Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 17.12.2013

Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda

Official text as of 17.12.2013

Updated on the portal · 16.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Giriş maglumatlary

+99362189555

«Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen № 459-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 94-nji madda)

(Türkmenistanyň 23.11.1999 ý. № 401-1, 07.07.2001 ý. № 80-II, 18.04.2009 ý.

№ 32-IV, 04.08.2011 ý. № 219-IV we 04.08.2012 ý. № 319-IV Kanunlary esasynda

girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanda önümleriň, hyzmatlaryň we beýleki obýektleriň (mundan beýläk «önüm» diýlip alynýar) sertifikasiýasynyň hukuk esaslaryny, şeýle hem sertifikasiýa gatnaşýanlaryň hukuklaryny, borçlaryny hem jogapkärçiligini belleýär.

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. «Sertifikasiýa» diýen düşünje

Önümiň sertifikasiýasy (mundan beýläk «sertifikasiýa» diýlip alynýar) – munuň özi önümiň bellenilen talaplara laýyk gelýändigini subut etmek-tassyklamak barada geçirilýän işdir.

Sertifikasiýa aşakdaky maksatlar üçin amala aşyrylýar:

Türkmenistanyň bir bitewi haryt bazarynda kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we telekiçileriň iş alyp barmagy üçin, şeýle hem halkara ykdysady, ylmy - tehniki hyzmatdaşlyga hem-de halkara söwdasyna gatnaşmak üçin şert döretmek;

alyjylaryň önümi akylly - başly saýlap almagyna ýardam etmek;

alyjyny betniýet taýýarlaýjydan (satyjydan, ýerine ýetirijiden) goramak;

önümiň töwerekdäki sreda üçin, adamlaryň jany we saglygy hem-de emlägi üçin howpsuzlygyna gözegçilik etmek;

önüminiň hil görkezijileriniň taýýarlaýjynyň zaýawka berşine laýyk gelýändigini tassyklamak.

2-nji madda. Türkmenistanyň sertifikasiýa hakyndaky kanunlary

Sertifikasiýa barasyndaky gatnaşyklar şu Kanun bilen hem-de Türkmenistanyň şoňa laýyklykda çykarylýan kanunçylyk aktlary bilen düzgünleşdirilýär.

3-nji madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamasynda bellenen kadalar Türkmenistanyň sertifikasiýa hakyndaky kanunlarynda görkezilen kadalardan başga hili bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

II bölüm. SERTIFIKASIÝA HAKYNDA

4-nji madda. Döwlet sertifikasiýa sistemasy

Döwlet sertifikasiýa sistemasy sertifikasiýanyň esasy düzgünlerini we kadalaryny, sistemanyň prinsiplerini we gurluşyny (strukturasyny), sertifikasiýa baradaky edaralara, laboratoriýalara (merkezlere) bildirilýän talaplary hem-de olary attestasiýadan geçirmegiň, şol edaralary, laboratoriýalary bellemegiň (akkreditirlemegiň) tertibini, önümçilikleri, sertifikasiýalanýan önümi attestasiýadan geçirmek metodikasyny, sertifikasiýalanan önüme hem-de sertifikasiýa baradaky bellenen (akkreditirlenen) edaralaryň, laboratoriýalaryň (merkezleriň) işine inspeksion gözegçiligi, sertifikasiýanyň maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan beýleki kadalary hem talaplary belleýär.

5-nji madda. Döwlet sertifikasiýa sistemasynyň guramaçylyk taýdan gurluşy (strukturasy)

Döwlet sertifikasiýa sistemasynyň guramaçylyk taýdan gurluşy:

önümiň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy baradaky döwlet edarasyndan («Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy»);

önümiň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy baradaky ýerlerdäki edaralardan;

synag laboratoriýalaryndan (merkezlerinden) ybaratdyr.

6-njy madda. Hökmany sertifikasiýa

1. Hökmany sertifikasiýa - munuň özi standartlaryň ýa-da gaýry normatiw dokumentleriň talaplaryna, ýagny adamlaryň jany, saglygy, graždanlaryň emlägi hem-de töwerekdäki sreda, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin şol önümiň howpsuzlygyny üpjün edýän talaplara onümiň laýyk gelmelidigi barada sertifikasiýalanmagydyr.

Ýurda getirilýän we eksport edilýän önümlerhökmany sertifikasiýa degişlidir.

Fiziki şahslaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk başga zerurlyklary üçin niýetlenip ýurda getirilýän we eksport edilýän önümler hökmany sertifikasiýa edilmekden boşadylýar. Şeýle önümleriň aýry-aýry görnüşleri ýurda getirilendehökmany sertifikasiýa edilmäge degişli edilip hem bilner. Hökmany sertifikasiýa edilmäge degişli ýurda getirilýänönümleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Sertifikasiýa sertifikasiýa babatdaky ygtyýarly edaralar tarapyndanTürkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geçirilýär.

2. Önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) sertifikasiýasy geçirilende, sertifikasiýa baradaky edaranyň çykaran karary oňyn bolan mahalynda, zaýawka berene, laýyk geliş sertifikaty berilýär, bu bolsa şol önümi önümiň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy baradaky döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde laýyk geliş nyşany bilen belgilemäge hukuk berýär.

3. Sertifikasiýa sistemalarynda peýdalanylýan laýyk geliş nyşanlary, şeýle hem Milli laýyk geliş nyşany sertifikasiýa baradaky döwlet reýestrinde bellige alynýar (registrirlenýär).

7-nji madda. Döwlet sertifikasiýa sistemasyna gatnaşýanlaryň hukuklary we borçlary

1. Önümiň sertifikasiýasy baradaky döwlet edarasy ähli eýeçilik formasyna degişli kärhanalary barlaýar hem-de onuň önüm işlenip taýýarlananda, öndürilende, bejerilende, daşalanda, saklananda we ulanylanda standartlaryň we talaplarynyň hem-de tehniki şertleriň we sertifikasiýanyň şertleriniň bozulmagyna ýol berlenligi üçin, aşakdakylara haky bardyr:

düzgün bozmalary düzetmek hakynda görkezme bermäge;

düzümindäki himiki we beýleki zyýanly maddalar bellenen normadan birnäçe esse artyk bolan önümi almaga we ýok etmäge;

düzgün bozma gaýtadan ýol beriläýse, önümçiligi, önümiň ýerlenilmegini, ulanylmagyny togtatmaga, laýyk geliş sertifikatyny bermezlige ýa-da onuň hereketiniň güýjüni hem-de laýyk geliş nyşanyny ulanmak hukugyny ýatyrmaga;

jerime salmaga, ykdysady temmi bermäge;

metrologiýa attestasiýasyny geçirmäge hem-de ölçeg gurallaryny barlamaga;

standartlaşdyryş we metrologiýa ulgamynda ölçeg serişdeleriniň taýýarlanylmagyny, barlanyşyny, bejerilmegini we kireýine berilmegini göz öňünde tutýan işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ygtyýarlylandyrmak;

harytlaryň gaplanylyşyna, ölçeg gurallarynyň dolanyşyga goýberilişine, ýagdaýyna hem ulanylyşyna, metrologik normalaryň we kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge;

sertifikasiýa baradaky edaralary we synag laboratoriýalaryny (merkezlerini) akkreditirlemek hem-de olara işleriň belli bir görnüşini geçirmek üçin ygtyýarnama bermäge;

sertifikasiýa gatnaşýanlaryň we obýektleriniň döwlet reýestrini ýöretmäge;

daşary ýurt sertifikasiýalaryny, laýyk geliş nyşanlaryny we synaglaryň netijelerini ykrar etmek kadalaryny bellemäge;

sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralary, synag laboratoriýalaryny (merkezlerini) bellemek;

sertifikasiýa kadalarynyň berjaý edilişine hem-de sertifikasiýalanan önüme döwlet gözegçiligini etmäge;

sertifikasiýa meseleleri baradaky şikaýatlara garamaga;

laýyk geliş nyşanyny peýdalanmak üçin güwänamalary bermäge;

eger sertifikasiýa baradaky beýleki edaralaryň neşir eden dokumentleri döwlet sertifikasiýa sistemasynyň talaplaryna ters gelýän bolsa, onda şol dokumentleri ýatyrmak ýa-da olaryň güýjüni togtatmak barada görkezme bermäge.

Önümiň sertifikasiýasy baradaky döwlet edarasy aşakdakylara boçludyr:

Türkmenistanyň kanunlaryny, kärhanalaryň we graždanlaryň kanun arkaly goralýan hukuklaryny we bähbitlerini berjäý etmäge;

standartlaryň we beýleki normatiw – tehniki dokumentleriň talaplaryny kärhanalaryň we graždanlaryň berjaý edişine döwlet gözegçiliginiň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etmäge.

Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy baradaky döwlet edarasy öz işini guramalar we kärhanalar bilen hojalyk hasaplaşygy esasynda alyp barýar, şolar bilen bilelikde Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasynyň gaznasyny döredýär.

2. Sertifikasiýa baradaky edara:

Önümi sertifikasiýalaýar we sertifikat berýär;

Öz beren sertifikatlaryny togtadýar ýa-da ýatyrýar;

Zaýawka berijiniň talap etmegine görä, oňa öz ygtyýarlarynyň çäklerinde zerur maglumatlary (informasiýa) berýär.

3. Degişli sertifikasiýa sistemasy arkaly bellenen tertipde attestasiýadan geçirilen we bellenen (akkreditirlenen) synag laboratoriýalary (merkezleri) anyk önümleri synagdan geçirýär ýa-da synaglaryň anyk görnüşlerini amala aşyrýar hem-de sertifikasiýa maksatlary üçin synag protokollaryny berýär.

4. Türkmenistanyň territoriýasynda ýerlenilýän önümi taýýarlaýjylar, (satyjylar, ýerine ýetirijiler) aşakdakylara borçludyrlar:

şol önümi diňe ygtyýarly edilen edaranyň beren ýa-da ykrar eden sertifikaty bar mahalynda ýerlemäge;

normatiw dokumentleriň talaplaryna laýyk getirmek üçin sertifikasiýalanan önüm ýerlenilende, şol onümiň şol normatiw dokumentleriň talaplaryna laýyk gelmegini hem-de onuň bellenen tertipde laýyk geliş nyşany bilen belgilenmegini üpjün etmäge;

ýany bilen berilýän tehniki dokumentasiýada önümiň laýyk gelmeli sertifikaýalar we normatiw aktlar hakyndaky maglumatlary görkezmäge hem-de şol maglumatyň sarp edijiniň (alyjynyň, zakazçynyň) dykgatyna ýetirilmegini üpjün etmäge;

normatiw dokumentleriň talaplaryna laýyk getirmek üçin ozal sertifikasiýalanan önüm şol talaplara laýyk gelmeýän bolsa – sertifikatyň möhleti geçenden soň ýa-da sertifikatyň güýji sertifikasiýa baradaky edaranyň karary bilen togtadylan ýa-da ýatyrylan bolsa – ony ýerlemegi togtatmaga ýa-da bes etmäge;

önümiň sertifikasiýasyny amala aşyrýan hem-de sertifikasiýalanýan önüme gözegçilik edýän organlaryň wezipeli adamlarynyň öz ygtyýarlaryny bökdençsiz ýerine ýetirmeklerini üpjün etmäge;

sertifikasiýalanan önümiň tehniki dokumentasiýasyna ýa-da ony öndürmegiň tehnologiki prosesine girizilen üýtgetmeler hakynda bellenen tertipde sertifikasiýa baradaky edara mälim etmäge.

8-nji madda. Import edilýän önümi getirmegiň şertleri

1. Türkmenistana önüm ibermek barada baglaşylýan kontraktlardaky (şertnamalardaky) görkezilen şertlerde sertifikatyň hem-de önümiň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan laýyk geliş nyşanynyň bolmalydygy göz öňünde tutulyp bilner. Şol sertifikatlar we laýyk geliş nyşanlary Türkmenistanyň ygtyýarly edilen edarany tarapyndan berilmelidir ýa-da ykrar edilmelidir.

2. Sertifikatlar ýa-da olary ykrar etmek hakyndaky şahadatnamalar gümrük edaralaryna gümrük deklarasiýasy bilen bilelikde görkezilýär hem-de olar Türkmenistanyň çägine önüm getirmäge ygtyýar almak üçin zerur resminamalar bolup durýarlar.

3. Sertifikasiýalanmagy hökmany bolan önümi Türkmenistanyň territoriýasyna getirmegiň tertibini Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryna laýyklykda şoňa ytyýarly edilen edara belleýär.

9-njy madda. Sertifikasiýa we döwlet gözegçiligi baradaky işi maliýeleşdirmek

1. Şu aşakdakylar döwlet tarapyndan hökmany maliýeleşdirilmäge degişlidir:

sertifikasiýa geçirmek baradaky kadalary hem maslahatlary (rekomendasiýalary) işläp düzmek, sertifikasiýa barasyndaky resmi maglumat (informasiýa) bilen üpjün etmek;

sertifikasiýa baradaky halkara (regional) guramalaryň işine gatnaşmak hem-de daşary ýurtlaryň sertifikasiýa baradaky milli edaralary bilen bile iş geçirmek;

sertifikasiýa barada umumydöwlet ähmiýeti bolan ylmy - barlag işlerini we gaýry işleri geçirmek;

sertifikasiýa kadalarynyň berjaý edilişine hem-de sertifikasiýalanan önüme döwlet gözegçiligini etmek;

sertifikasiýa we akkreditirlemek baradaky Döwlet reýestrini ýöretmek hem-de sertifikasiýa sistemalarynyň we laýyk geliş nyşanlarynyň döwlet reýestri baradaky materiallary arhiwde saklamak;

sertifikasiýa barada Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenýän beýleki işler.

2. Anyk önümiň sertifikasiýasy baradaky işiň hakyny ygtyýarly edilen edara tarapyndan bellenen tertipde zaýawka beriji töleýär. Öz önümini hökmany sertifikasiýalamagy geçirmek üçin zaýawka berijiniň harç eden serişdeleriniň möçberi şol önümiň düşýän gymmatyna girizilýär.

III bölüm. ŞU KANUNYŇ DÜZGÜNLERINIŇ BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

10-njy madda. Jenaýat, administratiw ýa-da graždan - hukuk jogapkärçiligi

Ýuridiki we fiziki taraplar, şeýle hem döwlet dolandyryş edaralary önümiň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakyndaky kanunlary bozanlygy üçin kanunda bellenen düzgün - nyzam, maddy, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.

IV bölüm. JEDELLERI ÇÖZMEK

11-nji madda. Önümiň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy barasyndaky jedelleri çözýän edaralar

Önümiň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy barasyndaky jedellere Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde sudlar seredýärler.

Şu Kanuny onuň metbugatda çap edilen gününden güýje girizmeli.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýyl, 8-nji oktýabr

№ 897-XII

References to this material