Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 76-njy madda)
Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 83 868 097,0 müň manat we çykdajylar boýunça 83 716 718,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.
№ 301-VI.