Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň adyny üýtgetmek

hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 3, 17-nji madda)

Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň ady Ata Watana, türkmen halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp göreldesi hökmünde taryha girdi. Onuň zähmet we durmuş ýoly türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň öňünde gahrymançylygyň, zähmetsöýerligiň, belent adamkärçiligiň nusgasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däplerini täzeden dikeltmek, ýaş nesilde ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna, geçmişdäki şahsyýetleriniň gahrymançylygyna, edermenligine söýgini we sarpa goýmagy terbiýelemek hem-de Gurbansoltan ejäniň röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem Ýylanly etrabynyň we Daşoguz welaýatynyň ilatynyň haýyşlaryny hem-de häkimlikleriniň towakganamalaryny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Gurbansoltan eje adyny dakmaly we mundan beýläk ony "Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etraby" diýip atlandyrmaly.

2. Daşoguz welaýatynyň Ýylanly şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Gurbansoltan eje adyny dakmaly we mundan beýläk ony "Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesi" diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 6-sy.

№ 227-II.