Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň komitetlerini üýtgedip guramak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň komitetlerini üýtgedip guramak hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ

K A R A R Y

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň komitetlerini

üýtgedip guramak hakynda

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 1-2, 21-madda)

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:

1. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň guramaçylyk taýdan gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň ozalky döredilen komitetlerini üýtgedip guramaly we şolaryň esasynda şu aşakdaky komitetleri döretmeli:

Ykdysadyýet baradaky komitet;

Ylym, ekologiýa we halkyň saglygyny goramak baradaky komitet;

Sosial syýasat, aýallaryň, weteranlaryň we inwalidleriň işleri baradaky komitet;

Ýaşlaryň işleri, halk magaryfy, medeniýet we terbiýeçilik baradaky komitet;

Kanunçykaryjylyk, kanunylyk, hukuk tertibi, graždanlaryň hukuklary we arz bilen ýüzlenmeleri dogrusyndaky meseleler baradaky komitet;

Halk deputatlary Sowetleriniň işi we milletara gatnaşyklar meseleleri baradaky komitet.

2. Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň komitetleriniň atma-at sostawyna üýtgetmeler girizmäge Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna rugsat etmeli.

3. «Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň komitetleri hakynda» Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1990-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda kabul eden hem-de «Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Agrar meseleler baradaky komitetini saýlamak hakynda» 1990-njy ýylyň 23-nji awgustynda kabul eden Kararlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistan SSR

Ýokary Sowetiniň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 10-njy ýanwary

№ 388 - XII