Giriş maglumatlary
«Demir ýol transporty hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen № 186-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Demir ýol transporty hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 3, 50-nji madda)
(Türkmenistanyň 30.12.2002 ý. № 173-III, 14.12.2007 ý. № 156-III we 18.04.2009 ý.
№ 32-IV Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmacalar bilen)
Şu Kanun demir ýol transportynyň (ulagynyň) hereket edişiniň we ösüşiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny belleýär, demir ýol transportyny peýdalanmak boýunça fiziki we ýuridiki şahslaryň arasynda döreýän gatnaşyklary kadalaşdyrýar.
I bap. Umumy düzgünler
1 madda. Türkmenistanda demir ýol transport
Türkmenistanda demir ýol transporty ulag sistemasynyň düzüm bölegi bolmak bilen bitewi demir ýol seti esasynda hereket edýär we ulagyň beýleki görnüşleri bilen bilelikde hereket edip ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy we şolar bilen baglanyşykly transport hyzmatlaryny amala aşyrýar.
2 madda. Demir ýol transporty hakyndaky kanunçylyk
Demir ýol transporty hakyndaky kanunçylyk şu Kanundan we demir ýol transportynyň işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän gaýry normatiw hukuk aktlaryndan ybaratdyr.
3 madda. Demir ýol transportyna eýeçilik hukugy
1. Bitewi demir ýol setine girýän demir ýol liniýalar we hereket howpsuzlygyny sazlaýan we üpjün edýän inženerçilik desgalary, şeýle hem muňa goşulýan demir ýol transportynyň kärhanalary, guramalary we edaralary (mundan beýläk demir ýol transportynyň kärhanalary diýlip atlandyrylýar) döwlet eýeçiliginde durýar.
2. Fiziki we ýuridiki şahslar demir ýolunyň uly ýola alyp barýan kiçi ýollaryny, şeýle hem otly sostawyny we konteýnerleri edinmäge haklydyr.
4 madda. Demir ýol transporty babatda döwlet syýasaty
Demir ýol transporty babatda döwlet syýasaty Türkmenistanyň bütin territoriýasy boýunça demir ýol gatnawynyň sazlaşykly ösüşine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýaşaýşyny üpjün etmekde ulagyň beýleki görnüşleri bilen demir ýol transportynyň netijeli özara hereketine, içerki we halkara gatnawlarynda ýük daşaýyş bazaryny döretmäge, ilatyň ýük daşamaga we transport hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
5 madda. Demir ýol transportyndaky düzgünler
Demir ýol transportynyň serişdelerini peýdalanmagyň we olary saklamagyň tertibi, ýükleri, ýolagçylary, poçtany we bagažy daşamagyň şertleri, hereket howpsuzlygyny, demir ýol liniýalaryndan geçelgeleriň we şolaryň üstünden ötüp geçmegiň, geçişiniň, zähmeti goramagyň howpsuzlygynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň şertleri we beýleki meseleler Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan işlenip düzülýän we tassyklanylýan tertipde demir ýol transportynyň düzgünleri bilen kadalaşdyrylýar.
6 madda. Demir ýol transportynda hasaba alyş-hasabat wagty
Türkmenistanyň demir ýol transpotynda bitewi hasaba alyş-hasabat wagty - ýerli wagt bellenilýär.
II bap. Demir ýol gatnawy
7 madda. Demir ýol gatnawyny guramak
1. Demir ýol gatnawy Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan şu esasda guralýar, ýagny:
demir ýol transporty babatda bitewi döwlet syýasatyny geçirmek;
demir ýol transportyndan peýdalanyjylaryň ýükleri we ýolagçylary daşamagyna we olar bilen baglanyşykly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrýan şertleri döretmek;
umumy peýdalanylýan demir ýol liniýalaryny ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara gatnaşykda netijeli peýdalanmak;
demir ýol transportynda bitewi ylmy-tehniki syýasaty amala aşyrmak;
degişli hünärdäki spesialistleri taýýarlamak esasynda guralýar.
2. Demir ýol gatnawy demir ýol stansiýalarynyň arasynda guralýar hem-de demir ýol transportynyň kärhanalary tarapyndan üpjün edilýär.
8 madda. Içerki we halkara demir ýol gatnawy
1. Türkmenistanyň territoriýasynda içerki we halkara demir ýol gatnawy üpjün edilýär.
2. Içerki demir ýol gatnawy Türkmenistanyň territoriýasynyň içinde amala aşyrylýar.
3. Halkara demir ýol gatnawy Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda demir ýol gatnawy arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden tranzit gatnawy arkaly amala aşyrylýar.
9 madda. Garyşyk göni gatnaw
1. Demir ýol transporty ýükleri daşamagy awtomobil, suw (deňiz, derýa) we howa transporty bilen özara hereket edip, garyşyk göni gatnaw sistemasyny guramak arkaly amala aşyrýar.
2. Garyşyk göni gatnawa gatnaşyjylaryň arasyndaky özara gatnaşyklar Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlary, şeýle hem olaryň arasyndaky degişli ylalaşyklar arkaly düzgünleşdirilýär.
10 madda. Demir ýol stansiýalary, razýezdler we duralga punktlary
1. Demir ýol stansiýalary içerki we halkara demir ýol gatnawlarynda ýükleriň, ýolagçylaryň, poçtanyň we bagajyň daşalmagyna hyzmat etmek üçin niýetlenilýär hem-de şäherlerde we beýleki ilatly punktlarda ýerleşýär.
2. Demir ýol stansiýalarynyň arasynda razýezdler we duralga punktlary göz öňünde tutulýar.
3. Demir ýol stansiýalaryndan, razýezdlerinden we duralga punktlaryndan peýdalanmak demir ýol transporty babatda demir ýol transportyndaky Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Demir ýol stansiýalarynyň atlary bolýar. Atlaryň dakylmagy ýa-da üýtgedilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Demir ýol stansiýalaryny we razýezdlerini açmak, olaryň hereketini bes etmek hakyndaky karar degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organy bilen ylalaşmak arkaly Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan kabul edilýär.
11 madda. Demir ýol transportyny ösdürmek
1. Umumy peýdalanylýan demir ýollaryny, şol sanda şolaryň elektrifikasiýasyny proýektirlemek, gurmak we durkuny täzelemek demir ýol transportyny ösdürmegiň programmalaýyn dokumentleri esasynda amala aşyrylýar.
2. Wedomstwo tabynlygyndaky, şeýle hem ýuridiki we fiziki şahslara degişli baralga demir ýollaryny proýektirlemek, gurmak, we şolaryň durkuny täzelemek Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen ylalaşyp, olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
III bap. Demir ýol transportynyň ýerleri we gorag zonalary
12 madda. Demir ýol transportynyň ýerleri
1. Umumy peýdalanylýan demir ýol liniýalaryna, demir ýol stansiýalaryna, razýezdlere, duralga punktlaryna we baralga ýollaryna (sowma zolagyny goşup) bölünip berlen, demir ýol transporty kärhanalaryna möhletsiz peýdalanmaga berilýän ýerler, şeýle hem gorag zonalaryny goşmak bilen demir ýol liniýalarynyň ulanylmagy we durkunyň täzelenmegi üçin niýetlenen ýerler demir ýol transportynyň ýerlerine degişlidir.
Demir ýol liniýalaryna goşulýan demir ýol transportynyn ýerleri sowma zolagy hasaplanýar.
2. Bölünip berlen territoriýalaryň çäklerinde demir ýol transportynyň ýerlerini peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
13 madda. Demir ýol transportynyň gorag zonalary
1. Ýer süýşmegi, suw köwmegi, sil suwy we beýleki howply täsirler zerarly zaýalanan ýerlerde ýerleşen ilatyň, demir ýol transportynyň obýektleriniň howpsuzlygyny, demir ýol liniýalarynyň abatlygyny üpjün etmek maksady bilen demir ýol transportynyň gorag zonalary bellenilýär.
2. Gorag zonalarynyň bellenilýän ýerleri we möçberleri Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
IV bap. Demir ýol transporty bilen daşamak
14 madda. Daşamaga bolan hukuk
1. Şu Kanun we gaýry normatiw hukuk aktlary, demir ýol transportynyň düzgünleri arkaly bellenen talaplar berjaý edilende demir ýol transportynda daşamaga bolan hukuk ýüze çykýar.
2. Daşamagy amala aşyrýan demir ýol transportynyň kärhanalary (mundan beýläk daşaýjy diýlip atlandyrylýar) bellenilen ýere ýüküň eltilmegini ýa-da ýolagçylaryň daşalmagyny amala aşyrmaga borçludyrlar, eger:
a) iberiji ýa-da ýolagçy şu Kanun we gaýry normatiw hukuk aktlary, demir ýol transportynyň düzgünleri tarapyndan daşamaga bildirilýän talaplary ýerine ýetiren bolsa;
b) daşamaga demir ýol transportynyň güýçleri bilen öňüni alyp we düzedip bolmajak ýagdaýlar päsgel bermese.
3. Daşamaga bolan hukuk demir ýol transportynyň peýdalanyja berilýän serişdeleri we olary ulanmagyň şertleri hakyndaky habara bolan hukugy öz içine alýar.
15 madda. Demir ýol transportyndaky tarifler
1. Demir ýol transporty bilen ýükleri, ýolagçylary, poçtany we bagajy daşamak üçin tarifler Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenýär.
2. Demir ýol transportynda tarifler arkaly göz öňünde tutulmadyk işler we hyzmatlar şertnamalaýyn esasda tölenilýär.
16 madda. Ýük daşamak boýunça esasy düzgünler
1. Ýük daşamak şertnama boýunça geçirilýär. Ýük daşamak şertnamasyny baglaşmagyň dokumental güwänamasy demir ýol nakladnoýydyr.
2. Daşaýjy ýük daşamak şertnamasy boýunça ony niýetlenen punkta eltmäge we alyja ýa-da muňa ygtyýarly şahsa (mundan beýläk ýük alyjy diýlip atlandyrylýar) bermäge borçlanýar, iberiji bolsa ýük daşamagyň hyzmatlaryny bellenen tertipde tölemäge borçlanýar.
3. Ýük daşamak marşrutlar, wagonlar we konteýnerler boýunça ugratmak arkaly guralýar hem-de iberijiniň ýa-da ýüki alyjynyň goragy astynda we ýany bilen gitmeginde, şeýle hem demir ýol transportynyň harbylaşdyrylan goragy astynda amala aşyrylyp bilner. Harbylaşdyrylan goragyň ýanynda gitmäge degişli ýükleriň sanawy, şeýle hem gorag düzgüni Türkmenistanyň Ministrler kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bellenilýär.
4. Daşamaga bellenilen talaplara laýyklykda gymmaty yglan edilen ýükler görkezilip bilner.
5. Ýük, şol sanda tiz zaýalanýan ýük Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bellenilýän ugurlarda ýük tizligi, şeýle hem uly tizlik bilen daşamak üçin kabul edilýär.
6. Ýüki alyjynyň ýa-da ýüküň niýetlenen stansiýasynyň üýtgedilmegi bellenen tertipde iberijiniň ýa-da alyjynyň arzasy boýunça geçirilýär.
7. Ýük daşamak ýük iberijiler we alyjylar bilen bilelikde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän aýratyn şertlerde amala aşyrylyp bilner.
8. Demir ýol transportyny peýdalanyjylar ýük daşamak bilen baglanyşykly işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin demir ýol transportynyň kärhanalary bilen şertnamalar baglaşyp bilerler.
9. Ýük daşamagy ýerine ýetirmegiň tertibi we şertleri demir ýol transportynyň Düzgünleri arkaly bellenilýär.
17 madda. Howply ýükleri daşamak
1. Howply ýükler şolara bellenilen talaplary berjaý etmek bilen daşalýar. Howply ýükleriň sanawy we olary daşamaga bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Howply ýükleri iberiji we alyjy ýuridiki şahslar ýük daşamak, ýüklemek we düşürmek howpsuzlygyny kepillendirmäge, bu ýükler daşalanda mümkin bolan awariýalary we olaryň netijelerini ýok etmäge zerur bolan serişdeleri we mobil bölümleri edinmäge borçludyrlar.
Tassyklanylan sanawa giren howply ýükleriň goragy we ýany bilen gidilmegi ýük iberijiler ýa-da alyjylar tarapyndan bütin marşrutyň dowamynda üpjün edilýär.
3. Territoriýasynda howply ýükleriň öndürilmegi, saklanylmagy, ýüklenilmegi we düşürilmegi amala aşyrylýan obýektler demir ýol desgalaryndan we umumy peýdalanylýan demir ýol liniýalaryndan olaryň howpsuz işini üpjün edýän aralyga daşlaşdyrylmalydyr.
18 madda. Ýolagçylary gatnatmak
1. Ýolagçylary gatnatmak (daşamak) şertnama boýunça amala aşyrylýar. Ýolagçylary daşamak şertnamasyny baglaşmagyň dokumental güwänamasy ýol biletidir, bagaž daşalanda bolsa bagaž kwitansiýasydyr.
2. Ýolagçy ýol biletini edinmäge borçludyr, daşaýjy bolsa otlynyň gidýän marşruty boýunça ýolagçy tarapyndan görkezilen barmaly punktuna çenli biletiň satylmagyny üpjün etmäge borçludyr, ýol biletine laýyklykda ýolagça otluda orun bermek bilen şertnama boýunça ony we onuň bagažyny barmaly punktuna eltmäge borçlanýar.
3. Gatnaw ýa-da bagažy daşamak üçin ýol dokumentlerini resmileşdiren ýolagçy içerki we halkara demir ýol gatnawlarynda daşaýjy tarapyndan bitirilýän hyzmatlardan peýdalanmaga haklydyr.
4. Türkmenistanyň normatiw hukuk aktlary arkaly graždanlaryň aýry-aýry kategoriýalaryna ýol kireýi boýunça ýeňillikler berlip bilner.
5. Ýolagçynyň şulara hukugy bardyr, ýagny:
ýolagçylary gatnatmak üçin açylan islendik marşruta bilet almaga;
biletde görkezilen orny eýelemäge;
demir ýol transportynyň düzgünlerine laýyklykda çagalaryny, el goşlaryny we bagažyny öz ýany bilen äkitmäge;
gidýän ýolunda duralga wagtynda biletini 10 gije-gündizden köp bolmadyk wagta uzaltmaga hukugy bardyr, muňa şäherýaka gatnaw marşrutlary girmeýär. Daşaýjy gidýän ýolunda duralga wagtynda biletiň hereket möhletini uzaltmaga ygtyýarlydyr;
daşamagyň başlanmagyna çenli biletini gaýtarmaga we demir ýol transportynyň Düzgünlerinde bellenilen tertipde ýol kireýiniň tölenen summasyny yzyna almaga hukugy bardyr. Ýitirilen we zaýalanan ýol biletleri dikeldilmeýär we olar üçin tölenen pul yzyna gaýtarylmaýar, muňa demir ýol transportynyň Düzgünlerinde bellenen halatlar girmeýär.
6. Demir ýol transportynyň Düzgünleri arkaly ýolagça gaýry hukuklar hem berlip bilner.
7. Ýolagçy demir ýol transportynda bellenilen düzgünleri berjaý etmäge borçludyr.
19 madda. Poçta ýollamalaryny daşamak
1. Poçta ýollamasyny daşamak poçta wagonlarynda amala aşyrylýar. Poçta wagonlaryny öz içine alýan otlularyň sanawy Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bellenilýär.
2. Daşaýjy poçta ýollamasyny daşamagyň şertnamasy boýunça poçta ýollamasynyň kabul edilen sanyny öňünden ylalaşylan marşrut boýunça niýetlenen punkta eltmäge hem-de ony aragatnaşyk punktuna bermäge borçlanýar, aragatnaşyk kärhanasy bolsa daşamak üçin poçta ýollamasyny öz wagtynda görkezmäge, niýetlenen punktda ony kabul etmäge hem-de daşamak üçin bellenen tölegi tölemäge borçlanýar.
20 madda. Daşamak boýunça uzak möhletli şertnamalar
1. Demir ýol transportyndan peýdalanyjy regulýar ýük daşamagy amala aşyrmak zerur bolanda demir ýol transportynyň kärhanalary bilen daşamak boýunça uzak möhletli şertnamalar baglaşmaga haklydyr. Şeýle şertnamalarda ulag serişdelerini bermegiň we daşamak üçin ýükleri görkezmegiň möçberleri, möhletleri we şertleri, şeýle hem ýük daşamagy guramagyň şu Kanunda we demir ýol transportynyň Düzgünlerinde göz öňünde tutulmadyk beýleki şertleri kesgitlenilýär.
2. Ýuridiki şahs zerur mahalynda ýolagçylary daşamak boýunça daşaýjy bilen uzak möhletli şertnamalary baglaşmaga haklydyr, bu şertnamalarda olary guramagyň tertibi, tölegiň möçberi we gaýry şertler kesgitlenilýär.
V bap. Demir ýol baralgasy we demir ýol geçelgeleri
21 madda. Demir ýol baralgasy
1. Demir ýol baralgasyna üznüksiz rels koleýalarynyň umumy peýdalanylýan demir ýollary bilen baglanyşykly we demir ýol transportyny peýdalanyjylaryň ýük daşamaga bolan isleglerini üpjün edýän demir ýol liniýalary degişlidir. Baralga demir ýollarynyň umumy peýdalanylýan demir ýollara goşulmagynyň şertleri Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bellenilýär.
2. Demir ýol transporty kärhanalarynyň baralga demir ýollarynyň eýeleri bilen özara gatnaşyklary baralga demir ýoluny ulanmaga bolan şertnama bilen düzgünleşdirilýär.
3. Kärhanalara, guramalara we edaralara hyzmat etmek üçin birleşen ulag hojalyklary bolan mahalynda demir ýol transporty kärhanasy tarapyndan baralga demir ýoluny ulanmak üçin olaryň adyndan birleşen ulag hojalygy bilen şertnama baglaşýar.
22 madda. Demir ýol geçelgeleri
1. Demir ýollarynyň awtomobil ýollary bilen kesişýän ýerlerinde demir ýol geçelgeleri enjamlaşdyrylýar.
Demir ýol geçelgelerini enjamlaşdyrmagyň we ulanmagyň tertibi «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserni we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bellenilýär.
2. Täze demir ýol geçelgelerini açmak we hereket edýänlerini ýapmak ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen ylalaşylyp geçirilýär.
VI bap. Hereket howpsuzlygy we demir ýol transporty obýektleriniň goragy
23 madda. Demir ýol transportynda sertifikasiýa
1. Demir ýol transportynyň otly sostawy, şol sanda ýöriteleşdirilen otly sostawy, transport enjamy we beýleki tehniki serişdeler hem-de mehanizmler hereket howpsuzlygynyň, zähmeti goramagyň we ekologik howpsuzlygynyň talaplaryna, Türkmenistanda hereket edýän gaýry normalara we standartara laýyk gelmelidir hem-de şeýle talaplara laýykdygyna sertifikasiýa edilmäge degişlidir.
2. Sertifikasiýa boýunça işleri guramak we geçirmek «Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
24 madda. Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek
1. Demir ýol transporty kärhanalary ýoluň, otlularyň we beýleki demir ýol transport serişdeleriniň gatnawynyň, şol sanda manewr işinde howpsuzlyk şertlerini, ýükleri we ýolagçylary daşamakda, zähmetiň, ýolagçylaryň ömrüniň we saglygynyň, daş-töweregi gurşaýan sredanyň howpsuzlyk şertlerini üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Demir ýol liniýalary, otlularyň hereketi amala aşyrylýan kärhanalaryň territoriýalary, demir ýol stansiýalary, wokzallar, demir ýol platformalary ýokary howply zonalar hasaplanylýar we zerur mahalynda olara germew edilýär. Bu zonalarda işleri geçirmegiň, olarda bolmagyň tertibi, şeýle hem demir ýol liniýasynyň üstünden gatnamagyň we geçmegiň şertleri Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bellenilýär.
3. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi hereket howpsuzlygyny üpjün etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek, gatnawyň howpsuzlyk şertlerini döretmek, desgalary, gurluşlary we otly sostawyny saklamagyň normalaryny we talaplaryny berjaý etmek boýunça çäreleri işläp düzmegi we işleri guramagy amala aşyrýar.
4. Demir ýol liniýalarynyň magistral nebit, gaz geçirijileri bilen kesişýän ýerleri şeýle desgalary ulanmagyň degişli kadalaryna laýyk gelýän ýörite görkezijiler bilen belgilenilýär. Görkezilen desgalary ulanýan şahslar hereket, howpsuzlygyna wehim salýan awariýa ýagdaýlarynyň dörändigi hakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz wagtynda habar bermäge borçludyrlar.
25 madda. Demir ýol transportynyň obýektlerini goramak
1. Demir ýol transportynyň obýektlerini goramak, şeýle hem ýangyna garşy gözegçiligi geçirmek demir ýol transportynyň harbylaşdyrylan goragy tarapyndan amala aşyrylýar.
Demir ýol transportynyň harbylaşdyrylan goragy hakyndaky düzgünnnama Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
Demir ýol transportynyň goralýan obýektleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
2. Demir ýol transportynda jemgyýetçilik tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek transportda içeri işler organlary tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň territorial polisiýa bölümleri bilen özara hereket arkaly üpjün edilýär.
26 madda. Adatdan daşary ýagdaýlarda demir ýol transportynyň işini guramak
1. Demir ýol transportynyň işini bozan adatdan daşary ýagdaýlaryň we olaryň netijelerini ýok etmek demir ýol transportynda guralýan awariýa dikeldiş bölümleriniň güýçleri tarapyndan geçirilýär.
Adatdan daşary ýagdaýlaryň we olaryň netijelerini ýok etmek üçin demir ýol transportynda material-tehniki we beýleki serişdeleriň ätiýaçlygy döredilýär.
2. Ministrlikler, wedomstwolar, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-ozüňi dolandyryş organlary demir ýol transportynda awariýa dikeldiş işleri geçirilende zerur kömegi bermäge borçludyrlar.
VII bap. Demir ýol transporty hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik. Jedelleriň çözülişi
27 madda. Demir ýol transporty hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Demir ýol transporty hakyndaky kanunçylygy bozan şahslar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda bellenen, şeýle hem baglaşylan şertnamalara laýyklykda jogapkärçiligi çekýärler.
28 madda. Jedelleriň çözülişi
Demir ýol transportynda daşaýjylar bilen peýdalanyjylar arasynda ýüze çykýan jedeller sud tertibinde çözülýär.
VIII bap. Jemleýji düzgünler
29 madda. Demir ýol transportynda strahowaniýe
1. Demir ýol transportynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýolagçylar otluda giden döwründe otlularda kontrol-inspeksiýa funksiýalaryny ýerine ýetirýän, demir ýol transportynyň zähmeti göçme häsiýetli bolan işgärleri, şeýle hem harbylaşdyrylan gorag bölümleriniň işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe hökmany döwlet strahowaniýesine degişlidirler.
2. Demir ýol transportynyň kärhanalarynyň ýolagçylary, bagažy, ýüki, poçtany daşamakda ýetirilen zyýanyň öwewini tölemek, şeýle hem üçünji şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak babatda öz jogapkärçiligini strahowaniýe etmäge hukugy bardyr.
30 madda. Döwtetara gatnaşyklaryna gatnaşmak
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwletleriň demir ýol transporty organlary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, demir ýol transportynyň meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de bu babatda halkara hukuk goragyny üpjün edýär.
31 madda. Halkara şertnamalary
Eger Türkmenistanyň halkara şergnamalarynda şu Kanundaka garanda gaýry düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1998-nji ýylyň 15-nji sentýabry.
№ 309-I.