Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 8 mad.)

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň zähmetkeşler kolektiwleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşyny, şeýle hem Daşhowuz welaýatynyň häkimliginiň towakgasyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Nyýazow posýology» diýip atlandyrmaly.

Mejlisiň Başlygy S. MYRADOW

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 8-nji fewraly

№ 806 - XII