Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň

Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasyndaky

Ylalaşygy tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 154-madda)

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda 2014-nji ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly.

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 153-V.

References