Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň meseleleri hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň meseleleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Aşgabat şäheriniň etraplarynyň

dolandyryş çäkleriniň meseleleri hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3, 80-nji madda)

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi

k a r a r e d ý ä r :

1. Aşgabat şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäklerine üýtgetmeleri girizmeli we olary şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda bellemeli.

2. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Şu karar gol çekilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 6-njy awgusty.

№ 71-VI.

References