Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.12.2014

Ýerasty baýlyklary hakynda

Official text as of 14.12.2014

Updated on the portal · 12.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Ýerasty baýlyklary hakynda



«Ýerasty baýlyklary hakynda» Türkmenistanyň kanuny

2014-nji ýylyň 15-nji dekabrynda kabul edilen № 160-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Ýerasty baýlyklary hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý., № 12, 115- madda)

(Türkmenistanyň 30.03.2007 ý. № 115-III Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

I bölüm.

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Ýerasty diýen düşünje

Toprak gatlagyndan aşakda hem-de suw ornan ýerleriň düýbünden aşakda ýerleşip, geologik taýdan öwrenmek hem özleşdirmek üçin elýeterli bolan ýer gabygynyň bir bölegi ýerasty* (* Mundan beýläk «ýerasty baýlykly ýerler» diýlip hem alynýar) hasaplanýar.

Ýeriň astynda ýerleşen zatlar öwezi dolunmaz milli baýlykdyr. Ýerasty baýlyklary häzirki hem geljekki nesilleriň bähbidi üçin ýerlikli peýdalanmak hem-de gorap saklamak döwletiň hem jemgyýetiň birinji nobatdaky wezipesidir.

2-nji madda. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklar hakyndaky kanunlary

Türkmenistanyň ýerasty baýlyklar hakyndaky kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de olar şu Kanundan we Türkmenistanyň şoňa laýyklykda çykarylýan beýleki kanunçylyk aktlaryndan ybaratdyr.

Ýerli häkimiýet we dolandyryş organlary şu Kanun arkaly özlerine berlen ygtyýarlaryň çäklerinde ýerasty baýlyklary peýdalanmakdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän aktlary çykarýarlar.

Ýerasty baýlyklar peýdalanylanda ýeri, suwy, ösümlik hem haýwanat dünýäsini, atmosfera howasyny ulanmak we goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň degişli kanunlary esasynda düzgünleşdirilýär.

3-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerlere bolan eýeçilik

Ýeriň ýerasty we ondaky zatlar büs-bütin döwletiň eýeçiligi hasaplanýar. Döwlet ýerasty baýlyklary peýdalanmakdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň aýry-aýry meseleleri barada ýerli häkimiýet we dolandyryş organlaryna belli hukuklar berýär. Ýerasty baýlykly ýerleriň satylmagyna we satyn alynmagyna ýol berilmeýär.

4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmakdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek baradaky ygtyýarlary

Türkmenistanyň çägindäki ýerastyna hem-de ondaky baýlyklara eýelik etmek, olary peýdalanmak we olara erk etmek hukugyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti amala aşyrýar, şeýle huhuklaryň bir bölegini bolsa ol munuň üçin ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlaryna berýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň hem-de ýörite ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

döwlet programmalaryny işläp taýýarlamak hem durmuşa geçirmek arkaly mineral-çig mal bazasyny peýdalanmagyň strategiýasyny, kesgitlemek;

ýerasty baýlyklaryny peýdalanmaga ygtyýarnama (lisenziýa) bermek sistemasyny guramak;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak üçin hak almagyň şertlerini hem-de tertibini kesgitlemek;

geologik maglumatlar (informasiýa) fondlaryny döretmek hem-de býujet serişdeleriniň hasabyna alnan maglumata erk etmek;

ýerasty baýlyklaryň netijeli ulanylyşyna we goralyp saklanyşyna döwlet kontrollygyny guramak;

ýerasty ýataklarynyň, şeýle hem peýdaly ýerasty baýlyklary gazyp almak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalaryny gurmak üçin peýdalanylýan ýerasty uçastoklarynyň döwlet hasabyny ýöretmek; ýerastyny geologik taýdan öwrenmek işleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny (registrirlenmegini) amala aşyrmak;

gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslarynyň döwlet balansyny düzmek;

gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň mukdary hem hili hakyndaky ýerasty baýlykly ýerleriň gymmatlylygyny kesgitleýän gaýry sypatlary hakyndaky maglumaty (informasiýany) döwlet ekspertizasyndan geçirmek;

ýerasty baýlyklary peýdalanmak we gorap saklamak barada halkara ylalaşyklaryny baglaşmak;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini utgaşdyryp alyp barmak.

5-nji madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlary

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

degişli territoriýada peýdaly baýlyklary gazyp almak ýa-da başga maksatlar üçin ýerasty baýlykly ýerleri bermek hakyndaky hem-de şol baýlyklary gazyp almagyň möhletleri hakyndaky meseleleri çözmek;

umumy ýaýran peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny işe girizmäge rugsat bermek;

ýerli senagat kärhanalary üçin mineral-çig mal bazasyny ösdürmek;

magdanlary gazyp almagyň şertleri bozulan mahalynda ýa-da alnyp barylýan hojalyk işi töwerekdäki sreda zyýanly täsirini ýetirýän bolsa, onda ýerden peýdalanyjylaryň we ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylaryň özlerine berlen ýer uçastoklarynda peýdaly magdanlary gazyp almak hukugyny 10 güne çenli togtatmak;

umumy ýaýran peýdaly baýlyklar gazylyp alnanda ýerasty baýlykly ýeriň peýdalanylyşyna we goralyp saklanylyşyna, şeýle hem ýerasty baýlygy gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalaryny gurmak üçin ýerasty baýlykly ýeriň ulanylyşyna kontrollyk etmek.

II bölüm.

ÝERASTY BAÝLYKLY ÝERLERIŇ PEÝDALANYLYŞY

6-njy madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmagyň görnüşleri

Ýerasty baýlykly ýerler şu aşakdaky hajatlar üçin peýdalanmaga berilýär:

geologik taýdan öwrenmek üçin;

peýdaly baýlyklary gazyp almak, şol sanda hem magdan gazyp alýan önümçiligiň we onuň bilen baglanyşykly bolan gaýtadan işleýän önümçiligiň galyndylaryny ulanmak üçin;

peýdaly ýerasty baýlygyny gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalary gurmak hem ulanmak üçin, nebit, gaz we beýleki maddalary hem materiallary saklamak üçin, önümçiligiň zyýanly maddalaryny hem-de galyndylaryny gömmek üçin, ýerdäki ýylylygy ulanmak üçin hem-de beýleki hajatlar üçin;

ylmy, medeniýet, estetiki, sanitariýa-sagaldyş ähmiýeti we başga ähmiýeti bolan aýratyn goralýan obýektleri (ylmy we okuw poligonlaryny, geologik gorughanalary, zakaznikleri, muzeýleri, tebigat ýadygärliklerini, gowaklary we beýleki ýerasty köwekleri) döretmek üçin;

kolleksiýa edilýän materiallary toplamak üçin.

Ýerasty baýlykly ýerler geologik taýdan öwrenmek üçin hem, peýdaly magdanlary tejribe-senagat taýdan gazyp almak üçin hem bir wagtda peýdalanmaga berlip bilner.

7-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmagy çäklendirmek

Howpsuzlyk maksady bilen we töwerekdäki sredany goramak üçin ýerasty baýlykly ýerleriň, aýry-aýry uçastoklarynyň peýdalanylmagy çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.

Eger ilatly punktlaryň, şäher ýakasy zolaklaryň, senagat, aragatnaşyk, transport obýektleriniň territoriýasyndaky ýerastynyň peýdalanmagy adamlaryň janyna hem saglygyna howp salyp biljek bolsa, hojalyk obýektlerine ýa-da töwerekdäki tebigy sreda zyýan ýetirip biljek bolsa, onda şol ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylmagy kem-käs derejede ýa-da doly suratda gadagan edilip bilner.

8-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar

Eýeçiligiň haýsy formasyna degişlidiklerine garamazdan, Türkmenistanyň her bir ýuridik hem fiziki tarapy, şeýle hem beýleki döwletleriň ýuridik taraplary hem graždanlary ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar bolup bilerler.

9-njy madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmaga bermegiň tertibi

Ýerasty baýlykly ýerler ýuridik taraplara we graždanlara ygtyýarnamalar (lisenziýalar) esasynda peýdalanmaga berilýär. Şeýle ygtyýarnama ýerasty baýlykly ýeriň eýesiniň bellenen borçnamalary berjaý etmek arkaly ýerasty baýlykly ýerleriň bir ýa-da birnäçe görnüşini peýdalanmak işini geçirmäge hukugynyň bardygyny tassyklaýan dokument hasaplanýar. Ygtyýarnama geologik sýomka, agtaryş, gözleg işlerini hem-de ýerastyny geologik taýdan öwrenmek baradaky gaýry işleri geçirmäge, peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny ýa-da onuň uçastoklaryny işe girizmäge, magdan gazyp alýan önümçiligiň hem-de onuň bilen baglanyşykly bolan gaýtadan işleýän önümçiligiň galyndylaryny peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin ulanmaga hukuk bermekden ötri berilýär.

Ygtyýarnama berilmegi hakyndaky haýyşnamalara garamagyň möhleti -bir aý.

Ýerasty baýlykly ýeri birnäçe görnüşde peýdalanmak üçin ygtyýarnama berilmegine rugsat edilýär.

Ýer bölegi ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmak hukugyny berýän ygtyýarnama alnandan soň bellenilen tertipde berilýär.

10-njy madda. Ygtyýarnamalaryň (lisenziýalaryň) mazmuny

Ygtyýarnamada we onuň düzümine girýän şertnamalaýyn borçnamalarda aşakdakylar gorkezilmelidir:

ýerasty baýlykly ýeri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň haýsy maksat üçin geçiriljekdigi hakyndaky maglumatlar;

peýdalanmaga berilýän ýerasty baýlykly uçastogyň giňişlik çäklerini kesgitli bellemek;

ýerasty baýlykly ýeri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri geçirmek üçin zerur bolan daglyk we düzlük meýdany bölüp bermegiň çäklerini kesgitli bellemek;

ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletleri;

mineral çig maly gazyp almagyň ylalaşylan derejesi;

ýerasty baýlykly ýeriň peýdalanylanlygy üçin tölemeli tölegiň formalary hem möçberleri;

ýerasty baýlykly ýeri peýdalanmagyň barşynda alynýan geologik maglumata bolan hukugy paýlamak;

ýerasty baýlykly ýerleri hem-de töwerekdäki tebigy sredany gorap saklamak, dowam edýän kanunlarda bellenen işleri howpsuz alyp barmak baradaky talaplary ýerine ýetirmegiň şertleri.

Ygtyýarnamada ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak dogrusynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki şertleri hem görkezilip bilner.

11-nji madda. Ygtyýarnama (lisenziýa) bermegiň döwlet sistemasy

Türkmenistanyň çäklerinde ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylara ygtyýarnama bermek işi ygtyýarnama bermegiň döwlet sistemasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Ygtyýarnama bermegiň döwlet sistemasynyň wezipesi aşakdakylardan ybaratdyr:

mineral-çig mal bazasyny hem-de gazyp çykaryjy senagaty ösdürmegiň döwlet programmasynyň iş ýüzüne geçirilmegini üpjün etmek;

Türkmenistanyň ilatynyň sosial, ykdysady, ekologiýa bähbitlerini hem-de gaýry bähbitlerini üpjün etmek;

ähli ýuridik taraplaryň we graždanlaryň ygtyýarnama (lisenziýa) almaklary üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmaga bäsdeşlik edýänlerden ýerasty baýlykly ýerleriň has netijeli hem ýerlikli peýdalanylmagyny hem-de goralmagyny, şeýle hem tebigy sredanyň goralmagyny üpjün etmegi başarýan adamlary saýlap almagyň açyk sistemasyny üpjün etmek;

ygtyýarnamanyň eýelerine zerur kepilleri hem-de olaryň ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak baradaky hukuklaryny goramagy üpjün etmek.

12-nji madda. Ygtyýarnama almaga bäsdeşlik edýänleri saýlap almak

Ygtyýarnama ony almak isleýän bäsdeşleriň beren zaýawkalary boýunça berilýär. Ygtyýarnama berilýän her bir obýekt boýunça ygtyýarnama almaga bäsdeşlik edýänleri saýlap almagyň usulyny ygtyýarama berýän organ kesgitleýär.

13-nji madda. Umumy ýaýran peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny işe girizmek üçin bermek

1. Umumy ýaýran peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny işe girizmek üçin ýerasty baýlykly ýerleri bermegiň tertibi, ýuridik taraplaryň, we graždanlaryň özlerine berlen ýer uçastoklarynyň çäklerinde umumy ýaýran ýerasty peýdaly baýlyklary, süýji suwy gazyp almak maksady bilen, şeýle hem gazyp almak bilen baglanyşykly bolmadyk maksady bilen peýdalanmaklarynyň, tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenýär.

2. Magdan önümçiliginiň we gaýry önümçiligiň zerur hilli gurluşyk materiallaryny almaga ýaramly galyndylary bolanda, gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin niýetlenen ýerasty baýlykly ýerleri umumy peýdalanylýan baýlyklary gazyp almak üçin bermek gadagan edilýär.

3. Ýer bölekleriniň eýeleri, peýdalanyjylary we kärendeçileri özleriniň islegine görä, şol ýerleriň çäklerinde öz hajatlary üçin umumy ýaýran peýdaly baýlyklary gazyp almaga, ýagny partladyş işlerini geçirmän, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, bäş metr çuňluga çenli gazyp almaga haklydyrlar.

14-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylaryň, esasy hukuklary we borçlary

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylaryň, aşakdakylara haky bardyr:

berilýän regionlaryň we bölünip berlen magdanly ýerleriň çäklerinde, telekeçilik işini ýa-da ygtyýarnamada bellenen maksada laýyk gelýän başga işi amala aşyrmak üçin ýerasty baýlykly uçastoklary ulanmaga;

öz işleriniň beren netijelerini ulanmaga;

özlerine bölünip berlen magdanly ýerleriň çäklerinde gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýatan meýdanynda gurlüşyk işlerini geçirmezlige;

ygtyýarnamada bellenen maksatlaryň çäklerinde islendik iş formasyny özbaşdak saýlap almaga;

eger ygtyýarnamada başga hili göz önünde tutulmalyk bolsa, öz magdan gazyp alyjy önümçiliginiň hem-de şonuň bilen baglanyşykly bolan gaýtadan işleýän önümçiliginiň galyndylaryny ulanmaga;

hiç bir goşmaça ygtyýar almazdan, özüne bölünip berlen magdanly ýerleriň, çäklerinde öz serişdeleriniň hasabyna ýerastyny geologik taýdan öwrenmegiň ähli görnüşini geçirmäge.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylara ygtyýarnamalaryň hereket ediş möhletini uzaltmakda, şeýle hem ýerasty baýlykly ýerleri geologik taýdan öwrenmegiň indiki stadiýalaryny geçirmek üçin ýa-da gazylyp alynýan peýdaly magdanly ýataklary işe girizmek üçin ygtyýarnama almakda beýleki adamlara garanda artyk hukuk berilýär.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmagyň täri (tehnologiýasy) baradaky kanunlaryň talaplaryny, bellenen tertipde tassyklanan standartlary (kadalary, normalary) berjaý etmegi;

degişli fondlara geologik informasiýany ýa-da ol baradaky maglumatlary, gazylyp alynýan peýdaly magdaplary tapmak üçin geçirilen gözlegler, çykarylyp alynýan hem-de ýeriň astynda zapas galdyrylýan peýdaly magdanlar, olaryň düzümindäki goşundylar (komponentler) hakyndaky, şeýle hem ýerasty baýlykly ýerleriň peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylyşy hakyndaky maglumatlary bermegi;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň işgärler we ilat üçin howpsuz alnyp barylmagyny;

ýerastyny, atmosfera howasyny, ýeri, suwy, tokaýlary we töwerekdäki sredanyň beýleki obýektlerini, şeýle hem jaýlary desgalary ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly geçirilýän işleriň zyýanly täsirinden goramagy;

ýerasty baýlykly ýerler ulanylanda durky bozulan ýer uçastoklaryny hem-de beýleki tebigy obýektleri şondan beýläk ulanyp bolar ýaly ýagdaýa getirmegi;

gözleg edilen dag gazymlarynyň hem-de buraw skwažinalarynyň magdanly ýataklar işe girizilende hem-de başga hojalyk maksatlary üçin ulanylyp bilinýän halatlarynda olaryň abat saklanmagyny hem-de ulanylmajak gazymlaryň we skwažinalaryň bellenen tertipde düzlenmegini;

ugurdaş çykarylyp alnyp, wagtlaýyn, peýdalanylmaýan peýdaly magdanlaryň, düzüminde peýdaly goşundylary (komponentler) bolan önümçilik galyndylarynyň soňra ulanmak maksady bilen abat saklanmagyny hem-de hasaba alynmagyny;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmaga berlen hukuk üçin tölenmeli tölegleri hem-de hökmany tölegleri öz wagtynda hem dogry tölemegi.

III bölüm.

ÝERASTY BAÝLYKLY ÝERLERI NETIJELI PEÝDALANMAK

WE GORAMAK

15-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri netijeli peýdalanmak we goramak barada bildirilýän esasy talaplar

Ýerasty baýlykly ýerleri netijeli peýdalanmak we goramak barada bildirilýän esasy talaplar şu aşakdakylardyr:

1) ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmaga bermegiň bellenen tertibini berjaý etmek hem-de ýerasty baýlykly ýerleriň ygtyýarsyz peýdalanylmagyna ýol bermezlik;

2) ýerasty baýlyklaryny geologik taýdan öwrenmek, ulanmak we goramak baradaky kanunlaryň talaplaryny, bellenilen tertipde tassyklanan standartlary kadalary, normalary berjaý etmek;

3) ýerastyny geologik taýdan ozgunly öwrenmek işini geçirmek, şonuň esasynda hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslaryna dogry baha berlişini, ýerasty baýlykly ýerleri, peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin ulanmagyň şertlerini öwrenmegi üpjün etmek;

4) gazylyp alynýan peýdaly magdanlary, şeýle hem peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin ulanylýan ýerasty uçastoklaryny döwlet ekspertizasyndan geçirmek we olaryň döwlet hasabyny ýöretmek;

5) esasy peýdaly magdanlaryň hem-de olar bilen bile ýatan beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň we ugurdaş goşundylaryň (komponentleriň) zapaslarynyň has doly möçberde çykarylyp alynmagyny üpjün etmek;

6) gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklary işe girizilende ýerasty baýlykly ýerlerden alynýan we zapas goýulýan esasy peýdaly magdanlaryň hem-de olar bilen bile ýatan beýleki gazylyp alynýan peýdaly maglanlaryň hem-de olaryň düzümindäki goşundylaryň zapaslarynyň hasabyny dogry ýöretmek;

7) gazylyp alynýan peýdaly maglanly ýerleriň ýataklaryny suw ýygnanmakdan, suwa bassyrmakdan, ýangyndan we peýdaly magdanlaryň hilini hem-de magdan ýataklarynyň senagat taýdan gymmatyny peseldýan ýa-da olarda magdanlaryň işlenip çykarylmagyny kynlaşdyrýan hadysalardan goramak;

8) ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işler geçirilende, şeýle hem nebit, gaz ýa-da gaýry maddalar hem materiallar ýeriň astynda saklananda, zyýanly maddalar we önümçilik galyndylary gömülende, hapa suw akdyrylanda şol baýlykly ýerleriň hapalanmagynyň öňüni almak;

9) peýdaly maglanlary gazyp çykarýan kärhanalary hem-de peýdaly magdanlary gazyp çykarmak bilen baglanbyşygy bolmadyk ýerasty desgalary wagtlaýyn ýapmak we ýatyrmak düzgünini berjaý etmek;

10) astynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar ýatan meýdanlarda gurluşyk işiniň alnyp barylmagynyň öňüni almak hem-de şol meýdanlary başga maksat üçin ulanmagyň bellenen tertibini berjaý etmek;

11) agyz suwy üçiň ýa-da senagaty üpjün etmek üçin ulanylýan ýerasty suwunyň ýatan ýerlerinde senagat we durmuş galyndylarynyň, toplanmagyna ýol bermezlik.

Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplary bozulan mahalynda ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmak muňa ýörite ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan çäklendirilip, duruzylyp ýa-da gadagan edilip bilner.

16-njy madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri howpsuz alyp barmak barada bildirilýän esasy talaplar

Peýdaly magdanlary gazyp çykarýan kärhanalary, ýerasty desgalary gurmaga we ulanmaga, ýerastyny geologik taýdan öwrenmek işini geçirmäge dine işgärleriň we ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň, täsiriniň ýetýän zonasyndaky ilatyň janyna hem saglygyna howp döremezligi üpjün edilen wagtynda, Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanan düzünnama laýyklykda ýol berilýär.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň geçirilýän zonasyndaky ilatyň jany hem saglygy üçin gös-göni we howp dörän mahalynda degişli kärhanalaryň ýolbaşçylary bu barada haýal etmän degişli döwlet dolandyryş organlaryna, ýerli administasiýa mälim etmäge borçludyrlar.

17-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatan meýdanlaryny hem-de peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty baýlykly uçastoklarda gurluşyk işlerini geçirmegiň şertleri

Gurluşyk işi göz öňünde tutulýan uçastogyň ýerastynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýokdugy hakyndaky maglumatlar alynýança, şol ýerde ilatly punktlary, senagat komplekslerini hem-de beýleki halk hojalyk obýektlerini proýektirlemek hem gurmak gadagandyr. Şeýle maglumatlary bermek bolsa ýörite ygtyýarly edilen döwlet orgaňlarynyň üstüne ýüklenýär.

Astynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar ýatan meýdanlarda binalaryň gurulmagyny, şeýle hem şol magdanlaryň ýerleşýän ýerlerinde peýdaly baýlyklary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalarynyň gurulmagyna diňe ygtyýarly edilen döwlet organlary kanunda bellenen tertipde ygtyýar berenden soň ýol berilýär.

18-nji madda. Zyýanly maddalary we galyndylary gömmek hem üýşürmek üçin we hapa suw akdyrmak üçin ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmagyň tertibi

Ýerasty baýlykly ýerler zyýanly maddalary we galyndylary gömmek ýa-da üýşürmek, hapa suw akdyrmak üçin peýdalanyljak bolnanda, bu iş ýörite ygtyýarly edilen organlar bilen ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyjynyň, baglaşylan şertnamasynda kesgitlenilýän şertlerde şol bölünip berlen daglyk ýerleriň çäklerinde amala aşyrylýar.

Ýerasty baýlykly ýerler zyýanly maddalary we galyndylary gömmek ýa-da üýşürmek, hapa suw akdyrmak üçin peýdalanmak işi proýektler we başga dokumentler döwletiň ekologiýa ekspertizasyndan geçirilenden soň amala aşyrylýar.

Zyýanly maddalary we zäherli galyndylary magdanly ýataklaryň, känleriň, ýerasty baýlykly ýerlerde ýerleşen obýektleriň we desgalaryň üstünde saklamak bolmaýar.

Aýratyn howply we radioaktiw galyndylary gömmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary esasynda bellenýär.

19-njy madda. Peýdaly magdanlary, gazyp çykarýan kärhanalary hem-de peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalary ýatyrmak we wagtlaýyn ýapmak

Peýdaly magdanlary gazyp çykarýan kärhanalar we peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalar ygtyýarnamanyň (lisenziýanyň) hereket ediş möhleti gutarandan soň ýa-da ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylmagy möhletinden öň bes edilende ýatyrylmalydyr ýa-da wagtlaýyn ýapylmalydyr. Wagtlaýyn ýapmak ýa-da ýatyrmak işi tamamlanýança, ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyjy şu Kanun arkaly ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyjy hökmünde öz üstüne ýüklenen bütin jogapkärçiligi we ähli borçlary çekýär.

Ýokarda görkezilen kärhanalar we ýerasty desgalar doly ýa-da kem-käsleýin ýatyrylan ýa-da ýapylan mahalynda magdan gazymlary we buraw skwažinalary ilatyň howpsuzlygyny, töwerekdäki tebigy sredanyň, jaýlaryň hem-de desgalaryň goralmagyny, wagtlaýyn ýapylan mahalynda bolsa tä wagtlaýyn ýapylyş wagty gutarýança magdanly ýataklaryň, magdan gazymlarynyň we buraw skwažinalarynyň abat saklanmagyny-da üpjün edýän ýagdaýa getirilmelidir.

Peýdaly magdanlary gazyp çykarýan kärhana ýa-da onuň bir bölegi, şeýle hem peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desga ýatyrylan we wagtlaýyn ýapylan mahalynda geologik, markşeýder dokumentler ýa-da gaýry dokumentler işleriň gutaran pursatyna gabatlap doldurylýar hem-de bellenen tertipde saklamaga tabşyrylýar.

Peýdaly magdanlary gazyp çykarýan kärhanalary ýa-da peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalary ýatyrmak we wagtlaýyn ýapmak işi ygtyýarnama beren döwlet dolandyryş organlary şolary ýatyrmak ýa-da wagtlaýyn ýapmak baradaky akta gol çekenlerinden soň tamamlandy hasap edilýär.

20-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerler hakyndaky geologik maglumat (informasiýa)

Ýerastynyň geologik gurluşy, ondaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar, olary işläp çykarmagyň şertleri, şeýle hem ýerasty baýlykly ýerleriň geologik hasabatlarda, kartalarda hem-de olaryň ýany bilen berilýän materiallarda görkezilen gaýry sypatlary hem aýratynlyklary hakyndaky maglumat (informasiýa) Türkmenistanda bellenen normalara hem standartlara laýyklykda, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, işleriň hakyny tölän zakazçynyň (organlaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we aýry-aýry graždanlaryň) eýeçiligi hasaplanýar.

Ýerasty baýlykly ýerler hakyndaky geologik we gaýry maglumata eýeçilik etmek hukugy Türkmenistanyň eýeçilik hakyndaky kanunlarynda bellenen tertipde goralýar. Geologik maglumaty işläp geçmegiň beren netijeleri intellektual eýeçilige degişli bolýar. Şol maglumaty (informasiýany) ulanmak işi Türkmenistanyň intellektual eýeçilik hakyndaky Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

Işi ýerine ýetiriji işleri geçirmegiň netijesinde ýerasty baýlykly ýerler hakynda alnan maglumaty ylmy, pedagogik iş hem-de gaýry intellektual iş üçin ulanmaga haklydyr, ýöne munuň özi zakazçynyň şertnamada şertleşilen kommersiýa bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir.

Geologik ýa-da gaýry maglumat (informasiýa) döwlet býujetiniň serişdeleriniň ýa-da mineral-çig mal bazasyny üznüksiz dikeltmek baradaky belli maksada gönükdirilen býujetden daşgary serişdeleriň hasabyna alnan wagtynda, şol maglumaty saklaýan hem sistema salýan geologik fondlara bellenen tertipde berilýär. Ýerasty baýlykly ýerler hakyndaky geologik maglumaty durmuşa geçirmek işi ygtyýarly edilen organlaryň berýän ygtyýarnamalary (lisenziýa) esasynda, Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

21-nji madda. Işleriň döwlet tarapyndan hasaba alnyşy we bellige alnyşy (registrirlenilişi)

Ýerastyny we peýdaly magdanlary gazyp almak üçin, şeýle hem peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin berlen ýerasty uçastoklaryny geologik taýdan öwrenmek baradaky işler döwlet tarapyndan hasaba we bellige alynmalydyr.

Döwlet tarapyndan hasaba alyş we bellige alyş işi Türkmenistan üçin ýeke-täk sistema boýunça Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenen tertipde geçirilýär.

22-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslarynyň döwlet ekspertizasyndan geçirilmegi we döwlet tarapyndan tassyklanmagy

Ýerasty baýlykly ýerleri kompleksleýin netijeli peýdalanmak, ýerasty baýlykly ýerleriň, bölünip berlen daglyk ýerleriň çäklerini kesgitlemek üçin şert döretmek maksady bilen gözleg geçirilen ýataklaryň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň zapaslary döwlet ekspertizasyndan geçirilmelidir hem-de döwlet tarapyndan tassyklanmalydyr.

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslary döwlet ekspertizasyndan geçirilýänçä, ýerasty baýlykly ýerleri peýdaly magdanlary gazyp almak üçin bermek gadagandyr.

Döwlet ekspertizasynyň çykaran karary gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gözleg edilen zapaslaryny döwletiň hasaba almagyna goýmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslaryny, peýdalanmaga berilýän peýdaly baýlykly ýerasty uçastoklary hakyndaky geologik informasiýany Türkmenistanyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslary baradaky döwlet komissiýasy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenen tertipde döwlet ekspertizasyndan geçirýär we tassyklaýar.

23-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň hem-de ýüze çykyşynyň döwlet kadastry

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň hem-de şol magdanlaryň ýüze çykyşynyň döwlet kadastryna magdanly her bir ýatak baradaky maglumatlar girizilmelidir, şol maglumatlarda bolsa gazylyp alynýan esasy we onuň bilen bile ýatan peýdaly magdanlaryň mukdary, ondaky goşundylar (komponentler), ýataklary işe girizmegiň magdan-tehniki, gidrogeologiki we ekologiki şertleri hem-de oňa berilýän geologiýa-ykdysady baha häsiýetlendirilmelidir, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň her bir ýüze çykyşy baradaky maglumatlar girizilmelidir.

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we olaryň ýüze çykyşynyň döwlet kadastry ýerasty baýlykly ýerleri geologik taýdan öwrenmek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny kompleksleýin ulanmak, olary gazyp alýan kärhanalary ýerlikli ýerleşdirmek baradaky döwlet hem-de regional programmalary işläp taýýarlamagy üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem beýleki halk hojalyk maksatlary uçin alnyp barylýar.

24-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň döwlet balansy

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň zapaslarynyň döwlet balansynda her bir magdanly ýataklar boýunça gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň senagat ähmiýeti bolan zapaslarynyň mukdary, hili, olaryň öwreniliş derejesi hakyndaky, olaryň ýerleşişi, senagat taýdan özleşdiriliş derejesi hakyndaky, peýdaly magdanlaryň gazylyp alnyşy, olaryň ýitgisi we olar bilen senagatyň üpjün edilişi hakyndaky maglumatlar bolmalydyr.

25-nji madda. Aýratyn ylmy ýa-da medeni gymmaty bolan ýerasty baýlykly uçastoklary goramak

Aýratyn ylmy ýa-da medeni gymmaty bolan ýerasty baýlykly uçastoklar «Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalar hakyndaky» Türkmenistan Kanuny esasynda goralýar.

Ýerasty baýlykly ýerler peýdalanylanda seýrek duş gelýän geologik we mineralogik häsiýetde emele gelen düzümler, meteoritler, palentologiýa, arheologiýa obýektleri we beýleki obýektler ýüze çykarylan bolsa, özem olar ylym hem medeniýet üçin gyzyklanma döredýän bolsa, onda ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar degişli uçastokda alnyp barylýan işi togtatmaga hem-de bu barada ygtyýarnama beren organa habar etmege borçludyrlar.

26-njy madda. Gazylyp alynýan peýdaly magdan ýataklarynyň ýüze çykarylanlygy üçin pul sylagyny bermek

Ozalky belli we näbelli ýerasty baýlykly uçastoklarda ylmy ýa-da medeni gymmaty bolan peýdaly magdanlaryň ýataklarynyň, seýrek duş gelýän geologik açyk gatlamalaryň ýa-da mineralogik, paleontologik, ýa gaýry häsiýetde emele gelen düzümleriň barlygynyň alamatyny ýüze çykaran adamlaryň şol ýerasty baýlykly uçastoklary ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlarynda bellige aldyrytmaga (registrirletmäge) haky bardyr.

Ýüze çykarylan ýerasty baýlykly uçastoklaryň gymmatlydygy tassyklanan mahalynda şolary bellige aldyrdan adamlara pul sylagy berilýär.

Pul sylagyny bermegiň tertibini we onuň möçberini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

IV bölüm.

ÝERASTY BAÝLYKLY ÝERLERI ULANMAK WE GORAMAK

BARADAKY GATNAŞYKLARYŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

27-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri ulanmak we goramak baradaky gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy

Ýerasy baýlykly ýerleri ulanmak we goramak baradaky gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler kabineti, ýörite ygtyýarly edilen döwlet organlary, ýerli häkimiýet organlary amala aşyrýarlar.

28-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri ulanmak we goramak baradaky gatnaşyklary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň wezipesi

Ýerasty baýlykly ýerleri ulanmak we goramak baradaky gatnaşyklary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň wezipesi mineral-çig mal bazasynyň abat saklanmagyny üpjün etmekden hem-de ony Türkmenistanyň, ilatynyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bähbidi üçin netijeli ulanmakdan ybaratdyr.

Ýerasty baýlykly ýerleri ulanmak we goramak baradaky gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini dolandyrmak arkaly, ygtyýarnama (lisenziýa) bermek, hasaba almak we kontrollyk etmek sistemasy arkaly amala aşyrylýar. Döwletiň düzgünleşdirmek wezipesine aşakdakylar girýär:

mineral-çig mal bazasynyn ösmegini üpjün etmek, şeýle hem peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalaryny gurmak üçin ulanylýan ýerasty baýlykly uçastoklaryň rezerwini taýýarlamak;

peýdaly magdanlaryň esasy görnüşlerini gazyp almagyň Türkmenistanyň, häzirki we geljekki döwri üçin gerek möçberini kesgitlemek;

ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly salgytlary we tölegleri girizmek;

ýerasty baýlykly ýerleri geologik taýdan öwrenmek, ulanmak we goramak, ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işleri howpsuz ýagdaýda alyp barmak baradaky standartlary (kadalary, normalary) bellemek.

29-njy madda. Ýerasty baýlykly ýerleriň ulanylyşyna we goralyşyna döwlet kontrollygy

Ýerasty baýlykly ýerleriň ulanylyşyna we goralyşyna kontrollyk etmegiň wezipesi ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylaryň ählisi tarapyndan ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmagyň bellenen tertibiniň, ýerasty baýlykly ýerleri geologik taýdan öwrenmek baradaky ulanylýan kanunlaryň, standartlaryň (kadalaryň, normalaryň), ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işler geçirilende döwlet hasabyny ýöretmek we hasabat bermek kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýerasty baýlykly ýerleriň ulanylyşyna we goralyşyna kontrollyk etmek işi ýörite döwlet kontrollygy organlarynyň üstüne ýüklenýär. Döwlet kontrollygy organlary öz işini döwlet magdan gözegçiligi organlary, tebigaty goraýjy organlar hem-de beýleki kontrollyk ediji organlar bilen ýakyn aragatnaşykda amala aşyrýarlar.

Döwlet geologiki kontrollyk organlarynyň ygtyýarlary, olaryň hukuklary, borçlary we işleýiş tertibi şol organlar hakynda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýan düzgünnama arkaly kesgitlenýär.

30-njy madda. Ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylmagy bilen balanyşykly işleriň howpsuz alnyp barlyşyna döwlet kontrollygy

Ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp barlyşyna kontrollyk etmegiň wezipesi ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylaryň ählisiniň işleri howpsuz alyp barmak, olaryň ilata, töwerekdäki tebigy sreda, jaýlara we desgalara ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almak hem ony ýok etmek baradaky, şeýle hem ýerasty baýlykly ýerleri goramak baradaky kanunlaryň talaplaryny, standartlary (kadalary we normalary) berjaý etmeklerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp barlyşyna kontrollyk etmek işi döwlet magdan gözegçiligi organlarynyň üstüne ýüklenýär. Döwlet magdan gözegçiligi organlary döwlet geologik kontrollygy, tebigaty goraýjy organlar we beýleki kontrollyk ediji organlar, profsoýuzlar guramalary bilen ýakyn aragatnaşykda amala aşyrýarlar.

Döwlet magdan gözegçiligi organlarynyň ygtyýarlary, olaryň hukuklary, borçlary we işleýiş tertibi şol organlar hakynda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýan düzgünnama arkaly kesgitlenýär.

V bölüm.

ÝERASTY BAÝLYKLY ÝERLER PEÝDALANYLANDA

TÖLENILÝÄN TÖLEGLER

31-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerler peýdalanylanda töleg tölemek sistemasy

Ýerasty baýlykly ýerleriň peýdalanylýanlygy üçin töleg tölenilýär, ýöne şu Kanunyň 32-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär. Tölegler Türkmenistanyň deňiz ykdysady zolagynyň we kontinental şelfiň territoriýasyndaky ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylardan alynýar.

Ýerasty baýlykly ýerler peýdalanylanda töleg tölemek sistemasy aşakdakylary içine alýar:

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegi;

mineral-çig mal bazasynyň üznüksiz dikeldilip durulmagy üçin geçirilýän serişdeleri;

ygtyýarnama (lisenziýa) berlenligi üçin ýygnalýan ýygymy;

durky bozulan ýerleri öňki katdyna getirmegi;

ýerastynyň baýlygynyň azalanlygy üçin edilýän eglişigi (skidkany).

Mundan başga-da, ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar salgyt töleýärler hem-de kanunda göz öňünde tutulan beýleki ýygymlary hem tölegleri, geologik maglumat (informasiýa) üçin hak, ýerasty baýlykly ýerleriň netijesiz ulanylmagy üçin jerime töleýärler.

32-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçiň töleg tölemek

Ýerasty baýlykly ýerlerin, peýdalanylmagy üçin töleg tölenýär, munuň özi peýdaly magdanlary agtarmak, gözleg geçirmek, olary gazyp almak ýa-da olary utgaşykly geçirmek hukugyny almak üçin töleg tölemek arkaly amala aşyrylýar.

Bu tölegler birgezekleýin wznoslar görnüşinde hem, berlen hukugyň güýjüniň hereket ediş möhletiniň dowamynda yzygiderli töleg tölemek görnüşinde hem, ýa-da iki görnüşi hem utgaşdyrylyp alnyp bilner.

Agtaryş we gözleg işlerini geçirmek hukugy üçin tölenýän tölegiň möçberi regiona hem-de ýerasty baýlykly uçastogyň möçberine, gazylyp alynýan peýdaly magdanyň görnüşine, işiň dowamlylygyna, territoriýanyň geologik taýdaň öwreniliş derejesine hem-de töwekgelçilige berlen baha baglylykda kesgitlenýär.

Magdan gazyp almak hukugy üçin tölenýän tölegiň möçberi gazylyp alynýan peýdaly magdanyň görnüşi, zapaslaryň mukdary we hili, magdan ýataklaryny özleşdirmegiň we işe girizmegiň tebigy-geografik, magdan-tehniki hem-de ykdysady şertleri, töwekgelçilige berilýän baha nazarda tutulyp kesgitlenýär.

Peýdaly magdanlary gazyp almak hukugy üçin tölegler başky töleg, şeýle hem soňra gazyp almak işi başlanandan beýläk tölenýän yzygiderli töleg görnüşinde alynýar.

Peýdaly magdanlary gazyp almak üçin bölünip berlen daglyk ýeriň çäklerinde magdan gözleg işlerini geçirmek hukugy üçin tölenýän özbaşdak tölegler peýdaly magdanlar senagat usuly bilen alnyp başlanandan soň tölenmeýär.

Ýerasty baýlykly ýerleriň başga maksatlar üçin, şol sanda hem ýerasty desgalary gurmak we ulanmak, önümleri we galyndylary saklamak ýa-da gömmek maksady bilen peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegler birgezekleýin ýa-da yzygiderli wznoslar görnüşinde alynýar. Şol tölegleriň möçberleri peýdalanmaga berlen ýerasty baýlykly uçastogyň möçberine, onuň peýdaly sypatlaryna hem-de ekologik taýdan howpsuzlyk derejesine baglylykda kesgitlenýär.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin töleg almagyň tertibi we şertleri, onuň möçberlerini kesgitlemegiň ölçegi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenýär. Şol tölegleriň, gutarnykly möçberleri ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin ygtyýarnama berlende şol ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyjy bilen şol ýeri peýdalanmaga berýän döwlet organynyň ylalaşmagy esasynda kesgitlenýär.

33-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalananda töleg tölemekden boşatmak

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar ýa-da şeýle ýerleri peýdalanmagyň görnüşleri açyk ýa-da ýaşyryn formada peýda almak, nepkeşlik girdejesini almak maksadyny yzarlamaýan bolsalar ýa-da degişli territoriýada ýaşaýan ilatyň sosial, medeni we tebigaty goramak hajatlaryny kanagatlandyrmaga ýardam edýän bolsalar, olar tölemekden boşadylar.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmagyň görnüşleriniň hem-de töleg tölemekden boşadylýan peýdalanyjylaryň kategoriýalarynyň sanawyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär. Şunda ýerasty baýlykly ýerler peýdalanylanda şu aşakdakylar bütinleý boşadylýar:

oba hojalyk önümini öndürijiler - eger olar özlerine degişli ýa-da kärendesine alan ýer uçastogynda umumy ýaýran peýdaly magdanlary bellenen tertipde gös-göni öz hojalygynyň hajatlary üçin gazyp almak işini geçirýän bolsalar;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar - eger olar regional geologiýa-geofiziki işleri, geologiki sýomkany, Türkmenistanyň ýerasty baýlykly ýerlerini umumy esasda öwrenmäge gönükdirilen beýleki geologiki işleri, ýertitremesini öňünden kesgitlemek we wulkan bilen baglanyşykly işleri derňemek baradaky geologiki işleri, inženerçilik-geologik gözlegleri, paleontologik, geoekologik barlaglary alyp barýan ýerasty suwlaryň düzgünine (režimine) kontrollyk edýän, topografiki-geodeziki işleri, şeýle hem ýerasty baýlykly ýerleriň durkuny bozman başga işleri geçirýän bolsalar.

Ýerli häkimiýet we dolandyryş organlary ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylaryň aýry-aýry kategoriýalary üçiň degişli býujete girýän tölegleri tölemekde goşmaça ýeňillikler belläp bilerler.

Häkimiýet organlarynyň ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak üçin töleg tölemekden boşadýan normatiw aktlary we kararlary aýry -aýry peýdalanyjylara esassyz ýerden bir taraplaýyn artykmaçlyk döredýän bolsa, onda şol normatiw aktlar we kararlar hakyky däl diýlip hasap edilýär.

34-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegleri paýlamak

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegler döwletiň býujetine girýär hem-de şeýle ýerler haýsy welaýatyň etrabyň çäginde peýdalanylýan bolsa, şonuň býujetine girýär.

Etrabyň býujetine şu aşakdakylar girýär:

öz territoriýasyndaky ähli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny agtarmak we onuň üçin gözleg işlerini geçirmek hukugy üçin tölenýän ähli tölegler;

umumy ýaýran peýdaly magdanlary, kesel bejerilýän palçyklary, mineral erginleri, ýerasty suwlaryny gazyp almak hukugy üçin tölenýän ähli tölegler;

ýerasty baýlykly ýerleriň peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegler;

ýokarda sanalanlardan başga peýdaly magdanlary gazyp almak hukugy üçin tölenýän tölegleriň bir bölegi.

Peýdaly magdanlary gazyp almak hukugy üçin tölenýän tölegiň bir bölegi (munuň üçin diňe etrabyň býujetine girizilýän töleglerden başga) döwletiň hem welaýatyň býujetlerine girýär.

Uglewodorodly çig maly we gymmat bahaly metallary gazyp almak hukugy üçin tölenýän tölegler aşakdaky ýaly paýlanylýar:

etrabyň býujetine - 10 prosent;

welaýatyň býujetine- 15 prosent;

döwletiň býujetine- 75 prosent.

Beýleki peýdaly magdanlary gazyp almak hukugy üçin tölenýän tölegler aşakdaky ýaly paýlanylýar:

etrabyň býujetine -20 prosent;

welaýatyň býujetine - 20 prosent;

döwletiň býujetine - 60 prosent.

Deňziň ykdysady zolagynyň we kontinental şelfiň çäklerindäki ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegler döwletiň býujetine girýär.

Peýdaly magdanlary gazyp almak hukugy üçin tölenýän tölegleriň bir bölegi gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklarynyň açylandygy we gözleg işleri geçirilendigi üçin Türkmenistanyň Ministrler kabineti taarapyndan bellenen möçberlerde pul sylagyny, bermek üçin gönükdirilýär.

35-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin töleg tölemegiň görnüşleri

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin tölenýän tölegler şu aşakdaky görnüşde:

pul tölegleri görnüşinde;

işleri ýa-da hyzmatlary ýerine ýetirmek görnüşinde;

döwletiň, welaýatyň, etrabyň býujetlerine geçirilmeli bolan tölegler tölenende, şol tölegleriň summasyny döwletiň, welaýatyň, etrabyň goýumy hökmünde, döredilýän magdan kärhanasynyň, ustaw (dörediş) fonduna goýulýan paýly goýum hökmünde hasap etmek görnüşinde alnyp bilner.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin töleg tölemegiň pul görnüşi bu ýeri peýdalanmaga hukuk beren tarapyň talap etmegine görä, şol gazylyp alynýan ýa-da öňdürilýän önümiň bir bölegini ibermek (postawka etmek) bilen çalşyrylýar.

Pul görnüşindäki tölegiň başga görnüşdäki tölegler bilen çalşyrylmagyna diňe ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyjy bilen şony peýdalanmaga hukuk beren tarapyň özara ylalaşmagy esasynda ýol berilýär.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin şu aşakdakylaryň talap edilmegine ýa-da tölegiň ýerine alynmagyna ýol berilmeýär:

harby häsiýetdäki hyzmatlaryň edilmegine, radioaktiw materiallaryň, gymmat bahaly metallaryň hem-de Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda erk etmek işi diňe onuň ygtyýaryna girýän beýleki materiallaryň hem-de önümleriň;

döwlet syryny özünde saklaýan maglumatyň (informasiýanyň) talap edilmegine.

Ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyjynyň kommersiýa syry bolup durýan geologik ýa-da gaýry maglumatyň şol ýeri peýdalanmak hukugynyň hakyny tolemegiň hasabyna talap edilmegine ýol berilmeýär.

36-njy madda. Mineral-çig mal bazasyny üznüksiz dikeltmek üçin geçirilýän serişdeler

Mineral-çig mal bazasyny üznüksiz dikeldip durmak üçin peýdaly magdanlaryň ähli görnüşini gazyp almak işini geçirýänler - ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar pul serişdelerini geçirýärler.

Peýdaly baýlyklary gazyp almak işini geçirýän peýdalanyjylar şol ýerleriň zapaslaryny bilmek üçin döwletiň maliýe çeşmelerine degişli bolmadyk serişdeleriň hasabyna gözleg işleriniň geçiren wagtynda, olar mineral-çig mal bazasyny üznüsiz dikeltmek üçin serişde geçirmekden kem-käsleýin boşadylýar.

Mineral-çig mal bazasyny üznüksiz dikeltmek üçin geçirilýän serişdeler geologiki-geofiziki işleri, geologiki sýomkany geçirmek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny agtarmak we onuň üçin gözleg işlerini geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň belli maksada gönükdirilen döwlet çeşmesi hökmünde ulanylýar. Şol geçirilýän serişdeler Türkmenistanyň mineral-çig mal bazasyny üznüksiz dikeltmegi maliýeleşdirmegiň býujetden daşgary fonduna girýär.

Mineral-çig bazasyny üznüksiz dikeldip dürmak üçin serişdeleri geçirtmegiň we ony ulanmagyň tertibi, geçirilmeli serişdeleriň möçberi, ony kesgitlemegiň hem-de üýtgetmegiň kadalary Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

37-nji madda. Ygtyýarnamalar (lisenziýalar) berlenligi üçin ýygnalýan ýygym

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugy üçin ygtyýarnamalaryň berlenligi üçin degişli döwlet organlary ýygym ýygnaýarlar. Ýygymlaryň möçberlerini ygtyýarnama berýän organlar kesgitleýar, olar ony ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak üçin berlen zaýawkalary ekspertiza etmek üçin edilýän harajatlardan ugur alyp kesgitleýärler.

38-nji madda. Ýerasty baýlyklaryň azalmagy üçin edilýän eglişik (skidka)

Eger ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanyjylar ygtyýarnamada görkezilen esasy zapaslary üzenden soň galýan pes hilli peýdaly magdanlary gazyp almak işini geçirýän bolsalar, onda olara ýerasty baýlyklaryň azalanlygy üçin eglişik (skidka) edilip bilner. Şeýle ýagdaýda gazyp almagy dowam etdirmegiň zerurlygy we eglişik etmek hakyndaky karary döwlet dolandyryş organy kabul edýär.

39-njy madda. Ýerasty baýlykly ýerleriň netijeli ulanylmaýanlygy üçin alynýan jerime

Ýerasty baýlyklar hakyndaky kanunlaryň bozulmagy, peýdaly baýlyklar üçin gözleg işleri geçirilende, olar gazylyp alnanda, saklananda we gaýtadan işlenende şol ýerasty baýlykly ýerleri gorap saklamak hem-de netijeli peýdalanmak normalarynyň we kadalarynyň bozulmagy üçin, bu düzgün bozmalara ýol beren şol ýerleri peýdalanyjylardan ýerasty baýlykly ýerleri netijeli ulanylmanlygy üçin jerime alynýar.

Ýerasty baýlykly ýerleriň netijeli ulanylmaýandygy üçin jerime görnüşinde düşýän serişdeler ýerasty baýlykly ýerleriň goralyşynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak hem-de şol ýerleri netijeli peýdalanmak baradaky çärelere gönükdirilýär.

Ýerasty baýlykly ýerleriň netijeli ulanylmaýandygy üçin jerime almagyň tertibi we onuň ululygy hem-de jerimäniň möçberini kesgitlemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary esasynda bellenilýär.

VI bölüm.

ÝERASTY BAÝLYKLY ÝERLERI PEÝDALANMAK WE OLARA ERK ETMEK BARADAKY JEDELLERI ÇÖZMEK HEM-DE ÝERASTY BAÝLYKLAR HAKYNDAKY KANUNLARYŇ BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

40-njy madda. Jedelleri sud üsti bilen çözmegiň tertibi

Şu aşakdaky jedellere sud üsti bilen garalmalydyr:

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly maliýe, emläk jedellerine ýa-da gaýry jedellere;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugyny möhletinden öň ýatyrmak, ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak hukugyny almak üçin ygtyýarnama bermekden boýun gaçyrmak hakynda döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň kabul eden bikanun kararlary baradaky şikaýata;

dowam edýän kanunlara ters gelýän normalary bolan standartlar, talaplar, kadalar baradaky şikaýata;

wezipeli adamlaryň we organlaryň şu Kanuna hem-de ýerasty baýlyklar hakyndaky beýleki kanunlara ters gelýän bikanun hereketleri baradaky şikaýata.

41-nji madda. Ýerasty baýlyklar hakyndaky kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Ýerasty baýlykly ýerlere eýelik etmek, olary peýdalanmak hem-de olara erk etmek hukugyny bozýan açyk görnüşdäki ýa-da ýaşyryn gornüşdäki geleşikler hakyky däl diýlip hasap edilýär.

Şol geleşikleri hem-de aşakdakylary amala aşyrmakda:

ýerasty baýlykly ýerleri ygtyýarsyz peýdalanmakda;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmagyň bellenen tertibini berjaý etmezlikde, şeýle hem ýerasty baýlykly ýerleri ygtyýarsyz ulanmakda hem-de geologik maglumatyň (informasiýanyň) ýaşyrynlygyny bozmakda;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri howpsuz alyp barmak kadalaryny we normalaryny berjaý etmezlikde, adamlaryň saglygy hem jany üçin howp dörän mahalynda degerli çäre görmezlikde;

ýerasty baýlykly ýerleri geologik taýdan öwrenmek baradaky işleri geçirmegiň kadalarynyň we talaplarynyň bozulyp, onuň gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň barlanan zapaslaryna ýa-da mineral çig maly gazyp çykarýan we gaýtadan işleýän kärhanalary, şeýle hem peýdaly magdanlary gazyp almak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalaryny gurmak hem ulanmak üçin bolan şertlere kemter baha berilmegine getirmeginde;

ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň ilatyň howpsuzlygyna wehim salýan, ýerasty baýlykly ýerleriň we töwerekdäki sredanyň hapalanmak howpuny döredýän, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly magdanly ýataklaryň zaýalanmagyna getirýän metodlar we usullar bilen geçirilmeginde;

gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýatan meýdanynda her hili binalary ygtyýarsyz gurmakda;

ýerasty suwlaryna gözegçilik etmek üçin niýetlenen režimli skwažinalary, şeýle hem markşeýder we geodeziki belgileri ýok etmekde ýa-da olara zeper ýetirmekde;

ýatyrylýan ýa-da wagtlaýyn ýapylýan magdan we buraw skwažinalaryny ilatyň hownsuzlygyny üpjün edýän ýagdaýa getirmek talaplaryny, şeýle hem magdan ýataklary, magdan gazymlary we buraw skwažinalary wagtlaýyn ýapylan döwrüniň dowamynda abat saklamak talaplaryny ýerine ýetirmezlikde günäkär bolan adamlar.

Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jenaýat, administratiw jogapkärçiligi ýa-da başga hili jogapkärçiligi çekýärler.

42-nji madda. Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek

Eger kärhanalaryň, guramalaryň, häkimiýet we dolandyryş organlarynyň, şeýle hem graždanlaryň geçirýän işleri netijesinde ýerasty baýlykly ýerleriň tebigy sypatlary ýaramazlaşan bolsa ýa-da ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmaga kem-käsleýin ýa-da doly suratda mümkinçilik bermeýän şertler dörän bolsa, onda şonuň bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň öwezi tölenilýär.

Zyýan haýsy kärhananyň, guramanyň şeýle hem graždanyň alyp baran işi netijesinde dörän bolsa, onuň öwezi şolaryň hasabyna töledilýär. Döwlet häkimiýet ýa-da dolandyryş organlarynyň alyp baran işi netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi degişli býujetiň hasabyna töledilýär.

Zyýanyň öwezi ýerasty baýlykly ýeri peýdalanyja tölenilýär, eger şol ýerasty baýlykly uçastok peýdalanmaga berilmedik bolsa, onda zyýanyň öwezi döwlet býujetine wznos geçirmek arkaly tölenilýär.

Ýetirilen zyýanyň öwezini pul bilen tölemegiň ýerine gyzyklanýan taraplaryň karar etmegine görä, ýerasty baýlykly ýerleriň zyýan ýetirilen peýdaly sypatlaryny dikeltmäge gönükdirilen işleri geçirmek bolar.

Ýerasty baýlykly ýerleri peýdalanmak bilen baglanyşykly çekilen zyýanyň öwezini tölemek meselesi sud üsti bilen çözülýär.

VII bölüm.

HALKARA ŞERTNAMALARY

43-nji madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda ýerasty baýlykly ýerleri goramak we ulanmak barada şu Kanunda görkezilen kadalardan başga hili kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW

Aşgabat şäheri

1992-nji ýyl, 14-nji dekabr

№ 779- XII

References