Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň administratiw-territorial gurluşyna üýtgetmeler girizmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň administratiw-territorial gurluşyna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Türkmenistanyň administratiw-territorial gurluşyna üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 184 mad.)

Türkmenistanyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Türkmenistanyň düzüminde şu aşakdakylary döretmek hakynda:

Aşgabat oblastyny;

Mary oblastynda Baýramaly we Guşgy raýonlaryny;

Çärjew oblastynyň Dänew raýonyny kiçeltmegiň hasabyna täze raýony;

Aşgabat raýonyny kiçeltmegiň hasabyna täze raýony döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň girizen taklibini kabul etmeli.

Şu meseleleri bellenen tertipde çözmek üçin zerur dokumentleri taýýarlamagy we olary Türkmenistanyň Hökümetine bermegi halk deputatlarynyň degişli oblast we raýon Söwetlerine tabşyrmaly.

Türkmenistan Ýokary

Sowetiniň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýyl, 13-nji noýabr

№ 611- XII