Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 09.05.2010

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibi hakynda

Official text as of 09.05.2010

Updated on the portal · 16.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Giriş maglumatlary

+99362189555

«Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň¸ ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibi hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen № 108-IV Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň¸ ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibi hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1995 ý., № 2, 14- madda)

Şu Kanun Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň¸ ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibini belleýär, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda yglan edilen hem berkidilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň amala aşyrylmagyna ýardam etmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň şu Kanunda bellenilen tertibi olaryň görnüşiniň we adynyň nähilidigine (şertnama, ylalaşk, konwensiýa, pakt, protokol, hatlar ýa-da notalar alyşmak, halkara şertnamalarynyň beýleki görnüşleri we atlary) garamazdan Türkmenistanyň ähli halkara şertnamalary barasynda ulanylýar.

I. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalary

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletler we halkara guramalary bilen öz aralaryndaky halkara gatnaşyklarynyň dürli meseleleri boýunça oňa gatnaşýanlar üçin halkara hukuklaryny we borçlaryny belleýän, Türkmenistan tarapyndan baglaşylýan şertnamalar Türkmenistanyň halkara şertnamalary bolup durýar.

Türkmenistanyň halkara şertnamalary aşakdakylaryň adyndan baglaşylýar, ýagny:

Türkmenistanyň adyndan döwletara şertnamalary;

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň (Hökümetiň) adyndan hökümetara şertnamalary;

ministrlikleriň hem wedomstwolaryň adyndan wedomstwoara şertnamalary baglaşylýar.

2-nji madda. Halkara şertnamalarynyň hökmanylygyna Türkmenistanyň ylalaşýandygyny aňlatmagyň usullary

Halkara şertnamasynyň hökmanylygyna Türkmenistanyň ylalaşýandygy şertnama gol çekmek, şertnamany döredýän dokumentleri alyşmak, şertnamany ratifikasiýalaşdyrmak, ony tassyklamak, oňa goşulmak ýa-da ylalaşýan taraplaryň şertleşen beýleki islendik usuly bilen aňladylyp bilner.

3-nji madda. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalarynyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we Türkmenistanyň kanunçylygynyň mynasybeti

Türkmenistanyň halkara şertnamalary baglaşylanda we ýerine ýetirilende halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerinden we normalaryndan ugur alynýar.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulandakydan başga hili kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

II. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALRYNY BAGLAŞMAGY

4-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler

Döwletara we hökümetara derejelerde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da Türkmenistanyň Ministrler kabinetine berilýär.

Wedomstwoara häsiýetli Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň ministrlikleri we wedomstwolary tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ýa-da onuň bilen ylalaşyp, Türkmenistanyn Ministrler kabinetine berilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyndaka garanda başga hili kadalary belleýän Türkmenistanyň halkara şertnamalary Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da Turkmenistanyň Ministrler kabinetine berilýär.

5-nji madda. Gepleşikler geçirmek hakyndaky we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmek hakyndaky kararlar

Gepleşikler geçirmek hakyndaky we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmek hakyndaky kararlar aşakdakylar tarapyndan kabul edilýär, ýagny:

Döwletara we hökümetara şertnamalary babatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan;

wedomstwoara häsiýetli şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan.

6-njy madda. Türkmenistanyň gepleşikler geçirmäge we halkara şertnamalaryna gol çekmäge bolan ygtyýarlary

Türkmenistanyň gepleşikler geçirmäge we halkara şertnamalaryna gol çekmäge bolan ygtyýarlary aşakdakylar tarapyndan berilýär, ýagny:

Döwletara we hökümetara şertnamalary babatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan;

wedomstwoara häsiýetli şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan.

Türkmenistanyň gepleşikler geçirmäge we halkara şertnamalaryna gol çekmäge bolan ygtyýarlary aşakdakylara hem berlip bilner:

Döwletara şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna;

Hökümetara şertnamalary babatynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna;

wedomstwoara häsiýetli şertnamalar babatynda ministrlere we wedomstwolaryň ýolbaşçylaryna.

Türkmenistana gepleşikler geçirmäge we halkara şertnamalaryny baglaşmaga bolan ygtyýarlary Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlary tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan olaryň ygtyýaryna laýyklykda resmileşdirilýär.

7-nji madda. Ýörite ygtyýar almazdan gepleşikler geçirmek we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmek

Türkmenistanyň Prezidenti ýörite ygtyýar almazdan gepleşikler geçirýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministri döwletiň daşary syýasatynyň esasyny goýujy ýörelgelerinden ugur alyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryna laýyklykda ýörite ygtyýar almazdan gepleşikler geçirmäge we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmäge haklydyr.

Türkmenistanyň daşary döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutany ýa-da halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanasynyň baştutany degişlilikde öz bolýan ýerindäki döwlet bilen ýa-da şol halkara guramasynyň çäklerinde, ýörite ygtyýar almazdan Türkmenistanyň halkara şertnamasyny baglaşmak hakyndaky gepleşikleri geçirmäge haklydyr.

8-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň dili

Türkmenistanyň iki taraplaýyn halkara şertnamalary iki ekzemplýarda şertleşýän taraplaryň dillerinde düzülýär, şunda tekstleriň ikisi-de ýuridik taýdan deň ähmiýetli (birmeňzeş) diýlip ykrar edilýär. Taraplaryň ylalaşmagyna görä, halkara şertnamasy goşmaça başga dilde ýa-da diňe bir dilde hem düzülip bilner.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda baglaşylýan köp taraply şertnamalar ýa-ha şertleşýän taraplaryň dillerinde ýa-da ylalaşylyp bir dilde düzülýär.

9-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak Türkmenistanyň Halk maslahaty we Türkmenistanyň Mejisi tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwletara soýuzlar we gaýry birleşmeler hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalary Türkmenistanyň Halk maslahaty tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.

Türkmenistanyň aşakdaky halkara şertnamalary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hökmany suratda tassyklanylmaga degişlidir:

1)dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda;

2) güýç ulanmakdan ýa-da güýç ulanmak howpuny salmakdan bilelikde ýüz döndermek hakynda;

3)ýaraşyk şertnamalary;

4) Türkmenistany beýleki döwletlerden territorial taýdan çäklendirmek hakynda;

5)Türkmenistanyň kanunlaryny kabul etmegiň, üýtgetmegiň ýa-da ýatyrmagyň zerurlygyny nazarda tutýan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyndaka garanda gaýry kadalary belleýän;

6)döwletiň goranmagy we howpsuzlygy bilen baglanyşykly;

7) ykdysady häsiýetli köp taraply ýa-da uzak möhletli şertnamalar.

Taraplaryň baglaşan, soňra tassyklamaly diýip şertleşen Türkmenistanyň halkara şertnamalary hem tassyklanylmaga degişlidir.

10-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakyndaky teklipler

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan özbaşdak ýa-da beýleki ministrlikler we wedomstwolar bilen bilelikde ýa ylalaşyp, Türkmenistanyň Prezidentine berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny degişlilikde Türkmenistanyň Halk maslahatyna ýa-da Türkmenistanyň Mejlisine tassyklamaga bermek hakynda karar kabul edýär.

11-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakynda kararlar kabul etmek

Türkmenistanyň Halk maslahaty ýa-da Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň tassyklamaga berlen halkara şertnamalaryna garaýar we olar boýunça kararlar çykarýar.

Türkmenistanyň halkara şertnamasyny tassyklamak hakynda Türkmenlstanyň Halk maslahatynyň ýa-da Mejlisiniň kararlary degişlilikde çözgütler we kararlar görnüşinde kabul edilýär. Tassyklamak hakyndaky çözgüdiň ýa-da kararyň esasynda Türkmenistanyň Prezidenti ratifikasion (tassyklaýyş) hatyna gol çekýär.

Ratifikasion hatyň görnüşi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

12-nji madda. Ratifikasion hatlary alyşmak we olary saklamak üçin tabşyrmak

Ratifikasion hatlary alyşmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakyndaky hatlary depozitarilere saklamaga tabşyrmak işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýerleşýän döwletinde onuň baştutany, ýa-da halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanasynyň baştutany, ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan muňa ýörite ygtyýarly edilen wekil tarapyndan geçirilýär.

13-nji madda. Türkmenistanyň ratifikasiýalaşdyrmaga degişli bolmadyk halkara şertnamalaryny tassyklamak

Türkmenistanyň ratifikasiýalaşdyrmaga degişli bolmadyk, emma tassyklanylmagy nazarda tutulýan döwletara we hökümetara şertnamalaryny tassyklamaklyk Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýär.

Türkmenistanyň wedomstwoara häsiýetli halkara şertnamalaryny tassyklamaklyk Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan geçirilýär,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýa-da Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri we wedomstwolary tarapyndan notalar ýa-da hatlar alyşmak arkaly baglaşylan Türkmenistanyň halkara şertnamalary ratifikasiýalaşdyrmazdan ýa-da soňra tassyklamazdan şolar alşylan gününden başlap güýje girýär.

14-nji madda. Halkara şertnamalaryna goşulmak

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna goşulmagy hakyndaky karar aşakdakylar tarapyndan kabul edilýär:

ratifikasiýalaşdyrmagy talap edýän şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Halk maslahaty ýa-da Mejlisi tarapyndan;

ratifikasiýalaşdyrmagy talap etmeýän we goşulmaklyk Türkmenistanyň, Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan geçirilýän şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan;

wedomstwoara häsiýetli şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan;

III. HALKARA ŞERTNAMALARYNY ÝERINE ÝETIRMEK

15-nji madda. Halkara şertnamalaryny berjaý etmek

Türkmenistanyň halkara şertnamalary halkara hukugynyň normalaryna laýyklykda Türkmenistanyň öz döwlet organlary tarapyndan gyşarnyksyz berjaý edilmegine degişlidir.

Halkara şertnamalaryny sap ýürekden ýerine ýetirmek ýörelgesine laýyklykda, Türkmenistan öz gatnaşýan iki taraply we köp taraply halkara şertnamalaryna beýleki gatnaşýanlaryň hem şol şertnamalardan gelip çykýan öz borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmekleri barada çykyş edýär.

16-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Ministrler kabineti Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin çäreler görýärler.

17-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalary baradaky borçnamalary ýerine ýetirmek

Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýän meseleler girýän Türkmenistanyň döwlet organlary şol şertnamatar barada kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler, Türkmenistanyň şertnamalaryndan gelip çykýan öz hukuklarynyň amala aşyrylyşyna, şeýle hem şertnama gatnaşýanlaryň öz borçnamalaryny ýerine ýetirişlerine gözegçilik edýärler.

18-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçilik etmek

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçiligi amala aşyrýar.

Türkmenistanyň döwletara we hökümetara şertnamalarynyň depozitarisi Türkmenistanyň Ministrler kabinetidir, Türkmenistanyň wedomstwoara häsiýetli şertnamalarynyň depozitarisi bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligidir.

19-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamasyna beýleki gatnaşýanlar tarapyndan onuň bozulan halatynda ulanylýan çäreler

Türkmenistanyň halkara şertnamasy baradaky borçnamalar oňa beýleki gatnaşyjylar tarapyndan bozulan halatynda, Turkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň döwlet organlary Turkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bile-likde ýa-da onuň bilen ylalaşyp, halkara hukuk normalaryna laýyklykda zerur çäreleri görmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler kabinetine berýärler.

Türkmenistanyň halkara şertnamasy oňa beýleki gatnaşýanlar tarapyndan düýpli bozulan halatynda, şeýle hem halkara hukuk normalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda, şeýle şertnama şu Kanunyň 23-24-nji maddalarynda bellenen tertipde ýatyrylyp bilner.

20-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamasyny baglaşmak bilen baglanyşykly kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklipler

Türkmenistanyň halkara şertnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlaryny ýa-da Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny kabul etmek zerur bolan halatynda, gyzyklanýan ministrlikler hem wedomstwolar Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen hemem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyp, şeýle normatiw aktlaryny kabul etmek hakyndaky teklibi ýa-da Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklibi bellenilen tertipde Türkmen istanyň Ministrler kabinetine berýärler.

IY. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALARYNY

ÇAP ETMEK HEM BELLIGE ALMAK

21-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny çap etmek

Türkmenistanyň adyndan baglaşylan, Türkmenistan üçin güýje giren halkara şertnamalary we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň çözgütleriniň ýa-da Türkmen istanyň Mejlisiniň kararlarynyň esasynda Türkmenistanyň goşulan halkara şertnamalary "Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlarynda", şeýle hem "Türkmenistan", "Türkmenskaýa iskra" gazetlerinde çap edilýär.

Türkmenistanyň adyndan, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň adyndan baglaşylan we tassyklamaga degişli bolmadyk, Türkmenistan üçin güýje giren halkara şertnamalary "Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysynda" çap edilýär.

Asyl nusga dogry gelýän tekstleri daşary ýurt dillerinde düzülen Türkmenistanyň halkara şertnamalary şol dilleriň birinde çap edilýär, türkmen dilinde resmi terjimesi berilýär.

Türkmenistanyň wedomstwoara häsiýetli halkara şertnamalary şeýle şertnamalary öz adyndan baglaşan Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem wedomstwolarynyň wedomstwolaýyn neşirlerinde çap edilýär.

22-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny bellige almak

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynda ýa-da beýleki halkara guramalarynyň degişli organlarynda bellige almak işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Y. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALARYNY

DENONSASIÝALAMAK

23-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny denonsasiýalamak hakyndaky teklipler

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny denonsasiýalamak hakyndaky teklipler halkara şertnamasyny baglaşmak hakyndaky teklipleri girizmek üçin şu Kanunyň 4-nji maddasynda bellenilen tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, beýleki ministrlikler we wedomstwolar tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler kabinetine berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri hödürleýär.

24-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny denonsasiýalamak

Türkmenistanyň tassyklanan halkara şertnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri ýa-da Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary esasynda şolara goşulmaklyk amala aşyrylan şertnamalaryny denon-sasiýalamak işi degişlilikde Türkmenistanyň Halk maslahaty ýa-da Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar.

Tassyklanmagy talap edilmeýän, Türkmenistanyň döwletara we hökümetara şertnamalaryny denonsasiýalamak işi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýär.

Wedomstwoara häsiýetli halkara şertnamalaryny denonsasiýalamak işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan geçirilýär.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 15-nji iýuny

№ 53-1

References

References to this material