Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda

Kärizek geňeşligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 21-madda)

Ahal welaýatynyň hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi

k a r a r e d ý ä r :

1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmeli.

2. Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň düzümine geçirmeli hem-de mundan beýläk «Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasy» diýip atlandyrmaly.

Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny geňeşligiň edara ediş merkezi edip bellemeli.

3-nji bölek - 18.06.2016 ý. № 422-V Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda güýjüni ýitiren.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.

№ 336-V.

References