäreler ulanylyp bilner.

83 madda. Jezanyň bellenilmegi

(1) Kämillik ýaşyna ýetmedige jeza bellenilende onuň ýaşaýyş we terbiýeleniş şertleri, psihiki ösüş derejesi, şahsyýetiň beýleki aýratynlyklary, jenaýatyň äheňi, şeýle hem uly ýaşly adamlaryň we beýleki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň täsiri göz öňünde tutulýar.

(2) Kämillik ýaşyna ýetmezlik jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan beýleki ýagdaýlar bilen bilelikde göz öňünde tutulýar.

84 madda. Jezanyň görnüşleri

(1) Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin jezanyň görnüşleri şulardyr:

a) jerime;

b) düzediş işleri;

w) azatlykdan mahrum etmek.

85 madda. Jerime

Jerime diňe özbaşdak girdejisi bar bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda ulanylýar we zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ikisinden ýüzüsine çenli bolan çäklerde bellenilýär.

86 madda. Düzediş işleri

(1) Düzediş işleri diňe on alty ýaşyna ýeten, zähmet çekmäge ukyply kämillik ýaşyna ýetmediklere özleriniň iş ýerlerinde, eger kämillik ýaşyna ýetmedik işlemeýän we okamaýan bolsa, sud edileniň ýaşalýan ýeriniň raýonynda başga ýerlerinde bir ýyla çenli möhlet bilen ulanylýar.

(2) Kämillik ýaşyna ýetmedikler düzediş işleriniň möhletini doldurmakdan bilkastlaýyn boýun gaçyran ýagdaýynda sud düzediş işleriniň doldurylmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyryp biler, emma onuň möhleti dört aýdan köp bolmaly däldir. Düzediş işlerini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyrmak şu Kodeksiň 50 maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.

87 madda. Azatlykdan mahrum etmek

(1) Kämillik ýaşyna ýetmedikleri azatlykdan mahrum etmek on ýyldan ýokary bolmadyk möhlete, aýratyn agyr jenaýat üçin bolsa on bäş ýyldan ýokary bolmadyk möhlete bellenilýär.

(2) Höküm çykarylan pursatynda on sekiz ýaşyna ýetmedik adama azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak terbiýeleýiş koloniýasyna bellenilýär.

88 madda. Jezadan boşatmak

Uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýaty birinji gezek amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmedigi, eger amal eden etmişiniň we onuň netijesiniň häsiýeti, şahsyýeti hem-de onuň işiniň başga ahwalatlary hakyndaky maglumatlar boýunça onuň düzelmegi jezany ulanmazdan mümkin bolsa, sud jezadan boşadyp we oňa terbiýeleýjilik häsiýetli mejbury çäreleri ulanyp ýa-da ony kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin ýörite terbiýeleýiş ýa-da bejeriş-terbiýeleýiş edarasyna ýerleşdirip biler.

89 madda. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmak

(1) Uly bolmadyk agyr jenaýaty birinji gezek amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmedik adam, eger onuň düzelmegini terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmak ýoly bilen gazanyp bolmagy mümkin diýlip ykrar edilse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

(2) Kämillik ýaşyna ýetmedige terbiýeçilik täsirli şu aşakdaky çäreler bellenilip bilner:

References