Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 02.05.2014

Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda

Official text as of 02.05.2014

Updated on the portal · 12.08.2026

Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda

«Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen № 70-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 35- madda)

(Türkmenistanyň 02.07.2009 ý. № 44-IV Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler

we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukuklaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir we jemgyýetçilik birleşikleriniň düzüminiň, işiniň, gaýtadan guralmagynyň we ýatyrylmagynyň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem şol çygyrda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Jemgyýetçilik birleşigi diýen düşünje

Jemgyýetçilik birleşigi raýatlaryň başlangyjy boýunça döredilen, jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda beýan edilen umumy maksatlary durmuşa geçirmek üçin bähbitleriň umumylygy esasynda birleşen meýletin, öz-özüňi dolandyryş, täjirçilik däl birikmesidir.

Raýatlar jemgyýetçilik birleşiklerini öz isleglerine görä döredýärler, olaryň tertipnamalaryny berjaý etmek şertlerinde şeýle jemgyýetçilik birleşiklerine girmäge bolan hukuga eýedirler.

2-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we düzgünlerine esaslanýar we şu Kanundan, şeýle hem Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň aýry-aýry görnüşleriniň döredilmegi, işi, gaýtadan guralmagy we ýatyrylmagy bilen baglanyşykly aýratynlyklar şu Kanuna laýyklykda kabul edilýän ýörite kanunlar bilen düzgünleşdirilýär. Şeýle jemgyýetçilik birleşikleriniň işi ýörite kanunlar kabul edilýänçä, şeýle hem ýörite kanunlar bilen kadalaşdyrylmadyk jemgyýetçilik birleşikleriniň işi şu Kanun arkaly düzgünleşdirilýär.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen şu Kanunda bellenilen düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

Şu Kanunyň täsiri raýatlaryň başlangyjy boýunça döredilen jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidir, dini guramalar, täjirçilik guramalary tarapyndan döredilýän täjirçilik däl birleşmeleri (assosiasiýalary), şeýle hem syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary we beýleki jemgyýetçilik birikmeleri muňa degişli däldir, olary döretmegiň we işiniň tertibi ýörite kanunlar arkaly kesgitlenilýär.

Şu Kanunyň täsiri daşary ýurt jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň çäklerinde döredilen düzüm birlikleriniň - guramalarynyň, bölümleriniň (şahamçalarynyň) we wekilhanalarynyň işine hem degişlidir.

4-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge we onuň işlemegine bolan çäklendirmeler

Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmegi, döwletiň howpsuzlygyna zyýan etmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykýan, urşy, jyns, milli, jemgyýetçilik, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna hyýanat edýän jemgyýetçilik birleşikleriniň döredilmegi we işlemegi, şeýle hem harbylaşdyrylan birikmeleriň döredilmegi gadagan edilýär.

5-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň döredijileri, agzalary we gatnaşyjylary

Şu Kanun, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň aýry-aýry görnüşleri hakyndaky kanunlar bilen başgaça bellenilmedik bolsa,Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten raýatlary jemgyýetçilik birleşikleriniň (eger olaryň tertipnamalarynda agzalyk göz öňünde tutulmaýan bolsa) döredijileri, agzalary, gatnaşyjylary bolup bilerler.

Türkmenistanyň 14 ýaşyna ýeten raýatlary ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup bilerler.

Türkmenistanyň 8 ýaşyna ýeten raýatlary çagalar jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary we gatnaşyjylary bolup bilerler.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalygyny gazanmagyň, ýitirmegiň şertleri we tertibi, şol sanda olaryň agzalygyndan ýaşy boýunça çykmagyň şertleri degişli jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalary arkaly kesgitlenilýär.

Resminamalarda ol ýa-da beýleki jemgyýetçilik birleşigine agzalygyň görkezilmegi barada talap etmäge ýol berilmeýär. Raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidigi ýa-da degişli däldigi olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge esas hökmünde, döwlet tarapyndan olara haýsydyr bir ýeňillikleriň we artykmaçlyklaryň berilmegi üçin şert hökmünde hyzmat edip bilmez, muňa Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar degişli däldir.

Döwlet edaralary jemgyýetçilik birleşikleriniň döredijileri, agzalary we gatnaşyjylary bolup bilmezler.

Halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň işine Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar, raýatlygy ýok adamlar we edara görnüşli taraplar -Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň jemgyýetçilik birleşikleri hem gatnaşyp bilerler.

Umumymilli jemgyýetçilik birleşikleriniň işine edara görnüşli taraplar -Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleri hem gatnaşyp bilerler.

II bap. Jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşleri

6-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşleri

Türkmenistanda jemgyýetçilik birleşikleri şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň biri hökmünde döredilip bilner:

jemgyýetçilik guramasy;

jemgyýetçilik hereketi;

jemgyýetçilik gaznasy;

jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy.

7-nji madda. Jemgyýetçilik guramasy

Jemgyýetçilik guramasy agzalyga esaslanan, umumy bähbitlerini goramak we tertipnamalaýyn maksatlaryny gazanmak üçin birleşen raýatlaryň bilelikde iş alyp barýan işi esasynda döredilen jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

Jemgyýetçilik guramasynyň iň ýokary ýolbaşçy edarasy gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak bolup durýar. Jemgyýetçilik guramasynyň hemişelik işleýän ýolbaşçy edarasy gurultaýa (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnaga hasabat berýän saýlawly geňeşli edara hasaplanylýar.

8-nji madda. Jemgyýetçilik hereketi

Jemgyýetçilik hereketine gatnaşyjylardan ybarat bolan we agzalygy bolmadyk gatnaşyjylaryň öz öňlerinde goýan durmuş, syýasy we beýleki jemgyýetçilige peýdaly maksatlara eýerýän köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşigi jemgyýetçilik hereketi bolup durýar.

Jemgyýetçilik hereketiniň iň ýokary ýolbaşçy edarasy gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak bolup durýar. Jemgyýetçilik hereketiniň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasy gurultaýa (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnaga hasabat berýän saýlawly geňeşli edara bolup durýar.

9-njy madda. Jemgyýetçilik gaznasy

Jemgyýetçilik gaznasy täjirçilik däl gaznalaryň görnüşleriniň biri bolup durýar we ol agzalygy bolmadyk jemgyýetçilik birleşiginden ybaratdyr, onuň maksady meýletin gatançlaryň, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki gelip gowuşýan serişdeleriň esasynda emlägi emele getirmekden we şol emlägi jemgyýetçilige peýdaly maksatlar üçin peýdalanmakdan ybarat bolup durýar. Jemgyýetçilik gaznasyny döredijileriň we onuň emlägini dolandyryjylaryň şol görkezilen emlägi öz bähbitleri üçin peýdalanmaga haky ýokdur.

Jemgyýetçilik gaznasynyň ýolbaşçy edarasy ony döredijiler we (ýa-da) oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýa jemgyýetçilik gaznasynyň döredijileriniň maslahatlary, ýa-da aýry-aýrylykda bellemek görnüşinde kabul edilen çözgüdi bilen, ýa gurultaýda (konferensiýada) ýa-da umumy ýygnakda saýlamak arkaly gatnaşyjylar tarapyndan düzülýär.

10-njy madda. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy

Raýatlaryň ýaşaýan, okaýan ýa-da işleýän ýerinde ýüze çykýan, bähbitleri öz döredilýän ýeri boýunça jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasynyň tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly bolan çäklendirilmedik adamlar toparynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen, dürli durmuş meselelerini bilelikde çözmegi maksat edinýän, agzalygy bolmadyk jemgyýetçilik birleşigi jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy bolup durýar.

Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy görkezilen meseleleri çözmek bilen gyzyklanýan raýatlaryň başlangyjy boýunça düzülýär we döredijileriň ýygnagynda kabul edilen tertipnama laýyklykda öz işini öz-özüni dolandyryş esasynda guraýar. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasynyň ýokarda durýan edaralary ýa-da guramalary ýokdur.

11-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmeleri (assosiasiýalary)

Jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, täze jemgyýetçilik birleşiklerini emele getirmek bilen, birleşmeleriň (assosiasiýalaryň) kabul eden dörediliş şertnamalary we (ýa-da) tertipnamalary esasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmelerini (assosiasiýalaryny) döretmäge haky bardyr. Jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmeleriniň (assosiasiýalaryň) edara görnüşli taraplar hökmunde hukuklylygy olar döwlet belligine alnan pursatyndan başlap ýüze çykýar.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmeleriniň (assosiasiýalaryň) döredilmegi, işlemegi, gaýtadan guralmagy we ýatyrylmagy şu Kanun arkaly göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

12-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň ýörelgeleri

Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan kanunyň öňünde deňdirler. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işi meýletinlik, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak we kanunylyk ýörelgelerine esaslanýar. Jemgyýetçilik birleşikleri öz içerki düzümini, maksatlaryny, görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde erkindir.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň işi aýan bolmalydyr, olaryň dörediliş we maksatnamalaýyn resminamalary hakyndaky maglumatlar bolsa hemmeler üçin elýeterli bolmalydyr.

13-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň ýerli çygry

Türkmenistanda halkara, umumymilli we ýerli jemgyýetçilik birleşikleri döredilýär hem hereket edýär.

Türkmenistanda döredilen jemgyýetçilik birleşigi, eger onuň tertipnamasyna laýyklykda daşary ýurt döwletlerinde iň bolmanda bir düzüm birligi-guramasy, bölümi (şahamçasy), wekilhanasy döredilýän we öz işini alyp barýan bolsa, halkara jemgyýetçilik birleşigi diýlip ykrar edilýär.

Umumymilli jemgyýetçilik birleşiklerine işi öz tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň ähli çäklerine ýa-da onuň welaýatlarynyň köpüsine ýaýraýan birleşikler degişlidir.

Ýerli jemgyýetçilik birleşiklerine işi öz tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda welaýatyň, şäheriň, etrabyň, şäherçäniň we obanyň çäklerinde ýaýraýan jemgyýetçilik birleşikleri degişlidir.

14-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik birleşikleri

Döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň işine gatyşmaklygyna, şonuň ýaly hem jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň işine gatyşmaklygyna ýol berilmeýär, muňa şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlar degişli däldir.

Döwlet jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, olaryň işini goldaýar, olara salgytlar barada we beýleki ugurlarda ýeňillikleriň hem-de artykmaçlyklaryň berilmegini kanunlar arkaly düzgünleşdirýär. Döwlet tarapyndan goldaw jemgyýetçilik birleşikleriniň ýüztutmalary boýunça olaryň jemgyýetçilige peýdaly aýry-aýry maksatnamalaryny belli bir maksatlar bilen maliýeleşdirmek (döwlet grantlary); şertnamalaryň islendik görnüşlerini baglaşmak, şol sanda işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek; dürli döwlet maksatnamalaryny bäsleşik esasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň çäklendirilmedik toparynyň ýerine ýetirmegi üçin jemgyýetçilik sargydy görnüşinde berlip bilner.

Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly göz öňünde tutulan halatlarda jemgyýetçilik birleşikleriniň bähbitlerine dahylly meseleler degişli jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy bilen ýa-da olaryň ylalaşmagy boýunça döwlet edaralary tarapyndan çözülýär.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň diwanynyň hakyna tutmak boýunça işleýän işgärlerine Türkmenistanyň zähmet hakyndaky we durmuş ätiýaçlandyrmasy hakyndaky kanunçylygy degişli edilýär.

III bap. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek

15-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek

Jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan döredijileriň başlangyjy boýunça döredilýär, şunda olaryň sany bäşden az bolup bilmez. Şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarda döredijileriň düzümine Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda daşary ýurt raýatlary, Türkmenistanyň we daşary döwletleriň edara görnüşli taraplary - jemgyýetçilik birleşikleri girip bilerler. Halkara jemgyýetçilik birleşikleri öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

Halkara we umumymilli jemgyýetçilik birleşikleri degişlilikde 50 we 500 agzalary ýa-da gatnaşyjylary bolan halatynda döredilip bilner.

Jemgyýetçilik birleşigini döretmek hakyndaky, onuň tertipnamasyny tassyklamak baradaky we onuň ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny düzmek hakyndaky çözgüt gurultaýda (konferensiýada) ýa-da umumy ýygnak tarapyndan kabul edilýär.

Jemgyýetçilik birleşiginiň edara görnüşli tarap hökmünde hukuklylygy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnandan hem-de birleşik hakyndaky maglumatlar Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilenden soň ýüze çykýar.

16-njy madda. Jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasy

Jemgyýetçilik birleşiginiň guralyşy we düzümi tertipnama arkaly düzgünleşdirilýär.

Tertipnama şulary göz öňünde tutmalydyr:

jemgyýetçilik birleşiginiň adyny, maksatlaryny we wezipelerini, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini;

jemgyýetçilik birleşiginiň öz işini amala aşyrýan çäklerinde jemgyýetçilik birleşiginiň düzümini, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny;

jemgyýetçilik birleşiginde (tertipnamasynda agzalygy göz öňünde tutulan birleşik üçin) agzalygy gazanmagyň we ýitirmegiň şertleri hem tertibi, agzalygy göz öňünde tutýan birleşik üçin şol birleşigiň agzalarynyň we oňa gatnaşyjylaryň hukuklaryny hem borçlaryny;

jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy edaralarynyň ygtyýarlylyklaryny we düzüminiň tertibini, olaryň ygtyýarlylyk möhletlerini;

hemişelik işleýän ýolbaşçy edaranyň ýerleşýän ýerini;

ýolbaşçy edaranyň maslahatlaryny bellemegiň we olar tarapyndan çözgütleri kabul etmegiň tertibi;

jemgyýetçilik birleşiginiň pul serişdelerini we beýleki emlägini emele getirmegiň çeşmelerini, emlägi ulanmak boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň hem-de onuň düzüm birlikleriniň hukuklaryny;

jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibini;

jemgyýetçilik birleşigini gaýtadan guramagyň, ýapmagyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşigi ýapylanyndan soň galýan emlägi paýlamagyň tertibini.

Tertipnama jemgyýetçilik gaznalary üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlardan başga şulary göz öňünde tutmalydyr:

peşgeş berilýän zatlaryň iň az möçberini we görnüşini;

pul möçberlerini peýdalanmak baradaky görkezmäni.

Jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda jemgyýetçilik birleşiginiň işine degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem bolup biler.

17-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak

Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň görnüşlerine garamazdan, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bütewi kanuny we Türkmenistanyň beýleki kanunlary tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynýar.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenilen tertipde Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilmegi hökmanydyr.

Bellige alynmadyk jemgyýetçilik birleşiginiň işi gadagan edilýär. Bellige alynmadyk jemgyýetçilik birleşiginiň adyndan işi amala aşyrýan adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

Jemgyýetçilik birleşiginiň bellige alynmagy üçin şu resminamalar berilýär:

her biriniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny görkezmek bilen, şol jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy edarasynyň ähli döredijileri hem-de agzalary tarapyndan gol çekilen arzasy;

jemgyýetçilik birleşiginiň iki nusgadaky tertipnamasy;

jemgyýetçilik birleşiginiň dörediliş gurultaýynyň (konferensiýanyň) ýa-da umumy ýygnagyň ony döretmek hakyndaky, onuň tertipnamasyny tassyklamak baradaky we ýolbaşçy hem gözegçilik-derňew edaralaryny düzmek hakyndaky maglumatlardan ybarat bolan teswirnamasy;

döredijiler hakyndaky maglumatlar;

hasaba alyş ýygymynyň tölenilendigi hakyndaky resminama;

jemgyýetçilik birleşiginiň ýerleşmeli salgysynyň berlendigi hakyndaky resminama.

Halkara jemgyýetçilik birleşigini bellige almak üçin şu maddanyň dördünji böleginde sanalyp geçilen resminamalardan başga-da Türkmenistanyň çäginden daşarda düzüm birliginiň - guramasynyň, bölüminiň (şahamçasynyň), wekilhanasynyň bardygyny tassyklaýan resminama hökmandyr.

Daşary ýurt jemgyýetçilik birleşikleriniň düzüm birlikleri Türkmenistanyň çäginde bellige alnanda olaryň daşary ýurduň çäginde döredilen esasy jemgyýetçilik birleşiginiň dörediliş resminamalarynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgalarynyň hem berilmegi hökmandyr.

Resminamalar dörediliş gurultaýy (konferensiýasy) ýa-da umumy ýygnak geçirilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda bellige alynmagy üçin berilýär.

Jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak işi şu maddada sanalyp geçilen resminamalar berlen pursatyndan başlap bir aý möhletde geçirilýär.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalaryndaky üýtgetmeler, goşmaçalar, şeýle hem hasaba alynmaga degişli üýtgän maglumatlar jemgyýetçilik birleşikleri hasaba alnandaky tertipde we möhletlerde bellige alynýar we bellige alnan pursatyndan başlap hukuk güýjüne eýe bolýar.

Jemgyýetçilik birleşiginiň, onuň tertipnamasyna soňra girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň bellige alnandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly göz öňünde tutulan tertipde we möçberlerde bellige alyş ýygymlary alynýar.

Ýaşlar we çagalar jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak olaryň ýolbaşçy edaralaryna kämillik ýaşyna ýeten azyndan bir raýat saýlanandan soň amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi jemgyýetçilik birleşikleriniň sanawyny ýöredýär we bellige alyş şahadatnamalaryny berýär.

18-nji madda. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan boýun gaçyrmak

Jemgyýetçilik birleşigini şu esaslar boýunça bellige almakdan boýun gaçyrylyp bilner:

eger jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanunyň 4, 5, 16, 17-nji maddalarynyň düzgünlerine we Türkmenistanyň beýleki kanunlaryna garşy gelýän bolsa;

eger şol çäkde şol bir at bilen ozal başga bir jemgyýetçilik birleşigi bellige alnan bolsa we şol birleşik öz işini ýöredýän bolsa;

eger dörediliş resminamalary doly sanawynda berilmedik bolsa ýa-da olar talaba laýyk resmileşdirilmedik bolsa;

eger bellige alynmak üçin berlen dörediliş resminamalarynda görnetin ýalan maglumatlaryň bardygy anyklanan bolsa;

eger jemgyýetçilik birleşiginiň ady raýatlaryň ahlaklylygyny, milli we dini duýgularyny masgaralaýan bolsa;

eger jemgyýetçilik birleşigini döredijileriň biri ozal aýratyn agyr jenaýat üçin kazyýet jogapkärçiligine çekilen bolsa.

Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan boýun gaçyrylan halatynda arza berijilere bellige almakdan boýun gaçyrylmagynyň esaslaryny görkezmek bilen bu barada ýazmaça görnüşde habar berilýär.

Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan boýun gaçyrylmagy boýun gaçyrmaga getiren sebäpler düzedilen mahalynda ony bellige almak üçin gaýtadan resminamalary bermek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

Gaýtadan ýüz tutulmagyna seredilmegi we şol boýunça çözgüt çykarylmagy şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

19-njy madda. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan boýun gaçyrylmagy barada şikaýat

Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan boýun gaçyrylmagy barada kanunçylyk arkaly bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

20-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary

Jemgyýetçilik birleşikleriniň baýdaklary, emblemalary, wympelleri we beýleki nyşanlary bolup biler. Jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň nyşanlaryna gabat gelmeli däldir. Jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary şu Kanunyň 4-nji maddasynda görkezilen maksatlary wagyz edip bilmez. Jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga we hasaba alynmaga degişlidir.

IV bap. Jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary

21-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary

Jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalaýyn maksatlary amala aşyrmak üçin şulara hukugy bardyr:

öz işi hakyndaky maglumatlary ýaýratmaga;

şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary arkaly göz öňünde tutulan tertipde we möçberde döwlet edaralarynyň çözgütlerini işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we dabaraly ýörişleri geçirmäge;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge we neşir işini amala aşyrmaga;

döwlet edaralarynda we jemgyýetçilik birleşiklerinde wekilçilik etmäge hem-de öz hukuklaryny we öz agzalarynyň we gatnaşyjylarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga;

jemgyýetçilik durmuşyna degişli meseleler boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge, döwlet edaralaryna teklipleri bermäge;

şu jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda onuň saýlawlara gatnaşmagy baradaky düzgünler bar bolsa, saýlaw möwsümlerine gatnaşmaga.

Jemgyýetçilik birleşikleri halkara jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, halkara gatnaşyklaryny hem-de aragatnaşyklaryny saklap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşmagynda degişli ylalaşyklary baglaşyp bilerler.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň anyk görnüşleri hakyndaky kanunlar arkaly gaýry hukuklar hem göz öňünde tutulyp bilner.

22-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň borçlary

Jemgyýetçilik birleşikleri:

Türkmenistanyň kanunçylygyny, şol sanda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşi amala aşyrylanda ygtyýarnamalaşdymak hakyndaky kanunçylygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň we kadalarynyň özleriniň iş çygyrlaryna degişli çäklerini, şeýle hem özleriniň tertipnamasy we beýleki dörediliş resminamalary arkaly göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge;

hemişelik işleýän ýolbaşçy edarasynyň hakyky ýerleşýän ýerini, adyny we jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy hakyndaky maglumatlary görkezmek bilen öz işini dowam etdirmek hakynda her ýyl Türkmenistanyň Adalat ministrligine Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň möçberinde, şol görkezilen maglumatlar degişli döwlet edarasyna berilýänçä habar bermäge;

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi ýüztutmasy boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň çözgütlerini, şeýle hem öz işi hakynda salgyt guramalaryna berilýän ýyllyk we çärýekleýin hasabatlary bermäge;

geçirilýän çäreleriň senesi hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligine deslapdan habar bermäge, şeýle hem geçirilýän çärelere Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekillerini goýbermäge;

tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek we Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmek bilen baglanyşyklylykda jemgyýetçilik birleşiginiň işi bilen tanyşmakda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekillerine ýardam etmäge;

bellige alynmaga degişli üýtgetmeleri, maglumatlary haýal etmän Türkmenistanyň Adalat ministrligine bermäge;

jemgyýetçilik birleşikleri daşary ýurtlaryň tehniki we gaýry kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige aldyrmaga borçludyrlar.

23-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň hasabatlylygy

Jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde buhgalterlik hasabaty alyp barýarlar, maglumat hasabatyny alyp ýöredýärler we berýärler.

V bap. Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi, birleşikleriň emlägini dolandyrmak

24-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi

Jemgyýetçilik birleşikleri jaýlary. binalary, desgalary, ýaşaýyş jaý goruny, ulaglary, enjamlary, gurallary, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emlägi, pul serişdelerini, paýnamalary, beýleki gymmatly kagyzlary we jemgyýetçilik birleşiginiň özleriniň tertipnamalarynda bellenilen işi maddy taýdan üpjün etmäge zerur bolan beýleki eýeçiligi edinip bilerler.

Özleriniň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda şol jemgyýetçilik birleşikleriň serişdeleriniň hasabyna döredilýän hem-de satyn alynýan edaralar, neşirýatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem jemgyýetçilik birleşiginiň eýeçiliginde bolup biler.

Türkmenistanyň kanunlary arkaly emlägiň döwlet we jemgyýetçilik howpsuzlygy nukdaý nazaryndan ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda jemgyýetçilik birleşiginiň eýeçiliginde bolup bilmejek görnüşleri bellenilip bilner.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi kanun arkaly goralýar.

25-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň maliýeleşdirilmegi

Jemgyýetçilik birleşiklerini maliýeleşdirmegiň esasy çeşmeleri şular bolup biler:

-giriş we agzalyk gatançlary;

-meýletin gatançlar we peşgeş berlen zatlar;

-Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde edara görnüşli taraplardan, şol sanda daşary ýurt täjirçilik däl we býujet guramalaryndan maksatlaýyn maliýeleşdirilýän we gelip gowuşýan serişdeler (grantlar görnüşinde);

-jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasyna laýyklykda geçirilýän leksiýalardan, sergilerden, lotereýalardan, auksionlardan, sport we beýleki çärelerden gelip gowuşýan serişdeler;

-telekeçilik işinden, raýatlyk hukuk geleşiklerinden gelip gowuşýan girdejiler;

-Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik beýleki serişdeler.

Tertipnamalary saýlawlara gatnaşmagy göz öňünde tutýan jemgyýetçilik birleşikleriniň saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen baglanyşykly iş üçin daşary ýurt döwletlerinden, guramalardan hem-de raýatlardan maliýe we beýleki maddy kömegi almaga haky ýokdur.

References