Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Kirow posýologynyň we Kirow etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Kirow posýologynyň we Kirow etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Ahal welaýatynyň Kirow posýologynyň we Kirow etrabynyň

adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 6, 62 mad.)

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Ahal welaýatynyň Kirow etrabynyň administratiw merkezi bolan Kirow posýologynyň adyny üýtgedip, Babadaýhan posýology, Kirow etrabyny bolsa Babadaýhan etraby diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň posýoloklarynyň Spisogyna (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Mejlisiň Başlygy S. Myradow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 26-njy iýuny

№ 729-XII