Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşhowuz oblastynyň Daşhowuz raýonynyň Jamlygala oba Sowetiniň we Jamlygala posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Daşhowuz oblastynyň Daşhowuz raýonynyň Jamlygala oba Sowetiniň we Jamlygala posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Daşhowuz oblastynyň Daşhowuz raýonynyň Jamlygala oba Sowetiniň we Jamlygala posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 19-20, 205- madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Daşhowuz oblastynyň Daşhowuz raýonynyň Jamlygala oba Sowetini Helleň oba Soweti, şol oba Sowetiniň merkezi Jamlygala posýologyny Helleň posýology diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji 18-nji maýyndaky № 820-XI Ukazy bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň posýoloklarynyň Spisogyna (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) degişli düzedişleri girizmeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1990-njy ýylyň 12-nji oktýabry

№ 311- XII