Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Gökderede gurlan çagalar sagaldyş merkezine «Altyn sümmül» adyny dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Gökderede gurlan çagalar sagaldyş merkezine «Altyn sümmül» adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

Gökderede gurlan çagalar sagaldyş merkezine «Altyn sümmül» adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., №3, 64-nji madda)

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň atalyk aladalary netijesinde ýaş nesliň bedenleriniň berk, ömürleriniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamak, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmek barada giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistan döwletiniň ösüp gelýän ýaş nesli ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri barasynda atalyk aladalaryndan ugur alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Gökderede gurlan çagalar sagaldyş merkezine «Altyn sümmül» adyny dakmaly we ony «Altyn sümmül çagalar sagaldyş merkezi» diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri

2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-i

№140-III