Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 23.10.2020

Türkmenistanyň Mejlisi hakynda

Official text as of 23.10.2020

Updated on the portal · 12.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Mejlisi hakynda

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap

«Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň kanuny - 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda kabul edilen № 303-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň Mejlisi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 1, 15-nji madda)

(Türkmenistanyň 18.12.2013 ý. № 462-IV, 23.05.2015 ý. № 241-V, 12.01.2016 ý. № 324-V we 28.01.2017 ý. № 494-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň, onuň düzümleriniň we saýlanylýan wezipeli adamlarynyň, deputatlarynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýär.

I bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Onuň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis) işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2-nji madda. Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bilen saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti bäş ýyldyr.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

Mejlis Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 79-njy maddasyna laýyklykda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda - Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

II bap. Mejlisiň we onuň düzümleriniň işiniň guralyşy

3-nji madda. Mejlisiň işi maslahat görnüşinde geçirilýän ýygnaklar, şeýle hem Mejlisiň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlary görnüşinde amala aşyrylýar we ol meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga, olary bileleşip çözmäge, onuň döredýän düzümleriniň we saýlaýan wezipeli adamlarynyň Mejlisiň öňünde jogapkärçiligine, hasabatlylygyna, aýanlygyna, jemgyýetçilik pikiriniň hemişe hasaba alynmagyna esaslanýar.

4-nji madda. Mejlisiň maslahatyna deputatlaryň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda ol doly ygtyýarlydyr.

5-nji madda. Mejlisiň maslahaty zerurlyga görä, ýöne her ýyl azyndan iki gezek Mejlisiň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Mejlisiň nobatdan daşary maslahatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýa-da Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden biriniň teklibi boýunça çagyrylyp bilner.

6-njy madda. Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty onuň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi saýlanylandan soň otuz günden gijä goýman Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Saýlawlardan soň Mejlisiň birinji maslahatyny Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy açýar we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň Başlygy saýlanylýança ol maslahaty alyp barýar.

Mejlisiň maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşan halatynda ol maslahaty açýar we alyp barýar.

7-nji madda. Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ykrar edilýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

Mejlisiň täze çagyrylyşy deputatlaryň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä diňe maslahaty açmak, Mandat we Ses sanaýjy toparlary saýlamak baradaky meseleler boýunça kararlary kabul edip biler.

Mejlis Mandat toparynyň teklipnamasy boýunça Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda, saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň bozulan halatynda bolsa, aýry-aýry deputatlary saýlamak boýunça geçirilen saýlawlary hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda karar kabul edýär.

8-nji madda. Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň Dessury tarapyndan bellenilen tertipde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem beýleki adamlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşmaga haklydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşyp bilerler.

9-njy madda. Mejlisde kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

Mejlis aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny beren halatynda, soňra şol kanunlary tassyklamak baradaky meselä Mejlis tarapyndan hökman garalmalydyr.

Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

Mejlis kanunlary, kararlary we beýleki namalary kabul edýär. Olar Mejlisiň maslahatlarynda açyk ýa-da atma-at ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär.

Konstitusion kanunlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Kanunlar, kararlar we beýleki namalar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Ses bermegiň tertibi Mejlisiň Dessury tarapyndan bellenilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň ähli ýerinde hökmanylyk güýji bardyr.

10-njy madda. Kanunlaryň hereket etmegi üçin hökmany şert kanunlaryň, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň çap edilmegidir.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň namalaryny çap etmegiň we güýje girizmegiň tertibi degişli kanun bilen kesgitlenilýär.

11-nji madda. Mejlis deputatlaryň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olaryň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Mejlis gizlin ses bermek arkaly, deputatlaryň umumy sanyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny saýlaýar, ol bolsa Mejlisiň öňünde hasabat berijidir. Mejlisiň Başlygyny saýlamak hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär.

Mejlisiň Başlygyny möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakyndaky meselä deputatlaryň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça Mejlis tarapyndan seredilýär. Mejlisiň Başlygy Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilen kanun esasynda wezipesinden boşadylyp bilner.

Mejlisiň Başlygyny wezipesinden boşatmak onuň öz haýyşy boýunça, şeýle hem oňa öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli amala aşyrylyp bilner. Şu ýagdaýda Mejlisiň Başlygyny wezipesinden boşatmak hakyndaky kanun deputatlaryň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi bilen Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy öz ygtyýarlyklaryny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança saklap galýar.

12-nji madda. Mejlisiň Başlygynyň orunbasary deputatlaryň arasyndan açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar. Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary Başlyk tarapyndan öz üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirýär. Başlygyň ýok wagtynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny berjaý etmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda onuň wezipesini ýerine ýetirýär.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary onuň öz haýyşy boýunça, şeýle hem oňa öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda kanun deputatlaryň umumy sanyndan ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi bilen kabul edilýär.

13-nji madda. Mejlisiň Başlygyny, Başlygynyň orunbasaryny saýlamak ýa-da wezipesinden boşatmak hakynda teklipleri girizmegiň tertibi Mejlisiň Dessurynda bellenilýär.

131-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Mejlisiň Prezidiumy döredilýär. Mejlisiň Prezidiumy Türkmenistanyň Mejlisiniň işini guramagy amala aşyrýar.

Mejlisiň Prezidiumynyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

Mejlisiň Prezidiumyna Mejlisiň Başlygy ýolbaşçylyk edýär.

14-nji madda. Kanunlaryň taslamalaryny, degişli meseleleri işläp taýýarlamak we olara deslapdan seretmek işlerini alyp barmak üçin Mejlis deputatlaryň hataryndan komitetleri we toparlary düzýär.

Komitetler hemişelik esasda düzülýär. Toparlar hemişelik, şeýle hem wagtlaýyn esasda döredilip bilner.

Komitetleri we toparlary döretmegiň we ýatyrmagyň, olaryň başlyklaryny, başlyklaryň orunbasarlaryny hem-de agzalaryny saýlamagyň we boşatmagyň tertibi şu kanun we Mejlisiň Dessury tarapyndan bellenilýär.

15-nji madda. Mejlisiň we onuň düzümleriniň iş tertibi Mejlisiň Dessury tarapyndan kesgitlenilýär.

III Bap. Mejlisiň we Mejlisiň Başlygynyň ygtyýarlyklary

16-njy madda. Mejlisiň ygtyýarlylyklaryna:

1) Konstitusiýany we kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

2) Mejlisiň Başlygyny, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

3) Mejlisiň Prezidiumyny döretmek, oňa üýtgetmeler girizmek;

4) Mejlisiň komitetlerini we toparlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, olaryň düzümini tassyklamak, komitetleriň we toparlaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de olary wezipesinden boşatmak;

5) Türkmenistanyň Prezidentine aýry-aýry meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny bermek;

6) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamak;

7) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garamak;

8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garamak;

9) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçyny saýlamak. Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Adalatçynyň orunbasaryny saýlamak we wezipeden boşatmak;

10) kanun taslamalaryny işlemegiň ýyllyk we geljekki döwür üçin meýilnamalaryna garamak we tassyklamak;

11) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garamak;

12) döwlet sylaglaryny döretmek;

13) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakmak;

14) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitlemek;

15) halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

16) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

17) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözmek;

18) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

19) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözmek;

20) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

21) döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň hem-de Geňeşleriň işine guramaçylyk-usullaýyn ýolbaşçylygy amala aşyrmak;

22) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen Mejlisiň ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek degişlidir.

17-nji madda. Mejlisiň Başlygy:

1) Mejlisiň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) Mejlisiň maslahatlarynda başlyklyk edýär;

3) Mejlisiň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň düzümi barada teklipleri Mejlisiň garamagyna hödürleýär, olaryň işini utgaşdyrýar;

4) komitetlere, toparlara we deputatlara guramaçylyk, hukuk, ylmy taýdan, maddy-tehniki hyzmat edilişini üpjün edýär;

5) kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda, taýýarlaýjy toparlary we iş toparlaryny döredýär;

6) Mejlisiň komitetleriniň we toparlarynyň alyp barýan işleri hakyndaky habarlaryny diňleýär;

7) Mejlisiň gulluklarynyň gurluşyny we wezipe sanawyny tassyklaýar;

8) Mejlisiň kabul eden kanunlaryny we beýleki namalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guraýar;

9) Kanunlaryň, Mejlisiň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegini guraýar;

10) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan onuň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýär;»

11) Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen Mejlisiň özara gatnaşygyny amala aşyrýar;

12) beýleki döwletleriň parlamentleri bilen bolýan gatnaşyklarda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär we parlamentara aragatnaşyklary amala aşyrmak baradaky işi guraýar;

13) Mejlis tarapyndan kabul edilip, Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmäge berilýän kanunlaryň asyl nusgadygyny öz goly bilen tassyklaýar, Mejlisiň kararlaryna gol çekýär;

14) Mejlisiň degişli gulluklarynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

15) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we Mejlisiň namalary bilen Mejlisiň Başlygynyň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Mejlisiň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

IV bap. Mejlisiň komitetleri we toparlary

18-nji madda. Mejlisiň komitetleriniň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) kanunlaryň we beýleki namalaryň taslamalarynyň üstünde işlemek;

2) Mejlisiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere deslapdan garamak we olary taýýarlamak;

3) Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary we beýleki namalary durmuşa geçirmäge ýardam bermek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.

19-njy madda. Komitetler Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda onuň ygtyýarlylyk möhletine barabar möhlet bilen döredilýär.

Zerur bolan halatynda täze komitetler döredilip, ozalky döredilenler ýatyrylyp we üýtgedilip guralyp bilner.

20-nji madda. Komitetiň başlygy, onuň orunbasary we komitetiň agzalary Mejlis tarapyndan saýlanylýar. Komitetleriň agzalary saýlanan mahalynda komitetiň tutuş düzümi boýunça ses bermek geçirilýär, zerur bolan halatynda bolsa, hödürlenýän her bir adam boýunça aýratynlykda ses bermek geçirilýär.

Mejlisiň Başlygy we Başlygyň orunbasary komitetleriň düzümine saýlanyp bilinmez.

21-nji madda. Komitetiň başlygy, onuň orunbasary olaryň haýyşy boýunça, şeýle hem olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegine mümkinçilikleriniň bolmadyk ýagdaýlary bilen baglylykda Mejlis tarapyndan wezipesinden boşadylyp bilner.

22-nji madda. Mejlisiň komitetleri işini Mejlisiň we öz meýilnamalaryna, Mejlisiň Başlygynyň, Mejlisiň Başlygynyň orunbasarynyň tabşyryklaryna we tekliplerine laýyklykda guraýarlar.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek kanunlaryň taslamalaryny işläp düzmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan, şeýle-de deputatlaryň öz başlangyçlary bilen girizilen kanunlaryň taslamalary esasynda, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Mejlisiň Başlygynyň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça komitetler tarapyndan amala aşyrylýar.

23-nji madda. Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň namalarynyň taslamalary, kada hökmünde, komitetlerde deslapky ara alyp maslahatlaşylandan soňra kabul etmek üçin Mejlisiň maslahatyna hödürlenilýär.

Kanunlaryň we namalaryň taslamalarynyň komitetlerde deslapky garalmagynyň we ara alnyp maslahatlaşylmagynyň jemleri, olar barasynda aýdylan teklipler we bellikler Mejlise komitetleriň çykaran netijeleri görnüşinde berilýär.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň namalaryny taýýarlamagyň we kabul etmegiň tertibi, bu işe komitetleriň gatnaşmagynyň tertibi şu kanun we Mejlisiň Dessury tarapyndan kesgitlenilýär.

24-nji madda. Komitetleriň Mejlisiň maslahatynyň gün tertibi boýunça teklipleri girizmäge, öz ygtyýaryna degişli bolan meseleler boýunça habarnamalar we goşmaça habarnamalar bilen çykyş etmäge hukugy bardyr.

25-nji madda. Kanunlaryň taslamalarynyň işlenilmegi bilen baglylykda, döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli meseleler barada resmi düşündiriş bermegini sorap, döwlet häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlaryna ýüz tutmaga Mejlisiň komitetleriniň haky bardyr.

26-njy madda. Mejlis öz işiniň islendik ugry boýunça toparlary döredip biler.

Toparlar deputatlaryň hataryndan toparlaryň başlyklaryndan we agzalaryndan ybarat düzümde, açyk ses bermek arkaly saýlanýar.

Toparlaryň wezipesi we iş tertibi olar döredilende Mejlis tarapyndan kesgitlenýär.

Topar işiň jemi boýunça Mejlise habarnama ýa-da netijenama ýazyp berýär. Toparyň habarnamasy, çykaran netijesi boýunça Mejlis karar kabul edýär.

27-nji madda. Komitetler we toparlar deputatlardan başga-da alymlary, hünärmenleri, beýleki işgärleri hem öz işine çekip bilerler.

28-nji madda. Mejlisiň komitetiniň ýa-da toparynyň maslahatyna onuň düzümine girýän agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, onda ol maslahaty geçirmek üçin doly ygtyýarlydyr.

Komitetiň we toparyň kararlary olaryň agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

29-njy madda. Komitetleriň we toparlaryň maslahatlary aýanlykda alnyp barylýar.

Komitetler we toparlar zerur bolan halatynda ýapyk maslahat geçirmek hakynda karar kabul edip bilerler.

30-njy madda. Komitetiň, toparyň başlygy komitetiň, toparyň işine ýolbaşçylyk edýär, olaryň maslahatlarynda başlyklyk edýär.

Komitetiň, toparyň başlygy:

komitetiň we toparyň maslahatlaryny çagyrýar we maslahatlary geçirmek üçin zerur bolan maglumatlary taýýarlamagy guraýar.

komitetiň, toparyň agzalaryna tabşyryklar berýär, olara komitetiň, toparyň işi bilen baglanyşykly bolan maglumatlary we resminamalary iberýär;

taýýarlaýjy toparlarda we iş toparlarynda komitetiň, toparyň agzalarynyň işini guraýar;

döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hünärmenleriň we alymlaryň komitetiň, toparyň maslahatlaryna gatnaşmagy hakyndaky meseleleri çözýär;

komitetiň, toparyň gelen netijelerine gol çekýär;

Mejlisiň beýleki komitetleri we toparlary, döwlet edaralary we guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bolan gatnaşyklarynda komitetleriň, toparlaryň adyndan wekilçilik edýär;

kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek işini guraýar, komitetiň, toparyň agzalaryny komitetiň, toparyň kararlarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habarly edýär;

komitetde, toparda seredilen meseleler hakynda, şeýle hem komitetiň, toparyň teklipnamalaryny durmuşa geçirmek üçin görlen çäreler barada Mejlisiň Başlygyna habar berýär.

V bap. Mejlisiň deputatlary

31-nji madda. Deputatlar halkyň doly ygtyýarly wekilleri bolmak bilen, Mejlisde olaryň işini üpjün edýän hukuklaryň ähli dolulygyna eýedirler.

Deputatlar öz ygtyýarlyklaryny Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde amala aşyrmak bilen öz saýlawçylarynyň erkini aňladýarlar.

Deputata Mejlisde kanun çykarmak başlangyjyna bolan hukuk berilýär.

Deputatyň ygtyýarlyklary olary ykrar etmek hakynda Mejlis tarapyndan karar kabul edilen pursadyndan ýüze çykýar.

Deputatyň ygtyýarlyklary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň işe başlan pursadyndan ýatyrylýar, ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan halatynda ýa-da deputat ygtyýarlyklaryndan mahrum edilen halatynda Mejlisiň degişli karar kabul eden pursadyndan ýatyrylýar.

Deputat saýlawçylar bilen, şeýle hem öz saýlaw okrugynda ýerleşýän döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar.

Deputat Mejlisiň we onuň düzümleriniň işine işjeň gatnaşýar, olaryň tabşyryklaryny ýerine ýetirýär.

Kanunlary we gaýry namalary taýýarlamak, garamak, kabul etmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek baradaky işler Mejlisiň deputatynyň işiniň esasy ugrudyr.

Deputatlyk ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak we öz borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça deputatyň Mejlis bilen gatnaşygy şu kanun hem-de Mejlis tarapyndan kabul edilýän gaýry namalar bilen düzgünleşdirilýär.

32-nji madda. Döwlet Mejlisiň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

Deputatyň hukuklaryna, janyna, abraýyna, mertebesine we azatlygyna, şahsy eldegrilmesizligine hyýanat eden adamlar kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

33-nji madda. Deputat öz ygtyýarlyklaryndan diňe Mejlis tarapyndan mahrum edilip bilner. Deputat babatynda kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi, ony deputatlyk ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek üçin esas bolup durýar.

Deputatyň ygtyýarlyklary şu esaslar boýunça möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) öz ygtyýarlyklaryny aýyrmak barada arza bermegi;

2) şu Kanunyň 34-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen wezipelere bellenmegi ýa-da saýlanmagy;

3) borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagy;

4) deputatyň hukuk ýagdaýy bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişiň edilmegi;

5) Türkmenistanyň raýatlygynyňbes edilmegi.

Deputatyň ygtyýarlyklaryny mahrum etmek hakyndaky karar deputatlaryň umumy sanyndan sesleriň azyndan üçden iki böleginiň açyk ses bermegi arkaly Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Deputatyň ygtyýarlyklaryny togtatmak we möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky karar deputatlaryň umumy sanyndan açyk ses bermek bilen sesleriň ýönekeý köplügi arkaly Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Deputat barasynda jenaýat işi derňelýän döwürde onuň ygtyýarlyklary togtadylyp bilner.

34-nji madda. Mejlisiň deputaty şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipesini eýeläp bilmez.

Deputat görkezilen wezipeleriň birine bellenilen ýa-da saýlanan ýagdaýynda şol wezipä bellenilen ýa-da saýlanan wagtyndan onuň deputatlyk ygtyýarlyklary ýatyrylan diýlip hasap edilýär we ol barasynda Mejlis şu Kanunyň 33-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda karar kabul edýär.

35-nji madda. Deputat Mejlisiň maslahatlarynda erkin ara alyp maslahatlaşmak esasynda Mejlisiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere garalmagyna we çözülmegine gatnaşýar.

Deputat Mejlisiň we ol onuň haýsy düzümine saýlanan bolsa şol düzümiň maslahatlarynda bolmaga, olaryň işine işjeň gatnaşmaga borçludyr.

36-njy madda. Deputat Mejlisiň maslahatlarynda garalýan ähli meseleler boýunça çözüji ses hukugyndan peýdalanýar. Deputatyň:

1) Mejlis tarapyndan döredilýän we saýlanylan düzümlere we wezipelere dalaşgärleri teklip etmäge, saýlamaga we saýlanmaga;

References