Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakynda
«Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky»
Türkmenistanyň kanuny 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen № 191-II Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 2, 5-nji madda)
(Türkmenistanyň 27.11.2000 ý. № 46-II kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1. Türkmenistanyň Döwlet gerbi Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň nyşanydyr.
2. Türkmenistanyň Döwlet gerbi biri-biriniň içinde ýerleşdirilen mawy reňkli kiçi, gyzyl reňkli ortaky we ýaşyl reňkli uly üç tegelek bilen emele getirilýär.
Tegelekleriň arasynda birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolaklar bar. Gerbi jähekleýän sary-altynsow zolagyň ini tegelekleriň arasyndaky zolaklaryň ininiň 2 essesine barabardyr.
Daşky diametri kiçi tegelegiň 3,2 diametrine barabar bolan uly tegelegiň halkalaýyn zolagynda milli baýlygyň we döwlet nyşanlarynyň esasy belgileri:
aşaky böleginde – ak pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozalarynyň ýedisi;
ortaky böleginde – gerbiň her tarapyndan iki sünbül bolmak bilen, sary-altynsow reňkli bugdaý sünbülleri;
ýokarky böleginde – ak reňkli bäş sany bäş burç ýyldyz bilen ýarymaý şekillendirilendir.
Möçberi kiçi tegelegiň 2 diametrine barabar bolan ortaky tegelegiň halkalaýyn zolagynda sagadyň diliniň ugry boýunça ahalteke, salyr, ärsary, çowdur, ýomut gölleri bolan bäş sany esasy haly gölleri ýerleşdirilendir, olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr.
Gerbiň kiçi tegeleginiň içinde türkmenleriň buýsanjy, meşhur ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemleýän, garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ahalteke bedewi Ýanardag şekillendirilendir.
3. Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili şu aşakdaky ýerlerde ýerleşdirilýär:
Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriniň, döwlet komitetleriniň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, sudlarynyň, beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň jaýlarynda;
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, sudlarynyň mejlisler zallarynda, şeýle hem baglaşylan nikanyň, dogan çaganyň hem-de graždan ýagdaýynyň beýleki aktlarynyň dabaraly bellige alynýan (registrirlenýän) otaglarynda;
Türkmenistanyň graždanlarynyň pasportlarynda we graždanlara berilýän beýleki resmi döwlet dokumentlerinde;
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriniň, döwlet komitetleriniň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, sudlarynyň, döwlet notarial kontoralarynyň we beýleki döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş organlarynyň möhürlerinde, aktlarynyň we beýleki dokumentleriniň blankalarynda;
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, hem-de olaryň organlarynyň resmi neşirlerinde;
pul-zat lotereýalarynyň biletlerinde, döwlet zaýomlarynyň obligasiýalarynda hem-de beýleki gymmat bahaly döwlet kagyzlarynda.
Türkmenistanyň kanunlarynda Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekilini hökman görkezmegiň beýleki halatlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
4. Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili ýerine ýetirilen mahaly möçberine garamazdan, ol hemişe şu Kanun bilen bellenilen reňkli ýa-da bir öwüşginli (reňksiz) şekiline takyk laýyk bolmalydyr.
5. Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili çekilen möhürleri taýýarlamagyň, peýdalanmagyň, saklamagyň hem-de ýok etmegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow
Aşgabat şäheri.
1992-nji ýyl, 19-njy fewral.
№ 654-XII.