Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 07.10.2014

Auditorlyk iş hakynda

Official text as of 07.10.2014

Updated on the portal · 12.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Giriş maglumatlary

2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap «Auditorlyk iş hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2014-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky № 138-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitirýär.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Auditorlyk iş hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1996 ý., № 1-2, 4-nji madda)

(Türkmenistanyň 04.08.2011 ý. № 216-IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanda auditorlyk işi amala aşyrmagyň, hukuk esaslaryny kesgitleýär we ol hususyýetçileriň bähbitlerini goramak maksady bilen garaşsyz maliýe gözegçilik sistemasyny döretmäge gönükdirilendir.

I. BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Auditorlyk iş hakynda düşünje

Auditorlyk iş diýlip, garaşsyz auditorlyk barlaglaryň geçirimegine we auditorlyk işe (mundan beýläk auditorlyk hyzmatlar) degişli beýleki hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem olaryň, guramaçylyk hem-de metodik taýdan üpjünçiligine düşünilýär.

Auditorlyk barlag (audit) - buhgalterlik hasaba alnyşynyň ýola goýluşynyň we maliýe hasabatlylygynyň alnyp barlyşynyň dogrudygyny, olaryň düzülişiniň Türkmenistanyň, kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýändigini anyklamak, hasabat ýylynda aktiwleriň, borçnamalaryň, kapitalyň, we maliýe netijeleriniň audirlenilýän subýekt tarapyndan ygtybarly, doly we takyk şöhlelendirilendigi barada netijeleri bermek maksady bilen geçirilýän garaşsyz barlagdyr.

Auditorlyk hyzmatlar şulary öz içine alýar, ýagny:

-buhgalterlik hasaba alnyşynyň ýola goýluşyny, dikeldilmegini we alnyp barylmagyny, maliýe hasabatlaryny düzmegi, maliýe-hojalyk işleriniň analizini, hojalygy ýöredýän subýektleriň aktiwlerine we passiwlerine berilýän bahany;

-gymmatly kagyzlaryň emitentleriniň, maliýe üpjünçiligine berilýän bahany;

-hojalygy ýöredýän subýektleriň emläk gymmatyna bahany;

-hojalygy ýöredýän subýektleriň işiniň we informasiýa hyzmatynyň dürli taraplary boýunça pikir alyşmagy;

-auditorlyk işe degişli beýleki hyzmatlary.

2-nji madda. Auditorlyk iş barada kanunçylyk

Auditorlyk iş bilen baglanyşykly gatnaşyklar şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary arkaly düzgünleşdirilýär.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly şu Kanundakydan başga düzgünler görkezilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň normalary ulanylýar.

3-nji madda. Auditor

Attestasiýadan geçen, auditorlyk işi özbaşdak amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan we auditorlaryň döwlet reestrinde bellige alnan adam auditor bolýar.

Auditoryň auditorlyk işi özbaşdak amala aşyrmaga ýa-da auditorlyk guramany, döredip ýa-da onda zähmet şertnamasy esasynda işlemäge hukugy bardyr.

Auditorlar auditorlyk işi diňe telekeçilik işiniň subýekti hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnanlaryndan soň özbaşdak amala aşyryp bilerler.

Auditorlyk guramalarda işleýän auditorlar onuň adyndan çykyş edýärler.

Auditoryň ygtyýarnama alan gününden başlap, şahsy möhri edinmäge, şony taýýarlamaga we auditorlaryň, döwlst reestrine onuň, goşulmagyna hukugy bolýar.

4-nji madda. Auditorlyk gurama

Auditorlyk işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamasy bolan we auditorlyk guramalaryň döwlet reestrinde bellik edilen auditorlyk gurama ýuridik tarap bolup durýar.

Auditorlyk gurama Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde islendik guramaçylyk-hukuk görnüşinde döredilip bilner, muňa açyk tipli aksioner jemgyýeti girmeýär. Auditor bolup durmaýan audntorlyk guramany döredijileriň (gatnaşyjylaryň, aksionerleriň) çäklendirilen jogapkerçilikli şereketiň ýa-da ýapyk tipli aksioner jemgyýetiniň ustaw fondundaky paýynyň umumy möçberi 49 prosentden ýokary bolup bilmez.

Auditorlyk gurama işiň, beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

Auditorlyk hyzmatlary etmäge attestasiýadan geçen we kwalifikasion attestaty alan adamyň hukugy bardyr.

5-nji madda. Audirlenilýän subýekt

Guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, guramalar we edaralar, şeýle hem ýuridik tarapy döretmezden, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterlik hasaba alnyşyny alyp barmaga we maliýe hasabatyny düzmäge borçly, telekeçilik işini amala aşyrýan, özleri babatda auditorlyk barlag geçirilýän ýa-da auditorlyk hyzmatlar amala aşyrylýan graždanlar, şol sanda daşary ýurt grajdanlary we grajdanlygy ýok adamlar hem audirlenilýänI subýekt diýlip ykrar edilýär.

6-njy madda. Auditiň görnüşleri

Audit hökmany we inisiatiwaly bolup biler:

Auditorlaryň ýa-da auditorlyk guramalaryň banklar, kredit edaralary, strahowaniýe guramalary, inwestision institutlar, aksioner jemgyýetleri, çäklendirilen jogapkärçilikli şereketler, daşarry ýurt inwestisiýaly kärhanalar¸ olaryň filiallary we wekilleri şeýle hem olardan bölünip aýrylan kärhanalar babatda geçirýän auditleri hökmany audit bolýar.

Beýleki audirlenilýän subýektler babatda hökmany audit Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da halkara şertnamalary arkaly bellenilýän halatlarda geçirilýär.

Inisiatiwaly audit audirlenilýän subýektiň ýa-da hususyetçiniň islegi boýunça geçirilýär.

Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda maliýe-hojalyk işine içerki barlagy guramak üçin aýry-aýry edaralarda we guramalarda içerki gözegçilik gulluklaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

II. BÖLÜM. AUDITORLYK IŞIŇ AMALA AŞYRYLYŞY

7-nji madda. Auditorlyk barlagy geçirmäge şertnama

Auditorlyk barlag şertnama esasynda amala aşyrylýar. Auditorlyk barlagy geçirmäge şertnama, bir tarapdan, öz işni ňözbaşdak amala aşyrýan auditoryň ýa-da auditorlyk guramanyň we beýleki tarapdan, audirlenilýän subýektiň arasynda bellenilen tertipde geçirilýär. Şertamada taraplaryň hukuklary, borçlary, jogapkärçiligi we özge şertler kesitlenilmelidir.

Audntorlyk hyzmatlaryň edilmegi aýratyn şertnama arkaly resmileşdirilýär.

Audntorlar we auditorlyk guramalar baglaşylan şertnamalaryň hasabyny ýöredýärler.

8-nji madda. Auditorlyk hasabat

Auditorlyk barlagyň netijesi auditorlyk barlag bolup durýar¸ onda şeýle maglumatlar bolmalydyr:

-audirlenilýän subýektiň adresaty we onuň işine geçirilen barlagyň döwri barada;

-buhgalterlik hasabynyň ýola goýluşynyň we maliýe hasabatlylygynyň düzülişiniň Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryna laýyk gelşi baradaky netijeler;

-ýyllyk maliýe hasabatynda audirlenilýän subýektiň aktiwleriniň, borçnamalarynyň, kapitalynyň, onuň işiniň maliýe netijeleriniň dolulygy, ygtybarlylygy we takyklygy hakyndaky maglumat;

-buhgalterlik hasabynyň ýola goýluşynda we maliýe hasabatyny düzmekde barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan we düzedilmedik düzgün bozulmalary, şeýle hem maliýe-hojalyk operasiýalary amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, bozulan halatlary bar bolan bolsa, şolar hakyndaky maglumatlar;

-beýleki spesialistler tarapyndan berlen materiallaryň sanawy;

-auditorlyk netije.

Hasabat barlagy geçirýän auditoryň goly we möhri bilen berkidilýär. Eger auditor auditorlyk guramanyň adyndan hereket edýän bolsa, hasabat auditoryň we auditorlyk guramanyň möhürleri bilen berkidilýär.

Auditorlyk hasabat audirlenilýän subýekte auditorlyk barlag gutaranyndan soň iki hepdäniň dowamynda berilýär.

Auditorlyk netije auditorlyk hasabatyň sostaw bölegi bolup durýar we audirlenilýän subýektiň buhgalterlik hasabyň ýola goýluşynyň we ýyllyk maliýe hasabatynyň, alnyp barlyşynyň dogrulygyny tassyklamakdan ýa-da onuň ygtybarlydygyny tassyklamakdan esasly boýun gaçyrmakdan ybarat bolmalydyr.

Auditorlyk netije Auditorlyk palata tarapyndan bellenilen ýeke-täk görnüşde düzülýär we ol auditoryň goly hem-de möhri bilen berkidilýär.

Eger auditor auditorlyk guramanyň adyndan hereket edýän bolsa, auditorlyk netije auditoryň we auditorlyk guramanyň goly hem-de möhürleri bilen berkidilýär.

Auditorlyk netije audirlenilýän subýektiň hasabatlylygynyň hökmany elementi bolup durýar we ol statistika organlaryna, salgyt¸ inspekpiýasyna we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen beýleki peýdalanyjylara berilýär.

Şeýle hem, audirlenilýän subýekt hökmünde banklar we strahowaniýe guramalary tarapyndan degişlilikde Türkmenistanyň Merkezi bankyna we Türkmenistanyň döwlet strahowaniýe gözegçiligi organyna auditorlyk hasabatlaryň berilmegi hökmanydyr.

9-njy madda. Auditorlaryň, garaşsyzlygy

Auditorlar auditorlyk barlaglary geçiren we netijeleri düzen wagtynda audirlenilýän subýektden, islendik üçünji tarapdan, seýle hem hususyýetçilerden we öz işleýän auditorlyk guramalarynyň ýolbaşçylaryndan garaşsyzdyrlar.

10-njy madda. Auditorlyk barlagy geçirmäge auditoryň bellenilmegi

Auditor auditorlaryň döwlet reestrinde bellige alnanlaryň hataryndan her kalendar ýylynda hususyetçi (hususyýetçiler) tarapyndan saýlanylýar we bellenilýär.

Auditor bilen ýa-da onuň işleýän auditorlyk guramasy bilen auditorlyk barlagy geçirmek hakyndaky şertnama gol çekilen günüden başlap, ol işe bellenildi diýlip hasap edilýär.

11-nji madda. Auditory ýa-da auditorlyk guramany bellemekdäki çäklendirmeler

Auditor auditorlyk barlaglary geçirmäge şeýle ýagdaýlarda bellenilip bilinmez, eger:

-ol audirlenilýän subýekti dörediji, onuň hususy eýesi, aksioneri, ýolbaşçysy we beýleki wezipeli adamy bolsa, buhgalterlik hasabyny goýmakda we maliýe hasabatlylygyny düzmekde jogapkärçilik çekýän ýa-da guramaçylyk- ýolbaşçylyk we adminstartiw- hojalyk wezipelerini alyp barýan bolsa ýa-da görkezilen şol adamlar bilen ýakyn garyndaş bolsa¸ ýa-da gudalyk garyndaşlygynda (ata-ene¸ är-aýal¸ doganlar¸ uýalar¸ ogullar¸ çagalar şeýle hem är-äýälyň doganlary¸ uýalary¸ ata-enesi we çagalary) bolup durýan bolsa;

- onuň işleýän auditorlyk guramasy audirlenilýän subýekt (ondan bölünip aýrylan kärhanalar¸ filiallar(bölümler)¸ wekillikler) babatda dörediji¸ hususy eýesi¸ aksioner bolup durýan bolsa;

- ol ýa-da onuň işleýän auditorlyk guramasy audirlenilýän subýekte buhgalterlik hasabyny dikeltmekde we alyp barmakda¸ maliýe hasabatyny düzmekde hyzmat eden bolsa¸ şeýle hem audirlenilýän subýekt bilen maliýe geleşigini eden bolsa;

- auditorlyk barlag bellenilen pursatynda auditorlyk işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama ýok bolsa ýa-da hereket etmeýän bolsa.

Auditor bellenilenden soň öz wezipesini ýerine ýetirmäge ygtyýarsyz bolup çyksa, ol haýal etmän ygtyýarlylygyny goýmalydyr.

Audirlenilýän subýektiň auditorlyk guramasyny döredeniň onuň hususy eýesiniň, strahowşikleriň ýa-da kreditorlaryň düzümiden auditory saýlamaga hukugy ýokdur.

12-nji madda. Auditorlaryň, we auditorlyk guramalaryň hukulary we borçlary

Auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň şulara hukuklary bardyr, ýagny:

- auditorlyk barlagy geçirmegiň görnüşlerini we usullarynyözbaşdak kesgitlemäge;

- maliýe-hojalyk işiniň buhgalteriýa we beýleki dokumentasiýasyny, aktiwini we borçnamalaryny, näçe nagt pul serişdeleriniň bardygyny, gymmatly kagyzlaryny, material gymmatlyklaryny hem şolaryň audirlenilýän subýektiň, şol sanda baş kärhananyň, bölünip aýrylan kärhanalaryň, filiallaryň, we wekilleriň buhgalterlik hasabynyň we maliýe hasabatynyň maglumatlaryna laýyk gelýänligini;

-auditorlyk barlagy amala aşyrmak üçin üçünji bir tarapdan zerur bolan ýazmaça maglumaty talap edip almaga;

-şu Kanunyň 11-nji maddasynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärli spesialistleri auditorlyk barlaga gatnaşmaga şertnama esasynda çekäge;

- audirlenilýän subýekt tarapyndan zerur bolan dokumentler berilmedik ýagdaýynda auditorlyk barlagy geçirmekden boýun gaçyrmaga.

Auditorlar auditorlyk guramalar şulara borçludyr, ýagny:

-şu kanuny, Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki aktlaryny, standartlary, Auditorlyk palatanyň metodik maslahatlaryny, audirlenilýän subýektler bilen baglaşylan şertnamalary goldamaga;

-auditorlyk barlaglary we beýleki auditorlyk hyzmatlary oňat hilli amala aşyrmaga;

-alnan maglumatlaryň ýaşyrynlygyny saklamaga, ony audirlenilýän subýektiň hususy eýesiniň (ýolbaşçysynyň) razylygy bolmasa ýaýratmazlyga, şahsy bähbidiň we üçünji bir adamyň bähbidine peýdalanmazlyga;

-auditorlyk barlagyň barşynda alynýan we düzülýän dokumentleriň abatlygyny üpjün etmäge;

-audirlenilýän subýektiň, ýolbaşçylaryna buhgalterlik hasabynyň ýola goýluşynda we maliýe hasabatyny düzmekde ýüze çykarylan kemçilikler we düzgün bozulmalar hakynda habar bermäge;

-auditorlyk netijede auditoryň salgylanýan bellikleri we gelen netijeleri boýunça kanunçylygyň we normatiw dokumentleriň talaplary hakynda audirlenilýän subýekte doly maglumat bermäge;

-Auditorlyk palata öz işi hakynda bellenilen görnüşde ýyllyk hasabatyny bermäge.

13-nji madda. Audirlenilýän subýektiň hukuklary we borçlary

Audirlenilýän subýektiň şulara hukugy bardyr, ýagny:

-auditorlyk barlagy geçirmek üçin auditory özbaşdak saýlamaga;

-auditordan ýa-da auditorlyk guramadan şertnamadan gelip çykýan borçlary ýerine ýetirmegi talap etmäge.

Audirlenilýän subýekt şulara borçludyr, ýagny:

-auditora barlagy öz wagtynda we gowy hilli geçirmek üçin şert döretmäge;

-oňa zerur bolan ähli dokumentleri bermäge;

-auditoryň talap etmegi boýunça dilden ýa-da ýazmaça görnüşde aýdyňlgşdyrma we düşündiriş bermäge;

-auditorlyk barlag döwründe auditoryň işine gatyşmazlyga;

-buhgalterlik hasabaty ýola goýmagyň we maliýe hasabatyny düzmegiň kanun tarapyndan bellenilen tertibiniň auditor tarapyndan ýüze çykarylan bozulmalaryny öz wagtynda aradan aýyrmaga;

-auditoryň we auditorlyk guramanyň şertnamanyň şertlerinden gelip çykýan talaplary ýerine ýetirmäge.

III. BÖLÜM. AUDITORLYK PALATA

14-nji madda. Auditorlyk palatany döretmek

Auditorlyk palata professional auditorlyk işi sazlaşdyrmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, ony öz-özüňi dolandyryş arkaly amala aşyrmak, onuň agzalarynyň bähbitlerini goramak, garaşsyz maliýe gözegçiligi sistemasynyň ösüşine. ýardam etmek üçin döredilýär.

Auditorlyk palata professional gurama bolup, onuň düzümine Türkmenistanyň ähli auditorlary we auditorlyk guramalary girýär.

Auditorlyk palata we onuň ýolbaşçy organlary auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň, birleşen konferendiýasynda döredilýär.

Auditorlyk palatany bellige almak işi auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň birleşen konferensiýasynyň tassyklanylan Ustawy hem-de arza esasynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Auditorlyk palatanyň Ustawy auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň umumy sanynyň üçden iki böleginin ses bermegi arkaly tassyklanylmaga degişlidir.

Auditorlyk palatanyň ýolbaşçy organy onuň Prezidiumydyr.

Auditorlyk palatanyň işlemegi auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň beren serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar, olaryň möçberi Auditorlyk palatanyň Ustawy bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Auditorlyk palatanyň emele gelmegine we onuň işine ýardam edýärler hem-de kömek berýärler.

15-nji madda. Auditorlyk palatanyň esasy wezipeleri

Auditorlyk palatanyň esasy wezipeleri bolup şular durýar, ýagny:

-auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň hasabyny alyp barmak;

-auditorlyk barlaglary geçirmek boýunça standartlary işläp düzmek;

-auditorlyk iş boýunça metodik maslahatlary hem-de auditorlaryň professional etikasynyň düzgünini işläp düzmek we tassyklamak;

- auditorlary we auditorlyk guramalary auditorlyk işi amala aşyrmak bilen baglanyşykly kanunçylyk we normatiw aktlary bilen üpjün etmäge ýardam bermek;

-auditorlyk netijäniň görnüşlerini, auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň işi hakyndaky hasabatlaryň, beýleki görnüşlerini tassyklamak;

-auditorlaryň professional hünärlerini ýokarlandyrmagy guramak;

-auditorlyk hyzmatlaryň bazaryny öwrenmek;

-auditorlyk işi ösdürmek hem kämilleşdirmek baradaky teklipleri taýýarlamak;

-auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak;

-döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlarynda, beýleki guramalarda auditorlaryň professional bähbntlerine wekilçilik etmek;

-audnrlenilýän subýektleriň auditorlaralaryň (auditorlyk guramalara) öz professional borçlaryny ýerine ýetirmeýändikleri ýa-da ýaramaz ýerine ýetirýändikleri zerarly bildirýän talaplaryna seredilmegini üpjün etmek;

-auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň işini öwrenmek, umumylaşdyrmak we analizlemek.

16-njy madda. Auditorlyk palatanyň esasy hukuklary

Auditorlyk palatanyň esasy hukuklary şulardan ybaratdyr:

-auditorlardan we auditorlyk guramalardan bellenilen görnüşde hasap we hasabaty almak;

-öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde auditorlara we auditorlyk guramalara ýerine ýetirmegi hökmany bolan standartlary¸ instruksiýalary we metodik görkezmeleri bermek;

- auditorlaryň hereketi zerarly edilen şikaýatlara seretmek we meseläni çözmek;

- auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň ygtyýarnamalaryny yzyna almak ýa-da olaryň hereketini togtatmak hakyndaky haýyş bilen ýüzlenmek bilen ýüzlenmek;

- onuň ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözmek.

IV bölüm. ATTESTASIÝA WE YGTYÝARNAMA BERMEK

17-nji madda. Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýa

Hususyýetçileriň we döwletiň, bähbitleriniň goralmagyna ýardam edip biljek professional auditor kadrlaryny ösdürmegi we kämilleşdirmegi döwlet tarapyndan ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýa döredilýär we ol hakdaky Düzgünnama tassyklanylýar.

Komissiýanyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan 50 prosentini düzýän auditorlar, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň ökde hünärli spesialistleri we beýlekiler komissiýa girizilýär.

18-nji madda. Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýanyň wezipeleri

Komissiýanyň wezipeleri:

-auditorlyk işe bildirilýän talaplara laýyklykda spesialistleriň attestasiýasyny guramak we geçirmek;

-ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak hakynda çözgütleri kabul etmek;

-auditorlaryň döwlet reestrini we auditorlyk guramalaryň döwlet reestrini girizmek;

-auditoryň şahsy möhrüniň nusgasyny tassyklamak;

-Auditorlyk palatanyň hödürlän standartlaryny tassyklamak.

19-njy madda. Attestasiýa

Attestasiýa munuň özi auditorlyk iş bilen meşgullanmaga isleg bildirýän fiziki taraplaryň bilimini, olaryň işiň, şu görnüşine bildirilýän talaplara neneňsi laýyk gelşini barlamakdyr.

Attestasiýa geçirmegiň tertibi Attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýa tarapyndan bellenilýär.

Attestasiýa geçirmek işine ykdysadyýet we ýuridik hünärler boýunça gutarnykly ýokary bilimi bolan we buhgalter, ykdysatçy, derňewçi, ýurist, kärhananyň ýolbaşçysy, ykdysady we ýuridik ugur boýunça ylmy işgär ýa-da mugallym bolup işlän, bäş ýyldan az bolmadyk iş stažly adamlar goýberilýär.

Attestasiýa ekzamen sistemasynda geçirilýär.

Attestasiýadan geçen adam auditoryň kwalifikasion attestatyny alýar.

Attestasiýadan geçip bilmedik adamyň ondan gaýtadan geçmäge hukugy bardyr, ýöne ol bir ýyldan öň bolmaly däldir.

Attestasiýa tölegli esasda amala aşyrylýar. Attestasiýa geçirmek üçin bir wagtlaýyn ýygymyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

20-nji madda. Auditorlyk işe ygtyýarnama bermek

Auditorlyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Auditorlyk işiniň hünär synagy we ygtyýarlylandyrmak baradaky topar tarapyndan amala aşyrylýar.

Ygtyýarnama degişli arzanyň esasynda ýanyna şular goşulanda berilýär¸ ýagny:

- fiziki tarap üçin - kwalifikasion attestat we ygtyýarnama berlenligi üçin döwlet pajyny tölänligi hakynda töleg dokumeniniň kopiýasy;

-gurama üçin - esaslandyryş dokumentlerini, döwlet belligine alnanlygy hakyndaky şahadatnamanyň, kopiýasy, şol guramanyň, ýolbaşçysy hakyndaky maglumatlar, azyndan üç auditoryň bolmagy, ygtyýarnama berlenligi üçin döwlet pajyny tölänligi hakyndaky töleg tabşyrygynyň kopýasy;

Ygtyýarnama berlenligi üçin üçin döwlet pajynyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär we ol merkezleşdirilen býutjetiň girdejisine geçirilýär.

Auditorlyk işi amala aşyrmaga ygtyýarnama berilmegi hakyndaky arza göz öňünde tutulan dokumentleriň hemmesiniň berlen wagtyndan 30 günüň dowamynda seredilmelidir.

Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygytýarnama bermrk baradaky komissiýa ygtyýarnama bermekde boýun gaçyrylan halatynda¸ ýüze çykan gapma-garşylyklar baradaky arz – şikaýat etmegiň tertibini belleýär.

Ygtyýarnama berlen wagtyndan hereket edip başlaýar. Ygtyýarnamanyň hereket edýän möhleti çäklendirilmeýär.

Auditorlyk işi amala aşyrmak üçin berlen ygytyýarnama ony beren gurama tarapyndan şeýle halatlarda ýatyrylyp bilner¸ ýagny:

- ygtyýarnama berlenden soň, ony almak üçin auditor ýa-da auditorlyk gurama tarapyndan nädogry maglumatlar berlendigi ýüze çykarylanda;

- auditorlyk gurama tarapyndan işiň şu Kanun arkaly gadagan edilen görnüşleri amala aşyrylanda;

-auditorlyk barlaglaryň barşynda alnan maglumatlar auditor ýa-da auditorlyk gurama tarapyndan üçünji bir adama (tarapa) audirlenilýän subýektiň hususy eýesiniň (ýolbaşçysynyň) razylygy bolmazdan, berlende;

-auditoryň betnebislikli we hojalyk işi babatdaky eden jenaýatçylyklary üçin göz öňünde tutulan jeza boýunça suduň hökümi güýje girende;

-auditorlyk barlaglary geçirmäge we auditorlyk hyzmatlary etmäge mümkinçiligi aradan aýyrýan ahwalatlar auditor ýa-da auditorlyk gurama tarapyndan bilkastlaýyn ýaşyrylanda.

Auditor eger auditiň tassyklanylan astandartyny ýerine ýetirmese onda auditorlyk palatanyň 3 gezek ýazmaça duýduryşyndan soň¸ Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýa auditorlyk ygtyýarnamany togtatmak ýa-da ýatyrmak hakyndaky meselä seredýär.

Auditor eger iki ýylyň dowamynda auditorlyk işe girişmese¸ ol auditi amala aşyrmaga bolan hukugyny ýitirýär.

21-nji madda. Ýörite ygtyýarnamalar

Banklaryň, inwestision institutlaryň we strahowaniýe guramalarynyň auditorlyk barlaglary geçirmek üçin ýörite ygtyýarnamasy bolmalydyr. Ýörite ygtyýarnama auditorlyk barlagyň her bir görnüşi uçin berilýär.

Ýörite ygtyýarnamany almak üçin auditor aýratyn ýöriteleşdirilen ekzamen tabşyrmalydyr, ony tabşyrmagyň tertibi Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýa tarapyndan kesgitlenilýär.

Ýörite ygtyýarnamanyň hereket möhleti 5 ýyldyr, şol möhlet geçeninden soň ygtyýarnamany täzelemek talap edilýär.

V bölüm AUDITORLYK IŞ BARADAKY KANUNÇYLYGYŇ BOZULANLYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

22-nji madda. Auditorlaryň we auditorlyk guramalaryň jogapkärçiligi

Auditor we auditorlyk gurama auditorlyk işi amala aşyranda Türkmenistanyň kanunçylyk we normatiw aktlarynyň talaplaryň bozulanlygy üçin jogapkärçilik çekýär.

Auditor ýa-da auditorlyk gurama tarapyndan şu Kanunyň 11-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar audirlenilýän subýektden bilkastlaýyn ýaşyrylan halatynda, şeýle hem auditoryň ynsapsyzlyk bilen eden hereketleri netijesinde audirlenilýän subýekte maddy zyýan ýetirilse, ol şertnamanyň şertlerine we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda auditor ýa-da auditorlyk gurama tarapyndan öweziniň dolunmagyna degişlidir.

23-nji madda. Audirlenilýän subýektiň jogapkärçiligi

Audirlenilýän subýektiň ýolbaşçysy auditorlyk barlaglary geçirmek üçin auditora berilýän dokumentiň we beýleki maglumatlaryň dolulygyna hem-de ygtybarlylygyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen personal jogapkärçiligi çekýär.

Auditiň geçirilmegi audirlenilýän subýekti hojalyk işini amala aşyrmagyň tertibiniň bozulanlygy, berilýän maliýe hasabatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryna laýyk gelmeýänligi üçin jogapkärçilikden boşatmaýar.

Audirlenilýän subýektiň ýolbaşçylary ýa-da beýleki wezipeli adamlary tarapyndan şu Kanunyň hökmany auditi geçirmek hakyndaky talaplary ýerine ýetirilmese ýa-da onuň geçirilmegine päsgelçilik döredilse, hereket edýän kanunçylykda göz öňünde tutulan jogapkärçilik çekilýär.

VI. BÖLÜM JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

24-nji madda. Jedellere seredilmegi

Auditorlyk işi amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüze çykan jedellere sudda ýa-da hojalyk sudunda seredilýär.

25-nji madda. Geçiş düzgünleri

Şu Kanunda bellenilen Auditorlyk palatany, Auditorlyk işe attestasiýa geçirmek we ygtyýarnama bermek baradaky komissiýany döretmek bilen baglanyşykly guramaçylyk hukuk meseleleri çözülýänçä Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň aktlary, şeýle hem auditorlyk işi amala aşyrmagyň tertibini kadalaşdyryjy wedomstwolaýyn normatiw-hukuk aktlar hereket edýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 18-nji iýuny

№ 123-1