Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli

Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň

kategoriýasyna geçirmek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 10, 130 - madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gowurdak posýologyny oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirmeli, şunda onuň öňki adyny galdyrmaly.

2. Gowurdak şäherinde halk deputatlarynyň Gowurdak posýolok Sowetiniň deputatlaryndan, şeýle hem Gurşun magdan kärhanasy posýolok Sowetiniň, territoriýasynda ýerleşen saýlaw okrugyndan saýlanan Çarşaňňy raýon Sowetiniň deputatlaryndan ybarat şäher Sowetini döretmeli.

3. Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gurşun magdan kärhanasy posýologyny halk deputatlarynyň Gowurdak şäher Sowetiniň administratiw tabynlygyna bermeli.

4. Halk deputatlarynyň Çarşaňňy raýon Sowetiniň bellenen pes normadan az san sostawda işlemegine kadadan çykma hökmünde rugsat etmeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 25-nji maýy

№ 223- XII