Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 22.05.2015

Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda

Official text as of 22.05.2015

Updated on the portal · 12.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Giriş maglumatlary

«Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda»

Türkmenistanyň kanuny 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen № 223-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

I – 9 – к

XXIII – 1a

XXIII – 1б

Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2002 ý.¸ № 4¸ 68-madda)

Şu Kanun Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuş-ykdysady baş ugruna laýyklykda raýatlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusiýalaýyn hukugyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Raýatlaryň saglygyny goramak

Raýatlaryň saglygyny goramak diýlip her bir adamyň uzak ýyllyk, işjeň durmuşyny goldamak, onuň beden we ruhy saglygyny saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen durmuş-ykdysady, medeni, ylmy, bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş, saglygy goraýyş-durmuş, sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy, melhemçilik we gaýry çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen işe düşünilýär.

2-nji madda. Raýatlaryň saglygyny goramak baradaky

Türkmenistanyň kanunçylygy

Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de raýatlaryň saglygyny goramak babatda gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Raýatlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasaty

Raýatlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir:

raýatlaryň saglygyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny üpjün etmäge;

raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmäge;

Türkmenistanyň Prezidentiniň "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge;

ilatyň isleglerine laýyklykda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga;

sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ornaşdyrmaga;

adamyň saglygyny pugtalandyrmaga we keselleriň öňüni almaga;

ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hilini hem-de ony guramaga we döwlet gözeçilik ulgamyny kämilleşdirmäge;

döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberiniň çäklerinde ilata edilýän saglygy goraýyş kömeginiň elýeterliligini we mugtlugyny üpjün etmäge;

ilaty netijeli, üznüksiz we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmäge;

raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge;

ýokanç keselleriň öňüni almagyň mahsus bolan serişdeleri bilen ilaty üpjün etmäge;

ilatyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyny ösdürmäge we saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma ulgamyny kämilleşdirmäge;

lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň bitewiligini üpjün etmäge;

saglygy goraýyş ykdysadyýetini kämilleşdirmäge, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň bazaryny döretmäge we hususy saglygy goraýyş höweslendirmäge;

saglygy goraýşy maliýeleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga;

saglygy goraýşyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge, derman senagatyny ösdürmäge;

eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, saglygy goraýyş edaralarynyň işi üçin amatly şertleri döretmäge;

lukmançylyk biliminiň ulgamyny, saglygy goraýyş işgärlerini we ylmy işgärleri taýýarlamaklygy we gaýtadan taýýarlamaklygy kämilleşdirmäge;

hukuk binýadyny kämilleşdirmäge;

maglumat binýadyny ösdürmäge;

öz saglygyny we daş-töweregindäki adamlaryň saglygyny goramakda we pugtalandyrmakda raýatlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga.

4-nji madda. Raýatlaryň saglygyny goramagyň maliýe üpjünçiligi

Raýatlaryň saglygyny goramagyň maliýe üpjünçiligi şu aşakdaky serişdeleriň, ýagny:

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we ýerli býujetleriň serişdeleriniň;

Türkmenistanyň saglygy goraýşyny ösdürmegiň Döwlet gaznasynyň serişdeleriniň;

raýatlaryň saglygyny goramak üçin niýetlenen maksatly gaznalaryň serişdeleriniň;

kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň girdejisinden meýletin geçirilýän serişdeleriň;

Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

5-nji madda. Raýatlaryň saglygyny goramak babatdaky işiň görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak

Raýatlaryň saglygyny goramak babatdaky işiň görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak "lşiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň kanunynyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

II BAP. RAÝATLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYLYŞY WE DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

6-njy madda. Raýatlaryň saglygyny goramak babatda döwlet

dolandyrylyşyny we düzgünleşdirilişini amala aşyrýan edaralar

Raýatlaryň saglygyny goramak babatda döwlet dolandyrylyşy we duzgünleşdirilişi Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarlylygy

Raýatlaryň saglygyny goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarlylygyna şu aşakdakylar degişlidir:

bitewi döwlet syýasatyny kesgitlemek we geçirmek;

raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek;

raýatlaryň saglygyny goramak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek;

saglygy goraýyş babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini guramak;

saglygy goraýyş edaralarynyň we derman senagaty kärhanalarynyň ulgamyny ösdürmek hem-de olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak;

derman senagaty babatynda ýeke-täk tehniki syýasaty geçirmek;

raýatlaryň saglygyny goramak babatynda döwlet we maksatly maksatnamalaryny maliýeleşdirmek we ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, saglygy goraýyş işgärlerini maddy we durmuş taýdan üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

raýatlaryň saglygyny goramak babatda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, beýleki edaralaryň işini utgaşdyrmak;

ýurduň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça işi guramak;

Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa goragynyň, tebigatdan peýdalanmagyň, daşky tebigy gurşawy goramagyň, ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerini dolandyrmak we düzgünleşdirmek;

Türkmenistanda saglygy goraýyş we melhemçilik işini Döwlet tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünnamany tassyklamak;

ilata edilýän mugt saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini tassyklamak;

saglygy goraýyş kömegi berlende raýatlaryň aýry-aýry derejelerine berilýän ýeňillikleriň sanawyny tassyklamak;

tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň sanawyny tassyklamak;

adatdan daşary ýagdaýlarda adamlaryň janyny halas etmek we saglygyny goramak boýunça çäreleri guramak, adatdan daşary ýagdaý zolagyndaky ýagdaý we kabul edilýän çäreler barada raýatlary habarly etmek;

halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak we raýatlaryň saglygyny goramak babatynda halkara şertnamalaryny baglaşmak;

raýatlaryň saglygyny goramak babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

8-nji madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarlylygy

Raýatlaryň saglygyny goramak babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarlylygyna şu aşakdakylar degişlidir:

döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

mugt saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini raýatlaryň almak hukuklaryny üpjün etmek;

döwlet we belli bir maksatly maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşmak;

saglygy goraýşyň birinji basgançagyny ösdürmek we pugtalandyrmak hem-de keselleriň öňüni almak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;

ilata hyzmat etmegiň maşgala ýörelgesini ösdürmek we mundan beýläk-de kämilleşdirmek;

ilata edilýän ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini ösdürmek;

öz tabynlygyndaky saglygy goraýyş edaralaryna, ylmy-kliniki, sanitariýa-epidemiologiýa edaralaryna, okuw mekdeplerine we derman senagatynyň kärhanalaryna guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrmak;

kadalaşdyryjy namalaryň taslamalaryny taýýarlamak, saglygy goraýyş maksatly önümlere döwlet ölçeglerini we tehniki şertleri tassyklamak, olaryň berjaý edilişine gözegçiligi guramak;

ilata edilýän saglygy goraýyş kömeginiň döwlet kadalaryny, hil ölçeglerini tassyklamak;

sanitariýa kadalarynyň düzgünlerini, gigiýeniki ölçegleri tassyklamak, döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligini üpjün etmek boýunça işi utgaşdyrmak;

ilat arasynda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş işini guramagy üpjün etmek;

saglygy goraýyş seljermesini geçirmegiň tertibini bellemek;

işleriň degişli görnüşlerini amala aşyrmaga ygtyýanamalar bermek, gaýtadan resmileşdirmek, olaryň hereketini togtatmak we ýatyrmak, şeýle hem ygtyýarnama alan düzgünnamaly we jismi şahslaryň ygtyýarnama talaplaryny berjaý edişine gözegçilik etmek;

bejeriş-öňüni alyş we melhemçilik edaralaryny we kärhanalaryny güwanamalaşdyrmaklygy amala aşyrmak;

döwlet saglygy goraýyş edaralaryny derman serişdeleri, ýokary hilli immunobiologik serişdeler, dezinfektantlar, saglygy goraýyş maksatly enjam we öwsele bilen üpjün etmek;

ilatyň netijeli, howpsuz, ekologiýa taýdan arassa derman serişdeleri bilen üpjün edilişine gözegçilik etmek;

döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça jemgyýetçilik guramalary bilen pudagara utgaşdyrmagy we özara hereketi amala aşyrmak;

raýatlaryň saglygynyň ýagdaýyna gözegçiligi guramak;

döwlet saglygy goraýyş edaralaryny işgärler bilen üpjün etmek;

saglygy goraýyş, işgärlerini we ylmy işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;

lukmançylyk ylmyny ösdürmek, ylmy barlaglary guramak we geçirmek;

ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmak, döwlet saglygy goraýyş edaralaryny häzirki zaman bejeriş-anyklaýyş we gaýry enjamlar bilen enjamlaşdyrmak;

tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary üçin nyrhlary işläp taýýarlamak we olary guramak;

saglygy goraýşyň infrastrukturasyny kämilleşdirmek hem-de maddy-tehniki binýadyny berkitmek, saglygy goraýyş edaralaryny we ilaty derman bilen üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;

ýurduň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrmak;

keselleriň ýaýraýşy, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullary hakynda ilaty habar bilen üpjün etmek;

döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň işini guramak we iş tertibi hakyndaky düzgünnamalary işläp taýýarlamak;

döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň işine, saglygy goraýyş kömeginiň hiline gözegçilik etmek we ony dolandyrmak;

raýatlaryň saglygyny goramak babatda Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

9-njy madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylyklary

Raýatlaryň saglygyny goramak babatda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygyna şu aşakdakylar degişlidir:

döwlet syýasatyny geçirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;

öz tabynlygyndaky çäkde ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak we sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy bilen zerur şertleri üpjün etmek;

ilatyň saglygyny goramak hem-de döwlet we sebitleýin maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin çykdajylar babatynda ýerli býujetleríň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

öz tabynlygyndaky çäkde raýatlara saglygy goraýyş kömeginiň hil ölçegleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

ilaty döwlet we sebitleýin maksatnamalary ýerine ýetirmäge çekmek;

ilatyň saglygyny goramak, tebigatdan peýdalanmak, daşky tebigy gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça eýeçiligiň görnüşine garamazdan sebit kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrmak;

öz tabynlygyndaky çäkde saglygy goraýyş we derman senagaty edaralaryny maliýe taýdan üpjün etmek, maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak;

köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça çäreleri guramak;

raýatlaryň saglygyny goramak babatynda çykdajylary maliýeleşdirmek üçin öz çeşmelerini döretmek;

raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça çäreleri amala aşyrmak;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýatlaryň aýry-aýry toparlaryny ýeňillikler we durmuş kömegi bilen üpjün etmek;

harby hasaba alşa, borçnama boýunça harby gulluga durýan, harby gulluga, şeýle hem harby ýygnanyşyklara çagyrylýan raýatlary, harby gulluga çagyrmak üçin saglygy goraýyş anyklaýyşlary we gözden geçirişleri bilen üpjün etmek;

döwlet häkimiýetiniň ýokarda durýan edaralaryna zerur habary bermek;

keselleriň ýaýraýşy hakynda ilaty habarly etmek;

adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas etmek we olaryň saglygyny goramak;

raýatlaryň saglygyny goramak babatda Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

10-njy madda. Raýatlaryň saglygyny goramak babatda jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşygy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, Gyzyl Ýarymaýyň Milli jemgyýeti, beýleki jemgyýetçilik guramalary, birleşikleri öz tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýatlaryň saglygyny goramaga gatnaşýarlar.

III BAP. TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY

11-nji madda. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy

Türkmenistanda saglygy goraýşyň ýeke-täk ulgamy hereket edip, ol saglygy goraýşyň döwlet ulgamyny we saglygy goraýşyň hususy sektoryny öz içine alýar.

12-nji madda. Saglygy goraýşyň döwlet ulgamy

1. Türkmenistanda saglygy goraýşyň döwlet ulgamy şu aşakdakylary öz içine alýar:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we onuň merkezi gulluklary, guramalary, edaralary we kärhanalary hem-de olaryň birleşikleri girýär;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirlikleri;

döwlet eýeçiliginde we Türkmenistanyň döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň dolandyryş edaralarynyň tabynlygynda durýan bejeriş-öňüni alyş edaralary, şol sanda hojalyk hasaplaşykly saglygy goraýyş edaralary (düzüm birlikleri), sanitariýa-epidemiologiýa edaralary, kazyýet-saglygy goraýyş we patologoanatomiki gullugynyň edaralary, saglygy goraýyş hasabat-maglumat edaralary, dermanhana edaralary, lukmançylyk okuw mekdepleri, saglygy goraýyş durmuş edaralary, ylmy-kliniki merkezler, esasy işi ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly beýleki guramalar, edaralar we kärhanalar;

Türkmenistanyň başga ministrliklerinde (Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden başga), pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, beýleki döwlet edaralarynda we guramalarynda döredilen bejeriş-öňüni alyş melhemçilik we beýleki edaralar.

Saglygy goraýşyň döwlet ulgamyna girýän saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralary ilata mugt saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini amala aşyrýarlar.

Ilata mugt saglygy goraýyş kömegini bermegiň möçberi we tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4.Saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan bellenilen kepillendirilen möçberinden artyk edilýän saglygy goraýyş we gaýry hyzmatlary goşmaça hasaplanylýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tölegli esasda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Saglygy goraýşyň hususy sektory

Saglygy goraýşyň hususy sektoryna emlägi hususy eýeçilikde bolan saglygy goraýşyň bejeriş-öňüni alyş, dermanhana we gaýry edaralary, şeýle hem bar bolan ygtyýarnama laýyklykda hususy saglygy goraýyş tejribesi we hususy lukmançylyk we hususy melhemçilik işi bilen meşgullanýan jismi şahslar degişlidir.

Düzgünnamaly we jismi şahslar tarapyndan döredilýän we maliýeleşdirilýän bejeriş-öňüni alyş dermanhana, ylmy-kliniki, bilim we gaýry saglygy goraýyş edaralary hem hususy saglygy goraýyş sektoryna degişli bolup biler.

Saglygy goraýşyň hususy sektorynyň edaralarynyň işi şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

IV BAP. SAGLYGY GORAMAK BABATDA RAÝATLARYŇ HUKUKLARY

14-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygy goramaga bolan hukugy

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda haýsy millete degişlidigine, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine garamazdan Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ähli raýatlara saglygyny goramaga bolan hukuk kepillendirilýär.

Türkmenistanyň çäklerinden daşyndaky raýatlaryna Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda saglygyny goramaga bolan hukuk kepillendirilýär.

Raýatlara döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyna bolan hukuk kepillendirilýär. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyny baglaşan raýatlar üçin ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

15-nji madda. Daşary ýurtly raýatlaryň, raýatlygy bolmadyk

adamlaryň we bosgunlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda saglygyny goramaga bolan hukuk kepillendirilýär.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn ýa-da hemişelik bolýan daşary ýurt raýatlar ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem bosgunlar Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda saglygyny goramaga bolan hukukdan peýdalanýarlar.

Daşary ýurtly raýatlara we raýatlygy bolmadyk adamlara, şeýle hem bosgunlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

16-njy madda. Göwreli aýallaryň we eneleriň saglygy goramaga bolan hukugy

1. Türkmenistanda enelik döwlet tarapyndan goralýar we höweslendirilýär.

2. Göwreli aýallaryň we eneleriň saglygy goramaga bolan hukugy aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

öňüni alyş çärelerini guramak we geçirmek, ginekologik keselleriň, göwreliligiň, çaga dogurmalaryň, çaga dogrulandan soňky döwrüň çylşyrymlaşmagynyň öňüni almaga we bejermäge gönükdirilen ylmyň häzirki zaman gazananlaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmak, gan azlygyny ýüze çykarmak, aýallarda sagdyn durmuş ýörelgesini döretmek bilen;

netijeli we zyýansyz serişdeler we usullar bilen kontrasepsiýa boýunça işi geçirmek, çaga düşürmeleriň öňüni almak bilen;

göwreli döwründe, çaga dogurýan wagtynda we çaga dograndan soň saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda mugt ýokary hünärli we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek bilen;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş-hukuk kömegini bermek bilen.

Döwlet göwreli aýallaryň fiziologik aýratynlyklaryna we saglyk ýagdaýyna laýyk gelýän şertlerde işlemek hukugyny üpjün edýär.

Her bir aýal göwrelilik döwründe, çaga doguranda we çaga dogurandan soň çagasy bir ýaşyna ýetýänçä, şeýle hem bir ýaşa çenli çagalar saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda mugt ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini we başga ýeňillikleri almaga hukuklydyrlar.

Göwrelilik döwründe, çaga doguranda we çaga dogurandan soň çagasy bir ýaşyna ýetýänçä aýallara, şeýle hem bir ýaşa çenli çagalara berilýän ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

17-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saglygyny goramaga

bolan hukugy

1. Kämillik ýaşyna ýetmedikler zerur saglygy goraýyş kömegini almaga, saglygyny goramaga we pugtalandyrmaga bolan hukuga eýedirler.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saglygy goramaga bolan hukugy şu aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

olaryň hukuk taýdan goralmagy bilen;

olaryň beden we ruhy taýdan ösmegi üçin has amatly şertleri döretmek bilen;

öňüni alyş çäreleriniň toplumyny guramak we geçirmek bilen (sagdyn çagalaryň öýde, mekdebe çenli, mekdep we bejeriş-öňüni alyş edaralarynda yzygiderli saglygy goraýyş gözegçiligi; immunizasiýa, öňüni alyş gözegçilikleri we dispanser gözegçiligini amala aşyrmak);

degişli hassahanalarda ýokary hünärli we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini, şypahanalarda dikeldiş bejerişini geçirmek bilen, olary çagalar bakja-baglaryna, sagaldyş merkezlerine seçip almak bilen;

sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen;

neşekeşligiň, zäherkeşligiň, arakhorlygyň, çilim çekmegiň, weneriki keselleriň we adamyň immunyýetmezlik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokaşmasynyň) öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek bilen;

gyzamyga, difteriýa, polimiýelite, hapgyrtma, gökbogma, bürmek keseline, inçekesele, ýokançly sary getirmesine we beýleki ýokanç kesellere garşy öz wagtynda sanjym etmek bilen;

ýetginjeklere nesil saglyk meselelerini öwretmek bilen;

çagalary gigiýeniki terbiýelemegiň meseleleri, şeýle hem sagdyn çagany terbiýelemegiň kadalary (düzgün, naharlanmak, gözegçilik, beden we ruhy terbiýe, bedeni berkitmek we ş. m.) boýunça ata-enelere sanitariýa düşündiriş işlerini guramak bilen;

durmuş-hukuk kömegini bermek bilen.

3. Beden ýa-da ruhy ösüşinde kemçiligi bolan çagalar, şeýle hem saglyk ýagdaýy boýunça maýyp diýlip ykrar edilen çagalar ýöriteleşdirilen çagalar edaralarynda saglygy goraýyş-durmuş kömegini almak hukugyna eýedirler.

Şeýle çagalary ýöriteleşdirilen çagalar edaralaryna we umumy maksatly okuw-terbiýeçilik edaralaryna ýerleşdimek üçin lukmançylyk taýdan garşy gelmeleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Beden we ruhy ösüşinde ýetmezçilikleri bolan çagalar ata-eneleriniň (kanuny wekilleriniň) arzasy boýunça ýerli býujet serişdeleriniň, haýyr-sahawat we gaýry gaznalaryň, şeýle hem ata-eneleriň (kanuny wekilleriň) serişdeleriniň hasabyna ýöriteleşdirilen edaralarda saklanylyp bilner.

Ata-eneler (kanuny wekiller) tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklarynyň bozulmagy, şol sanda maşgalada çagalara seretmek we terbiýelemek boýunça borçlary, saglygy goraýyş işgärleriniň bellänlerini, görkezmelerini we maslahatlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrylmagy, olaryň beden we ruhy saglygyna zyýan ýetirýän beýleki hereketleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

18-nji madda. Maşgalanyň saglygy goramaga bolan hukugy

1. Döwlet maşgalanyň saglygyny goramak hakyndaky aladany öz üstüne alýar.

Maşgala agzalary çäkleýin saglyk öýi tarapyndan berkidilen maşgala lukmanynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak hukugyna eýedirler.

Çagalary bolan maşgalalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde saglygy goramak babatda ýeňillikler berilýär.

Ýedi ýaşyna çenli çagalar, şeýle hem lukmanlaryň netijenamasy boýunça goşmaça gözegçilige mätaç uly ýaşdaky agyr syrkaw çagalar ýatymlaýyn bejerilende çaga gös-göni seredýän ata-enelerden birine ýa-da maşgalanyň başga agzasyna işe ýarawsyzlyk hatyny bermek bilen bejeriş edarasynda onuň bilen bile bolmaga mümkinçilik berilýär.

19-njy madda. Pensiýa ýaşyndaky raýatlaryň saglygyny goramaga

bolan hukugy

l. Pensiýa ýaşyndaky raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda saglygy goraýyş kömegini bermek bilen üpjün edilýär.

2. Pensiýa ýaşyndaky raýatlar döwlet meýletin saglygy goraýyş atiýaçlandyryşy hakyndaky şertnamany baglaşmak hukugyna eýedirler.

20-nji madda. Maýyplaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

Maýyplar döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynda mugt saglygy goraýyş kömegine, keseden idege mätaçlik edýän ýalňyz maýyplar, ötüşen ruhy keselli maýyplar bolsa ýöriteleşdirilen edaralarda saklanmak hukugyna eýedirler.

Maýyplar, şol sanda maýyp çagalar we çagalygyndan maýyplar saglygy goraýyş-durmuş kömegine, saglygyny we zähmete ukyplylygyny dikeltmekligiň ähli görnüşlerini almaga, derman serişdeleri we saglygy goraýyş maksatly önümler bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilmäge, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hünär taýýarlygyna we gaýtadan taýýarlygyna bolan hukuga eýedirler. Maýyplara saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi, şeýle hem olar üçin ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlarynyň çäklerinde maýyplara goşmaça ýeňillikler berip bilerler.

21-nji madda. Harby gullukçylaryň we harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

Harby gullukçylar harby gulluga ýaramlylygyny kesgitlemek üçin saglygy goraýyş anyklaýşyna we harby lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamasy esasynda saglyk ýagdaýy boýunça harby gullukdan möhletinden öň boşamaga bolan hukuga eýedirler.

Harby gulluga çagyrylmaga degişli, borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlar saglygy goraýyş anyklaýşyny we saglygy goraýyş gözden geçirişini geçenlerinde harby gullugy geçmek üçin lukmançylyk taýdan garşy gelmeleri we saglyk ýagdaýy boýunça gaýra goýmak ýa-da harby gulluga çagyrylmakdan boşatmak üçin görkezmeler hakynda doly habar almak hukugyna eýedirler.

Harby gullukçylar, harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlar harby-lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamasy bilen razy bolmadyk mahalynda şu Kanunyň 51-nji maddasyna laýyklykda garaşsyz saglygy goraýyş seljermesini geçirmek hukugyna we (ýa-da) harby-lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamalary boýunça kazyýete şikaýat etmek hukugyna eýedirler.

Harby gullukçylar, harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlar saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda mugt saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini almak hukugyna eýedirler.

Harby hasaba, harby gulluga girýän, harby ýygnanyşyklara çagyrylýan raýatlaryň saglygy goraýyş anyklaýşy we saglygy goraýyş gözden geçirişi "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Harby gullukçylara, harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlara edilýän saglygy goraýyş anyklaýşynyň we saglygy goraýyş gözden geçirişiň şeýle hem saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

22-nji madda. Hünär bilen baglanyşykly işiň aýry-aýry görnüşleri bilen meşgullanýan raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

1. Raýatlaryň saglygyny goramak, ýokanç we hünär bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak maksady bilen işi zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bilen baglanyşykly önümçilikleriň, işleriň, hünärleriň we wezipeleriň işgärleri hökmany tertipde işe girenlerinde deslapky we yzygiderli saglygy goraýyş gözden geçirişlerini hökmany tertipde geçýärler. Bu derejedäki işgärleriň saglygy goraýyş gözden geçirişleriň tertibi, şeýle hem zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan önümçiliklerde işlemek üçin her bäş ýyldan köp bolmadyk döwürde gaýtadan gözden geçirilýän lukmançylyk taýdan garşy gelmeleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Doly iş gününiň içinde ýerasty işlerde we zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işlerde işlenilýän işleriň, hünärleriň, wezipeleriň we önümçilikleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Işi zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bilen baglanyşykly önümçilikleriň, işleriň, hünärleriň we wezipeleriň işgärleri saglyk ýagdaýy boýunça hünär işiniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaramsyz diýlip hasap edilip bilner. Şeýle karar lukmançylyk taýdan garşy gelmeleriň sanawyna laýyklykda hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň netijenamasy esasynda kabul edilýär.

Işgärler işe girenlerinde deslapky we yzygiderli hökmany saglygy goraýyş gözden geçirmelerinden öz wagtynda geçmegi we bu maksatlara serişdeleriň bölünip berilmegi üçin iş berijiler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

23-nji madda. Tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da dolandyryş tertibinde tussag edilen adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

Tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da dolandyryş tertibinde tussaglykda bolýan adamlar saglygy goraýyş kömegine, şol sanda saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda saglygy goraýyş kömegine bolan hukuga eýedirler.

Göwreli aýallar, çaga dogurýan wagtynda we dogurandan soňky döwürde aýallar ýöriteleşdirilen kömege, şol sanda çaga dogrulýan öýlerde ýöriteleşdirilen kömege bolan hukuga eýedirler. Eneleri we iki ýaşa çenli çagalary bilelikde saklamak göz öňünde tutulýan azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde bakjalar döredilýär.

Keseli anyklamagyň, öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny, şeýle hem täze derman serişdelerini synag etmeklige, biomedisina barlaglaryny geçirmeklige tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da dolandyryş tertibinde tussag astynda bolýan adamlary obýekt hökmünde çekmek gadagandyr.

Azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jezasyny çekýän adamlar babatda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy hakyndaky şertnamanyň hereketi azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde bolmak möhletiniň gutarmagyna çenli togtadylýar.

Tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da dolandyryş tertibinde tussag astynda bolýan adamlara saglygy goraýyş kömegini guramagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

24-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda, şeýle hem ekologiýa taýdan amatsyz sebitlerde ýaşaýan raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

Adatdan daşary ýagdaý mahalynda jebir çeken raýatlar saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, mugt saglygyny goramak kömegini we dikeldiş bejerişini almak, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýeňip geçmek we olaryň jany, saglygy üçin töwekgelçiligi peseltmek boýunça gigiýeniki we epidemiýa garşy çäreleriň geçirilmek hukugyna eýedirler.

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ekologiýa taýdan amatsyz diýlip hasap edilen sebitlerde ýaşaýan raýatlar Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýän hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda adamlary halas edenlerinde we saglygy goraýyş kömegini berenlerinde jebir çeken raýatlara Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilýän tertipde saglygyny dikeltmegiň ähli görnüşlerini goşmak bilen mugt bejeriş kepillendirilýär.

Adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda adamlary, döwlet we jemgyýetçilik emlägini halas etmekde maýyp bolmagy we kesellemekligi sebäpli zähmet ukyplylygyny ýitiren, zähmet şikesiniň ýetmegi netijesinde maýyp bolan işgärler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet kömek puly bilen üpjün edilýär.

25-nji madda. Näsagyň saglygyny goramaga bolan hukugy

1. Näsagyň saglygyny goramaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

2. Näsagyň saglygyny goramaga bolan hukugy şu aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan hormatly we ynsanperwer garaýyş bilen;

bejeriji lukmany saýlap almaga, şeýle hem bejeriş-keseli anyklaýyş edarasyny saýlap almaga mümkinçilik bermek bilen;

barlamak, bejermek we sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyk gelýän şertleri döretmek bilen;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde onuň haýyşy boýunça hünärmen lukmanlaryň konsiliumyny geçirmek bilen;

keseli we saglygy goraýyş taýdan gatyşmaklyk bilen baglanyşykly agyryny gowşatmak bilen;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän tertipde Türkmenistanyň çäklerinden daşynda barlaga we bejerişe mümkinçilikler bermek bilen;

şu Kanunyň 60-njy maddasyna laýyklykda saglygy goraýyş kömegini almak üçin ýüz tutandygy hakyndaky, saglyk ýagdaýy we anyklanan keseli hakyndaky hem-de ol barlanylanda we bejerilende alnan gaýry maglumatlary gizlinlikde saklamak bilen;

şu Kanunyň 26-njy we 27-nji maddalarynda göz öňünde tutulan saglygy goraýyş taýdan gatyşmaklyga meýletin razylygy ýa-da onuň islendik tapgyrynda ondan ýüz öwürmeklige mümkinçiligi bermek bilen;

şu Kanunyň 29-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda näsagyň hukuklary we borçlary, onuň saglyk ýagdaýy hakyndaky habary bermek bilen, şeýle hem onuň saglyk ýagdaýy hakyndaky habaryň näsagyň bähbitleri üçin berlip bilinjek adamlary saýlamak bilen;

şu Kanunyň 67-nji maddasyna laýyklykda onuň saglygyna zyýan ýetirilen mahalynda zyýanyň öwezini dolmak bilen;

onuň hukuklaryny goramak üçin onuň ýanyna aklawçyny ýa-da başga kanuny wekili goýbermek bilen;

dini däp-dessurlary amala aşyrmak üçin şertleri bermek bilen, şol sanda eger munuň özi hassahana edarasynyň içerki düzgün-tertibini bozmaýan bolsa, aýratyn otagy bermek bilen;

döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş we gaýry hyzmatlary bermek bilen.

3. Näsag (kanuny wekil) öz hukuklary bozulan mahalynda özüne saglygy goraýyş kömeginiň berilýän bejeriş-öňüni alyş edarasynyň gös-göni ýokarda durýan wezipeli adamyna, ýokarda durýan edara ýa-da kazyýete şikaýat bilen ýüz tutup biler.

26-njy madda. Saglygy goraýyş taýdan gatyşylmagyna razylyk

Kesellä (jebir çekene) saglygy goraýyş taýdan gatyşmak diňe ol habarly edilenden we meýletin ýazmaça razylyk alnandan soň geçirilip bilner.

Haçan-da raýatyň ýagdaýy özüne öz erkini aňlatmaga mümkinçilik bermese, saglygy goraýyş taýdan gatyşmak gaýragoýulmasyz bolsa, ony raýatyň bähbitlerine geçirmek hakyndaky meseläni hünärmen lukmanlaryň konsiliumy çözýär, konsiliumy çagyrmak mümkin bolmadyk mahalynda bolsa, bejeriş-öňüni alyş edarasynyň wezipeli adamlaryna soňra habar bermek bilen gös-göni bejeriji (nobatçy) lukman çözýär.

3. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar hem-de kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar babatda saglygy goraýyş taýdan gatyşylmagyna razylygy şu Kanunyň 29-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlar olara habar berlenden soň olaryň kanuny wekilleri berýärler. Şu pursatda kanuny wekiller bolmadyk mahalynda saglygy goraýyş taýdan gatyşmak hakyndaky karary hünärmen lukmanlaryň konsiliumy kabul edýär, konsiliumy ýygnamaga mümkinçilik bolmadyk mahalynda bolsa, bejeriş-öňüni alyş edarasynyň wezipeli adamlaryna we kanuny wekillerine soňra habar bermek bilen gös-göni bejeriji lukman (nobatçy lukman) kabul edýär.

27-nji madda. Saglygy goraýyş taýdan gatyşylmagyndan boýun gaçyrmak

Raýat (kanuny wekil) saglygy goraýyş taýdan gatyşylmagyndan boýun gaçyrmak ýa-da onuň bes edilmegini talap etmek hukugyna eýedir, şu Kanunyň 28-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Saglygy goraýyş taýdan gatyşmakdan boýun gaçyrylan mahalynda raýata (kanuny wekile) mümkin bolup biljek netijeler oňa elýeter görnüşde düşündirilmelidir.

Saglygy goraýyş taýdan gatyşylmagyndan boýun gaçyrmak mümkin bolan netijeleri görkezmek bilen saglygy goraýyş resminamasynda ýazgy bilen resmileşdirilýär we raýat (kanuny wekil), şeýle hem saglygy goraýyş işgäri tarapyndan gol çekilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ata-enesi (kanuny wekilleri) ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň kanuny wekilleri bu adamlaryň janyny halas etmek üçin zerur saglygy goraýyş kömeginden boýun gaçyranlarynda bejeriş edarasy bu adamlaryň bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga hukuklydyr.

28-nji madda. Raýatlaryň razylygy bolmazdan saglygy goraýyş kömegini bermek

Raýatlaryň (kanuny wekilleriň) razylygy bolmazdan saglygy goraýyş kömegini bermäge töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden ejir çekýän, agyr ruhy bozulmalardan ejir çekýän adamlar, şeýle hem jemgyýetçilik howply etmişler eden adamlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

Raýatlary olaryň razylygy bolmazdan ýa-da olaryň kanuny wekilleriniň razylygy bolmazdan olary saglygy goraýyş anyklaýşyny we gözden geçirişini geçirmek hakyndaky karar lukman (hunärmen lukmanlaryň konsiliumy) tarapyndan kabul edilýär, raýatlaryň razylygy bolmazdan ýa-da olaryň kanuny wekilleriniň razylygy bolmazdan raýatlary keselhana ýerleşdirmek hakyndaky karar kazyýet tarapyndan kabul edilýär.

Raýatlaryň (kanuny wekilleriň) razylygy bolmazdan epidemiýa garşy çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly saglygy goraýyş kömegini bermek Türkmenistanyň Sanitariýa jemkanuny bilen kadalaşdyrylýar.

Agyr ruhy bozulmalardan ejir çekýän adamlary olaryň razylygy bolmazdan saglygy goraýyş taýdan gözden geçirmek we keselhana ýerleşdirmek, "Psihiatriýa kömegi hakynda" Türkmenistanyň kanunynda bellenilýän tertipde geçirilýär.

Raýatlaryň bejeriş edarasynda bolmagy olaryň razylygy bolmazdan keselhana ýerleşdirmek geçirilen esaslar ýok bolýança ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça dowam edýär.

29-njy madda. Raýatlaryň saglygy goramak babatdaky habara bolan hukugy

1. Raýat saglygy goramak babatdaky habary, şol sanda ýaşaýan ýeriniň sanitariýa-epidemiologik abadançylygy, iýmitlenmegiň rejeli kadalary hakyndaky, önümiň hili, bitirilýän hyzmatlar, olaryň sanitariýa kadalaryna we ölçeglerine laýyk gelşi hakyndaky dogry we öz wagtyndaky habary yzygiderli almak hukugyna eýedir.

Bu habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýa-da Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde raýatyň haýyşy boýunça oňa gös-göni berilýär.

2. Raýat öz saglygy hakynda bar bolan maglumaty, şol sanda geçirilen barlagyň netijeleri, keseliniň barlygy, onuň anyklanan görnüşi we geljekde mümkün bolan netijeleri, bejerişiň usullary, olar bilen baglanyşykly töwekgelçilik, saglygy goraýyş gatyşmasynyň mümkin bolan görnüşleri we soňundan boljak netijeleri hem-de geçirilen bejerişiň netijeleri baradaky habary almak hukugyna eýedir.

Raýatyň saglyk ýagdaýy hakyndaky habar gös-göni onuň özüne, kämillik ýaşyna ýetmedikler we kanunda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam babatda onuň kanuny wekiline bejeriji lukman, bejeriş-öňüni alyş edarasynyň bölüm müdiri ýa-da şeýle habary bermäge hukugy bolan beýleki hünärmenler tarapyndan berilýär.

Saglyk ýagdaýy hakyndaky habar raýatyň erkiniň garşysyna oňa berlip bilinmez.

Keseliň netijesiniň ýaramaz çaklamasy bolan halatlarynda, eger raýat bu hakda habar bermegi gadagan etmese ýa-da şeýle habaryň berilmeli adamyny bellemese, raýata (kanuny wekiline) sypaýy görnüşde habar berilmelidir.

Eger saglygy goraýyş resminamasynda üçünji tarapyň bähbitleri aralmasa, raýat öz saglyk ýagdaýyny görkezýän saglygy goraýyş resminamasy bilen tanyşmak hukugyna eýedir.

Raýatyň saglygy goraýyş resminamasynda bar bolan habar lukmanlyk syryny düzýär we raýatyň razylygy bolmazdan diňe şu Kanunyň 60-njy maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça berlip bilner.

V BAP. MAŞGALANYŇ NESIL SAGLYGY

30-njy madda. Nikalaşýan raýatlaryň saglygy goraýyş-genetik maslahata bolan hukugy

Türkmenistanyň çäginde nikalaşýan raýatlar är-aýalyň we olaryň nesliniň saglygyny goramak maksady bilen, olaryň saýlamagy boýunça degişli saglygy goraýyş edaralarynda saglygy goraýyş, saglygy goraýyş-genetik barlaga bolan hukuga eýedirler.

31-nji madda. Emeli tohumlandyrma we embriony

implantasiýalamak (ýatga düwünçek goýmak)

Çaga dogurmak ýaşyndaky kämillik ýaşly aýal emeli tohumlandyrma we embriony implantasiýalamak hukugyna eýedir.

Aýalyň emeli tohumlandyrmasy we embriony implantasiýalamagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenýän tertipde är-aýalyň (ýalňyz aýalyň) ýazmaça razylygy bolan mahalynda saglygy goraýyş edaralarynda amala aşyrylýar.

Aýala emeli tohumlandyrma we embriony implantasiýalamak geçirilendigi hakynda, şeýle hem donoryň şahsyýeti hakyndaky maglumatlar lukmanlyk syryny düzýärler.

Aýal emeli tohumlandyrmany we embriony implantasiýalamagy amala aşyrýan lukman tarapyndan berilýän emeli tohumlandyrmagyň we embriony implantasiýalamagyň prosedurasy, olaryň netijeleriniň saglygy goraýyş durmuş we hukuk ugurlary hakyndaky, saglygy goraýyş-genetik barlag hakyndaky maglumaty, donoryň daş görnüşi (syraty) we milleti hakyndaky maglumatlary bilmek hukugyna eýedir.

Emeli tohumlandyrmanyň we embriony implantasiýalamagyň bikanun geçirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän jogapkärçilige eltýär.

32-nji madda. Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmak

Aýal enelik hakyndaky meseläni özbaşdak çözmek hukugyna eýedir.

Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmak göwrelilik 12 hepdä çenli möhletde aýalyň islegi boýunça, göwrelilik 28 hepdä çenli möhletde - durmuş görkezijileri boýunça, saglygy goraýyş görkezijileri we aýalyň razylygy bolanda bolsa göwreliligiň möhletine garamazdan geçirilýär.

Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmak işiň görkezilen görnüşine ygtyýarnama alan saglygy goraýyş edaralarynda ýörite taýýarlygy bolan lukmanlar tarapyndan geçirilýär.

Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmak üçin lukmançylyk we durmuş görkezmeleriniň sanawlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär we tassyklanylýar.

Göwreliligiň emeli usul bilen bikanun aýrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jenaýat jogapkärçiligine eltýär.

33-nji madda. Saglygy goraýyş tohumsyzlandyrmasy

Saglygy goraýyş tohumsyzlandyrmasy, raýaty nesil öndürmäge bolan ukypdan mahrum etmek maksady bilen ýörite gatyşmak hökmünde ýa-da kontrasepsiýa usuly hökmünde diňe 35 ýaşdan uly ýa-da azyndan üç çagasy bolan raýatyň ýazmaça arzasy boýunça, lukmançylyk görkezmeleri we raýatyň razylygy bolanda bolsa ýaşyna we çagalarynyň barlygyna garamazdan geçirilip bilner.

Saglygy goraýyş tohumsyzlandyrmasy üçin lukmançylyk görkezmeleriniň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Saglygy goraýyş tohumsyzlandyrmasy işiň görkezilen görnüşine ygtyýarnama alan döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynda geçirilýär.

Saglygy goraýyş tohumsyzlandyrmasynyň bikanun geçirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

VI BAP. ILATA SAGLYGY GORAÝYŞ KÖMEGINI GURAMAK

34-nji madda. Ilata saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri

Ilata saglygy goraýyş kömegi ilkinji saglygy goraýyş sanitariýa kömeginden tiz saglygy goraýyş kömeginden, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginden, derman kömeginden, saglygy goraýyş-durmuş kömeginden, şeýle hem şypahana-kurort kömeginden durýar.

35-nji madda. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi

1. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi her bir raýat üçin saglygy goraýyş kömeginiň esasy, elýeter görnüşidir we ol şu aşakdakylar:

has ýaýran keselleri we şikesleri bejermegi;

birnäçe ýokanç kesellere garşy ilat arasynda gorag we sanjym çärelerini geçirmegi;

ilatyň saglygy goraýyş-sanitariýa meseleleri, olary çözmegiň we keselleriň öňüni almagyň usullary barada bilim bermegi;

enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça çäreleri geçirmegi, şol sanda maşgalanyň nesil saglygynyň meselelerini öz içine alýar.

Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralary tarapyndan mugt üpjün edilýär. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermäge saglygy goraýşyň hususy sektorynyň edaralary hem gatnaşyp bilerler.

Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynyň sanawy, şeýle hem ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermegiň möçberi we tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

36-njy madda. Tiz saglygy goraýyş kömegi

l. Tiz saglygy goraýyş kömegi betbagtçylykly ýagdaýlarda, agyr zeper ýetmelerde, zäherlenmelerde, jana howp salýan duýdansyz kesellerde, keselliler hassahanalara getirilende gije-gündizleýin gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek maksady bilen guralýar. Tiz saglygy goraýyş kömegi mugt berilýär.

2. Tiz saglygy goraýyş kömegi saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň ýörite abzallaşdyrylan sanitariýa ulagy bilen enjamlaşdyrylan tiz saglygy goraýyş kömeginiň ýörite gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bellän tertibinde berilýär.

Ýörite belgili tiz saglygy goraýyş kömeginiň gullugynyň awtoulagy hereket etmegiň Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilen artykmaçlyklaryndan peýdalanýar.

Gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek zerurlygy bolan mahalynda sanitariýa uçarlary, wertolýotlar, katerler we başgalar peýdalanylýar.

Adamyň janyna howp salýan ýagdaýlarda saglygy goraýyş işgärleri adamlary tiz saglygy goraýyş kömeginiň ýakyndaky gullugyna ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasyna getirmek üçin islendik zerur aragatnaşyk serişdesini we ulagyň bar bolan görnüşini peýdalanmak hukugyna eýedirler. Aragatnaşyk serişdesiniň we (ýa-da) ulag serişdesiniň eýesi saglygy goraýyş işgäriniň kanuny talabyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyran halatynda ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýär.

Tiz saglygy goraýyş kömegi eýeçiliginiň görnüşine, edara we çäk tabynlygyna garamazdan bejeriş-öňüni alyş edaralary, saglygy goraýyş işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan şeýle borç ýüklenen adamlar tarapyndan gaýragoýmazdan berilýär.

37-nji madda. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi

Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi raýatlara keseli anyklamagyň, bejerişiň ýörite usullaryny we çylşyrymly saglygy goraýyş tehnologiýalaryny peýdalanmak talap edilýän kesellerde berilýär.

Saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda berilýän ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri, möçberi we hil ölçegleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

38-nji madda. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi

1. Keselläninde, zähmete ukyplylygyny ýitirende we gaýry halatlarda raýatlara saglygy goraýyş-durmuş kömegi berilýär, ol kömek öňüni alyş, bejeriş-keseli anyklaýyş, saglygyny we zähmete ukyplylygyny dikeldiş, protez-ortopedik we kömegiň beýleki görnüşlerini, şeýle hem işe wagtlaýyn ýarawsyzlyk we maýyplyk boýunça kömek pulunyň tölenmegini, kesellilere, işe ukypsyzlara we maýyplara seretmek boýunça durmuş häsiýetli çäreleri öz içine alýar.

Saglygy goraýyş-durmuş kömegi saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň we saglygy goraýşyň hususy sektorynyň edaralarynda saglygy goraýyş we beýleki işgärler tarapyndan berilýär.

Raýatlar saglygy goraýyş seljermesine, şol sanda garaşsyz saglygy goraýyş seljermesine bolan hukuga eýedirler, ol şu Kanunyň 47, 48, 49, 50 we 51-nji maddalaryna laýyklykda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralarynda olaryň öz arzasy boýunça geçirilýär.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan kämillik ýaşyna ýetmedikler, talyplar, maýyplar we pensionerler mugt saglygy goraýyş gözden geçirişlerine bolan hukuga eýedirler.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara we olara deňleşdirilen adamlara saglygy goraýyş-durmuş kömegi berlende Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ýeňillikler berilýär.

Derman serişdeleri, saglygy goraýyş maksatly önümler we saglygy goraýyş-durmuş kömeginiň gaýry görnüşleri bilen ýeňillikli üpjün edilmäge hukugy bolan raýatlaryň derejeleriniň, keselleriň sanawy, şeýle hem olar bilen üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

39-njy madda. Daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden we keselleriň aýry-aýry derejelerinden ejir çekýän raýatlara saglygy goraýyş kömegi

Daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden we keselleriň aýry- aýry derejelerinden ejir çekýän raýatlara saglygy goraýyş kömegi saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň bu maksatlar bilen niýetlenilen edaralarynda berilýär.

Daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän keselleriň we keselleriň aýry- aýry derejeleriniň sanawy, şeýle hem şeýle kesellilere saglygy goraýyş kömegini bermek üçin saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden, keselleriň aýry- aýry derejelerinden ejir çekýän raýatlara saglygy goraýyş kömegini bermegiň görnüşleri, möçberi, şeýle hem tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

Daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden ejir çekýän raýatlaryň aýry-aýry derejeleri üçin olaryň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň iş ýeri saklanýar.

Daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden we keselleriň aýry-aýry derejelerinden ejir çekýän raýatlara berilýän ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

40-njy madda. Derman kömegi

Raýatlara derman kömegini bermek "Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

41-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny

üpjün etmek

Ilatyň sanitariýa - epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň Sanitariýa jemkanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

42-nji madda. Öňüni alşyň, keseli anyklaýşyň, bejerişiň täze

usullaryny, derman serişdelerini, immunobiologik enjamlary we dezinfeksiýa serişdelerini ulanmagyň hem-de biomedisina barlaglaryny geçirmegiň tertibi

1. Saglygy goraýşyň tejribesinde diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanmaga rugsat berlen öňüni alşyň, keseli anyklaýşyň, bejerişiň usullary, saglygy goraýyş tehnologiýalary, derman serişdeleri, immunobiologik we dezinfeksiýa serişdeleri peýdalanylýar.

2. Ulanmaga rugsat edilmedik, ýöne bellenilen tertipde garamakda durýan keseli anyklaýyş, bejeriş usullary we derman serişdeleri diňe näsagy bejermegiň bähbitleri üçin onuň meýletin ýazmaça razylygy alnandan soň, on alty ýaşa ýetmedik adamlar üçin bolsa diňe olaryň janyna gös-göni howp abananda we olaryň ata-enesiniň (kanuny wekilleriniň) ýazmaça razylygy bilen peýdalanylyp bilner.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen keseli anyklaýyş, bejeriş usullaryny we derman serişdelerini, immunobiologik we dezinfeksiýa serişdelerini, şol sanda daşary ýurtda peýdalanylýanlary ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

4. Obýekt hökmünde adamy çekmek bilen biomedisina barlagyny geçirmäge diňe laboratoriýa synaglaryndan we onuň ýazmaça razylygy alnandan soň saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda ýol berilýär.

Biomedisina barlagyna ýazmaça razylyk alnan mahalynda raýata barlagyň maksatlary, usullary, goşmaça gereksiz netijeleri, mümkin boljak töwekgelçilik, barlagyň dowamlylygy we garaşylýan netijeler hakynda habar berilmelidir. Raýat barlagyň islendik tapgyrynda oňa gatnaşmakdan ýüz öwürmage hukuklydyr. Adamlary biomedisina barlaglaryna gatnaşmaga mejbur etmäge ýol berilmeýär.

5. Kanunda bellenen tertipde barlag synaglaryny geçmedik öňüni alyş, bejeriş usullaryny we derman serişdelerini wagyz etmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek gadagandyr.

43-nji madda. Ewtanaziýanyň gadagan edilmegi

Saglygy goraýyş işgärlerine ewtanaziýany amala aşyrmak - keselliniň öz ölümini haýsydyr bir hereketler ýa-da serişdeler bilen, şol sanda janyny saklamak boýunça emeli çäreleri togtatmak bilen çaltlaşdyrmak hakyndaky haýyşyny kanagatlandyrmak gadagandyr. Kesellini ewtanaziýa bilgeşleýin iterýän we (ýa-da) ewtanaziýany amala aşyrýan adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligini çekýär.

44-nji madda. Adamyň ölüm pursadyny kesgitlemek

Adamyň ölüm pursady saglygy goraýyş işgäri (lukman ýa-da feldşer) tarapyndan kesgitlenilýär.

Adamyň ölüm pursadyny kesgitlemegiň, reanimasiýa çärelerini bes etmegiň ölçegleri we tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tassyklaýan düzgünnamasy bilen bellenilýär.

45-nji madda. Patologo-anatomiki barlaglary geçirmek

Patologo-anatomiki barlaglar adamyň ýaşaýan mahalynda (biopsiýa) we onuň aradan çykandan soň (autopsiýa) keseli anyklamak, keseli anyklamakda we keselleri bejermekde lukmanlyk ýalňyşlyklary ýüze çykarmak hem-de aradan çykmagyň sebäpleri hakyndaky ygtybarly maglumatlary almak, raýatlara bejeriş-keseli anyklaýyş kömegini kämilleşdirmek maksady bilen saglygy goraýyş edaralarynda geçirilýär.

Aradan çykanyň maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň (kanuny wekiliniň) ýazmaça arzasy ýa-da heniz diri mahalynda aradan çykanyň özüniň aýdan erkini bildirmesi bolan mahalynda patologo-anatomiki barlag (autopsiýa), şu aşakdaky halatlardan başga ýagdaýlarda, geçirilmeýär:

haçan-da zorlukly ölüme şübhe bolsa;

haçan-da lukman ýalňyşy ýa-da saglygy goraýyş işgärleriniň wyždansyzlygy netijesinde ölüme şübhe bolanda;

ölüm keseliň sebäbi anyklanmadyk ýokanç kesellerden bolanda epidemiki görkezmeler boýunça;

diri mahalynda keseliniň takyk anyklanylmadyk halatlarynda;

haçan-da bejeriş çäreleri we keseli anyklaýyş barlaglary geçirilen mahalynda ölüm gelip ýetende;

eneleriň we çagalaryň ölüminiň sebäbiniň anyklanylmadyk halatlarynda.

Ölümiň sebäbi we keseli anyklamak hakyndaky netijenama maşgalanyň agzalaryna, olar bolmadyk mahalynda bolsa aradan çykanyň ýakyn garyndaşlaryna (kanuny wekiline), şeýle hem hukuk goraýjy edaralara olaryň ýazmaça talaby boýunça berilýär.

Aradan çykanyň maşgala agzalaryna, ýakyn garyndaşlaryna (kanuny wekiline) patologo-anatomiki barlaga gatnaşmak üçin degişli hünärdäki hünärmeni (onuň razylygy bilen) çagyrmak hukugy berilýär. Aradan çykanyň maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň (kanuny wekiliniň) talap etmegi boýunça Kanunyň 51-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde garaşsyz saglygy goraýyş seljermesi geçirilip bilner.

Patologo-anatomiki barlaglary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

46-njy madda. Anatomiki peşgeş

Anatomiki peşgeş peşgeş berijiniň wesýetnamasy arkaly edilip bilner we ol aradan çykandan soň güýje girýär. Anatomiki peşgeş hakyndaky wesýetnama peşgeş beriji tarapyndan ýatyrylyp bilner. Hossarlary wesýetnamany kazyýetde jedelleşip bilerler.

Anatomiki peşgeş hakyndaky maglumat jar edilmäge degişli däldir.

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde anatomiki peşgeş hökmünde tanap bolmadyk we talap edilmedik hökmünde kesgitlenilen adamlaryň jesetleri hem ykrar edilip bilner.

VII BAP. SAGLYGY GORAÝYŞ SELJERMESI

47-nji madda. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk seljermesi

Raýatlaryň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň seljermesi umumy kesellemegi, zähmet maýyp-müjrüpligi (şikes almagy), hünäri bilen baglanyşykly näsaglygy, göwreliligi, çaga dogurmalary, syrkaw çaga ýa-da maşgala agzasyna seretmek, protezirlemek bilen baglanyşykly we beýleki halatlarda saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň we saglygy goraýşyň hususy sektorynyň lukmany tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Raýatyň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk ýagdaýy resminama - zähmete ukypsyzlyk haty bilen tassyklanylýar, ol raýatlara işden wagtlaýyn boşatmaga we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenýän kömek puluna bolan hukugy berýär.

48-nji madda. Saglygy goraýyş-durmuş seljermesi

Raýatlaryň saglygy goraýyş-durmuş seljermesi hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparlary tarapyndan amala aşyrylýar.

Hemaýata mätäçligi anyklaýyş topary maýyplygyň gelip ýeten wagtyny, sebäbini, toparyny we möhletini belleýär, on alty ýaşa çenli çagalaryň maýyplygyny anyklaýar, raýatlaryň işe ukyplylygyny ýitirmeginiň derejesini kesgitleýär, şeýle hem raýatlary işe ýerleşdirmek boýunça teklipleri berýär.

Raýatlary işe ýerleşdirmek boýunça hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň maslahatlary eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlary üçin hökmanydyr.

Saglygy goraýyş-durmuş seljermesi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýan ol hakdaky Düzgünnama laýyklykda geçirilýär.

Raýatyň (kanuny wekiliň) arzasy boýunça saglygy goraýyş-durmuş seljermesiniň geçirilmegine gatnaşmak üçin degişli hünärdäki garaşsyz bilermen (onuň razylygy bilen) çagyrylyp bilner.

Hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň netijenamasyna raýat (kanuny wekil) tarapyndan Merkezi hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparyna şikaýat edilip bilner. Merkezi hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň karary bilen razy bolmadyk mahalynda raýat (kanuny wekil) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutup biler.

49-njy madda. Harby-lukmanlyk (lukmanlyk) seljermesi

1. Harby-lukmanlyk (lukmanlyk) seljermesi şu aşakdakylary kesgitlemek maksady bilen geçirilýär:

saglyk ýagdaýy we beden ösüşi boýunça harby gulluga ýaramlylyk derejesini:

a) çagyryş bölümlerine ýazylýan we hakyky harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň;

b) çagyryş boýunça we borçnama boýunça harby gullukçylaryň (mundan beýläk - harby gullukçylar diýlip atlandyrylýar), şol sanda belli bir harby hünärler boýunça harby gullukçylaryň;

ç) ýörite desgalarda gullugy geçmegiň;

d) harby-okuw jaýlaryna girmegiň (okamagyň);

ýe) harby borçlularyň;

ä) harby gulluga wagtlaýyn ýaramsyz, şeýle hem soňundan saglygy goraýyş gaýtadan anyklamagy geçmek bilen boşadylan raýatlaryň;

harby gullukçylaryň, okuw we barlanyş ýygnanyşlaryna çagyrylan harby borçlularyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň işçileriniň we gullukçylarynyň saglyk ýagdaýy boýunça radio aktiw jisimler, ionizirleýji şöhlelenmeleriň beýleki çeşmeleri, şeýle hem beýleki ýokary awuly jisimler bilen işlemäge ýaramlylygyny;

keselleriň, ýaralanmalaryň, seňselemeleriň, şikesleriň we maýyp-müjrüpligiň uruşda bolunmagy, harby gullugyň geçilmegi, harby gullugyň borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen sebäp baglanyşygyny:

harby gullukçylarda we saglyk ýagdaýy boýunça harby ýaramsyzlygy ýa-da çäkli ýaramlylygy boýunça ykrar edilýän öňki harby gullukçylarda (hakyky harby gullugy geçýän döwründe ykrar edilen);

näsaglygy boýunça rugsada ýa-da harby borçlaryny (okuwlaryny) ýerine ýetirmekden belli bir möhlete boşadylmaga mätäçlik edýän harby gullukçylarda.

Harby-lukmanlyk (lukmanlyk) seljermesini guramagyň we geçirmegiň, şeýle hem çagyryş boýunça we borçnama boýunça harby gulluga girýän, harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň saglyk ýagdaýyna talaplaryň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Harby-lukmanlyk (lukmanlyk) seljermesiniň netijenamasy Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.

Raýatlara şu Kanunyň 51-nji maddasyna laýyklykda garaşsyz harby- lukmanlyk (lukmanlyk) seljermesini geçirmäge hukuk berilýär.

5. Harby-lukmanlyk (lukmanlyk) seljermesini geçiren edaranyň netijenamasyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýat (kanuny wekili) tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.

50-nji madda. Kazyýet-saglygy goraýyş we kazyýet-psihiatriýa seljermesi

1. Kazyýet-saglygy goraýyş seljermesi döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň saglygy goraýyş edaralarynda kazyýet-saglygy goraýyş seljerme býurosynyň bilermeni tarapyndan, onuň bolmadyk mahalynda bolsa anyklaýjynyň, sülçiniň, prokuroryň kararynyň ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy esasynda seljerme geçirmek üçin çekilen lukman tarapyndan geçirilýär.

2. Kazyýet-psihiatriýa seljermesi döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralarynda geçirilýär.

Raýat bilermen toparynyň düzümine degişli hünärdäki garaşsyz bilermeniň (onuň razylygy bilen) goşulmagy hakynda kazyýet-saglygy goraýyş we kazyýet-psihiatriýa seljermesini bellän edaranyň öňünde towakga etmäge hukuklydyr.

Kazyýet-saglygy goraýyş we kazyýet-psihiatriýa seljermelerini guramak we geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

Kazyýet-saglygy goraýyş we kazyýet-psihiatriýa seljermesini geçiren edaralaryň netijenamasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýat (kanuny wekil) tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.

51-nji madda. Garaşsyz saglygy goraýyş seljermesi

Raýatlar saglygy goraýyş seljermesiniň netijenamasy bilen razy bolmadyk mahalynda olaryň arzasy boýunça şu Kanunyň 45-nji we 49-njy maddalarynda göz öňünde tutulan degişli görnüşdäki garaşsyz saglygy goraýyş seljermesi geçirilýär.

Eger seljermäni geçirýän bilermen ýa-da toparyň agzalary saglygy goraýyş seljermesini geçirýän edara ýa-da topara, şeýle hem garaşsyz seljermäniň netijelerine gyzyklanýan edaralara, guramalara, edaralara, wezipeli adamlara we raýatlara gulluk ýa-da başga tarapdan garaşly bolmasalar, seljerme garaşsyz diýlip hasap edilýär.

Garaşsyz saglygy goraýyş seljermesi geçirilende raýatlara seljermäni geçirýän bilermen edarasyny we bilermeni saýlamak hukugy berilýär.

4. Garaşsyz saglygy goraýyş seljermesi hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

5. Garaşsyz saglygy goraýyş seljermesini geçirýän edaranyň netijenamasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýat (kanuny wekil) tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.

VIII BAP. DONORLYK

52-nji madda. Ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donorlygy

Saglygy goraýyş barlagyny geçen, ýaşy 18-den 60-a çenli bolan her bir kanunda bellenen tertipde kämillik ukyby bar diýlip ykrar edilen raýat ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donory bolup biler.

Ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donorlygy muzdsuz we tölegli esasda saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň saglygy goraýyş edaralarynda meýletin esasda amala aşyrylýar.

Bejeriş maksatlary üçin ulanylýan gan we onuň düzüm bölekleri diňe sagdyn adamdan alnyp bilner.

Donordan gany we onuň düzüm böleklerini almak diňe eger donoryň saglygyna zyýan ýetirilmese ýol bererlikdir.

Girdeji almak maksady bilen donor ganyny, onuň düzüm böleklerini we donor ganyndan edilen preparatlary başga döwletlere satmak gadagandyr.

Donor ganyny, onuň düzüm böleklerini we donor ganyndan edilen preparatlary Türkmenistanyň çäklerinden daşyna çykarmaga Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň karary boýunça ekstremal ýagdaýlarda gyssagly ynsanperwer saglygy goraýyş kömegi berlende ýol berilýär.

Donora saglygy goraýyş taýdan anyklaýşyň, donor ganyny we onuň düzüm böleklerini taýýarlamagyň, gaýtadan işlemegiň, saklamagyň we ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

Donoryň hukuklary, borçlary, şeýle hem donara berilýän tölegiň we ýeňillikleriň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.

Donor ganyny we onuň düzüm böleklerini taýýarlamagyň, gaýtadan işlemegiň, saklamagyň we ulanmagyň bellenilen kadalarynyň bozulmagy üçin günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

53-nji madda. Donorlyk we adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmek (oturtmak)

1. Donorlyk we adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmek (oturtmak) raýatlaryň janyny halas etmegiň we saglygyny dikeltmegiň serişdesidir hem-de halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda adam hukuklaryny we Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmek esasynda amala aşyrylmalydyr.

Diri donordan ýa-da jesetden beden agzalary we (ýa-da) dokumalary transplantasiýa etmek (oturtmak) diňe Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden rugsat alan saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda we diňe eger başga saglygy goraýyş serişdeleri näsagyň (resipiýentiň) janyny saklap galmagy ýa-da onuň saglygyny dikeltmegi kepillendirip bilmedik mahalynda ulanylyp bilner.

Adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmäge (oturtmaga) diňe sagdyn donoryň ýazmaça razylygy bilen we kada bolşy ýaly, näsagyň (resipiýentiň) razylygy bilen ýol berilýär.

Diri donordan transplantasiýa etmek (oturtmak) üçin beden agzalary we (ýa-da) dokumalary almak diňe eger hünärmen-lukmanlaryň konsiliumynyň netijenamasy boýunça onuň saglygyna ep-esli zyýan ýetirilmedik mahalynda ýol bererlidir.

Transplantasiýa etmek (oturtmak) üçin adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny mejbury almak gadagandyr. Transplantasiýa etmek (oturtmak) üçin adamyň beden agzalary we (ýa-da) dokumalary satyn almak, satmak we tajirçilik geleşikleriniň mazmuny bolup bilmez. Şeýle etmişe ýol beren adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

Transplantasiýa etmek (oturtmak) üçin beden agzalary we (ýa-da) dokumalar jesetden diňe şu Kanunyň 44-nji maddasyna laýyklykda adamyň aradan çykan pursady kesgitlenilenden soň alnyp bilner.

Transplantasiýa etmek (oturtmak) üçin jesetden beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalary almaga merhumyň maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň ýa-da kanuny wekiliniň ýazmaça arzasy bolan mahalynda, ýa-da merhumyň özüniň diri wagtynda transplantasiýa etmek üçin öz beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna razylygy hakdaky erkini bildiren ýagdaýynda ýol berilýär.

Adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa (oturtmak) geçirmegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama bilen bellenilýär.

Adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmegiň (oturtmagyň) şu Kanunda göz öňünde tutulan şertleriniň we tertibiniň bozulmagy bilen baglanyşykly donoryň ýa-da näsagyň (resipiýentiň) saglygyna zyýan ýetirilen mahalynda günäkar adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Reanimasiýa çärelerini togtatmagyň bellenilen kadalarynyň hem-de transplantasiýa etmek (oturtmak) üçin adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalary aýyrmak tertibiniň bozulmagyna günäkar adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

IX BAP. SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERI

54-nji madda. Saglygy goraýyş we melhemçilik işi bilen meşgullanmaga bolan hukuk

Türkmenistanda saglygy goraýyş we melhemçilik işi bilen meşgullanmaga bolan hukuga ýokary ýa-da orta lukmançylyk we melhemçilik bilimini alan, diplomy we ýörite ady bolan adamlar eýedirler, sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýän saglygy goraýyş we melhemçilik işiniň belli bir görnüşleri bilen meşgullanmaga bolan hukuga bolsa - ýokarda görkezilen resminamalardan başga ygtyýarnamasy bolan adamlar eýedirler.

Hünäri boýunça ilkinji kämilleşigi (internaturany) bellenilen tertipde geçen ýaş hünärmenler döwlet saglygy goraýyş edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda iki ýylyň dowamynda olaryň hünär taýýarlygy bilen jogapkär hünärmenleriň gözegçiligi astynda işläp tejribe toplaýarlar.

Lukmanlar täze hünär boýunça ýörite tälim alýan döwründe olaryň täze hünäri özleşdirmek üçin jogapkär hünärmenleriň halypalygynda bu edaralarda işlemek hukugyna eýedirler.

Ýokary we orta lukmançylyk okuw mekdepleriniň talyplary olaryň hünär taýýarlygy üçin jogapkärçilik çekýän saglygy goraýyş işgärleriniň gözegçiligi astynda bilim bermegiň maksatnamalaryna laýyklykda raýatlara saglygy goraýyş kömegini bermäge gatnaşmaga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýän tertipde goýberilýär.

Gutarylmadyk ýokary lukmançylyk ýa-da melhemçilik bilimi bolan adamlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýän tertipde orta saglygy goraýyş, (melhemçilik) işgäri hökmünde işe goýberilip bilner.

Öz hünäri boýunça işinde üç ýyldan gowrak arakesmä ýol beren saglygy goraýyş işgärleri şu Kanunyň 61-nji maddasy bilen kesgitlenilýän tertipde we şertlerde geçirilýän gaýtadan hünär synagyndan soň öz hünäri boýunça işe girişip bilerler.

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda lukmançylyk we melhemçilik bilimini alan adamlar Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda saglygy goraýyş ýa-da melhemçilik işine goýberilýär.

Saglygy goraýyş we melhemçilik işi bilen bikanun meşgullanýan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

55-nji madda. Hususy saglygy goraýyş tejribesi bilen meşgullanmaga bolan hukuk

Ýokary ýa-da orta lukmançylyk (melhemçilik) bilimi hakynda diplom we işiň degişli görnüşine ygtyýarnama alan adamlar hususy saglygy goraýyş tejribesi bilen meşgullanmak hukugyna eýedirler.

Hususy saglygy goraýyş tejribesini amala aşyrýan adamlaryň ilata saglygy goraýyş kömegini berşiniň hiline Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gözegçilik edýär. Hususy saglygy goraýyş tejribesi bilen mesgullanýan adamlaryň işine başga hili gatyşylmagyna ýol berilmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň edaralarynda hususy saglygy goraýyş tejribesini amala aşyrmak gadagandyr.

56-njy madda. Halk saglygy goraýşy (tebipçilik) bilen meşgullanmaga bolan hukuk

Halk saglygy goraýşy (tebipçilik) - munuň özi halk däplerinde ykrar edilen we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde bellige alynmadyk, adamlaryň köp nesilleriniň tejribesine esaslanan, sagaldyşyň, öňüni almagyň, keseli anyklamagyň we bejermegiň halk usullarydyr.

Halk saglygy goraýşy (tebipçiligi) bilen meşgullanmak hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär we tassyklanylýar.

Köpçülikleýin tebipçilik tapgyrlaryny geçirmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini peýdalanmak bilen geçirmek gadagandyr.

Halk saglygy goraýşy (tebipçiligi) bilen bikanun meşgullanýan, şeýle hem halk saglygy goraýşy (tebipçilik) bilen meşgullananda raýatlaryň saglygyna zyýan ýetiren adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

57-nji madda. Maşgala lukmany

Maşgala lukmany, munuň özi öz hyzmat edýän çäginde maşgala agzalaryna ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän we ýörite köpugurly taýýarlygy geçen lukmandyr.

Maşgala lukmany hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

58-nji madda. Bejeriji lukman

Bejeriji lukman, munuň özi ýatymlyk bejeriş-öňüni alyş edaralarynda näsaga gözegçilik edýän we bejerýän döwründe oňa saglygy goraýyş kömegini berýän lukmandyr.

Bejeriji lukman näsagyň ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasynyň (onuň düzüm birliginiň) ýolbaşçysynyň saýlamagy boýunça bellenilýär. Näsag bejeriji lukmany çalyşmak hakynda talap eden mahalynda bejeriş-öňüni alyş edarasynyň ýolbaşçysy başga lukmany saýlamaga ýardam etmelidir.

Bejeriji lukman näsagyň öz wagtynda we ýokary hünärli barlagyny guraýar, onuň saglyk ýagdaýy hakynda habar berýär, näsagyň (kanuny wekiliň) talap etmegi boýunça maslahatçylary çagyrýar we hünärmen lukmanlaryň konsiliumyny guraýar. Maslahatçylaryň maslahatlary diňe bejeriji lukman bilen ylalaşylyp durmuşa geçirilýär, näsagyň janyna howp salýan halatlar muňa girmeýär.

Bejeriji lukman Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde zähmete ukypsyzlyk hatyny berýär.

Bejeriji lukman öz görkezmeleriniň ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasynyň içerki düzgün-tertip kadalarynyň näsag tarapyndan birnäçe sapar berjaý edilmeýän halatlarynda, eger-de bu näsagyň janyna we daş-töweregindäkileriň saglygyna howp salmaýan bolsa, bejeriş-öňüni alyş edarasynyň degişli wezipeli adamy bilen ylalaşyp näsaga gözegçilik etmekden we bejermekden boýun gaçyryp biler.

Lukman hünärini ýokarlandyryş kurslaryny (ýöriteleşmesini) geçýän döwründe bejeriji lukman bolup bilmez.

59-njy madda. Lukmanyň kasamy

Türkmenistanyň ýokary lukmançylyk mekdebini tamamlan we lukmanyň diplomyny alan adamlar lukmanyň şu aşakdaky mazmunly kasamyny edýärler:

“Lukmanyň belent adyny alyp we hünär işine girişmek bilen, men:

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý etmäge;

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sargytlaryny we Beýik Serdarymyzyň paýhasy bilen döredilen, bilimleriň, pähimiň we sagdyn ruhuň hazynasy bolan mukaddes Ruhnamamyzyň ýol ýörelgelerine wepaly bolmaga;

öz hünär borjumy dogruçyl, akýürekli we hoşniýetli ýerine ýetirmäge;

özümiň bilimimi, başarnygymy we güýjümi adamyň saglygyny goramaga, näsagy bejermäge bagyş etmäge;

haýsy millete degişlidigine, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine we gaýry ýagdaýlaryna garamazdan her bir näsaga haýal etmän saglygy goraýyş kömegini bermäge, munuň üçin güýjümi, saglygymy we wagtymy gaýgyrmajakdygyma;

näsaga hormatly, aladaly, ynsanperwer garamaga;

näsagyň saglygyny şahsy bähbitlerden ýokary tutmaga;

öz hünär bilimimi we ussatlygymy hemişe kämilleşdirmäge;

lukmanlyk syryny saklamaga;

adamlara mydama ýagşylyk etmäge hassada sagalmaga bolan ynamy döretmäge;

türkmen halkynyň dana lukmanlary Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň we Muhammet Gaýmaz Türkmeniň we dünýä lukmançylyk ylmynda öçmejek yz galdyran meşhur tebipleriň bahasyna ýetip bolmaýan tejribesine mynasyp gadyr goýmaga hem-de olaryň asylly däplerini dowam etdirmäge kasam edýärin.

Bu kasama wepalylygy ömürboýy saklamaga kasam edýärin”.

60-njy madda. Lukmanlyk syry

1. Saglygy goraýyş kömegi üçin ýüz tutmagyň fakty, raýatyň saglyk ýagdaýy, onuň keseliniň anyklanylyşy hakyndaky habar we ol barlananda we bejerilende alnan gaýry maglumatlar lukmanlyk syryny düzýärler. Raýata onuň berýän maglumatlarynyň ýaşyrynlygy kepillendirilmelidir.

2. Bilim alýan, hünärine we gulluk borçlaryna degişli hem-de gaýry borçlary ýerine ýetirýän döwründe mälim bolan lukmanlyk syryna degişli maglumatlary aýan etmäge ýol berilmeýär, şu maddanyň üçünji we dördünji bölekleri bilen bellenilen halatlar muňa girmeýär.

3. Raýatyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygy bilen lukmanyň syryny düzýän maglumatlary näsagyň barlagynyň we bejerilmeginiň bähbitlerine, ylmy barlaglary geçirmek, ylmy edebiýatda çap etmek, okuw sapaklarynda ulanmak maksady bilen başga raýatlara, şol sanda wezipeli adamlara bermek rugsat edilýär.

4. Şu aşakdaky ýagdaýlarda raýatyň (kanuny wekiliň) razylygy bolmazdan lukmanlyk syryny düzýän maglumatlaryň berilmegine ýol berilýär:

öz saglyk ýagdaýy zerarly öz erkini aňlatmaga ukyby bolmadyk raýaty barlamak we bejermek maksady bilen;

ýokanç keselleriň, köpçülikleýin zäherlenmeleriň we şikeslenmeleriň ýaýramak howpy bolanda;

derňew we kazyýet seljermesini geçirmek bilen baglanyşykly anyklaýyş, derňew, prokuratura we kazyýet edaralarynyň hat üsti bilen ýüz tutmagy boýunça;

on alty ýaşyna çenli kämillik ýaşyna ýetmedige saglygy goraýyş kömegi berlende onuň ata-enesini (kanuny wekillerini) habarly etmek üçin;

raýatyň saglygyna hukuga garşy hereketleriň netijesinde zyýan ýetirildi diýip çak etmäge mümkinçilik berýän esaslar bolan mahalynda.

61-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär synagy we gaýtadan hünär synagy

1. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär synagy we gaýtadan hünär synagy şu aşakdaky maksatlar bilen geçirilýär:

bilimini we tejribe endiklerini kesgitlemek;

eýeleýän wezipesine laýyklygyny kesgitlemek;

hünäriniň kämillik derejesini dakmak ýa-da bar bolan hünäriniň kämillik derejesini tassyklamak.

2. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär synagyny we gaýtadan hünar synagyny geçirmekligiň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

62-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň maddy we durmuş taýdan üpjünçiligi

Saglygy goraýyş işgärleriniň, şeýle hem ylmy işgärleriň hem-de ýokary we orta saglygy goraýyş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň zähmet hakyny tölemeklik olaryň hünäriniň kämillik derejesine, iş stažyna we olaryň zähmet şertnamasynda (kontraktynda) göz öňünde tutulan olaryň ýerine ýetirýän borçlaryna laýyklykda geçirilýär.

Zyýanly, has agyr we howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän saglygy goraýyş işgärleri bu şertlerde işleýändigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goşmaça ýerini dolma tölegine, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyna we goşmaça rugsada hem-de ýeňillikli şertlerde pensiýa çykmaga bolan hukuga eýedirler. Bu derejeli işgärler üçin işleriň, hünärleriň hem-de wezipeleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň ylmy işgärlerine, şeýle hem ýokary we orta lukmançylyk mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümine goşmaça ýerini dolma tölegleri tölemegiň hem-de ýeňillikler bermegiň tertibi we şertleri saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýerini dolma tölegleri tölemegiň we ýeňillikler bermegiň tertibine we şertlerine laýyk gelýär.

Işi janyna we saglygyna howp salmak bilen baglanyşykly saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň işgärleri üçin saglygyň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşy bellenilýär.

Saglygy goraýyş işgärleri öz zähmet borçlaryny ýa-da hünärmenlik borjuny ýerine ýetirenlerinde olaryň saglygyna zyýan ýeten mahalynda olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde we möçberde zyýanyň öwezi dolunýar.

Saglygy goraýyş işgärleri öz zähmet borçlaryny ýa-da hünärmenlik borjuny ýerine ýetiryän wagtynda aradan çykan mahalynda aradan çykanlaryň maşgalalaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýän tertipde birwagtlaýyn pul kömegi berilýär.

63-nji madda. Saglygy goraýyş babatynda hünärmen birleşikleri

Saglygy goraýyş işgärleri "Türkmenistanda jemgyýetçilik birleşikleri hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda öz hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş we melhemçilik tejribesini ösdürmek, ylmy barlaglara ýardam etmek hem-de gaýry meseleleri çözmek üçin meýletin esasda hünärmen birleşiklerini döretmäge hukuklydyrlar.

X BAP. SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

64-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň hukuklary

1. Saglygy goraýyş işgärleriniň namysy we mertebesi, olaryň hünär we durmuş hukuklary kanun tarapyndan goralýar.

2. Saglygy goraýyş işgärleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

zähmeti goramagyň talaplaryna laýyklykda olaryň iş şertlerini üpjün etmek;

zähmet şertnamasy boýunça, şol sanda daşary ýurtlarda işlemek;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän tertipde hünäriniň kämillik derejelerini almak;

hünär bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek;

saglyk ýagdaýyna görä öňki wezipesi boýunça hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda, şeýle hem sany we wezipe sanawy gysgaldylanda, saglygy goraýyş edaralary (kärhanalary) ýatyrylanda iş berijileriň hasabyna hünär taýýarlygyny (gaýtadan taýýarlygy) geçmek;

öz hünärmenlik borçlarynyň wyždansyz (harsal) ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolmadyk hünär ýalňyşlygy netijesinde raýatyň saglygyna zyýan ýa-da zeper ýetirilende hünär ýalňyşyny ätiýaçlandyrmak;

syrkawyň janyna howp salýan halatlarda ony ýakynda ýerleşýän bejeriş-öňüni alyş edarasyna äkitmek üçin kärhanalara, edaralara, guramalara, şeýle hem raýatlara degişli aragatnaşyk serişdelerini, islendik görnüşdäki ulagy päsgelçiliksiz we mugt peýdalanmak;

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry hukuklar.

Döwlet edaralary we beýleki guramalar, şeýle hem raýatlar tarapyndan saglygy goraýyş işgärleriniň hünär işine gatyşmak gadagandyr, saglygy goraýyş işgärleriniň öz hünär borçlaryny ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyny bozan halatlary muňa degişli däldir.

65-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň borçlary

Saglygy goraýyş işgärleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

lukmanyň kasamyny berk berjaý etmäge;

näsaglara hormatly, aladaly we ynsanperwer garamaga;

öz gulluk we hünär borçlaryna laýyklykda saglygy goraýyş kömegini bermäge;

haýsydyr bir ýagdaýlara garamazdan her bir adama gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermäge;

zerur bolan ýagdaýlarda, şol sanda sagaldyş edarasynyň çäginden daşarda, ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermäge;

saglygy goraýyş kömegini bermegiň görnüşleri, usullary, tertibi we möçberleri hakynda näsaglary habarly etmäge;

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde statistik we gaýry maglumatlary bermäge;

hünär bilimlerini we tejribe endiklerini kämilleşdirmäge;

lukmanlyk syryny aýan etmezlige;

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.

XI BAP. RAÝATLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK HAKYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

66-njy madda. Raýatlaryň saglygyny goramak babatda

Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Adama onuň saglygyny goramaklyga bolan hukugyny amala aşyrmakdan boýun gaçyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Öz hünär borçlaryna wyždansyz we hünärsiz garamaga ýol beren şonuň netijesinde bolsa adamyň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da onuň ölümine sebäp bolan saglygy goraýyş işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

Daşky gurşawyň hapalanmagyna ýa-da raýatlaryň saglygyna we janyna zyýan ýetiren beýleki hereketlere ýol beren eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň wezipeli adamlary, şeýle hem jismi şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

67-nji madda. Raýatlaryň saglygyna zyýan ýetirilende zyýanyň öwezini dolmak

Öz günäsi bilen raýatlaryň janyna we saglygyna zyýan ýetiren eýeçiliginiň ähli görnüşindäki kärhanalar, guramalar we edaralar, şeýle hem jismi şahslar ejir çeken raýatlara (kanuny wekillere), Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde ýetirilen hem maddy, hem ahlak zyýanyň öwezini doldurmaga, şeýle-de saglygy goraýyş edaralaryna bu raýatlara salygy goraýyş kömegini bermek üçin eden harajatlaryny tölemäge borçludyrlar.

XII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

68-nji madda. Raýatlaryň öz saglygyny goramak babatdaky

hukuklaryny kemsidýän hereketlere şikaýat etmek hukugy

Saglygy goramak babatda raýatlaryň şu Kanunda kesgitlenilen hukuklaryny kemsidýän döwlet edaralarynyň, şeýle hem eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň hem-de wezipeli adamlaryň hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

69-njy madda. Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan raýatlaryň janyny we saglygyny goramaga, keselleri anyklamagyň, bejermegiň, öňüni almagyň häzirki zaman usullaryny ösdürmäge, ýokary netijeli we ýokary hilli dermanlyk serişdeleriniň öndürilişini ösdürmäge we elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşlerini halkara şertnamalaryna laýyklykda ösdürýär we goldaýar.

Saglygy goraýşy dolandyrýan edaralar, şeýle hem kärhanalar, edaralar, guramalar tarapyndan raýatlaryň saglygyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde baglaşylýan ylalaşyklar raýatlaryň şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly berkidilen hukuklaryny çäklendirmeli däldir.

70-nji madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasy bilen şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2002 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-i.

№ 157-II.

References