Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Esenguly raýonynda Bugdaýly oba Sowetini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Esenguly raýonynda Bugdaýly oba Sowetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Esenguly raýonynda Bugdaýly oba Sowetini döretmek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 15-16, 160- madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Esenguly raýonynda merkezi Bugdaýly posýologynda Bugdaýly oba Sowetini döredip, Ekerem posýolok Sowetiniň Gögerendag posýologyny, Ajyýap oba Sowetiniň Orunçäge, Çukurguýy posýoloklaryny, Çaloýuk oba Sowetiniň Bugdaýly, Şahman posýoloklaryny, Alangyrtly we Yňdarylan ilatly punktlaryny onuň sostawyna bermeli.

2. Täze döredilen oba Sowetiniň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglaryndan saýlanan Ajyýap, Çaloýuk oba Sowetleriniň Ekerem posýolok Sowetiniň deputatlaryndan ybarat şol döredilen oba Sowetinde halk deputatlarynyň oba Sowetini döretmeli.

3. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-ni ýylyň 18-nji maýyndaky № 820-XI Ukazy bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyna (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 23-nji awgusty

№ 257- XII