Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda
I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda) 6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«61-njy madda. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary konstitusion kanun bilen kesgitlenýär.».
II. Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabry.
№ 617-V.