Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 16.08.2026

Döwlet sylaglary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

Official text as of 16.08.2026

Updated on the portal · 16.08.2026

Döwlet sylaglary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

Döwlet sylaglary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 55-nji madda)

(Türkmenistanyň 02.10.2009 ý. № 68-IV we 12.01.2016 ý. № 327-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Türkmen döwletiniň binýadyny tutmakda we ösdürmekde, bagtyýar geljegini esaslandyrmakda, şonuň ýaly hem raýatlaryň ruhy baýlygyny has-da belende götermekde döwlet sylaglarynyň tutýan wajyp ornuny nazara alyp, olary jemgyýetiň ösen derejesine laýyk geler ýaly kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

I. "Türkmenistanyň "Prezidentiň Ýyldyzy" ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 30-nji sentýabryndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 78-nji madda; 1998 ý., № 3, 61-nji madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Prezidentiň Ýyldyzy" ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

II. "Türkmenistanyň "Edermenlik" medalyny döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 30-nji sentýabryndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 79-njy madda; 1996 ý., № 1-2, 12-nji madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Edermenlik" medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

III. "Türkmenistanyň "Gaýrat" medalyny döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 30-nji sentýabryndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 80-nji madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Gaýrat" medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

IV. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ady döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1994-nji ýylyň 6-nji sentýabryndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 43-nji madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen adyň Düzgünnamasyny we döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

V. "Türkmenistanyň "Galkynyş" ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 18-nji madda; 1997 ý., № 2, 7-nji madda; 1998 ý., № 3, 61-nji madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Galkynyş" ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

VI. "Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 19-njy madda; 1998 ý., № 3, 57-nji we 61-nji maddalar; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

VII bölümi Türkmenistanyň 08.02.2014 ý. № 30-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

VIII. "Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen ýubileý medalyny döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1996-nji ýylyň 18-nji iýunyndaky Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 11-nji madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda):

1. Kanunyň adyny üýtgedip şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalyny döretmek hakynda".

2. 1-nji, 2-nji we 3-nji maddalary şu mazmunda beýan etmeli:

"1-nji madda. Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalynyň Düzgünnamasyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Türkmenistanyň "Watana bolan söýgüsi üçin" medalynyň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).".

IX. "Türkmenistanyň Prezidentiňin "Bitaraplyk" ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1998-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1, 11-nji madda; 2001 ý., № 2, 23-nji madda; № 3-4, 40-njy madda):

1. Kanunyň adyny üýtgedip şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanyň "Bitaraplyk" ordenini döretmek hakynda".

2. 1-nji we 2-nji maddalary şu mazmunda beýan etmeli:

"1-nji madda. Türkmenistanyň "Bitaraplyk" ordenini döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).".

X. "Türkmenistanyň Prezidentiniň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 1999-njy ýylyň 1-nji martyndaky Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1, 11-nji madda; 2001 ý., № 2, 23-nji madda, № 3-4, 40-njy madda):

1. Kanunyň adyny üýtgedip şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordenini döretmek hakynda".

2. 1-nji we 2-nji maddalary şu mazmunda beýan etmeli:

"1-nji madda. Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordenini döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).".

XI. «Türkmenistanyň "Altyn asyr" ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň 2001-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 1, 5-nji madda; № 2, 23-nji madda; № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Altyn asyr" ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

XII. "Türkmenistanyň döwlet sylagyny "Altyn asyryň hormatly hünär ussady" diýen ady döretmek hakynda" Türkmenistanyň 2001-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., №1, 6-njy madda; 2001 ý., № 3-4, 40-njy madda):

1. Kanunyň adyny üýtgedip şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanyň döwlet sylagyny - "Altyn asyryň hünär ussady" diýen ady döretmek hakynda".

2. 1-nji, 2-nji we 3-nji maddalary şu mazmunda beýan etmeli:

"1-nji madda. Türkmenistanyň döwlet sylagyny - "Altyn asyryň hünär ussady" diýen ady döretmeli.

2-nji madda. "Altyn asyryň hünär ussady" diýen adyň Düzgünnamasyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. "Altyn asyryň hünär ussady" diýen adyň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).".

XIII. "Türkmenistanyň "Garaşsyzlyk" ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 2001 -nji ýylyň 18-nji iýunyndaky Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 23-24-nji maddalar; № 3-4, 40-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň "Garaşsyzlyk" ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

XIV. "Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň "Ruhubelent" ordenini döretmek hakynda" Türkmenistanyň 2001-nji ýylyň 22-nji oktýabryndaky Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2001 ý., № 3-4, 41-nji madda):

1. Kanunyň adyny üýtgedip şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordenini döretmek hakynda".

2. 1-nji, 2-nji we 3-nji maddalary şu mazmunda beýan etmeli:

"1-nji madda. Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordenini döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordeniniň Statutyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Türkmenistanyň "Ruhubelent" ordeniniň Ýazgysyny täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).".

XV bölegi Türkmenistanyň 12.01.2016 ý. № 327-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

XVI. "Türkmenistanyň "Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin" diýen medalyny döretmek hakynda" Türkmenistanyň 2006-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 13-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 13-nji iýuly

№ 131-III

Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni Watany goramakda, halklaryň arasynda dostlugy hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda, halk hojalygyny ösdürmekde hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde beýleki görnükli hyzmatlary bitiren adamlary sylaglamak üçin döredildi.

3. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary, aýratyn halatlarda bolsa, Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylýar.

4. Şu sylaga mynasyp bolanlara Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

5. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň otuz essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanan adamlar kanunlarda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinden gün şöhleleri ýaýrap gidyán şekil ýerleşdirilen.

Plankanyň iki tarapyndan sary zolakly dik çyzyk geçýar.

Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni on alty burçly ýyldyz görnüşinde bolup, ol biri-biriniň arasyndan geçýän iki sany sekizburçlukdan ybaratdyr. Ordeniň daşky kütek burçlarynyň hersi rubin daşlar bilen bezelen. Ýyldyzyň ýaşyl reňkli syrçaly romb görnüşli şekiliniň sekiz sanysy bolup, olaryň her birinde göwher daşy goýlan. Romblaryň arasyndaky meýdanda iki sany göwher daşlary oturdylan. Ordeniň merkezinde diametri 16,5 mm bolan ýaşyl syrça örtülen tegelekde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran güberçek şekili ýerleşdirilen. Şekiliň aşagynda biri-biri bilen kesişýän zeýtun agajynyň iki sany şahajygy aýlanandyr. Merkezdäki tegelegiň daşynda ak syrça örtülen halkanyň içiniň ýokarky böleginde «PREZIDENTIŇ ÝYLDYZY» diýen Ýazgy, aşaky böleginde 7 sany rubin gaşlar goýlandyr.

Ordeniň töwereginiň umumy diametri 45 mm.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl renk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly raýatlyk we gulluk borçlary berjaý edilende görkezilen şahsy edermenligi üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen harby gullukçylar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň neşelere garşy göreşmek boýunça Döwlet gullugynyň işgärleri we beýleki raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary däl adamlar hem sylaglanylýar.

4. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen:

öz jany üçin hatarly şertlerde harby borjuny berjaý edeni üçin;

jenaýatçy toparlary ýok etmekde we jenaýat eden jenaýatçylary tutup saklany üçin;

adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas etmekde, tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly netijelerini ýok etmekde görkezen şahsy edermenligi üçin sylaglanylýar.

5. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezindäki gyzyl zolagyň içinden dikligine bäş sany sary çyzyk geçýär. Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

Türkmenistanyň "Edermenlik" medalynyň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Edermenlik» medalynyň altyn çaýylan merkezi tegeleginiň diametri 23,5 mm bolup, ortarada galkanyň we onuň arkasynda iki sany gylyjyň güberçek şekili görkezilen. Merkezi tegelegiň daşyndaky diametri 32,5 mm, ini 4,5 mm bolan ýaşyl syrça örtülen halkanyň ýokarky böleginde «EDERMENLIK» diýen ýazgy, aşaky böleginde zeýtun agajynyň iki tarapa ýaýrap gidýän şahalary ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda, merkezlerine 3 sany sirkoniý daşjagazlar oturdylan altyn çaýylan sekiz sany sütünjikler ýerleşdirilip, ol sütünleriň arasynda gyzyl reňkde syrçalanan altyn çaýylan 5 sany şöhlejikler şekillendirilen.

Medalyň umumy diametri 45 mm.

Medal halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan syrçalanan şekil berilýär. Medal 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Gaýat» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly halk hojalygyny, ylmy, medeniýeti ösdürmekde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen Türkmenistanyň işçileri, daýhanlary, halk hojalygynyň hünärmenleri, ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş işgärleri we beýleki raýatlary sylaglanylýar.

4. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

aýratyn netijeli döwlet we jemgyýetçilik işi üçin;

senagaty, oba hojalygyny, gurluşygy, ulagy we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanandygy üçin, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda ýokary netijeler gazanandygy, has kämil tehnologiýalary işläp taýýarlandygy hem önümçilige ornaşdyrandygy üçin;

ylmy we tehnikany ösdürmekde, olaryň gazananlaryny halk hojalygyna ornaşdyrmakda uly hyzmatlar bitirendigi üçin;

medeniýet, edebiýat we sungat ugrunda aýratyn netijeli işländigi üçin sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilyär.

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, oniň iki gyrasy dikligine gyzyl zolak bilen örtülendir. Gyzyl zolagyň iç ýüzünden dik sary çyzyk geçýär.

Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Gaýrat» medaly ýerligi sary reňkde bolan sekizburuçluk görnüşinde bolup, onuň umumy diametri 45 mm deňdir. Töweregi sekizburçlugyň kütek burçlaryny birikdirýän diametri 34,5 mm, ini 6 mm bolan ýaşyl syrça örtülen tegelekde, biri-birine degip duran sekiz sany ak syrça örtülen, ortasynda emeli gyzyl sirkoniý daşjagaz goýlan bäşburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen. Medalyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň reňkli şekili bolan, diametri 16 mm deň bolan ak syrçaly örtülen tegelek ýerleşdirilen. Merkezi ak tegelegiň daşyndaky diametri 23 mm, ini 3,5 mm bolan gyzyl syrça örtülen tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde «GAÝRAT» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.

Medal halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan syrçalanan şekil berilýär.

Medal 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Türmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen adyň

DÜZGÜNNAMASY

(täze redaksiýasy)

1. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen at Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlaryny ösdürmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly iş bitiren hem-de durmuşda ile asylly görelde nusgasyny görkezen ýaşuly adamlara dakmak maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ada mynasyp bolan adamlara "Hormatly il ýaşulusy" diýen ýazgyly şahadatnama we nyşan gowşurylýar.

3. Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen ada mynasyp bolanlara:

iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn pul baýragy berilýär;

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan telpek, çäkmen we mesi-köwüş (erkeklere), ýa-da gyňaç, köýnek, çabyt we mesi-köwüş (aýallara) gowşurylýar;

iş hakynyň, aýlyk wezipe hakynyň, pensiýasynyň ýa-da kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

4. Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň şahadatnamasyny we serpaýlaryny Türkmenistanyň Prezidenti gowşurýar.

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň nyşanynyň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň nyşany, ýerligi gyzyl we ak syrça bilen örtülen altyn çaýylan täç görnüşindäki şekillerden ybarat sekizburçluk görnüşindedir. Şekilleriň ýüzi aralary altyn çaýylan we ak syrça örtülen nagyşlar bilen bezelen. Täç görnüşli şekiller, ýüzünde dikligine 3 sany sirkoniý daşlar oturdylan, altyn çaýylan sütünjikler bilen birleşdirilen. Täç görnüşli şekiller bilen altyn çaýylan sütünjikleriň ählisinde togalak düwmejikler oturdylan. Nyşanyň ortasy iki sany tegelek esasdan ybarat bolup, diametri 19,5 mm bolan ak syrça örtülen merkezi tegelekde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda ýaşyl syrça örtülen diametri 27,5 mm ini 3,5 mm bolan aýlawyň ýokarky böleginde «HORMATLY IL ÝAŞULUSY» diýen ýazgy, aşaky böleginde zeýtun agajynyň iki tarapa ýaýrap gidýän şahalary ýerleşdirilen.

«Hormatly il ýaşulysy» diýen adyň nyşanynyň umumy diametri 45 mm.

Nyşan halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen.

Nyşan 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni döwletiň we jemgyýetiň öňünde önümçilik, ylym, medeniýet, edebiýat, sungat, bilim ugurlarynda we zähmetiň beýleki ugurlarynda bitiren uly hyzmatlary üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen:

ýurduň garaşsyzlygyny berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;

ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we zähmetiň durnukly ýokary netijelerini gazanmakda goşan uly goşandy üçin;

ylmy we tehnikany ösdürmekde, olaryň iň täze gazananlaryny işläp düzmekde hem-de öňdebaryjy usullary önümçilige ornaşdyrmakda bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin, uly tehniki-ykdysady ähmiýeti bolan oýlap tapyşlary we täzelikleri hödürländigi üçin;

ýurduň goranmak ukybyny berkitmekde uly hyzmatlary üçin;

medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda bitiren aýratyn netijeli işleri üçin;

ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde, saglygy goraýyşda ýokary hünärli kadrlary taýýarlamakda, söwdany, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, ilata durmuş hyzmatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanan aýratyn netijeleri üçin;

döwlet we jemgyýetçilik işlerinde, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmakda bitiren ýokary netijeli hyzmatlary üçin;

Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglanylan adamlar kanunlarda bellenilen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

«Galkynyş» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde daşy sary, gyzyl, ak reňkler bilen çekilen sekizburçluk ýerleşýär.

Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Galkynyş» ordeni sekizburçluk görnüşinde bolup, onuň gyralarynda 80 sany sirkoniý daşjagazlar goýlan. Sekizburçlugyň her burçunda togalak düwme goýlan. Burçlaryň arasynda sary-ýaşyl reňkde bäş sany şöhlejikler şekillendirilen. Ordeniň umumy diametri 45 mm.

Ordeniň merkezinde, ak reňkde syrçalanan, diametri 23 mm bolan tegelegiň merkezi böleginde, milli baýdakdaky bäş sany haly gölleri we iki sany zeýtun şahajyklary şekillendirilen, dik gyzyl reňkli sütün ýerleşdirilen. Sütüniň çep tarapynda ýarymaň we bäş ýyldyz, sag tarapynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyndan güberçek şekili goýlan.

Ordeniň merkezi tegeleginiň daşyndan diametri 32 mm we ini 4 mm bolan gyzyl reňkli syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokary böleginde «GALKYNYŞ» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa uzap gidýan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Ordeniň her burçunda gyzyl renkli daş, onuň her tarapynda milli nagyş şekillendirilen.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Galkynyş» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni Watany goramakda görkezilen aýratyn batyrlyk, gaýduwsyzlyk we mertlik üçin, ýurduň goranmak ukybyny berkitmekde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen harby gullukçylar, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri we Türkmenistanyň beýleki raýatlary, harby bölümler, gämiler, harby birleşmeler we birikmeler sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen:

Watany goramakda görkezen aýratyn edermenligi üçin;

ýurduň goranmak ukybyny berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;

harby bölümlere göreldeli ýolbaşçylyk edendigi üçin;

ýurduň döwlet howpsuzlygyny, Türkmenistanyň döwlet serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde, hukuk tertibini öz jany üçin hatarly şertlerde töwekgellik bilen goramakda görkezen aýratyn batyrlygy we edermenligi üçin;

aýratyn gaýduwsyzlygy we mertligi hem-de parahatçylykly döwürde ýörite tabşyryklary göreldeli ýerine ýetirendigi we beýleki edermenlikleri üçin;

goşunlaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyny saklamakdaky uly hyzmatlary üçin;

harby ylmy we tehnikany ösdürmekdäki, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin kadrlary taýýarlamakdaky hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Sylaga mynasyp bolan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň otuz essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde sekizburçluk ýerleşýär.

Plankanyň iki tarapyndan egri görnüşli sary zolakly çyzyk geçýär. Plankanyň daşky gyrasy mämişi reňk bilen örtülendir.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Türkmenbaşy» ordeni sekizburçly galkan görnüşinde bolup, umumy diametri 45 mm, onuň her burçunyň arasy aýlaw bilen birikdirilendir.

Ordeniň merkezinde ak reňkli emal bilen syrçalanan, diametri 20 mm bolan tegelegiň içinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çep tarapa bakyp duran altyndan güberçek görnüşili şekili ýerleşdirilen. Ordeniň merkezindäki tegelegiň daşyndan ini 3,5 mm ölçegdäki gyzyl reňkde syrçalanan tegelek halkanyň içinde onuň ýokary böleginde «TÜRKMENBAŞY» diýen ýazgy, aşaky böleginde 15 sany göwher daşjagazlary ýerleşdirilen. Daşky tegelekde ordeniň her burçuna sekiz sany bäş burçly ak reňk bilen syrçalanan zolak uzap gidýär we olaryň hersinde üç sany göwher daşy goýlan.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy, açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Türkmenbaşy» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak boýunça döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen uly hyzmatlary üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde Türkmenistany berkarar etmek boýunça göreldeli hem önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi hem-de onuň abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly zähmet üstünlikleri we hyzmatlary üçin;

ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy üçin;

ýaşlary Watana söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça ýokary hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň üç essesi möcberde birwagtlaýyn baýrak berilýär.

Türkmenistanyň «Watasna bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan adamlar kanunçylykda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, çep gyrasyndan dikligine bäş sany haly gölli we iki tarapa ýaýrap duran zeýtun şahaly gyzyl zolak ýerleşdirilen. Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Watana bolan söýgüsi üçin» medaly ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen sekizburçly ýyldyz şekilinde bolup, onuň her burçunda togalak düwme goýlan. Ol burçlaryň arasy altyn çaýylan 5 sany biri-birine degip duran sütünjiklerden ybarat. Sekizburçlukda biri-biriniň içinde ýerleşdirilen üç tegelek goýlan. Ýyldyzyň ortasynda diametri 25,5 we 18,5 millimetre barabar bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Daşky tegelek halka ak reňkli syrça bilen örtülip, onuň içiniň ýokarky böleginde «WATANA BOLAN SÖÝGÜSI ÜÇIN» diýen ýazgy goýlan. Medalyň merkezindäki gok syrça örtülen tegelegiň ortasynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran güberçek şekili hem-de bäş sany türkmen göli şekillendirilen.

Medalyň umumy diametri 45 mm.

Medal halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan syrçalanan şekil berilýär.

Medal 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Türkmenistanyn «Bitaraplyk» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilmegine we berkarar bolmagyna goşan goşandy, ýurtda ykdysadyýeti, medeniýeti, ylmy we halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

4. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň on bäş essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna her aýda iň pes aýlyk zähmet hakynyň 15 göterimi möçberinde goşmaga hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

5. Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde iki tarapa ýaýrap gidýän parahatçylygyň nyşany bolan altyn reňkli zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Bitaraplyk» ordeni diametri 40 millimetr, esasy ak reňke syrçalanan tegelek görnüşindedir. Ordeniň ortasynda ýer şarynyň şekilinde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli kartasy we «Bitaraplyk» binasy ýerleşdirilen. Tegelegiň ýokarsynyň sag tarapynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyndan güberçek şekili, ýokary böleginde «BITARAPLYK» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän parahatçylygyň nyşany bolan altyndan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Bitaraplyk» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik

söýgüsi üçin» diýen ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmy we tehnikany ösdürmäge, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin, medeniýetde, edebiýatda, sungatda, saglygy goraýyşda, döwlet we jemgyýetçilik işinde, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, ösüp gelýän nesli okatmakda we terbiýelemekde, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

4. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň on bäş essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna her aýda iň pes aýlyk zähmet hakynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

5. Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik

söýgüsi üçin» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeniniň plankasynyň düşegi uzynlygyna ak çyzykly ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde altyn reňkli sekizburçlugyň şekili ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni sekizburçly ýyldyz görnüşindedir. Onuň burçlary gümmez şekilinde bolup, her burçunda togalak düwme goýlan. Burçlaryň arasy 9 sany ýaşyl reňkli ýapraklar bilen gyralary jäheklenip bezelendir. Ordeniň umumy diametri 45 mm.

Ordeniň, ak reňkde syrçalanan, diametri 22,5 mm bolan tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň ýaşyl syrça bilen bezelen kartasynyň hem-de Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyndan güberçek şekili, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun agajynyň altyn şahajyklary şekillendirilen.

Ordeniň merkezi tegeleginiň daşyndan, diametri 31,5 mm we ini 3,5 mm bolan, gyzyl reňkde syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANA BOLAN BEÝIK SÖÝGÜSI ÜÇIN» diýen ýazgy, aşaky böleginde ýedi sany sirkoniý daşjagazlar ýerleşdirilen.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, XXI asyrda - türkmen halkynyň Altyn asyrynda zähmet we hünär işinde aýratyn hyzmatlar üçin tapawutlandyryş derejesidir.

2. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň üç derejesi bar. Olar:

I derejeli «Altyn asyr» ordeni;

II derejeli «Altyn asyr» ordeni;

III derejeli «Altyn asyr» ordeni.

I dereje ýokary derejedir.

3. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen:

Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny berkitmäge, ýurtda kanunylygyň we hukuk tertibiniň ýokary derejesini saklamaga, Türkmenistanyň halkara möçberindäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;

ykdysadyýeti, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, sungaty ösdürmekde görkezen hyzmatlary üçin;

ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy we hünär ezberligi üçin sylaglanylýar.

4. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak yzygiderli: üçünji derejeli, ikinji derejeli we birinji derejeli tertipde geçirilýär. Şunda ordeniň has ýokary derejesi bilen sylaglamaklyk ordeniň şondan öňki derejelisi bilen sylaglanylmagynyň azyndan bäş ýyl geçenden soň geçirilýär.

5. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen beýleki döwletleriň raýatlary hem sylaglanylyp bilner.

6. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak ýylda bir gezek geçirilýär we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabat getirilýär.

Beýleki halatlarda Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça geçirilýär.

7. Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglanan adamlara:

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeni we şahadatnama gowşurylýar;

iň pes aýlyk zähmet hakynyň ýigrimi essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak berilýär («Altyn asyr» ordeniniň I, II, III derejeleri bilen sylaglananlar üçin);

iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna şu aşakdaky möçberlerde her aýlyk goşmaça töleg bellenilýär:

I derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglananlara - 30 göterim;

II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglananlara - 20 göterim;

III derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglananlara- 10 göterim.

Şunda «Altyn asyr» ordeniniň iki ýa-da üç derejesi bilen sylaglanan adamlara has ýokary dereje üçin göz öňünde tutulan möçberde her aýda goşmaça töleg tölenilýär.

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onda dikligine bäş sany haly gölleri we iki tarapa ýaýrap duran altyn reňkli zeýtun şahalary ýerleşdirilen, plankanyň aşaky gyrasynda göllerden çep gapdala uzynlygyna üç sany çyzyk ýerleşdirilen. Plankanyň sag gapdalynda I derejeli orden üçin altyn reňkli bir sany dik çyzyk, II derejeli orden üçin kümüş reňkli iki sany dik çyzyk, III derejeli orden üçin bürünç reňkli üç sany dik çyzyk ýerleşdirilen.

Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Altyn asyr» ordeni içinden çyzyklar geçirilen ýaşyl renkli gümmez şekilli burçlardan ybarat sekizburçluk görnüşinde bolup, onuň burçlary ýerligi altyn sümmüller (ýapraklar) bilen birikdirilendir. Ordeniň ortasynda galkan görnüşli sekiz güberçekli tegelek ýerleşdirilen. Güberçekleriň her haýsy sirkoniý daşlary bilen bezelen.

Ordeniň merkezinde beýikligi 31,5 mm, ini 25 mm bolan ýerligi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen süýrümtil tegelegiň içinde Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyn güberçek şekili ýerleşdirilen. Süýrümtil tegelegiň daşy gyzyl reňkli syrça bilen örtülen halkajykdan ybarat bolup, onuň ýokary böleginde «ALTYN ASYR» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.

Ordeniň umumy diametri 45 mm.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

Ordeniň arka tarapynda onuň derejesine baglylykda I «DEREJE», II «DEREJE», III «DEREJE» diýen ýazgy we tertip sany bardyr.

I derejeli «Altyn asyr» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

II derejeli «Altyn asyr» ordeni 925-nji mähekli kümüşden ýasalýar.

III derejeli «Altyn asyr» ordeni bürünçden ýasalýar.

Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, ol zähmet işinde we hünärinde bitirilýän aýratyn hyzmatlar üçin niýetlenen tapawutlanyş derejesidir.

2. Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda bir kärhanada, edarada, guramada ýa-da bir pudakda, ýa-da iş çygrynda azyndan 10 ýyl işlän we öz işi bilen Türkmenistanyň özygtyýarlygyny we garaşsyzlygyny berkitmäge, döwletiň goranyş ukybyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, dünýä möçberinde ýurduň syýasy abraýyny artdyrmaga, ykdysadyýeti, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, sungaty we zähmet işiniň beýleki ugurlaryny ösdürmekde öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek işine uly şahsy goşant goşan we şunda ýokary ussatlygy hem-de ezber hünärliligi görkezen adamlara «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.

4. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

5. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at dakmak döwlet hakimiýetiniň we dolandyryşyň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň teklipnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Teklipnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilýär.

6. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň, döwlet gullugy çygyrlarynyň, zähmet, döredijilik we jemgyýetçilik iş ugurlarynyň sanawy, şeýle hem Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» adynyň dakylmagyna hödürlenýän adamlaryň san düzümi her ýyl Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

7. Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen at dakylan adamlara:

adyň şahadatnamasy we Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen döşe dakylýan nyşan gowşurylýar;

iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak berilýär;

iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna ýa-da pensiýasyna, kömek puluna her aýda iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň nyşanynyň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň nyşany, ýerligi altyn çaýylan, diametri 42,5 mm bolan sekizburçly ýyldyz şekilindedir. Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň arasynda, ýerligi haşamlanan gyzyl reňkli syrça bilen örtülen kiçi sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilen. Kiçi sekizburçlugyň her burçunyň ortasynda üç sany ak sirkoniý daşjagazlar goýlan. Uly ýyldyzyň burçlarynyň ujunda altyn çaýylan togalak düwmejikler oturdylan. Ýyldyz iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun agajynyň ýapraklary bilen emele gelýän töwerek bilen sazlaşykly baglaşdyrylan. Ýyldyzyň ortasynda diametri 24 mm we 18 mm deň bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Aýna görnüşli ak syrça örtülen merkezi tegelekde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda ýaşyl syrça örtülen diametri 24 mm, ini 3 mm bolan tegelek halkanyň ýokary böleginde «ALTYN ASYRYN HÜNÄR USSADY» diýen ýazgy, aşaky böleginde aýlawlaýyn 7 sany ak sirkoniý daşjagazy ýerleşdirilen.

«Altyn asyryň hünär ussady» diýen adyň nyşanynyň umumy diametri 45 mm.

Nyşan halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen.

Nyşan 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni döwlet sylagy bolmak bilen, ata Watanymyzyň şöhratly Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Altyn asyrynda durmuşyň dürli ugurlarynda zähmet we hünär işinde görkezilen aýratyn hyzmatlar üçin tapawutlandyryş nyşanydyr.

2. Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen:

ata Watanymyz Türkmenistan döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny berkitmekde, ýurtda kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň ýokary derejesini saklamakda, Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin;

ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanan aýratyn zähmet üstünlikleri üçin;

ýokary hünär ussatlygy, döredijilik zähmeti üçin sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen beýleki ýurtlaryň raýatlary hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak ýylda bir gezek geçirilýär we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabat getirilýär. Beýleki halatlarda Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen geçirilýär.

5. Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglananlara:

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni we şahadatnama gowşurylýar;

iň pes aýlyk zähmet hakynyň ýigrimi essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak berilýär;

iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň iki tarapyndan sary çyzykly açyk ýaşyl reňkli dik çyzyk geçýär.

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni sekizburçluk görnüşinde bolup, onuň her burçunda togalak düwme goýlan. Ol burçlaryň arasy ýaşyl reňkli syrça örtülen ýarym aýlaw bilen birikdirilip, ol aýlawlarda biri-birine parallel bolan 14 sany çyzyk we milli nagyş şekillendirilen. Ordeniň umumy diametri 45 mm.

Ordeniň merkezinde ak reňkde syrçalanan, diametri 26 mm bolan tegelegiň orta böleginde ýaşyl reňkli Türkmenistanyň kartasy, Garaşsyzlyk binasy, onuň ýokarsynda täze dogup gelýän gün we onuň şöhleleri ýerleşdirilen. Garaşsyzlyk binanyň sag tarapynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran güberçek altyn şekili goýlan.

Ordeniň merkezi tegeleginiň daşyndan diametri 32 mm we ini 4 mm bolan gyzyl reňkli syrçalanan tegelek halkanyň içiniň ýokary böleginde «GARAŞSYZLYK» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa uzap gidýän zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Ordeniň her burçunda ýedi sany sirkoniý daşjagazlary, burçlaryň ortasynda gyzyl reňkli daşjagazlar goýlandyr.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Garaşsyzlyk» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

1. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni döwlet sylagy bolmak bilen, milletiň asylly ahlak sypatlary esasynda jemgyýetde uly abraýa mynasyp bolan, şeýle hem Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda öňde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmekde, adamlarda ruhubelentlik sypatlaryny terbiýelemekde aýratyn tapawutlananlary sylaglamak maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen adamlaryň nusgalyk ahlak sypatlary göz öňünde tutulyp sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen:

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmen döwletimizde täze Galkynyşlar we Beýik özgertmeler eýýamynyň wezipelerini öz işinde göreldeli durmuşa geçirýänler;

öz şahsyýet kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýanlar;

öz ruhubelentligi bilen jemgyýetde ruhana gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmagyň hötdesinden gelýänler;

ýaş nesle öz ruhubelentligi, ajaýyp ahlak sypatlary bilen görüm-görelde bolýanlar;

ýaş nesli beýik nusgalyk ahlak sypatlarynda, ruhubelentlikde terbiýeleýän terbiýeçiler, mugallymlar;

özüniň döredijiliginde adamlary ruhy galkynyşlara ruhlandyrmagy başarýan edebiýat, sungat, medeniýet işgärleri sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen beýleki ýurtlaryň raýatlary hem sylaglanylyp bilner.

5. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak ýylda bir gezek geçirilýär we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabat getirilýär. Beýleki halatlarda Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen geçirilýär.

6. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglanan adamlara:

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

iň pes aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberde birwagtlaýyn baýrak berilýär;

iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaga hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde Türkmenistanyň kartasynyň çekili ýerleşdirilen, plankanyň çер gapdalynda gyzyl reňkli çyzyk geçýar. Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

«Ruhubelent» ordeni, umumy diametri 44,0 mm bolan ak reňkli syrça bilen örtülen gül görnüşindäki sekizburçly ýyldyz şekilindedir. Gül şekilindäki sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň arasynda, ýerligi haşamlanan gyzyl reňkli syrça bilen örtülen kiçi sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilen. Kiçi sekizburçlugyň her burçunyň gyraňy boýunça 5 sany göwher daşjagazlar goýlan. Gül şekilindäki ýyldyzyň burçlary altyn reňkli milli nagşy bilen bezelip, onuň merkezinde ýaşyl reňkli zümerret daşjagazlary goýlan.

Ordeniň merkezinde diametri 30 mm we 23 mm deň bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Günüň şöhleleri nur saçyp duran merkezi tegelekde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkli şekili we Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gapdala bakyp duran altyn çaýylan güberçek şekili ýerleşdirilen. Merkezi tegelegiň daşynda gök syrça bilen örtülen diametri 30 mm, ini 3,5 mm bolan tegelek halkanyň ýokary böleginde «RUHUBELENT» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýan zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Ruhubelent» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.

References

References to this material